07:39
Wirus bilen arañyza çäk goýmagyñyz ýeterlik däl, jahyl batyrgaýlygy bilenem arañyza çäk goýuñ!
WIRUS BILEN ARAÑYZA ÇÄK GOÝMAGYÑYZ ÝETERLIK DÄL, JAHYL BATYRGAÝLYGY BILENEM ARAÑYZA ÇÄK GOÝUÑ!

– Kişiniñ jahyllygy (nadanlygy, kütekligi) näçe galyñ bolsa, ugur-utgasyzlygy näçe uly bolsa, şonça-da özüne göwnüýetijiligi uly bolýar;

– Dogry maglumatlaryñ üstüne atanak çeker;

– Ha kosmos gämisi bolsun, ha uran rezerwi, gürrüñ näme barada bolsun bolsun - tapawudy ýok, hemme zady hemmelerden gowy bilýändirin öýder;

– Hakykaty ýüzüne bazyrdadyp bas, barybir özüniñ köre-körlük bilen ynanýan zadyndan başga zada ynanmaz;

– "Nato kafa nato mermer",* bir ýerde professor bar bolsa hemmesi üýşüp, ýigrimi dört sagatlap gep düşündirsinler, barybir, peýdasy bolmaz, şunça sagatlap düşündiren zadyñ edil ýöne eşegiñ gulagyna "Ýasyn" okan ýalydyr, ol ýene öz bilenini okar;

– Özüni wezipeli orunlaryñ hemmesine laýykdyr öýder. Ylym-bilim, mynasypmy-dälmi, taýýarlyklylyk - bu zatlar onuñ piñine-de däl. Haýsy kürsüni görkez, ölüp ýeten ýaly şobada ýapyşar ýatar;

– Özi bilen pikirdeş dälleriñ hemmesi onuñ gözünde ýalñyş ýoldadyr;

– Bir bellän pikirini tutar ýatar, emma pikire pikir bilen garşylyk berip bilmejegini bilýändigi üçin özi bilen pikiri deñ gelmeýäniñ üstüne heñkirer, sögüner, gargynar;

– Hiç bir mesele babatda dynnym ýaljak taýýarlygy bolmasa-da, her meselede hemme ähtimallygy öñünden ölçerip goýan ýaly hereket eder;

– Özünden güýçlä ýallaklar, özünden ejize ganymlyk eder;

– Şu gün "ak" diýen zadyna, erte gaşynam çytman, ýüzünem üýtgetmän "gara" diýendigine ant içer;

– Saturn saýýarasy geläge-de, Ýer togalagyna urulsa, hemmeleriñ görüp duran zadyny özi-de görüp duran bolsa, "men-ä hiç zadam göremok" diýer, sizi-de öz pikirine boýun egdirjek bolup synanşar, eger onuñ pikirine boýun egmeseñiz, sizi ýalançylykda, hakykaty ýoýmaklykda aýyplar;

– Ömründe ýeke gezek haýsam bolsa bir ugurda gazanan üstünligi bolmasa-da, özüniñ ulalyp oñalmadyk biridigini asla boýun alasy gelmez;

– Her bir dörän mümkinçilikde her gezek ýalñyş pikir ýöredip, öz saýlap alan ýoly sebäpli ýalñyş netijeleri gazansa-da, añynda pikir-netije baglanşygyny aýlap bilmez.

Muña "Dunning-Kruger sindromy" diýilýär. Ýagny, "jahyl batyrgaýlygy"!
Serediñ...
"Gezici" pikir soralşyk-barlaglar şereketi koronawirus pandemiýasy boýunça pikir soralşyk geçirdi.
Her on adamdan dördüsiniñ bu kesele garşy hiç hili taýýarlygynyñ ýokdugy orta çykdy.
"Näme üçin öñünden gamyñyzy iýeñzok?" diýip soradylar.
Iki dürli jogap bar...
Birinjisi, “yakynda dep bolup gider” diýýärler.
İkinjisi, “maña hiç zat bolmaz” diýýärler.
Hawa, her on adamdan dördüniñ ýagdaýy şeýle.
Diýmek, biziñ wirus bilen aramyza çäk goýmagymyz ýeterlik däl!
Bular ýaly adamlar bilenem arañyza çäk goýuñ.
Çünki, koronawirusyñ merkezi ojaklarynyñ birine öwrülmeris diýip umyt etsegem edýäris welin... zyrrajymjahyl batyrgaýlygynyñ dünýä boýunça alanda merkezi ojagydygymyz görnüp duran zat!

