15:08
Ýadygärlik
ÝADYGÄRLIK

Belent ýadygärlik, gözel sen gözel
Seniñ gözelligiñe bendi ýüregim.
Örboýuna galan soldatyñ keşbin
Beýle niçik ýasap bildiñ geregim.

Hemişe elleriñ çiterdi haly
Hemişe gaýardyñ ak gaýmalary
Sallançagyñ ala bagyn çekerdiñ,
Bu gün haýran etdi sungatyñ meni.

Gubarly gözleriñ nurymy didäm
Ýa-da dagly ýüregimiñ derdimi
Bu gözel sungatyñ gözbaşy nirde
Ýa-da soldat saña medet berdimi.

Garaşdym gözlerim ýolunda mydam,
Oñjakdym ýar gelen bolsa pişekli
Söýgüsi, ýaşlygy ähli dünýäsi
Mermeriñ ýüzünde soldatyñ keşbi.

Jeñde wepat bolan soldaty ýatlap,
Belent ýadygärlik bina edildi.
Uruşdan gaýdyp gelmediklerem bu gün
Obama täzeden gelen dek boldy.

Elleriñe, dilleriñe gül bitsin
Guran binañ törde eýledi mekan.
Sowet soldatynyñ ýadygärligi
Daşlardan ýasalan bu ajap mukam.

* * *

Şygyrdaýan ýapraklar deý döküliñ,
Döküliñ ýagyş deý, soñ güle dönüñ,
Aýdymlarym, göwnüm boluñ şatlykly,
Il-günüm goý bilsin ýüregmi meniñ.

Guba çäge bolup süýşeýin öñe,
Ak süýt ýaly giñ sähramyñ goýnunda
Ýyldyz ýaly ap-ak bedewe münüp,
Utulmaýyn ýaryş guran toýuñda.

Güle besleneýin baharyñ deýin,
Gök baglaryñ şelpelerin dakynan
Öýlänçiniñ damjasyna meñzäýin
Käte sil bolaýyn daglardan inen.

Soñam düme maýsalar dek gök öwsüp,
Şatlanyp şatlanyp gülüp gezeýin.
Sähramyzyñ bagtly gyzlarna meñzäp,
Gözellik hakynda dessan düzeýin.

Akjemal OMAROWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Akjemal Omarowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Последние известия / Goşgular - 16.02.2022
Kerwen / Goşgular - 22.02.2022
Arzuw / Goşgular - 17.02.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022
Фрейдизм / Goşgular - 21.02.2022
“Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa...” / Goşgular - 31.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]