21:10
Wenger sazly teatry
WENGER SAZLY TEATRY

Wengeriýada sazly teatr XVIII asyryň 2-nji ýarymynda dünýä inýär. Ilkinji opera spektakllary nemes we italýan dillerinde Buda we Peşte şäherlerinde, baý adamlaryň köşklerinde görkezilip başlapdyr. XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda daşary ýurt truppalary tarapyndan "Jadyly fleýta" (1791), "Don Žuan” (1797), "Fidelio” (1816), "Sewil dellegi” (1820) we beýleki operalar sahna çykarylypdyr. Şol döwürlerde ilkinji milli Wenger sazly-dramalary peýda bolup başlapdyr. Ilkinji peýda bolan opera I.Çokonai-Witez bilen Billişiçiň "Geçi eti” (1765) pýesasynyň mazmunynda döredilipdir.
Ikinji uly wenger opera spektakly Ýe.Çudiniň "Gersog Pikko we Ýutka Perži” (1793) Buda şäherinde goýlupdyr. Bu wakadan soň kompozitorlar G.Matraiň "Dýord Çerni” (1812), Ýe.Heýniş bilen D.Arnoldyň "Korol Matişiň saýlany” (1832), A.Bartaýyň "Aureliýa" (1842), "Hilegärlik” (1839), M.Rožawýoldyň "Wyşegratdan bolan hazyna gözleýjiler”ýaly milli operalar sahna çykarylypdyr. Bu operalaryň köp bölegi Buda, Peşte we birnäçe ownuk şäherlerde opera sungatyny söýüjileriň güýji bilen goýlupdyr. Esasy üstünligi Ýe.Ružiçkiniň "Gaçgak Bely” operasy getiripdir. Bu opera 1824-1836-njy ýyllar aralygynda Maroşwaşarheý, Seged, Temeşwar, Peşte, Buda, Peçe, Mişlolse, Sekeşfeherwar, Dýul, Kişmarton, Sent, Debresen şäherlerinde yzygyderli tomaşaçylara hödürlenipdir. Ilkinji wenger operalarynyň üstünliklerini barada gürrüň edilende wenger sungatyny öwrenijiler operalarda awtorlaryň milli heňleriň, labyzlaryň, halkyň öňden gelýän folkýor elementleriniň, "Werbunkoş” halk saz ugurlarynyň giňden ulanmaklarynyň ne-tijesidigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde-de wenger operalarynyň Günbatar Ýewropanyň nusgawy operalaryndan ugur alýandygynam aýdýarlar.
1837-nji ýyldan başlap opera sungatynyň ösmegine Budapeştde ýurduň saz medeniýet merkezi hökmünde "Milli teatryň” açylmagam belli bir derejede öz uly goşandyny goşupdyr. Bu teatryň sahnasynda drama spek-takllarynyň goýulmagy bilen uly opera spektakllaram deň derejede sahna çykarylypdyr. XIX asyryň 2-nji ýarymynda milli adatlaryň joşgunly ýagdaý-da ösmegi wenger opera sungatynada öz täsirini ýetiripdir. Şol döwürde wenger operalaryny döredýänleriň iň meşhurlarynyň biri kompozitor we dirižýor F.Erkel bolupdyr. Onuň "Milli teatryň” sahnasyna çykaran ilkinji "Mariýa Batori” (1840) atly operasy oňa uly üstünlik getiripdir. F.Erkeliň bu operasyndan soňky sahna çykaran eserleri "Laslo Hunýady” (1844), "Bankban” (1861), "Korol Iştwan” (1885) has-da uly operalara öwrülip, wenger jemgyýetçiligi tarapyndan aýdyň milligi, arzuwçyllygy, watanperwerçilidi, özboluşly saz reňkliligi (kolopitli) bilen kabul edilip, halky erkinlige çagyrypdyr. XIX asyryň 2-nji ýarymyndan başlap opera teatrlarynyň repertuarlaryny F.Erkiliň operalary bilen bir hatarda kompozitorlar M.Moşoinyň, K.Ternanyň, F.Dopleriň, D.Çasaryň, I.Bognaryň, K.Hýuberiň, Ýe.Hu-baýanyň we Transilwan kompozitorlary Ş.Brehtiň, K.Aghaziň eserleri eýeläpdir. XIX asyryň aýaklarynda opera repertuaryna kompozitor K.Goldmarkyň eserlerem goşulyp meşhurlyga eýe bolupdyr. Wenger opera mekdebiniň ösmeginde opera aýdymçy-aristleriniň uly täsiri bolupdyr. Esasanam bu ugurdan illi sazlary we milli folkýorlary ýerine ýetirijiler wagyznesihatçy hökmünde çykyş edipdirler. "Milli teatryň” aýdymçy zenany M.Bazilides has-da şöhratdan peýdalanypdyr. Wengeriýada şeýle ösüşleriň dowam etmeginiň halk köpçüligine ýaýrap opera sungatyny meşhurlyga getiripdir. Bu ýagdaý 1884-nji ýylda Budapeşt şäherinde ýörüteleşdirilen opera teatrynyň açylmagyna alyp gelipdir. Şondan soňky on ýyllyklarda bu ýer wenger medeniýetiniň merkezine öwrülipdir. Bu ösüşlere garamazdan Wengeriýa buržuaz respublikasy bolmak bilen opera sungatynyň ösmegine degerli kömek bermekden daşda bolupdyr.
