19:49
Wenger dramaturgiýasy
WENGER DRAMATURGIÝASY

Wengeriýada dramaturgiýanyň ösüşi uzak ýyllaryň dowamynda hereket eden milli-azat ediş göreşi bilen golaý aragatnaşykda bolmagynda galýar. Rim-katolik buthanasynyň dini dramalary latyn dilinde görkezmeklige tabyn etmegi, milli medeniýetiň döremegini uzak ýyllaryň dowamynda yza çekipdir. Ilkinji Wenger dramalarynyň edebi ýadygärlikleriň saklanyp galan döwri XVI asyryň başlaryna degişli bolup, Wengeriýanyň 1526-njy ýylda türkler bilen Mohaç söweşinde ýeňilip öz garaşsyzlygyny ýitiren wagtyna gabat gelýär. Wengeriýada ilkinji dramaturglar XVI asyrda hristian dininiň protestant bölüminiň wekilleri M.Starai, G.Heltai hasaplanýar. Olaryň ýazan eserleri "jedelli” dramalar bolmak bilen ýurtdaky feodal ýagdaýy ýiti tankyt astyna alypdyr. Döwrüň iň iri meşhur dramaturgy bolan P.Bornemissa 1558-nji ýylda Sofoklyň "Elektra” (Elektra - antik şasynyň ady) dramasyny Wenger diline geçirmegi gazanypdyr. Ol "Elektrany” wenger diline geçirmek bilen drama wenger watançylyk häsiýetleri siňdiripdir. Onuň "Elektrasy” wenger poeziýasyna we dramalaryna öz häsiýetli taraplaryny siňdirmek bilen geljekki wenger dramaturgiýasynda belli bir netijeleri oýnapdyr. Awtory näbelli "Menharta Balaşşiniň dönükligi hakyndaky komediýada” (1569) taryhyň halky çäklerde dowam edip gelen feodal gatlagyň gysgançlygy, açgözliligi, doýar-dolmazlygy, iki ýüzliligi feodal Balaşşiniň we iki ýüzli Olahyň keşpleriniň üsti bilen açylýar. 1589-njy ýylda şahyr B.Balaşşi "Wenger komediýasyny” ýazýar. Bu ilkinji wenger pýesasy bolmak bilen onuň gurluşynda esasy orny "söýgi hilegärligi” tutýar. XVI asyrda pastoral žanrynda döredilen B.Balaşşiniň "Kredulus we Ýuliýa” komediýasy şol döwürlerde döredilen sahna eserleriniň iň saýlantgysy bolupdyr. XVII asyrda bir näçe gülküli intermediýalar we moraliteler ýazylypdyr. Öz gözbaşyny XVI asyrdan alyp gaýdýan mekdep dini we protestantçylyk dramalar Wenger dilinde ýazylyp başlanýar. Şeýle dramalaryň başlangyjy L.Segediniň "Teofaniýa” (1575) dramasy hasaplanýar. XVIII asyrda aýratyn ösüş bilen tapawutlanan mekdep teatrlary bolup, şol döwür dini dramalardan dünýewi dramalara geçiş döwri hasaplanýar. Döwrüň meşhur mekdep dramalarynyň biri K.Şimaiň meşşançylyga bagyşlan "Igazhazi” (1790) dramasy uly üstünlikden peýdalanypdyr. XVIII asyryň 2-nji ýarymynda Wenger demokratik jemgyýetçiliginde feodalçylyga we klerikal keýplere garşy göreşýän awtorlary belli bolmadyk (anonim) fars-intermediýalar peýda bolup başlapdyr. Şolardan "Miheý Koçonýanyň öýlenişi” mekdep sahnasynda görkezilipdir. Bu fars-intermediýada döwrüň adatlary satiranyň üsti bilen suratlandyrylypdyr.
Wenger dramaturgiýasynda magaryflaşdyrmanyň giçki eýýamy XVIII asyryň 70-90-njy ýyllaryny we 90-njy ýyllaryndan başlap XIX asyryň başla-ryna çenli iki tapgyry öz içine alýar. Wenger dramaturgyýasynyň 70-90-njy ýyllaryny öz içine alýan tapgyryna täze Wenger edebiýatynyň ideýasyny öňe süren D.Beşşenýe ýolbaşçylyk edipdir. Bu taryhy döwürde "Agisiň tragediýasy” (1772), "Laslo Hunýadyň tragediýasy” (1772), "Atilla we Budiniň tragediýasy” (1787) ýaly tragediýalar döredilip olarda çykyş edýän baş keşpler öz watany üçin janyny gurban etmäge taýyn gahrymanlardan ybarat bolupdyr. Bu tragediýalar klassisizmiň kadalary-düzgünleri boýunça ýazylsa-da öz ritorikasy babatda aýratynlyk we hereketleriň suratladyrylyşyndaky ýazgyda öňe gidişlikler, tapawutlylyklar duýlupdyr. D.Beşşenýу öz dramaturgiýasynyň gurlyşyndaky ýetmezçilikleri öz "Filosof” (1777) komediýasynda ýeňip geçmegi başarypdyr. Ol "Filosofda” iri dworýan gatlagyň ýaşaýyş durmuşynyň halkyň ýaşaýyşyndan daşdadygyny suratlandyrmak, komediýada hereket edýän sýužetleri ösdürmek bilen keşpleri baýlaşdyrypdyr. Bu kome-diýa ilkinji Wenger pýesasy bolmak bilen "Ponti” (1792) ady bilen wenger sahnasyna çykarylypdyr.
