09:35
Ýagşylyk etmek kynmy?!
ÝAGŞYLYK ETMEK KYNMY?!

Adatça, aglaba köpümiz, ýakyn dostumyza sataşsak, hökman gürrüňiň bir ýerinde, adamlaň erbet bolandyklary hakda agzap geçýäs.
“Adamlaram gutardy-laý! Öň eýle däldiler-de, beýlediler”...
“Adamlaram ýaman nejis bolupdyrlar. Başarsalar biri-biriniň gözüni çokjak”...
“Adamlaram halys gara nebsiň guluna öwrülipdirler. Puldan başga gözlerine zat görnenok”...
“Adamlaram edil aç möjege dönüpdirler. Başarsalar, agzyňdakynam kakyp aljak”...
Dogrudanam, aglaba köpümiz adamlaň erbetligini görýän hem-de özümiz ýamanlykdan saklanýan, şumlukdan gaçýan, ýagşylyga ýaran bolmaga ymtylýan bolsak, onda bizi şeýle zeýrendirýän, biziň adamzatdan göwnümizi geçirýän, ýamangylyk ynsanlar nireden gelýärkä?
Aýdanmy?
Ýa-da Alfa Sentawradan?
Biziň hemmämiz “gowykak” näme üçin biziň hemmämiz “erbet”?
Ýa-da ýagşylyk etmek – şeýle hupbatly, edil asmany gerşinde saklaýan Atlant ýaly kuwwatly bolaýmasaň, her kese başartmajak işmikä?!
Aslynda biziň hemmämiziň “halamaýan” erbetligimiz nämeden başlanýar?
Meň pikirimç-ä biperwaýlykdan.
Adaty durmuşy ýagdaý.
Joralanyp ýagyş ýagýar. Howa sowuk. Ulaglyja, ýanymyzda keýwanymyz nirädir bir ýere barýas. Keýpimiz kök. Ýoluň gyrasynda biri kibtini gysyp, ezilip dur.
Näçämiz, saklanyp, ýöne keýpine, ýagşylyk etmegiň hatyrasyna, şol ezilip duran bendäni boşja ulagymyza mündüreris-de, ony ýolugra alyp gideris?
Jogap näbelli.
Indi, ýene-de bir öz-özümize sowal: “Näçämiz” diýmäliň, näme üçin şol bendäni alyp gitmeris?
Bahanasy milýon. Sebäbi şuny şeýtmezlik üçin bahanany öz ilgezik aňyň-a ýetişibildiginden bir tapyp berýär welin, şeýtanam gapdalyňdan aýagaldygyna aňyňa salgy berýär:
Eşikleri öl-myžžyk. Mündügi maşşynjygymyň salonyny musyra zyňaýmaly eder...
Kim bilýä, o nähili adamdyr? Eger-de bir ýerde bir bolgusyz bir zadyny edip, menem bigäne birini nirädir bir ýere äkidenim üçin oň edenine şärik hasaplanaýsam näme?...
Kim bilýä, belki o tükenen ýaňradyr! Barmaly ýerimize barýançak, lakgyldap gulak etimi guradar...
Kim bilýä, o kimdir birine ýamanlyk etmäge barýandyr? Menem oňa şol ýere gitmäge ýardam berip, oň günäsine şärik bolaryn?...
Kim bilýä, o bir-ä doglanda, birem ölende ýuwulýanyň biridir-de, aňkap durandyr. Onnoň ony maşşynjygyma mündürsem, öýdäk-ä ögäp başlar, menem gusup?!...
Kim bilýä, o ilki bilen-ä wäpşeňem wäpşesidir. Galyberse-de sarownoňam sarownosydyr...
Garaz, etmejegiň ýagşylyk, gaýyrjagyňam biparhlyk bolsa, oň delili tükeniksiz...
Durmuşda, başga-da şonuň ýaly, göräýmäge owunjak bolan gündelik hadysalaň müňlerçesine gabat gelýäs. Setanda-seýranda bolaýmasa-da, şolaň aglaba köpüsinde, şeýle seredeňde medete mätäç bendä delalat etmek “çep elimizden gelýänem” bolsa, şojagaz hemaýatly hereketi etmän, biperwaýlyk bilen şo hadysaň, has dogrusy ynsanyň deňesinden geçip gidýäris. Aglaba köp ýagdaýlarda bolsa, şeýle haraý hantama bendäni saýgaramzogam.
Sebäbi nä, biz “mat Terezamy”, her gabat gelenimiziň daşyndan: “bro, näme gulluk?” diýip pyr-pyr pyrlanyp ýörerimiz ýaly?
Onsuzam her haýsymyzyň müň derdimiz, müň aladamyz bar. Öz derdimiz özümize ýetik, iliňki artykmaç. Haýsy birine ýetişjek...