★★★

“Saba säher bilen 07:30-da gelýärler kofe reñkli gözenekler bilen örülen penjiräme... Meni oýandyrýançalaram jürküldeşip bir ýerde duranoklar.
Turmasam jürküldilerini hasam gataldýarlar.
Elbetde, barybir meni oýandyrýarlar.
Galkyp düýn agşamdan taýýarlap goýan çörek owuntyklarymy penjiräniñ öñüne sepeleýärin. Janawarlar nirä sepelejegimem bilip, gözleri bilen sypdyrman elimiñ hereketini synlaýarlar.
Menem egnime penjegimi atynyp, arkamy suwaglary gopan diwara ýaplap olary synlap başlaýaryn.
Guşlar nähili öwrenişipdir, öwrenişdirilipdir...

* * *

Biziñ üstümizden häkimlik sürýänlerem bizden edil şuny isleýärler.
Näme diýseler ynanyp, soragsyz-sowalsyz öwrenişmegimizi isleýärler.
Öwrenişesimiz gelmän, garşy çykjak bolan wagtymyzda özümizi ýa-ha ýörite gurnalan bir oýunyñ içinde, ýa-da başgarak hilli emeli dawanyñ içinden tapýarys.

* * *

Ýörite gurnalan emeli dawa bolan "Ergenekon" derñew prosesinde 11 ýyl azatlykdan mahrum edilme jezasy bilen jogapkärçilige çekildim.
Işim elden gitdi.
Ene-atam, maşgalam derde galdy.
Her kes ýadamagyma, öwrenişmegime garaşdy.
Ýadamadym, öwrenişmedim.
Ýazmaga, hakykatlary beýan etmäge dowam etdim.
Mañlaý derini döküp gazanan bäş-üç manadynyñ salgydyny töleýän halkyñ pulunyñ nirelere harç edilýändiginiñ, kimleriñ kisesine girýändiginiñ yzyny çaldym.
Resmi maglumatlary we öz anyklan maglumatlarymy tarapsyz şekilde köpçüligiñ dykgatyna ýetirdim.
Ýetirip oñaýmadym, düşündirdim.
Jogapkär işgärleri bu boýunça iş geçirmäge çagyrdym.
Milliardlarça lirany jantaýyna uranlar "señ bu ýazýanlaryñ ýalan" diýmän, gaýtam "biziñ mertebämizi peseltdiñ" diýip, üstümden arz-şikaýat etdiler.
Tanyş-bilişlerim maña nebsi agyryp, "aryñ öýjügine çomak sokýarsyñ, bu harap dünýäni sen düzederin öýdýäñmi?" diýip, meniñ döwre görä bolmagymy ündediler, öwrenişdirjek boldular.
Öwrenişmedim...
Ýaşaýan jaýynyñ kireý tölegini banka goýandygy üçin tussag astyna alnan daýzany we edil şol bankdan millionlarça dollar kredit alyp ýali** satyn alanlar bilen bile hereket edýänleriñ barlygyny görüp durkam, nädip öwrenişip bilerin, nädip döwre görä bolaýyn men?
Urfanyñ 10° sowugynda aýagy şypbykly garyñ içinde mekdebe gatnaýan çaganyñ gözündäki alaçsyzlygy we diñe syýasy tarapdar bolandygy üçin alan pulunyñ hasabyna çagasynyñ dişiniñ çykandygy üçin köşk banketläp toý edýänleri görüp, men nädip dymaýyn?
Diñe 10-15 liralyk gündelik çörek puly üçin käşir ýygmaga Konýa gelen, gar ýagandygy üçin ýygyp bilmän gapysy-penjiresi ýok hañlap duran öýe sygynan, dañ atýança sowukda doñup ölen Mawy Eşmäniñ kyrk günlük bäbejigi häzirem gözümiziñ öñünden gidenok...
Ýeri onsoñ, diñe iki minutlyk wideorolik üçin 6 million lira alýanlaryñ bar bolan jemgyýetine nädip öwrenişmeli?
Näçe ýyl bäri respublikamyzyñ ynkylaplaryny ýok etmek üçin her dürli pyssy-pyjurlygy edýän, kontrrewolýusiýanyñ emellerine ýetmek üçin çagalaryna taýýarlap goýan wezipeli orunlaryny, olara peşgeş berilen halkyñ baýlygyny, añyrlaryna basyp goýan gaznalaryny görüp-bilip durkamam, nädip ýazmaýyn? Nädip öwrenişeýin men bulara?

