19:28
Wenger gurjak teatry
WENGER GURJAK TEATRY

Wengeriýada gurjakçylaryň çykyşlary öňden gelýän halk adatlarynda, baýramçylyklarynda ýörgünli häsiýete eýe bolupdyr. Wengeriýanyň ýarmarkalarynda esasan nemes gurjakçylary çykyş edipdirler. XIX asyryň 2-nji ýarymynda ilkinji gurjak spektakllary wenger dilinde tomaşaça ýetirilip ugrapdyr. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda gurjak spektakllarynda çykyş eden baş gahryman Kasperläniň (nemes gurjak spektakllarynda çykyş eden baş gahryman) deregine wenger gahrymany Witez Laslo eýeläpdir. Kän wagt geçmänem Witez Laslonyň ýerini Paprika Ýançi (Iwanuşka-burç) aly personaž eýeläpdir.
1911-nji ýylda Wengeriýada ilkinji "Gurjak teatry” gurnalýar. Bu teatr 1-nji jahan urşuna çenli hereket edipdir. 1919-1925-nji ýyllar aralygynda G.Blatner gurjak tomaşasyny yzygiderli tomaşaça ýetiripdir. Şol döwürlerden başlap durnukly gurjak teatryny döretmek baradaky aladalar kähalatlarda başa barsada uzak dowam etmändir. 1947-nji ýylda Budapeştde "Meşebarlang” ("Ertekiler gowagy") atly gurgak teatry döredilýär. Bu teatr 1949-njy ýylda 'Wenger döwlet gurjak teatry” atlandyrylypdyr. Wengeriýada köp sanly özbaşdak gurjak gurnaklaram hereket edýär. Şol gurnaklaryň işine Döwlet halk sungaty instituty ýolbaşçylyk edýär.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 22 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]