Biderek, bolgusyz filmleri görmäge, inetde bolgusyz ýaňka-ýaňkalardyr, bimany surat-klipleri synlamaga, kimdir biri bilen manysyz gep-gybat etmäge sarp edýän wagtymyz bolsa – hasap däl edýäs. Sebäbi ony biz boş-bihuda sarp etmeýäs. Şeýle ajaýyp, şeýle gowy, şeýle ýagşy özümiz janlara siňdirýäs...
Onda, näme, ynsanyň ýaradylyşy şeýle bolsa, hakykatdanam ýagşylyk etmek, şeýle kyn bolýar-da, şeýlemi?!
Ýa-da biz “kimdir birine ýagşylyk etmek” diýenimizde, diňe niredenem bolsa bir ýetimi tapyp, ony öýermegi, oňa jaý gurup bermegi ýa-da haýsam bolsa bir ýakyn dostumyza lamborjini :-) (ýa-da ýagdaýyňa görä "zaporožes") sowgat bermegi “ýagşylyk” diýip hasaplaýarys-da, gündelik durmuşda kimdir birini başardygymyzdan, iň bolmanda ujypsyzja-da bolsa goldamagy, kimdir birine mähirli sözleri aýtmagy özümize kiçilik bilýärismi?
Hamana, öz-özümize-de, daş-töweregimizi gurşaýan adamlara-da: “muň ýalyjak wiçjik zatlara agyz dolduryp: “ýagşylyk” diýen bolup, gaýryp-goparar ýaly, nä bu ýerde gutaran adam bamy?” diýip dodak çöwürýän-e çalymdaş...
Ýa-da ezilen, köne eşikli bendäni täzeje ulagymyza mündürip, ony barmaly ýerine mugt eltip, ýagşylyk edenimizden, şoňa dynnym ýalyjagam mätäçligi ýok dogan-garyndaş, dost-ýarlarymyzy üýşürip, öýümizde dürli-dümen tagamlar bişirip, nazy-nygmatlar bilen saçagymyzy bezäp, “aýdylan janly” ýa-da “sadaka” berip, “ýagşylyk” edenimiz, biziň üçin has abraýly, has küýseglimi?
Öwlüýälere zyýarata barýas. Gapyrjaklara göwnümizden çykaranymyzy hudaýýoly atýas. Öýmüzde süýji-köke, çörek-gant paýlaýas. Başardygymyzdan oraza tutýas, agzaçar edýäs. Gyssansak ýa-da begensek, ýa-da öte işimiz ugruna bolup, düşewündimiz köpelse janly aýdýas, hudaýýoly berýäs...
Gowy zat.
Hemme kişiňki kabul bolsun.
Ýöne, kimi aldajak bolýas?
Özümizimi?
Ýa-da bizi Ýaradany?
Jahylkak dostlammyň biri gülüp gürrüň beripdi.
Şo dostum, bir gün oglanlar bilen oýna gyzygyp, öýlerine gaty giç barypdyr. Gije sagat iki-üç töwerekleri. Onsoň ýatman garaşyp oturan kakasy, oňa käýýäp, şol pillä çenli nirede, näme işländigini anyklamak üçin ony gyssamaga başlapdyr. Olam gyssanjyna, şeýle diýse beter käýýelmen öýdüp, biziň birimiziň adyny tutup, şoňa ýatakdan boşanyp gaçan öküzini kowalap, tutuşmaga kömek edendigini aýdyp, özüni aklajak bolýamyş. Onsoň kakasy oňa: “Eý, ogul, inni gel-gel meň bilimden önen sen, meni – seň dünýä gelmegiňe sewäp bolan kakaňy aldajak bolýaňmy? Men bar-a, sen agzyňy açan badyňa Hywa tarapyňdan düşýän yşygy görüp durun-a!” diýipdir.
“Içiňi görýän” diýdigidir-dä, bendäň.
Bir hekaýat bar:
Öňde bir danadan biri nädip gowy adam bolmalydygy sorapdyr. Şonda ol akyldar säginmän jogap beripdir:
-Özüňe edilmegini isleýän zadyňy özgelere et!
Diýmek, ýagşylyk etmek beýlebir kynam däl bolmaly.
Onsoňam, belki her kim başardygyndan maýda-iri diýmän ýagşylyk etse, Ýeriň ýüzünde gowulyk artar. Bizem onsoň “adamlaň tükenendigine” geň galmagymyzy, dürli keselleň, betbagtçylyklaň bolýandygyny ýokuş görmegimizi “biraççygam” bolsa azaldarys...
Ýetip gelýän Täze ýylyňyz gutly-mübärek bolsun, adamlar!
Rugsat berseňiz, şujagaz oýlanmada agzalan zatlar bilen belli bir derejede äheňdeş gopýandygy üçin, Gurbannazar agamyzyň ajaýyp goşgusyny sözsoňy edineýin:

Täze ýylyň bosagasynda

Hany, geçiň giň saçagyň başyna!
Bäş minut galypdyr onki bolmana.
Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,
Sarpa goýdyk bereketli ummana.

Döz geldik tupandyr tüweleýlere,
Guran binamyza söýenýär asman.
Görenler diýerler: «Baý tüweleme!»
Haýran galar rowaýaty gahryman.

Men, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok,
Şatlyk hem bagtymyň öňküsem ýeter.
Gussa-gaýgym bolmasyn-a diýemok,
Ýöne köp bolmasyn öňküden beter.

Dostlarym ýyl-ýyldan azalyp gelýär,
Hemmäniň ýagdaýam bolmaly şeýle.
Doganymça bolsa, diýmek dostum däl,
Dogandanam eziz ýeke dost saýla.

Öz ýerinde bolsun ýagmyrdyr duman,
Öz ýerinde tomus bolsun, ýaz bolsun.
Toý gününde oturşykda oturan
Daş çykanda oň gybaty az bolsun.

Agşamara işden gaýdyp geliner,
Şonda öýde çäýnek-käse döwülsin.
Sögünmesin onuň üçin gelinler,
Onuň üçin çagalarmyz söýülsin.

Soňky sözüm: onki jaňyn kakanda,
Täze ýyl, ýoluňa sepilsin güller.
Men näm bolsam şo bolaýyn jahanda,
Saňa nesip etsin ajaýyp günler!

©Gurbannazar Ezizow
1970





Категория: Publisistika | Просмотров: 193 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 21
0
21 Gumlygelin   [Материал]
"Ýagşylyk et derýa at balyk biler balyk bilmese Halyk biler"- diýip etmeli ýagşylygy. Yzyndan bir zat hantama bolup edilen ýagşylyk ýagşylyk bolmaýa. Gynansagam biziñ gözümiziñ görýäni yzy "Gürrüñli" ýagşylyk..
Serdar dogan ömrüñiz uzak bolsun. Şuñ ýaly gowudan gowy zatlary ýazyp duruñ, ýetirip duruñ!

0
20 Mähriban   [Материал]
BU DÜNÝÄNI HALAS ET!

Suwsap otyr güljagaz,
Oňa yhlas, suw gerek.
Ömrün uzaldar damjaň,
Bir bägüli halas et!

Ejiz guşuň ýoluna
Nanyň owuntygyn sep.
Çörek ömrün uzaldar,
Bir jandary halas et!

Adam otyr gussada,
Hoş söz diý, ýylgyr, seret.
Giňäp gider dünýäsi...
Bir ynsany halas et!

Taňryýalkasyn, Serdar aga! Goý, sogap ýazyjy perişdeler Siziň sogaply amallaryňyzyň, haýyrly işleriňiziň, hemişe dowam etjek ýagşylyklaryňyzyň hasabyny ýazmaga hem ýetişmesinler! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun!

0
18 Revo   [Материал]
Ýagşylyk öz gymmatlyklaryny ýitirdi.
Indiwidualizm zamanasynda kollektiwizm zamanyndaky ýaly ýagşylygyň ähmiýeti uly däl. Kollektiwizm zamanasynda jemgyýet ymaratynyň sütünlerini emele getirýän her bir ynsan, indiwidualizm zamanynda jemgyýet ymaratynyň gurluşygynda bir kerpiçlik roly hem tutmaýar. Öňler bir toplumyň içindäki adamlar birek-birege ýardamsyz, şol toplumyň we özleriniň barlygyny kepillendirip bilmeýän bolsalar, indi, bir indiwid özüniň barlygy bilen birnäçe toplumlary binýat etmäne hak gazanýar.
Ýagşylyk ideologiki taýdanam öz barlygyny tükedip barýar. Indi bakyýetde eden ýagşylyklaryňa beriljek nazy-nygmatlar ynsanogullaryny känbir gyzyklandyrmaýar. Ýa-da, bu dünýäde ýagşylyk etseň müň bolup yzyna gaýtýan ynanç, özüne bolan beklentileri kanagatlandyryp bilmeýär. Gaýtyp tersine häzirki döwürde ýagşylyk etýän bolsaň, adamlar sende ejiz şahs obrazyny ýa-da öz maksatlaryna ýetmek üçin çemeli ynsan obrazyny görýärler we öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin seň ejizligiňden (ýagşylyklaryňdan) gözüçykyjylykly (aşa) peýdalanmana başlaýarlar. Adamlaryň islendik ýagdaýa örän çalt uýgunlaşýanynam göz öňünde tutup, yzygiderli etýän ýagşylygyňy bir gün düýpgöter kesseň welin, ýer ýüzünde senden erbet adam galmaýar. Bu-da seň eden ýagşylyklaryňa özboluşly taňryýalkasyn, jogap bolýar. Umuman aýdanyňda häzirki döwüriň gymmatlyklary, köne döwüre garanda düýpli we yzygiderli üýtgedi. Bu bolsa adamlaryň erbetleşýänligini ýada öz asylky tebigylygy üýtgedip ýalňyş ýola aýak basýanlygyny aňlatman, ýagşylyk diýilýän statussyz, kriteriýasyz, gymmatlyksyz oňgut edip bilýänligini, özleriniň barlygyny dowam etdirip bilýänligini aňlatýar hem-de görkezýär. Şonuň üçinem Syke aýtmyşlaýyn "Menem erbetleşjek gowulaşsam bolýar".))
Ýene bir bellenmeli zat ýagşy we ýaman adamlar bolmaýar. Diňe ýaramaz we gowy şertler hem-de ideologiýalar bolýar. Siz gowy adamlary Allanyň ýaranlary, erbet adamlary bolsa şeýtanyň egindeşleri hasaplap bilersiňiz, bu siziň öz pikiriňiz, öz dünýägaraýşyňyz. Hiçkim siziň "Hä-ňize", "Hyk" diýmez, ýöne, bu, beýle däl. Adamogullary ýaradylyşy, tebigaty, sudury boýunça birmeňzeşdir. Diňe daşyny gurşap alýan durmuşy şertler we ýaşaýan ýerindäki jemgyýetde öňe sürülýän, goldanýan, ykrar edilýän we bähbit getirýän ideologiki düşünjeleri tapawutlydyr. Mollalaň arasynda önüp-ösen şahsyň molla ýada dine ýakyn hem-de ogrulaň arasynda önüp-ösen şahsyň ogry ýa-da ogra ýakyn bolmagy adaty zatdyr. Sebäbi, adam dünýä inenden "0" başlaýar we özüniň barlygyny, şahsyýetini, özüni gurşap alýan daşky gurşaw esasynda gurnaýar.