XVIII asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap XIX asyryň başlaryna çenli aralygy öz içine alýan ikinji wenger magaryflaşdyrmasy döwründe Peşte şäherinde 1790-njy ýylda ilkinji durnukly teatryň açylmagy, onuň düýbüni tutujy L.Kelemeniň ady bilen baglanyşykly. Ol öz töweregine dramaturgiýa berlen döredijilikli magaryfçy-şahyrlary ýygnamagy başarypdyr. Şol döwürde Magaryfçy şahyr, dramaturg M.Çokonai-Witez "Tempefýoi” (1793) ýiti sosial komediýany döredipdir. Komediýanyň esasy mazmuny garyp şahyryň halky ylymly-bilimli etmek ugrundaky göreşi we ýurdy dolandyryjy doýmaz-dolmaz iki ýüzli synpyň garşysyna aýaga galmaga bolan çagyryşy bolupdyr. M.Çokonai-Witez "Medeniýet” (1799), "Karnone we iki ýeňilkelle” (1795) komediýalaryny aristokratiýanyň we buthananyň garşysyna ugrukdyryl-mak arkaly ýiti komediýa ussatlygynyň üsti bilen hilegärligi, aýdyň häsiýetleri açmagy başarypdyr.
XIX asyryň başlarynda beýik wenger dramaturgy Ýe.Katona özüniň "Bankban” (1815-1821) atly taryhy dramasynda wenger halkynyň milli-azat ediş we sosial göreşde birleşmek ideýasyny öňe sürüpdir. Bu taryhy dramada dworýan Bankanyň we daýhan Tiborsyň keşplerinde halk gahrymanlarynyň häsiýetleriniň umumylaşdyrylan çeperçiligi arkaly suratlandyrmak bilen olaryň aýry-aýry şahsyýetlerini aýdyň edip görkezip bilipdir. Öz "Bankban" dramasynda watançylyk joşguny doly açyp bilenem bolsa drama diňe 1833-nji ýylda dramaturg Ýe.Katona ölenden soň sahna çykarylypdyr. Bu taryhy drama Wenger Milli teatrynyň repertuaryndan şu günlerem düşmän gelýär.
XIX asyryň 1-nji ýarymynda wenger dramaturgiýasy Arzuwçyllyk ugra giň gerim alypdyr. Şol döwürde dramaturg K.Kişfaludiň "Woýewod Ştibor” (1819), "Irena” (1820), döwrüň arzuwçyllyk eýýamynyň serdary hasaplanýan dramaturg M.Wýorýoşmatinyň "Sürgün edilenler” (1830), "Çongor we Týude” (1830), dramaturg L.Telekiniň "Faworit” (1841), dramaturg E.Sigligetiniň sosial-taryhy "Ýylky çopany” (1846), "Ferensa Rakosi II-iň ýesirliginde” (1847) pýesalarynda joşgunly milli-azat ediş göreşine bolan joşgunly arzuwlar öňe sürlüpdir. Şeýle arzuwlar 1848-nji ýylda bolup geçen wenger rewolýusiýasyna çagyryş bolup hyzmat edipdir. Rewolýusiýa çagyryş bolup hyzmat eden Arzuwçyllyk dramaturgiýasynyň esasy-larynyň biri Ş.Peteýofiniň "Gaplaň we syrtlaň” (1846) taryhy dramasy bo-lupdyr. Dramanyň düýp manysy şa kürsüsini eýelemekden ybarat bolup, arassa we beýik şahsyýetleriň halk tarapyndan goldaw tapmaýanlygy açylyp görkezilýär.