XX asyryň wenger saz sungatynyň uly wekilleri B.Bartok we Z.Kodaý milli saz sungatyny esasanam opera sungatyny ösdürmekde belli bir derejede öz goşantlaryny goşupdyr. Kompozitor Z.Kodaý Budapeşdiň Opera teatrynda "Hari Ýanoş” (1926( halk operasyny sahna çykarmak bilen wenger saz sungatynyň ösüşini dabaralandyrypdyr. Şondan soň Ž.Kodaýyň "Sekeý egriji kärhanasy” (1932), Ş.Petýofiniň adybir poýemasy esasynda döredilen P.Kaçonyň "Batyr Ýanoş” (1904) operalary wenger opera sungatynyň taryhynda esasy döwür bolup hyzmat edipdir.
Wengeriýada halk-demokratik gurluşyň döräp başlamagy opera sungatynyň taryhyndaky geçiş döwri hasaplanýar. Teatrlar şol döwürlerde döwlet tarapyndan ähli sosial goltgulary alypdyr. Şol döwürde teatr sahnalaryna wenger kompozitorlarynyň iň oňat nusgawy we häzirki zaman opera-lary çykarylypdyr. Ýurduň Budapeştdäki uly, öňde baryjy Opera teatrnyň halkyň gowy adatlaryny real ýagdaýda saklajak bolmagy opera sungatyndaky häsiýetli tagallalaryň biri bolmagynda galýar.
Häzirki zaman wenger kompozitorlary D.Farkaşyň "Jadyly şkaf”, P.Kadoşyň "Hustadaky başdan geçirmeler” komiki operalarynyň we Ýe.Keneşşeýiň "Zenanlar we altyn” operasynyň 1934-nji ýylda Budapeştiň Opera teatrynda goýulmagy ýurdyň opera sungatynda uly hadysa bolmak bilen şu günlerem teatryň repertuaryndan düşmän gelýär. Kompozitorlaryň ýaş nesline degişli D.Rankinyň Anderseniň ertekisi esasynda döreden "Korol Pomadanyň köýnegi”, T.Polgaryň "Gudalar” we nusgawy F.Erkeliň "Bankban”, Z.Kodaýyň "Hari Ýanoş” opralary bilen birlikde, "Boris Godunow”, "Ýewgeniý Onegin”, "Howanşina”, "Knýaz Igor” "Trawiata”, "Sewil dellegi” ýaly nusgawy eserlerem şu günlere çenli wenger sahnasyndan düşmän opera söýüjileriň söýgüsini gazanmagyny dowam etdirip ýör. Ýokarda bellän operalarymyzyň üsti bilen terbiýelenen aýdymçylar M.Sakeý, I.Pallo, T.Udwardi, D.Meliş, Ýe.Şimandi, O.Maleski, L.Ýambor, Ýa.Fodor, E.Rosler, D.Loşonsi, P.Iloşfalwi, I.Ýowiski, zehinli aýdymçy zenanlar M.Dýurkowiç, M.Tisai, K.Palankai, Ýu.Oros, M.Matýaş, Ş.Gençi, Ýe.Halas, Ýu.Oşwat we beýlekiler bolupdyrlar. Teatra ýolbaşçylyk eden dirižýor Ýa.Ferençik, baş režissýor K.Nadaşdi, dirižýorlar W.Komor, M.Lukaç, A.Korodi, režissýor we hudožnik G.Olah, hudožnikler T.Mark, Z.Fýulep we beýlekiler opera eserleriniň sahnany bezemeklerini gazanyp bilipdirler. Şeýle hem gastrol bilen dünýäniň köp ýerlerine aýlanypdyrlar. Ýokarda adyny agzap geçen Budapeştiň baş Opera teatryndan başgada şol teatr bilen deň hereket eden Segede we Debresen şäherlerindäki opera teatrlaram işläpdir. Seged şäheriniň Milli opera teatrynda Mosartyň, Puççiniň, Çaýkowskiniň operalaryny goýmak bilen meşhur truppany döredipdir. Truppada aýdymçy M.Sabo, aýdymçy zenan Ş.Moldowan çykyş edipdirler. Debresen şäherindäki Çokonai opera teatrynda sazly we drama truppalary bolup sahna operalar, operettolar çykarylypdyr. Şol bir sanda dünýä belli "Otello”, "Karmen”, "Bankben” operalary sahna çykarylyp olarda aýdymçy zenanlar M.Warga, Ýe.Balog, I.Hankiş, aýdymçy M.Lotar meşhurlykdan peýdalanypdyr. Wengeriýanyň opera teatrlarynyň ýok ýerlerinde hereket edýän opera truppalary gasrostollarda yzygiderli bolupdyr. Şeýle hem teatrlaryň ýok ýerlerinde höwesjeňler toparlary opera spektakllary bilen çykyş edipdirler.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 17 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]