0
16 Hyýalkeş   [Материал]
Maşynly meselede asla gelinlerimizi gyzlarymyzy günäkärlemäliñ.Bu barada menem öz başymdan geçen wakany gürrüñ bereýin.Bir gün şäherdäki metbugat öýüne goşgularymy eltmäne gidipdim.Delräk ýere gitsem bezenip-beslenme gylygymam bardyr dogrusy.Soñ şol ýerden çykyp gelýän welin bir maşyn deñämden geçibräk durdy.Özüme garaşýanlygynam añdym.Içimden pikir etdim:"Bu görgüli ýardamsöýeriñ biridir-ow.Maña ýagşylyk etjek bolýandyr".Mündüm.Ýañky "ýardamsöýer" münenimden eýläk aýnadan maña seredip başlady.Menem diýdim içimden:"Bor-la,gözi bolan seredär-dä.Azrak bezenseñ bolmaýarmy".Ýaşam menden arassa 10-15 ýaş dagy uludyr.
Nirä düşürmelidigini sorady.Aýtdym.Näçe tölejegimi sorady.Menem özüniñ durandygyny, meniñ elimi galdyrmandygymy ýatlatdym.Soñ sorady:"Başga-da mugt düşürýänler barmy?"Menem aýtdym:"Milýonda bir".Ýañky "Men seni mugt düşüreýin,ýöne barmaly ýerim bar" diýdi.Menem "Bolýa kän eglenmeseñiz" diýdim.Ýañky bir ýere girdi,çykdy.Soñ ýene maşyna münüp diýdi:"Ýene bir barmaly ýerim bar.".Menem soradym:"Bolýa 10-15 minutdan artyk eglenmeseñiz".Jogap: "Ýarym sagat dagy eglenerin".Menden jogap bolmansoñ,üstüni ýetirdi:"Ýöne ol öýe ikimiz bile girmeli bolarys,düşünýäñmi?!".
Beýnimde ýyldyrym çakana döndi."Gaýrat ediñ,meni düşüriñ" diýip ýalbarmaga başladym.Maşyndan nädip düşenimi,awtobusa nädip münenimi bilemok.Öýe gelip,aglanym ýadyma düşýär.Dogrusy,bu wakany birinji gezek şu ýerde gürrüñ berýän.
Aýtman geçmäýin,diñe ýagşylyk üçin maşynyna mündürip "Tañryýalkasyna" düşürenlerem boldy.Ýöne şular ýaly haramzadalar sebäpli,olara-da ynam edip bilemzok.

0
17 Bagabat   [Материал]
Dogry.
Birje damja awy tutuş howuzyň arassa suwuny zäherläp bilýär-dä.
Aňyň bilen hemmeleň beýle däldigine, erbetleň bolşy ýaly gowulaňam bardygyna ynanýaň, düşünýäň, ýöne, duýgyňda hemişe "şikes ýeten ýeriň awuşap" durýar-da.

0
14 mango   [Материал]
tüweleme, bereketli tema eken.
şaha ýaryp, şaha ýaryp gidip barýa....

0
12 Bagabat   [Материал]
Hekaýalar

...Soňky döwür öz-özünden göwni geçgin. Ýazmaga-da eli barmaýar, olary çykartmak üçin eltmäge-de...
Emma, günlerde bir gün: “Şular bilen garynja gatnawly gamyş köprüni ýitirmäýin-le!” diýen pikirde, birküç sany hekaýasyny tanyş redaktoryna, elin gowşuryp gaýtdy.
Işi köpmi, aladasy agdykmy ýa-da munuňky artykmaçmy, bellisi ýok.
Ýüzünden gar ýagdyryp, alyp galdy.
“Nireden berdim-aý?!” diýip, öýüne barýança, ýolboýy öz etini özi iýip geldi.
Iki-üç gün geçdi.
Habar ýok.
Bäş-alty gün geçdi.
Habar ýok.
Ýeňsedamary gatap, taýaga döndi.
Içi ýandy.
Ýazmagy oňarmaýan özüne-de.
Özüne düşünmeýän özgelere-de.
Hepde ýarym geçenden soň: “Ýeri, ýazmany başarmasaňam, lalyňy açyp, ol bolgusyzlyklaryňy ile sereşlemezligi bir oňar ahyry!” diýip, göwnüni syhalaýan içiýangynlylygy ýetjek derejesine ýetende, tanşy jaň etdi. Salam-helikden soň, ýa bir bissimylla, onuň hekaýalaryny agzady:
-Dostum, şol araky getirenleriňi iş köp bolup, eslije wagt okap bilmedim. Indi okadym. Men saňa bir zat aýdaýyn…-diýenindenem, birnäçe wagt bäri kimdir birine zäherini pürkesi gelip, içini gert baglap giden ol, ýaryldy:
-Gerek däl, aýtma! Sen redaktor bolsaňam, näme bolsaňam, meniň ýazan zatlarym barada näme pikiriňem bolsa, äkit-de jara dök onyňy! Iň gowusy bolsa, äkit-de eşegiňe dograp ber! Şondan başga zada ýaramaýa, olaryň! Men bolsa öz ýagdaýyma özüm belet! Wah, özümi çapmaly-la, özümi! Seniň ýaly elipden şermendä dagy, öz zadymy eltip beren bolup, menem…
Aňyrdaky dymdy.
Köpi gören bolara çemeli.
Bärdäki gygyryp-gygyryp, mazaly içini gowzadýança diňledi.
Onuň bokurdagy kepäp, arasynda sözüne dyngy berende-de, agras dillendi:
-Mbäh! Sen-ä özüm barada meniň bilmeýän ýaman kän zatlarymy dykgatyma ýetirdiň-aý, halypa! Bu ýerde ýeke özüň köňle geleniňi taraşlaman şagladyp, maňa dagy aýdara-diýere sözem goýmadyň öýdýän! Sag bol! Ýöne, bir zady welin aýdaýyn: “Juda gowy ýazylypdyr. Bularyň-a nesip bolsa ýakynda neşir etmekçi. Ýene-de nämäň bolsa getir!” diýmekçi bolup jaň edişimdi, şu…Guk-guk-guk…

