19:45
Wýetnam şahyrlarynyñ goşgulary
WÝETNAM ŞAHYRLARYNYÑ GOŞGULARY

• GALYÑ AÝAGA!

Hiç haçan ýalbaryp dyza çökmeris,
Barybir o zatlañ peýdasy ýokdur.
Özümiz çözeris öz ykbalymyz,
Aýaga gal, halkym, ýol ýeke-täkdir!

Betniýetlikden hem rehimsizlikden,
Olañ ýürekleri buza dönüpdir.
Halk ykbaly bilen olañ ne işi,
Beýle duýgy ýüreklerde ölüpdir.

Beýik durmuş üçin, galyñ aýaga!
Bilýäs ýeñşiñ bolmaýanyn pidasyz.
Ene toprak üçin girdik söweşe,
Ýan bermeris, ejizlikden jyda biz.

• ÝAŞYL KÖÝNEK

Ezizim köýnegmi ýaşyla boýa,
Ýatladýar ol ýapraklañ, otlaryñ reñkin.
Pidaly geçse-de günler, hepdeler,
Ýas çekmän, berýäris duşmanyñ merkin.

Jöwzaly yssyda, ýagyş-ýagmyrda,
Ellerim ýaragly öñe giderin.
Beýik Ýeñiş atly mukaddes duýga,
Topraga janymy gurban ederin.

Ýaşyl jeññeligi hemra edinip,
Hem toprakdan alaryn güýç-kuwwaty.
Bombalañ astynda meñ söweş ýolum,
Bolmaz şu ýolumdan dönülen wagty.

Niçik mähir bilen hem söýgi bilen,
Ýaşyl reñke boýalypdyr köýnegim.
Sag bol, mähribanym gidýän söweşe,
Gyrkarys biz duşmanlaryñ toýnagyn.

To HYU.

* * *

• DOKUZ MINUTLYK HÜJÜM

Dokuz sagat elli minut
On bäşinji oktýabr.
Gahrymançylykly pursatlara çen,
Entäk wagt bar.

Ýürek urgusyna diñ salyp bir dem,
Öñe okdurylmak senin hyýalyñ
Aýgytly hüjüme geçmelidiñ sen,
Bir bölegi ýaly bolup gaýanyñ.

Dokuz sagat elli minut
Hem şol ýañky dokuz minut
Gahar-gazap bilen duşman üstüne,
Öñe okduryldyñ misli bir bürgüt.

Çökerip bilmändi hiç kim dyzyña,
Çünki sen öz Watanyñy söýýärdiñ.
Ho Şi Miniñ sözün baýdak edinip,
Öz söweşdeş dostlaryña uýýardyñ.

Seni gorkuzmakdan hem ürküzmekden,
Elmydama ejiz gelýärdi betnam.
Çünki Wýetnam seniñ ýüregindedi,
Çünki seniñ gözleriñdedi Wýetnam.

Te HAN.

* * *

• RAHAT ÝAT, ÝOLDAŞ!

Towanda galdyrýas seni,
Belent daglar egýär başyn.
Olar göýä sakçy kimin,
Goraýar töwerek-daşyn.

Señ üstüñe örtüp gaýtdyk,
Mukaddes söweş baýdagyn.
Sen hakda aýdym döretdik,
Söweşde ýazdyk her beýdin.

Ýatan ýeri ýagty bolsun,
Sen elmydam biziñ bilen.
Şaly ösen meýdanlarda,
Hem ýaşarsyñ güneş bilen.

Öñümizden çykyp eneñ,
Soraglasa: "Ba nirede?"
Aýdarys biz hakykaty,
Aýdarys biz hemme ýerde.

Ar alarys duşmanlardan,
Rahat ýat, söweş dostumyz.
Kasam edýäs señ öñüñde,
Polat dek berkdir postumyz.

• GYZYM MENDEN SORADY

- Bomba pişijegi öldirmi - diýip,
Gyzym menden sorady.
- Öldir gyzym. Haçan bomba taşlansa,
Özüñ bilen äkit gaçybatalga.

- Öldirmi - diýip, oýunjaklaram?
Gyzym menden sorady.
- Ah gyzym, gör, näçe oýunjak bary,
Gyzyl gana boýaldy.

- Bomba ejemi-de öldirmi? - diýip,
Gyzym menden sorady.
- Ýok, öldürip bilmez - diýdim gyzyma,
Hem-de gözýaşymy saklap bilmedim.

- Bomba öldirmi meni - diýip,
Gyzym menden sorady.
- Jan balam, diýme sen, diýme şony bir,
Señ üçin söweşe girýärin ertir.

Te LAN WAN.

* * *

• EZIZ WÝETNAM

Çyongşon daglarynda eşidilýär ýañ,
Hem uzalyp gidýär ýap-ýaşyl meýdan.
Men seniñ daglaryñ, derýalañ hakda,
Bu gün eziz Wýetbam, aýdym aýdýan.

Waspyn edýän altyn ýyldyzlañ nurun,
Hem waspyn edýärin ýüpek baýdagyñ.
Ençe şatylara döz gelen halkym,
Alkyş aýdýan saña, belentdir adyñ.

Kowduk ençe ýola ýurtbasarlary,
Partiýa äkidýär bizi ýeñişe.
Beýik Ho Şi Miniñ mährem sözleri,
Ylham berýär her aýgytly göreşe.

Wýetnamyñ daglary hem derýalary,
Diñläñ, bu gün belent çykýar aýdymy.
Bu aýdym Wýetnamdyr halkym hakynda,
Onuñ göreşlerden bolmaz gaýdymy.

Nguýen DIN THI.

Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Allaýar | Теги: Te Lan Wan, Nguýen Din Thi, Te Han, To Hyu | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
“Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül” / Goşgular - 02.02.2022
Первый снег / Goşgular - 16.02.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Diýmedim-ä... / Goşgular - 02.02.2022
Daglar / Goşgular - 05.02.2022
Бриллиантовые дороги / Goşgular - 04.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]