17:06
Wýetnam we Owganystan
WÝETNAM WE OWGANYSTAN

ABŞ we onuñ ýaranlary Owganystanda Talibana garşy yglan eden urşunda ýeñildi. Ýadyñyza düşýän bolsa, 1979-njy ýylda "ýerli we milli" owgan kommunisti Babrak Karmal ruslaryñ goldawy bilen Owganystanda häkimiýeti güýç ulanmak arkaly eýeläpdi. ABŞ bolsa rus kommunizminiñ Aziýa ýaýramagynyñ öñüni almagy netine düwüpdi. Ol şu pikir bilenem Päkistan bilen bilelikde Owganystanda Taliban-Mojahedin atly yslamçy söweşjeñ guramany gurdy. Talibany ulanmak arkaly ruslary Owganystanda ýerlemez ýaly edip, gurulmaga synanşylan kommunist režimi çökertdi. Ruslar gidensoñ, ýagny, "öküz ölensoñ" şärikdeşlik gutardy. Taliban mundan beýläk howandary ABŞ-ny diñläsi gelmedi. ABŞ-nyñam muña keýpi bozuldy. Kommunizm gidipdi, islamizm gelipdi. Indiki nobat islamizmiñ ýaýramagynyñ öñüni almaga gelipdi. Halkyñ goldawyny almak maksady bilen resmi ady "Owganystan Yslam Respublikasy" bolan ýapja döwlet guruldy. Hökümet ýagdaýa gözegçilik edip bilmänsoñ, ABŞ guran režimini berkitmek üçin owgan topragynda Talibana garşy gyzgyn söweşe girdi. ABŞ-nyñ kömegine arkalanyp ruslary kowan Taliban daşary ýurtly esgerleriñ urşa girmegi bilen birlikde "emeldarlaryñ şahsy bähbitlerini syýasy emelleri bilen töwhid edýäenlere” garşy göreşmegiñ moral artykmaçlygyny gazandy.

• WÝETNAM

ABŞ kommunizmiñ ýaýramagynyñ öñüni almak üçin ilki NATO-ny ulanmak arkaly Koreýada urşupdy. Bu uruş Koreýanyñ ikä bölünmegi bilen soñlandy. Bir tarapdan seredende ABŞ-NATO bu uruşdan ýeñiji bolup çykdy. ABŞ şol bir maksat bilen we birmeñzeş "bir döwletden iki döwlet çykarma" strategiýasy bilen 1955-nji ýylda Wýetnama girdi. 1964-nji ýylda Günorta Wýetnam hökümetiniñ ýanynda Hytaýa arkalanýan demirgazykdaky Wietkonga garşy urşa girdi. Ho Şi Miniñ (kommuistleriñ Ho daýysy) ýolbaşçylygyndaky Wietkong 58 müñ esgerini ýitiren ABŞ-ny ompa oturtdy. ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Genri Kissinjer Demirgazyk Wýetnamyñ delegasiýasynyñ başlygy Le Dyk Tho bilen bile ýaraşyk şertnamasyna gol çekdi.
Bu gazanylan "üstünlik" üçin Kissinjere we Le Dyk Thowa Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berildi. Emma Le Dyk Tho “Men ýaraşyk şertnamasyny baglaşmadym, ABŞ-ny boýun egdirýän resminama gol çekdim" diýip, Nobel baýragyny we ýarym million dollary almady (Kissinjer welin aldy). ABŞ 1973-nji ýylda Wýetnamdan çykdy. Emma uruş günorta bilen demirgazygyñ arasynda 1975-nji ýyla çenli dowam etdi. Günorta ýeñildi. Nähili täsin: Wifetkongyñ howandary kommunistik Hytaý kapitalizme tarap gönükdi welin, kommunistik Wýetnamam hem kapitalizme tarap gyşardy, hem amerikanparaz boldy.

• TALIBANYÑ PETIGI

Islamist Taliban Owganystanda agalyk ediji (?) güýje öwrüldi. Biziñ "talibanlarymyzam" (!) "Enşalla, bizem ýakynda Türkiýäni ele alarys. Dünýewileriñ kellesini kesip, aýal-gyzlaryñ kellesine burka geýdireris" umydy bilen bu wakany nogul-nabat seçip gutladylar.
Gyssanmasynlar. Owgan ykdysadyýeti soñky ýigrimi ýylda ABŞ-nyñ ýagdyran milliardlarça dollarynyñ we birazam geroiniñ çig maly bolan göknar ekinçiliginiñ arkasyndan gün gördi. Uruş Owganystanyñ önümçilik güýjüni doly çökerdi. Halkyñ egninden galdyrmak işi Talibanyñ paýyna düşdi. Olaram daşarky dünýä gözlerini ýumup, adam barsyny öldürip ýörüşleri bilen bu jogapkärli wezipäni oñarjaga meñzänoklar. Hökman daşyna açylmaly bolarlar. Bu bolsa olary "rewizioniste" öwrer. Megerem Hytaýyñ goldawy bilen "döwletçi-kapitalist" düzgün gurmaga synanşarlar. Hytaýlylar günbatarlylardan has beter islamofobikdir. Hytaýyñ Şinjan meselesi uýgurlaryñ türkçüliginden däl-de, yslamçylygyndan dörän meseledir. Talibanyñ ýeñişinden Türkiýä çörek çykmaz, çyksa diñe çykdajy çykar. Alla owganlara, hususanam aýal-gyzlaryna ýardam etsin-dä, hernä.

Jemleýji söz: Yslam ykdysadyýeti ýaragyñ güýji bilen ýöremez.

Ege JANSEN.

"SÖZCÜ" gazeti, 22.08.2021 ý.




Категория: Publisistika | Просмотров: 103 | Добавил: Gökböri | Теги: Ege Jansen | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]