Hassahanada

…-Aýagyňyz nädip döwüldi?!-diýip, kesel taryhyny doldurýan lukman, rentgenden geçirilip getirilen hassadan soraýar.
-Men ömrüme motosiklet sürüp geçdim!-diýip, näme üçindir müýnli garaýan syrkaw, eşidiler-eşidilmez hümürdeýär.
Lukman düşünmeýär.
Özünden özge adam ogly okap başarmajak, bulam-bujar hat bilen nämedir bir zatlary çyrşamasyny bes edýär-de, başyny galdyrýar.
“Munuň bu ýerde näme dahyly bar?!” diýen terzde syrkawa soragly äňedýär.
Syrkaw hasam gyzaran ýüzüni sapajak-supajak edip oturyşyna düşündirýär:
-Meniň gozakly “Ural” mottorym bardy. Ýigrimi bäş ýyllabam diňe şondan başga ulag münmedim. Täzelikde-de elim giňäp, “toýota” ulagyny edindim. Onsoň mottorymda haýsy çatrykdan öwrülsem, onuň gozagynyň ýerden üzülip, ýokaryk galýandygy sebäpli, çep aýagymy ýere diräp öwrülmäge endik edipdirin. Şu gün pikire batyp gelşime, “Toýota” ulagymda-da, çatrykdan öwrülenimde, özümem aňşyrman endigime eýeripdirin-de, gapyny açyp aýagymy ýere diräýipdirin…
Sözüne dyngy beren syrkaw, ala-pakyrdy bolşup gülüşýän lukmany hem-de şepagat uýalaryny gaýgyly synlap oturyşyna: “Şularam, bijaý doňýüreg-aý! Biriniň-ä bü ýanda aýagy döwlüp ýatyr, bular bolsa gaýta, şoňa begenýän ýaly, gyzyl-gyran gülüşýärler” diýip oýlandy…

0
11 Bagabat   [Материал]
Durmuşda düşünişmezlikden döreýän duýgular (pikirler) başga-da köp. Olar barada birnäçe çaklaňja miniatýurajyklar ýazypdym:

Kine

…-Ysyň janymy alyp gelýär!-diýip, uzyn ysyrganan sallah ýigit, başyboş kärdeş gelnine degen boldy.
-Meýdiň ýansyn, meýdi guramyş! Men-ä günde-de ýuwunýan, seniň özüň haçan görseň, zibilli händekden tapylan ýaly aňkap ýörsüň!-diýip, ters düşünen gelin öýkeledi…

Tamakinlik

…-Ulagsyz erkek kişi, ganatsyz guş ýalydyr!-diýip, bazardan ýarym nesýesine täze ulag alnyp gelen agasy, inisine ulagyň galan bahasyny üzüşmäge ýardam etse, kem ýaraman durmajakdygyny köpmanyly ýaňzytdy.
-Dogry aýdýaň agam! Ulag edinseň edil ganat beklän ýaly bolaýarsyň!-diýip inisi, agasy ulagy özüne peşgeş berjek bolýandyr öýdüp, begendi…

Üç maýmyn

…Ýakyndan gatnaşýan goňşusy, Çynma-çyna syýahata gidip-gelende, oňa sowgat hökmünde çök düşüp oturan üç sany maýmynjygyň heýkelini getirdi.
Biri penjesi bilen gözlerini ýapýar, beýlekisi agzyny, üçünjisem gulaklaryny tutýar.
Ýöne, goňşusy bu heýkeljikleriň manysynyň: “Ýamanlygy görmän, eşitmän, agzaman, ondan halas bol!” diýen ýagşy dilegdigini aýtmagy unutdy.
Peşgeşi alan: “Bujagaz maňa: “Meniň şat günümi görübem bilmeýärsiň, diňlemäge-de içiň ýanýar, meni taryplanyňdanam lalyňy açanyňy oňat görýäň” diýip, daşdan aýlap ýaňzydan bolýar-ow! Üstesine-de: “Özüňem şu maýmynlar ýaly bir zat” diýdigi!” diýip, ters düşündi-de, gazap donuny geýdi…