* * *

Bulary ýazandygym, paş edendigim üçin etmedik günämden aýyplanyp ýene tussag astyna alyndym.
Sebäbi öwrenişmedim.
Öwrenişmedik.
"Eýle bolmaly däl, beýle bolmaly" diýdiler... Indi bolsa, sosial medýada ýazan ýekeje ýazgym üçin, diñe şehitlerimize gahryman diýendigim üçin tussag astyna alyndym we suduñ höküm çykarjak gününe garaşyp ýatyryn.

* * *

Zyýany ýok…
Men barybir öwrenişmerin.
Olaryñ isleýşi ýaly “-myş”, “-miş” žurnalistligini edip biljek däl.
Men bularyñ tersine, ýoksulyñ pulunyñ hasabyny soraýan respublikan ynkylaplara wepaly žurnalist bolmagyna dowam ederin.

* * *

Guşlar birdenkä asmana galdy.
Çünki hemişeki wagtda ir säher bilen gelýän türme gözegçileriniñ aýak sesi eşidildi.
Olaryñ yzyndan garap galýaryn.
Gök asmany tor kimin gurşap alan tokly simleriñ biriniñ üstüne gonup, synlamaga başlaýarlar.
Meniñ bilen ümmüldeşmegem ýatdan çykaranoklar.
Hemme zady bilip durlar özem, eýgörmüşler.
Öwrenişip gidipdirler...
Siz bir öwrenişmäñ.
Ýylmaz (Özdil) agama bendilikden erkin salamlarymy gönderýärin...

Myrat AGYREL,
Siliwri, 9-njy belgili türme, C-18”


★★★

Hawa…
Bu - Türkiýäniñ iñ mertebeli, iñ ygrarly žurnalistlerinden Myrat Agyreliñ size - hormatly okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetirmegi üçin maña ugradan haty.
Myrat Agyrel, Baryş Pehliwan, Baryş Terkogly, Hülýa Kylynç ýaly kärine wepaly halal çörek iýen ussat žurnalistleri Siliwride karantin astynda saklaýarlar.
Izolirlemäge çalyşýarlar.
Edil koronawirus melamatynda bolşy ýaly, hakykatlary maskalamak arkaly bize näme diýilýän bolsa, diýilýänlere pikirlenmezden eýermegimizi, boýun sunmagymyzy, bolup geçýän zatlara dem-düýtümizi çykarmazdan öwrenişmegimizi isleýärler.
Öwrenşäýmeris!
Egindeşlerimiz azatlyga çykýançalar, gazetimiziñ bu sahypasy olar barada bolar...
Dünýä metbugatynyñ taryhynda wirus bilen arasyna çäk goýan ilkinji we ýeke-täk gazet bolan "Sözjüniñ" sahypalary olar üçin hemişe gujagyny gerer durar.
Türkiýänin süññüne aralaşan wiruslary ýok etmegiñ ýeke-täk ýoly bar, olam - ygrarly žurnalistleriñ azat galamydyr.
Hakyky habar ýaly täsirli dezinfeksiýa, hakyky habar ýaly ak bilen garany seljerip bilýän zat henize çenli bolmandy, bolmazam!

Ýylmaz ÖZDIL.

26.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti.
_____________________________
* "Nato kafa nato mermer" - haýsam bolsa bir meselede dürli-dürli görnüşde düşündirilse-de, gürrüñi gidýän meselä düşünmeýän kejeñek adamlara aýdylan bu jümle türkçä rum dilinden geçipdir.
"Nato Kafa Nato Mermer" - rumlaryñ "Na to kefari, na to mermari" görnüşinde ulanan jümlesidir. "Na" - ine, ynha, "Kefari" - kafa (kelle) we mermari (mermer) manylaryny berýär. "Ine" sözüniñ manysy wagtyñ geçmegi bilen "Na" (ine) we iñlis dilindäki "the" goşulmasy ýaly ulanylan "To" bilen birigip, "Nato" sözi emele gelipdir (bu sözüñ NATO halkara guramasynyñ ady bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur).

** Ýali - iki tarapyny deñiz gurşap duran owadan kottežler, köşgi-eýwanlar.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.





Категория: Publisistika | Просмотров: 373 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 18
0
18 Haweran   [Материал]
Toplawer şolary, öz ýurdumyzyñ ot-çöpem ýat ellerden çykan nämedigi belli däl bir ýeriñe peýda bolsa, on ýeriñe zyýan (hem hili pes, hem möhleti geçen) derman-därilerden müñ esse gowudyr...

