20:04
Ýagyş ýagýar...
ÝAGYŞ ÝAGÝAR...

Ýagyş ýagýar, ýagyş ýagýar daşarda,
Içerimde bolsa dälireýän men.
Ýagyş bolup gaçýar gözden ýaşlarym,
Şu güne çen özüm söýüp ýaşadym.
Indi bolsa söýgim diňe saňa deň.
Ýagyş ýagýar, ýagyş ýagýar daşarda...

Köp zatlary ýeňmekligi başardym,
Köp zatlardan ýeňildim men meýletin.
Söýgiň ýolun öýtmändirin beýle kyn.
Janymy saklaýan demmi ýa senmi.
Ýagyş ýagýar, ýagyş ýagýar daşarda,
Men bolsa içerde ot bolup ýanýan.
Gozgap meniň ýedi ýylky derdimi,
Eý, ýagyş, nä ýagýaň, nämüçin ýagýaň?
Çydabilmän ýalňyz söýgiň jebrine,
Ne içerä sygýan, ne daşa sygýan,
Ne gözümden akan gözýaşa sygýan.
Ne asmandan inen ýagyşa sygýan...

Ýagyş ýagýar, ýagyş ýagýar daşarda,
Eger söýgim ýagyş bolup bilsedi,
Şu ýagyşdan beter bolup ýagardy.
Penjiräme gelip urýar özüni,
Wah, ýagyş nä bilsin yşga ýananmy.
Dünýäň düýşdügine ynanýan janym
Düşünenok bu çynmy ýa ýalanmy.

Diňe,
Diňe,
Ýagyş ýagýar daşarda...
Roýalyň başynda ah çekýärin men.
Hemem şol ýagyşa gamgyn bakýan men..
Ýagyş bolsa, şol ýagyp dur daşarda...

2014 ý.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltansöýünden 40 gazal -2 / Goşgular - 08.02.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Giderin... Gideýin... Gitdim... Gitmesene... Gitmerin... Git... / Goşgular - 22.05.2021



Всего комментариев: 5
1
3 mango   [Материал]
Ýagyş ýagýar, ýagyş ýagýar daşarda,
Goşgyň başlanyşyndan eýýäm öl-myžžyk etjekdigi belli.
Ýöne “ýagyş durman ýagsada” goşgyny zaýalamandyr…. Tersine, gelişipdir…

Ýagyş ýagýar, ýagyş ýagýar daşarda,

“ýagyş”-yň “…gyş”-lary “daşarda”-ň “…daş”-y bilen,
“ýagýar”-yň “…ýar”-lary hem “daşarda”-ň “…şar”-y bilen betinden sazlaşypdyr.
Düşündirip bildimmi?
—-
Köp zatlary ýeňmekligi başardym,
Köp zatlardan ýeňildim men meýletin.
-diýen ýerinde ikinji “köp zatlardanyň” ýerine “kä zatlardan” bolsa näderdi?
—-
Suraý hanym bir hili zor salman ýazýan ýaly duýgy döredýär.
Diňe asmandan gelýänleri aňsatjak gapyp alýana meňzeýär.
Zorlanmadyk goşgular başgaça bolýar.
Begendim.
Berekella.

1
Like

1
4 mango   [Материал]
Şo oturyşyňa (meşhur pozaňda) otyrsyňmy?
Oturyber. Oturmagam başarmak gerek :-)

1
Hmmm. Hawa mango. Otyryn. Yazyp otyryn:D :D

1
1 permanh2206   [Материал]
Gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]