Gahar

…Awtobusdan düşüp barýarkalar, “çöpe jan bitdi” diýilýänlerden bolan ýetginjek, özüniň, eginleri ýaýrap, pälwansypadyna girip ugran deň-duşunyň ýeňinden çekdi-de:
-Syrtyň ýyrtyg-eý, seniň!-diýdi.
Dykyzja jahyl bada-bat dergazap boldy.
-Näme diýdiň?! Häk, seniňem bir…! Me, saňa “syrtym ýyrtyk” bolsa!-diýdi-de, ýumrugyny düwüp, yzyna aýlanyşyna, heniz ýeňini sypdyrmaga-da ýetişmedik ýetginjegiň ýüzikessir doňduryp goýberdi. Ol arkanlygyna süssenekläp gidenden soňam, öz jalbarynyň otyrýeriniň tikininiň sökülendigini gördi…

Sowal

…Özüniň toýda eltelefona düşürilen iň owadan suratyny IMO-da goýdy.
Bada-bat kimdir birinden habar geldi.
Ýekeje sözden ybarat:
-Näçe?!
Girre gaharlandy.
Lap-lap gyzýan ýüzüni eňşidip, derrew yzyna jogap ýazdy:
-Ejeňe: “näçe” diý, bajyňa: “näçe” diý, eger bar bolsa, heleýiňe-de diý şony…Meýdiň ýansyn, meýdi guramyş…
Ýene-de habar geldi:
-Gyýw, gyýw, jora! Men-ä senden gyzlar toparymyza goşulmaga çagyrar ýaly ýaşyň näçedigini, özümize ýaşytdaşdygyňy-däldigiňi biljek boldum...

Ulag

...Döwlen ulagyny özüniň düzedip bilmejekdigine akly ýeten badyna, işe gijä galyp barýandygy sebäpli, kireý edýän ulaglaryň birini saklady-da, ulagyny taşlap edarasyna gaýtdy. Ýolda barýarka-da, ep-esli wagt bäri jaň etmän ýören, tanyş ulag ussasyna jaň edip, ulagyna seredip bermegi haýyş etdi we ulagyny goýup gaýdan ýerini salgy berdi.
Birsellemden soň ulag ussasy yzyna jaň edip, ulagyny tapandygyny, gözden geçirendigini aýtdy-da, soňam bir zat diýjek bolup:
-Onsoňam, neme...nämedir o zat...neme-laý...-diýip sakyndy.
Öňem ulagynyň döwlenine içi tütäp duran adamyň jany ýandy.
“Pul diýjek bolýandyr! Häk, siziň bir pul janyňyzy alsyn! Ýa, näme, men eden işiniň hakyny bermez öýdýärmikä?!” diýip gaharly pikir öwürdi-de, eltelefonyna nädip jabjynanyny özem duýman galdy:
-Berjek-how, berjek şol puluňy! Näme mundan öň hakyňy bermän aldan ýerim barmy?! Hä?!
Aňyrdaky dymdy.
Soňam gatyrganmaly dillendi:
-Senden pul soraýan barmy-aý, şumat?! Hä, halypa?! Men-ä ulagyň yzky tekeriniňem ýelini goýberendigini aýtjak boldum. “Ätiýaçlyk tekeriň barmy ýa-da ulag daşaýjyny çagyraýynmy?” diýip sorajakdym…Guk-guk-guk…

Pişik

…-Goňşy, seniň pişigiň biziň ammarymyza girip…
-Näme “pişigiň”, näme “pişigiň”?! Halys şol pişigi iş edinip ýykaýdyňyz, gyz! Allaň ýaradan bir janaweridir-dä! Girse giripdir-dä. Döwse döwüpdir-dä, birki sany hyýar-pyýarly çüýşäňizi! Zat janyňyzy alsyn! Häzir, öýden alaryn-da, eltip bererin, öwezine!...
-Goňşy, goňşy! Bi ne, doly geplemäge-de goýman gygyryberdiň-le! Men-ä pişigiň ammarymyzdaky syçanlary tutuşdyrandygy üçinem taňryýalkasyn aýdaýyn diýip geldim. Üstesine-de minnetdarlyk hem sowgat hökmünde birki sany duzlanan hyýarly-pomidorly çüýşe getirdim...

0
19 Revo   [Материал]
Şu sowalla soňuny ýumarlaýypdyr öýtýän. :)

0
8 mango   [Материал]
...edil asmany gerşinde saklaýan Atlant ýaly kuwwatly bolaýmasaň...

