18:03
Wesýet
WESÝET

Agşam aý doganda daşaryk çyk-da,
Synla, bu dünýäniñ gözelligini.
Onsoñ yhlas bilen aýawly sakla,
Ertirki günleriñ gönezligini.

Wepaly bol atañ beren pendine,
Pahyr, görde hyrçyn dişläp ýatmasyn.
Dostuña hormat goý, sarpasyn sakla,
Bir dili duzludan şyltak ýetmesin.

Ömrüñ güli goý, gurasa gurasyn.
Bir bigünäñ gözýaşyny içmesin.
Bir gün ula tursa bagtyñ bedewi,
Gara nebsiñ aklyñ törüme geçmesin.

Asuda ülkäñe giren ganymy
Gaýtarmasañ, gaýdyp gelme yzyña.
Minnetdar bol pena beren ilie
Hemem şu toprakdan iýen duzuña.

Ýat illere äkitse-de nesibe,
Ykbal örküñ şu topraga baglasyn.
Dogan günüñ diñe öýñüz begense,
Ölen günüñ bütin iliñ aglasyn.

Işanguly GULJAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Haweran | Теги: Işanguly Guljaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Зарница / Goşgular - 28.02.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Men Güni garşylajak! / Goşgular - 31.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
"Kyýamat diýip men nämä düşünýän...” / Goşgular - 29.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
Ýüregim bir seni görkezýän kompas / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
"Agşam aý doganda daşaryk çyk-da,
Synla, bu dünýäniñ gözelligini."

Agşam, garaňkyda, dünýäniň gözelligi...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]