21:10
Ýagşyzada hakynda hekaýat
ÝAGŞYZADA HAKYNDA HEKAÝAT

Bir kişi ýaşapdyr gadym bir zaman,
Ýagşyzada eken, päli pes ynsan.

Kalbynda, zandynda ýagşy gylygy,
Ile edipdir ol kän ýagşylygy.

Iller söhbetlerde edipdir taryp,
Ýamanlyk etse-de bigaýrat, görip —

Ýagşyzada ünsem bermändir oňa,
Ýene ýagşylyklar edipdir diňe.

Uly il içinde abraý alypdyr,
Iliň söýýän bir adamy bolupdyr.

Bolsaň ak ýürekli, hoşniýet ynsan,
Bolar saňa hemme kişi jana-jan.

Eziz YKBAL.
Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Ykbal | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]