ýeri gerşinde saklaýar öýdýän.
edil rowaýatyny bilemok, ýöne heýkellerde-hä ýer şaryny göterip dur şol atlant.
hawa...
arada (gepe başlaýynla....)
arada bir ýaşuly endige görä, "indi kän gatnaşyk galmady, ozallar gatnaşylardy, goňşy goňşa çaýa gelerlerdi, ozallar, ozallar, ozallar..." diýip başlady....
ilki bu iňirdä gaharym geldi.
soň dilimi dişledim, dilimiň agyrysyna-da açyş etdim: näme isleseň özüň şony başlat!
hawa, dogry doganyň, iniň ýanyna çaýa gidilenok. muny nädogry hasaplasaň, onuň nädogrulygy barada akyl satman, onuň dogrusyny edip göýbermeli.... kynam däl. barsaň olaram begenjek....
(ýöne, "beeee... bu ozallar gelmezdi welin, eýgilikmikä, pul dilejekmikä...." diýip pikire çümmegem ahmal :-) )
umuman, hasapsyz-hesipsiz, iňirdisiz, igençsiz.... edibermeli özüňjik edip bilen ýagşylygyňy...
---
dostumyň gürrüňi (dostum haýyrsöýer häsiýetli):
bir gezek giçlik sowukda duran bir gelnejäni ýolugra äkideýin barjak ýerine, ýa golaýladaýyn niýeti bilen ýanynda durupdyr (aslynda gelneje elini galdyrmandyr).
osoň olam agzyndan gelenini söwüpdir. duranyna puşman edipdir....
şondan bäri ol dost şok geçirip özüçe karar alypdyr: gaýdyp ellerini galdyrmasalar hiç kime kömek edemok, daşarda gara gyşda galsalaram... diýýä.
---
gurbanazar "biz näm bolsak, şo bolaly"-ny gaýtalan eken.
gyzykly.

Men näm bolsam şo bolaýyn jahanda,
Saňa nesip etsin ajaýyp günler!

Biz näm bolsak, şo bolaly, bolsa bolýar eziz Watan!

serdar däde sag bolsun.
ýazyp dursun.

0
9 Bagabat   [Материал]
А́тлас или Атла́нт (др.-греч. Ἄτλας, в родительном падеже Ἄτλαντος) — в древнегреческой мифологии могучий титан, держащий на плечах небесный свод. Истории об этом персонаже в произведениях античной литературы противоречивы и содержат взаимоисключающие утверждения. По наиболее распространённой версии, участвовал в титаномахии — битве титанов с олимпийскими богами. После поражения Зевс низвергнул титанов в Тартар, а Атланту положил на плечи небесный свод.

https//ru.wikipedia.org/wiki/Атлант.


Атлант (Атлас, Ἄτλας) был мифической фигурой, державшей на своих плечах купол Неба над Землей.

Okaýanyňa, üns berýäniňe minnetdar. Sag bol.

0
13 mango   [Материал]
serdar daýy.
bir wagt taksa mündim, aý, haýaljak sürýän äwmezek ýaşuly ken.
ýaşuly bolansoňam özüniňkini dogry hasaplatjak, akyl öwretjek, garaz 50-den geçenleň ähli simptomlary bar...
osoň öwliýäň deňinden geçende aýat okady: "innä a'taýna kel-kewser....".
howlukman okap, dabara bilen elini ýüzüne syldy, soňam sorady: ýaňky aýatyň näme diýýänini bilýäňmi, inim?"
özüm samsyk. biemok diýip otyrybermeli welin, oňa bilenjämden jogap berjek boldum:
pygamberimze oguljygy ýogalanda onuň nesli gutardy diýip heşelle kakanlara Allahyň bir jogabydygyny, oňa gurban kesmegi emr edendigi barada... -diýip aýtdym welin, näme diýendir öýdýäň ýaňky ýaşuly?
–bilmeýän bolsaň, bilemok diýäýgin, inim..... -diýip meni "oturtdy".
şo gezek ylalaşmasamam dymmaly boldy.
bu gezek welin, ylalaşyp dymýan.
sag bol serdar daýy. :-)

0
15 Bagabat   [Материал]
Prinsipialnyý zat däl-le. Ýöne, gadry bilinjek ýerde (ýa-da bilner öýdüp hasaplan ýeriňde) bilenjäňden "bilýänjäňi" (ýa-da "bilýänjäňdirin" öýdýänjäňi :-)) aýtmasaňam bolmaýandan bolýan ýaly boljak bolup duruberýär. Şoň üçin, goýaýdym.
Tä, tenha özümiňkiň dogrudygyny subut edýänçäm harçaňlaşma häsiýetim owal-a ýokdy welin, indem belki, Allam emele gelmäwersin-dä, hernä.

0
10 Bagabat   [Материал]
Hezzet

...-Köne goňşy, menem şu tarapa barýan. Ýör, ýolugra düşürip geçeýin!-diýip, ýolda duran gelniň deňesinde saklanan köneräk ulagyň sürüjisi ýylgyrjaklap teklip etdi.
“Bu işigaýdanam, meniň aýrylaşynymy eşidip, maňa lak atan bolýar-ow! Äý hawa-da, başyň boş bolsa her öňýeten item saňa süýkenip geçjekden bolýar-da!” diýip oýlanan gelniň ýüzi, boz-ýaz boldy.
-Ýok, gidiber! Men awtobusa garaşýan!-diýip, ol nägile hüňürdedi.
Gelniň pikirlerini keşbinden okan sürüjiniň utançdan ýaňa ýüzi gyzardy. Ol sesini çykarman ugrady. Ol ýerden ep-esli daşlaşandan soňam, ýoldan gözüni aýyrman barşyna hüňürdedi:
-Hezzet etseň eşege, hyzzyn atar duşaga…

S.Ataýew

Özümde-de durmuşda şeýle ýagdaýa duş geldim. Soňam, kän ýyl geçensoň, şo wakadan şujagaz çaklaňja hekaýajyk çykypdy.

