20:48
Ýagşy häsiýet hakynda

ÝAGŞY HÄSIÝET HAKYNDA

Polat otda taplanýandyr,
Ejem maňa şeý diýýädi.
Sähel zada müzzermäňi,
Mertje bol-da, goý diýýädi.

Belentlige ýetmek üçin,
Belent bolmak gerek munda.
Egri ýoldan ýöremeklik,
Telek munda, telek munda...

Ýakynu-ýat, dosty-ýaryň
Bagtly bolsa bagtyňseňem.
Göriplikden daşda bolsaň,
Buýsanjysyňmährem eneň.

Heran-haçan baýdak ýaly,
Gymmatyňy saklap bilseň.
Ýeter maňa mydam kakaň,
Ynamyny haklap bilseň.

Nirde bolsaň özüň bolgun,
Munda mertler ýatlanýandyr.
Ejem maňa şeý diýýädi,
Polat otda taplanýandyr.

Çeşme:
Gülşirin Hanowa. «Ykbalym» atly goşgy. «Mugallymlar gazeti» gazetiniň 2021-nji ýylyň 12-nji martynda çykan sanynyň 4-nji sahypasy

Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]