19:29
Wenger sirki
WENGER SIRKI

Wenger sirkiniň taryhy-teatrlaşdyrylan halk oýunlaryndan (atly çykyşlardan) öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Buržuaz wenger sirkiniň esasy görkezilýän ýeri Budapeştdäki "Uly sirk” bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde ownuk şahsy sirklerem hereket edipdir. Budapeştde yzygiderli daşary ýurt sirklerem gastrollarda bolupdyr.
Wengeriýada halk-demokratiýasy döwleti döredilenden soň, sirk sungatynyň doly ösüşem başlanypdyr. 1947-nji ýylda Wengeriýada sirk artistleriniň profsoýuzy döredilýär. 1949-njy ýylda sirk sungaty millileşdirilip doly döwlete geçirilýär. 1950-nji ýylda sirk sungaty mekdebi döredilýär. 1954-nji ýylda sirk işleri boýunça uprawleniýa işe başlaýar. Sirk artistleriniň arasynda Ýa.Ginaý sirk gupbasynyň aşagynda edilýän akrobatik oýunlary, Şnaýder sahnada akrobatlaryň hasabyna dürli maşklary döredipdir, Willam hokgabaz (žunglýor), Segedi ýolbarslara baş öwrediji hökmünde çykyş edipdir. Wenger sirkçileri ilkinji gezek 1958-nji ýylda öz ýurtlarynyň çäginden çykyp, Moskwada gastrolda bolupdyr.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.




Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 22 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]