0
7 akgozelnazarova   [Материал]
Ылалашамок, себаби сон шол ягшылык эден адамлан сонабака шолара ягшылык этмек сен боржун дийип хасаплаярлар

0
6 Yusup   [Материал]
Agshamky smenden cykyp oglanlar bn "shagal meslik" etdik, oye irden gelmeli halyma obetdan son geldim. Kakam pahyr "nirde boldun" diyip sorady. "Ishdeshim bilen mal bazara mal alyshmana gitdim" diydim. "Bu gun name mal bazar barmy" diydi. Utanjyma sesli gulenimi bilyan. Oylanman edilen bahana.
Yokardaky okuzli meselani okap, yadyma dushdi

0
5 Bagabat   [Материал]
Immanuil Kantyň “çürt-kesik hökmanylyk” (nemesçe: kategorischer imperativ – категорический императив) diýen filosofiki düşünjesi bar. Çürt-kesik hökmanylyk – bu şahsyň (indiwidiň) özüni alyp barşyny kesgitleýän ýörite (hökmany ýerine ýetirilmäge degişli) ýörelgeleriniň jemidir.
I.Kantyň ynanjyna görä, ýokary gymmatlyk – adam bolup, onuň mertebesi bar we ol şoňa kast edilende özüni goramaga hukukly hem borçly edilip ýaradylandyr. Ýöne, çürt-kesik hökmanylyga (kategoriçeskiý imperatiwe) girýän esasy ýörelge, mertebäň diňe bir adamda ýa-da adamlaň haýsydyr bir aýratyn toparynda däl-de, Zemin saýýarasynda ýaşaýan her bir adamda barlygydyr.
Şeýlelikde çürt-kesik hökmanylygyň mazmuny – şahsyň beýleki adamlaryňam hukuklaryna we azatlyklaryna düşünmeginden hem-de özüni alyp barşyny özgeleriň özlerini alyp baryşlary bilen birek-biregi hiç hili kesmitmesiz utgaşdyrmaga mümkinçiliginden (borjundan) ybaratdyr.
Adamyň her bir hereketine baha kesmegi üçin bolsa ýagşylyk hem ýamanlyk (gowulyk hem erbetlik) hakda umumy ykrar edilen ölçegler bar.
Çürt-kesik hökmanylygyň üç sany esasy başlangyjy bar:
1. Hiç bir adam üçin beýleki adamlar diňe şahsy bähbit çeşmesi bolup durmaýar;
2. Şahsyň öz töweregini gurşaýan adamlara bolan gatnaşygy, onuň özüne özgeleň etmegini isleýän hereketlerine esaslanyp gurnalmalydyr;
3. Şahs öz hereketlerini umumy ykrar edilen ahlak, hukuk kadalaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.
I.Kantyň bu ýörelgeleri hem-de G.W.F.Gegeliň garaýyşlary adamzadyň hukuk döwleti, raýat jemgyýeti hakdaky nazarýetleriniň özeninde durýar.

0
2 gomulgen   [Материал]
Erbet adam yada gowy adam diyen zat yok diyya Wonnegut

0
4 Bagabat   [Материал]
Elbetde, Wonnegut aga, beýle diýýän bolsa bize görä ýahşy biledi.
Ýöne, adamlaň uzak wagtyň dowamynda ol ýa-da beýleki bir hereketleri "gowy" ýa-da "erbet" diýip ykrar eden ölçegleri (kriteriýalary) bar. Mysal üçin: köpçülik toýda nahar iýip otyrka, olaň ortarasyna geçip, çermegiňi çekip meýdan etmek - erbet. Çagajyk suwa ýykylyp, gark bolup barýan bolsa, ony halas etmek - gowy. Onsoň şeýle "gowy" diýlip umumy ykrar edilen hereketleri köpräk etjek bolýan we "erbet" diýlip ykrar edilen hereketleri etmekdenem yzygiderli saklanýan adamlary, ýene-de köpçülik "gowy adam" diýip kesgitleýär. Şol şahsyň (личность) özem şoň şeýledigi bilen aglaba köp ýagdaýlarda ylalaşýar.

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Tüweleme, Serdar! Gowy, "wawwaly" meseläni gozgapsyň! Häzirki wagtda iki adamyň başy çatylan ýerde adamlaryň azgynlygy... hakynda gürrüň edilýär. (Bu ýagdaý, köplenç, özümizde-de şeýle) Ýöne dini hadysalaryň birinde kim adamlaryň ýaramazlygy, azgynlygy hakynda aýdyp igense, bilip goý, şol adamyň özi ýaramazdyr, azgyndyr diýilýär.
Her niçigem bolsa ilki bilen özümize jogap bermeli. Has dogrusy, Magtymguly danamyzyň aýdyşy ýaly:
Magtymguly, ilki özüň düzetgil,
Soňra özüň özgelere göz etgil.

0
3 Bagabat   [Материал]
Sag bol.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]