0
17 Gurgencli   [Материал]
Biziň ýerler şor bolansoň iň bol ot çöp buýan bilen ýandakda smile . Bal arylaram buýan bilen ýandagyň gülünden bal ýygnaýalar

0
16 Hаwеrаn   [Материал]

0
15 Haweran   [Материал]
Çaýa goşup içiber, ýeterlik şol. Sap özi aşa süýjümtik kakar, içip bilmersiñ smile

0
14 Gurgencli   [Материал]
Buýan köki Çaý bilen goşup gaýtmalymy? Ýandak gaýnadyp içen ýaly şeýle özüni gaýnadyp içseň bolmazmyka?

0
13 Haweran   [Материал]
Şu ýerde belli şahyrymyz, halk tebipçiligini öwreniji melhemgär Oguljemal Çaryýewanyñ melhemler düwünçeginden gelen haty okyjylarymyza ýetirsek artykmaçlyk etmezdi:
]"Алдыгына дуйп соган ийиберин - усгулевиги 3-4 гунде кесйар ве 1 нахар чемче ёвшаны 300 грам гайнан сува демлап 100 грамдан 5-6 гун нахардан 45 мин он ичин. Грипп голайыныза гелмез."

0
12 Haweran   [Материал]
Üsgülewüge. Buýan köküni çaýa demläp iki gezek içseñiz bokurdagy göni açýar.

0
11 Palitra   [Материал]
Buýan köki nämä peýda edýärkä? Kyn görmeseñiz düşündirip bilmermisiñiz?

0
9 Gurgencli   [Материал]
4-nji gün menem bazara maska dakyp gitdim, dogrusy başda dakmaga çekindimem, hemme adamlar ýüzüme birhili seredýär, bärde heniz ýekde serýek bolaýmasa maska dakyp ýören adam ýokda.

0
8 Haweran   [Материал]
Şoña görä biziñ islendigimiz (hiç ýerde işlemeyan, okamayan we ş.m. bikär biri bolaymasa) köçä-de çykmaly bolyas, işedir okuwa-da gitmeli bolyas, islendigimiziñ durmuşynda yagşy-yaman toy-yas we ş.m hokmany suratda geçirilyan kopçülikleyin çäreler bar, ozumizde bar dümewi kopçülige ýokuşdyrmazlyk u.n ya-da kimdir biriniñ dümew wirusyna yolugyp yormez yaly, HÖKMAN MASKA DAKYÑ!

0
7 Haweran   [Материал]
Koronawirusyñ ýaýramagyna hajat ýok. Pnewmoniýadyr dümew hem häzir şondan pes oturanok. Hut özüm geçen aý dümewläp 10-15 gün gaty heläk etdi, 3 günläp ýerimdenem galyp bilmedim. Dermän-däri, ukol täsirem edenok. Hernä şu ajy burç, sarymsak, buýan köki tebigy önümler bolaýypdyr, şolar bir zat etdi bolsa-da...

0
10 Gurgencli   [Материал]
Çyndanam şo derman däriden özümiziň tebigi ot çöpler gowy öýdýän. Ynha iň bärkisi iç agyry degýä derman kän täsir edenok, ýandak gaýnadyp içýäň welin gül ýaly bolýaň.

0
6 Haweran   [Материал]
Maska dakyp çyksañ, ýolda-yzda maskasyz barýan raýatlar birinji gezek duş gelýän adamy görýän ýaly añka-tañka geñirgenşip seredýärler! Dogrusy, bulam "jahyl batyrgaýlygynyñ" bir görnüşi. Bugünki gün dünýäniñ düşen güni ortada. Bizem bu dünýäniñ bir bölegi. Islesek-islesek planetamyzy sarsdyran bu näletsiñen howpdan bize-de ýetdik paý düşjegi jedelsiz hakykat...

0
5 Haweran   [Материал]
Adamlar, köçä çykanyñyzda hökman maska dakyñ!
Bu bir howsala düşürmek ü.n aýdylýan zat däl. Maska dakylmagy ündelýän bolsa - bu siziñ saglygyñyz ü.n, hemmämiziñ saglygy ü.n ündelýär. Diýmek, ýeterlik wirus howpy bardyr, maska dakmak ündelýär. Özüñiziñ we başgalaryñ jan saglygyny howp astyna itermäñ!

0
4 Haweran   [Материал]
Bugünki güne gelenimizde şular ýaly agramlyja makalalaryñ gymmaty artjaga meñzeýär.

0
3 Haweran   [Материал]
Şu makalalary ilkibaşda okyjylar ýadyrgaýardy. Dogrusy, özümem birhili görýärdim.

0
2 Wirus   [Материал]
Meñ üstümden kän dûşýäñiz soñky wagtlar cry

0
1 meretmuhammetnuryew   [Материал]
Wah dõneýin şu mowzuga..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]