13:00
"Namysjaňdyk, buýsanjaňdyk, gedemdik..."
"NAMYSJAŇDYK, BUÝSANJAŇDYK, GEDEMDIK..."

It öňüne atyp negözel ýurdy,
Dik tutup götäre serem galmady.
Tutan ýeriň gopup durdy öňem-ä,
Ind-ä tutar ýaly ýerem galmady.

Hasyl edip ata-baba arzuwyn,
Il deňinde il boljakdyk, bolmady.
Zir-zibili erkinligiň ýolundan
Syryp giden sil boljakdyk, bolmady.

Bize “Giň bol, sabyrly bol” diýdiler,
Giňäp-giňäp, halys waragmyz çykdy.
Ýa-ha agzymyza gurşun guýdular,
Ýa-da, dogrudanam, garagmyz çykdy.

Saýranymyz üçin dymmaly wagty,
Geplemeli wagty dymanmyz üçin,
Ilk-ä ejemiziň, soň heleýmiziň
Etegniň astyna sümenmiz üçin
Kim günäkär?
Kime ige sürtmeli?
Halasgäre garaşmaly nireden?!
Özümiz dälmidik aslynda eýsem
Bir tilkini ýurt üstüne şir eden?!

Gynananam, baş ýaýkanam tapylar,
Ýöne hiç kim gol uzatmaz keseden.
Galkynmaly wagty silkinip-syçrap,
Arkan ýatan, tükge düşen, bes eden.

Namysjaňdyk, buýsanjaňdyk, gedemdik,
Nädip boýun bolduk beýle şerte biz?!
Ile çykmak ertirem-ä gerekdir,
Ýa munça-da bolmazmykak erte biz...

Şiraly NURMYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
“Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa...” / Goşgular - 31.01.2022
Последние известия / Goşgular - 16.02.2022
Gitme! / Goşgular - 27.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Sen... / Goşgular - 01.02.2022
Kerwen / Goşgular - 22.02.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022
Бахчисарай / Goşgular - 24.02.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]