22:09
Wenger operettosy
WENGER OPERETTOSY

Sazly halk komediýasy ilkinji gezek Wengeriýada XIX asyryň birinji on ýyllygynda žanr hökmünde dünýä inipdir. Şol döwürlerde ykmanda aktýorlar öz repertuarlaryna halk aýdymlarydyr tanslaryndan düzülen özboluşly sazly çykyşlaram girizipdirler. Olaryň öz çykyşlarna girizen "Andýal Bandi”, "Zýold Marsi” spektakllarynda halky erkinlige çagyrypdyrlar. XIX asyryň 30-40-njy ýyllarynda "halk pýesalary” diýen ýenede bir žanr peýda bolupdyr. Bu žanryňam köp bölegini sazly aýdymdyr tanslar eýeläpdir. XIX asyryň ortalarynda bu žanr Wengeriýada giň gerime eýe bolupdyr. Žanryň meşhurlyda eýe bolmagynda awtorlaryň ýönekeý halk durmuşyna ýüzlenip, şol durmuşyň tomaşaça düşnükli halk sazlarynyň üsti bilen berilmegi häsiýetli bolupdyr. 1861-nji ýylda Buda,1875 -nji ýylda Peşde şäherlerinde ,,Halk teatrlary”açylypdyr. Şol teatrlarda kompozitorlar Ýe.Serdaheýiň, K.Şimonfiniň sazly komediýalary sahna çykarylypdyr. Olaryň spektakllarynda meşhur aýdymçy-aktýorlar L.Blaha, Ýe.Timar çykyş edipdirler. XIX asyryň 60-njy ýyllarynda teatrlaryň repertuarlaryna operettolar girizilip başlanýar. Operettolaryň repertuarlara girizilip ugramagy "halk pýesalaryny” gysyp başlaýar. Asyryň aýagynda bolsa operettolar "Halk pýesalaryny” doly gysyp çykarýar. Muňa garamazdan "Halk pýesalarynyň” käbir elementleri operettolarda saklanyp galypdyr. Ilkinji wenger operettosy hasaplanýan Allaganyň "Oba kontorasy” (1882), şeýle hem Ýe.Kontinyň operettolary bu žanryň iň görnüklileri bolmak bilen fransuz operettolaryna öýkünmeklik dowam etdirilipdir. XIX asyryň aýaklarynda beýik kompozitorlar F.Legaryň, I.Kalmanyň peýda bolmagy bilen wenger operettolary dünýä meşhurlygyny gazanypdyr. Olaryň operettolary XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda köp sanly wenger operetto truppalarynyň repertuarlaryny eýeläpdir. 1925-nji ýylda Budapeştde durnukly operetto teatry gurnalypdyr. Şol döwürde Ýakobi, Sirmai, Butkai, Huska ýaly operetto žanryna ýykgyn edýän, şol ugurdan sahna eserini döredýän wenger kompozitorlary peýda bolupdyr. Olaryň döredýän operettolarynyň esasy temasy milli folklora golaý bolupdyr. Wenger operettolarynda täzelik girizmeklik kompozitor P.Kaçomyň "Batyr Ýanoş” operasy bilen baglanyşykly. Halk heňlerinde düzülen bu operadan täsir alnypdyr. Şonyň üçinem wenger operettosynyň ösmegi "Batyr Ýanoş” operasy bilen baglanyşykly hasaplanylýar. Sebäbi bu operanyň geljekgi wenger operettosynyň ösmegine uly täsiri bolupdyr. Wenger kompozitorlary F.Farkaşyň "Çin Palko”, P.Kadoşyň "Hustadaky başdan geçirmeler”, O.Winsiň "Ala-mula gölejik”, T.Brodinyň "Nirdedir günortada”, "Palota myhmanhanasy”, Sekeýiň "Altyn ýyldyz”, Ýa.Kerekeşiň "Gylyç we söýgi”, "Döwlet uniwermagy”, Feneşiň "Iki söýgi”, I.Şarkýozinyň "Selişteý mylaýymlygy”, L.Laýta bilen D.Kelleriň "Üç ýazy” operettolary iň ýörgünli, iň özüne çekiji sahna eserleri bolupdyr. Bu eserler wenger teatr sahnasynda yzygiderli görkezilipdir. 1949-njy ýylda Budapeştiň operetto teatry Milli operetto teatryna öwrülipdir. Onuň sahnasynna dünýä ýurtlarynyň şol sanda sowet operettolaram görkezilipdir. 1954-nji ýylda bu teatryň bölümi hökmünde L.Blahyň adyny göterýän operetto teatram döredilip, onda sazly komediýalar we operettolar sahna çykarylypdyr. Ýokardaky adyny bellän teatrymyz ýaly teatr bölümleri Dýore şäherinde (Kişfaludi adyndaky teatr), Peçe şäherinde (Milli teatr), Solnoke şäherinde (Sigligeti adyndaky teatr) döredilipdir. Wengeriýada operetto žanryny öz içine alýan ýörüte aktýorlar mekdebi döräpdir. Bu mekdebiň tälimini alan aktýorlar sahnada buffonadadan, liriki-groteska, drama tötänligine, ýokary wokal ussatlygyna, owadan endiganlyga geçip bilipdirler. Bu mekdebiň wekilleri bolan aktýorlar H.Hondi, K.Latabar, K.Feleki, P.Patoni, E.Partoş, M.Nemet, režissýorlar M.Sinetar, D.Sekeý we beýlekiler işläpdirler. Merkezden daşdaky teatrlarda-da bu mekdebiň uçurymlary bolan aktýorlar Ýa,Sill, K.Ýanoşşi Dýor şäherinde, M.Takaç, Ýe.Lang Peç şäherinde, B.Benkýo, M.Karaçoni Solnok şäherinde işläpdirler. 1948-nji ýyda operetto aktýorlaryny taýýarlamak maksady bilen Wengeriýada ýokary teatr mekdebi we studiýasy açylýar.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.




Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 14 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]