05:29
Ýagşylyk
ÝAGŞYLYK

Ýagşylyk et näçe gelse eliňden,
Ýagşylykdyr sogaplaryň özeni.
Õzge üçin geçip gör bähbidiňden,
Deregine nurlanar köňül güzeri.

Ýagşylyk et, tama etme garşylyk,
Hakyň hatyrasyna gaýtsyn kalbyňdan,
Uzak ýolda basmarlasa kynçylyk,
Eden ýagşylyklaň dirär alnyňdan.

Ýagşylyk et, ýöne çykar ýadyňdan,
Aýtgy bardyr:,,Haýyr bardyr her işde"
Sagyňdan getirip b:irmiş Magşarda,
Amal kitabyňa ýazan perişde.

Ýagşylyk et, ýagşylykdan  ýadama,
Hergiz ýamanlyga berme gezegi.
Goý, ýagşylyk güller bolup açylsyn,
Ýagşylykdyr dünýämiziň bezegi.

2010 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Ýerkümede dörän goşgular / Goşgular - 15.04.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
"Ykbalym baglydyr..." / Goşgular - 16.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Gerdek / Goşgular - 14.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]