17:36
Ýagşy niýet

ÝAGŞY NIÝET

Köňlümiň gapysyn açyp goýdum men,
«Durnalar geçende düşlesin» diýip.
Ýöne dost diýeniň gapysyn ýapyp
goýmasyn, «Ýürege düşmesin» diýip.

Gözler aglamasyn bes edermişin,
«Ýaşlarym ýüregi deşmesin!» diýip.
Men ýoluň eslisin aýlanyp geçýän,
«Bir çak bagrym ýakan duşmasyn» diýip.

Dileg edermişin tereň derýalar,
«Tolkunlar kenardan daşmasyn» diýip.
Ýürejigi ýanyp duran biçäre,
Ýara sowal berer, «Da;şmysyň?» diýip.

Gije-gündiz dileg edýän, «Namardyň
üstünden bir ýolum düşmesin» diýip.
Ýüregimde düşek ýazyp goýýan men,
«Iň ýagşy ynsanlar düşlesin!» diýip.






Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Kämil goşgynyñ döreýşi / Goşgular - 04.03.2021
Men şäherli bolsam-da... / Goşgular - 16.07.2021
Dag jülgesi / Goşgular - 10.02.2021
Dag çekýän / Goşgular - 13.03.2021
Bagyşla, gyz... / Goşgular - 02.02.2021
Геок-Тепе / Goşgular - 05.06.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021



Всего комментариев: 3
0
2 mango   [Материал]
Ýüregimde düşek ýazyp goýýan men,
«Iň ýagşy ynsanlar düşlesin!» diýip.

Hmmm… “düşek ýazmak” terse alyp gaçjak bolup du.
Düşek diýilse ilki bilen ýatylýan düşek (ýorgan-düşek) ýada düşýär…
“ýüregimiň törüni bezäp goýdum men…. “ ýalyrak bolup bilerdimik-ä?

0
3 Aksary   [Материал]
Körpeçe de gelişmän durmazdy.

0
1 Zehin   [Материал]
Ogultaç gelnejän gosgulary täsirli men musdagy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]