XIX asyryň 2-nji ýarymynda Wenger dramaturgy E.Sigligetiniň "Taşlanan çaga” (1963), "Gozgalaň” (1872) pýesalarynda öz döwrüniň ýagdaýyny açýan meseleleri suratlandyrypdyr. Beýik wenger şahyr-dramaturygy I.Madaç gapma-garşylyklaryň ösen döwründe "Adam tragediýasy” (1861) atly filosofiýa ýugrulan dramasyny döredipdir. Bu drama Wengeriýadan uzaklardada giňden ýaýramak bilen awtora uly şöhrat getiripdir. I.Madaç bu dramasynda Injilden alnan miflerine daýanmak bilen Adam we Ýewanyň (How enäniň) keşpleriniň üsti bilen adamzadyň geçen dürli eýýamlaryny giňden ulanmak arkaly adamzat ýaşaýşynda hakykatdan amala aşmajak ýagdaýlary suratlandyrypdyr. Bu dramada I.Madaç gapma-garşylykly garaýyşlary orta atsa-da, adamlary şol garşylykly garaýyşlary çözmäge çagyrsada adamlaryň erkinlige, bagta bolan ynamlaryna ýol açyp biläýjek serişdäni tapmaklygy görüp bilmändir. XIX asyryň 2-nji ýarymynda dramaturg E.Sigligetiniň 30-40-njy ýyllarda halk pýesalarynyň žanrlaryna daýanyp döreden "Gaçgak esger” (1840), "Liliomfi” (1849) drama eserleri Wenger rewolýusiýasynyň öň ýanynda we yz ýanyndaky döwürlerde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu zatlara garamazdan awtorlar öz pýesalarynda halk ýaşaýşyny dawasyz, jenjelsiz (idilliçeskiý) suratlandyryp görkezipdirler.
Wenger dramaturgiýasynda tankydy realizmiň çäklerinde dramaturg G.Çikiniň döredijiligi bellenip geçilýär. Onuň "Mugthor” (1880), "Dürli reňkdäki gedaýçylyk” (1881), "Köpükler” (1884) dramalary öz içine baý ýiti sosial gapma-garşylyklary, özüne golaý jemgyýetdäki adatlaryň kemçiliklerini paş edipdir.
XX asyryň başlarynda tankydy realizmiň öňe sürmelerini yzarlan dramaturglar Ş.Brodinyň sosial-psihologik häsiýetli "Ekleýjisi” (1902), "Mugallymasy” (1908), I.Fýoldeşiň "Jenap ýolbaşçylary” (1909), "Imperatoryň söweşijileri” (1910), L.Bartanyň "Ýazdaky boş hyýallylyklary” (1912), "Söýgüsi” (1916), "Tümlükdäki öýi” (1919) dramalary, şeýle hem Wenger edebiýatynyň nusgawy awtorlarynyň biri Ž.Morisiň "Kazy Şari” (1909), "Jenap toý” (1928), "Ölýänçäň haýyrly bolsyun” (1929) pýesalarynyň merkezindäki esasy mazmun şahsyýetleriň we buržuaz jemgyýet gurluşynyň arasyndaky gapma-garşylyklardan ybarat bolupdyr.
XX asyrda Wengeriýanyň çäklerinden uzaklarda meşhurlyk gazanan dramaturglaryň biri F.Molnar bolupdyr. Onuň ýazan ,,Jenap doktor” (1902), "Şeýtan” (1907), "Liliom” (1909), "Möjek” (1912), "Riwýera” (1926), "Guluplanan komediýa” (1926), "Olimpiýa” (1928) komediýalarynda buržuaz jemgyýetçiliginiň ýetmezçilikleriniň üstünden adatdan daşary (grotesk) görnüşde gülmekligi başarypdyr. Şol ýyllarda dramaturg M.Lendelýanyň "Harasat” (1909) we beýleki birnäçe komediýalary uly meşhurlykdan peýdalanypdyr.
XX asyryň 1-nji ýarymynda wenger komediografçylary ýurtda gowam edip gelýän ownuk biržuaz garşylyklary /oppazisiýany/ ýeňip geçmeli bolupdyrlar. Şol ýyllaryň dramaturglary E.Nadyň "Akyldar” (1911), "Premýer-ministr” (1913), Ýe.Heltanyň "Ýüz we nikap” (1921), "Lal pälwan” (1935), F.Karintiň "Jadyly kürsi” (1916), "Ertir säherden” (1921) ýaly komediýalarynyň sahna çykarylmagy bilen ösüşe tarap ýol çekýän Wen-ger intelligensiýasynyň buržuaz teatrlarynda tarapdarlarynyň köpelýändi-gine şaýatlyk edipdir.Bolup geçen iki Jahan uruşlarynyň aralygynda sosial rewolýusion häsiýetli dramalaryň sany has-da artypdyr. Şu häsiýetli akyma ýykgyn edýän dramaturglaryň döredijiliginiň ösüşi gün geldikçe ösüpdir. Dramaturg B.Illeşaň ,,Sapança satyn al” (1926) pýesasy, dramaturg D.Gaýaň (Bu dramaturg soň rewizionistik syýasaty tankyt ediji ugura ýykgyn edipdir) "Rewizionist”, "Hudaý, imperator we daýhan” (1932) "Özüňde bolmak” (1939) pýesalary, dramaturg B.Balažaň ,,Ýerdäki we asmandaky söýgi” /1939ý./ pýesasy, dramaturg Ş.Gergeýiň O.Litowskiý bilelikde ýazan ,,Meniň oglum” /1939ý./ pýesasy sosialistik rewolýusiýany goraýjy eserler hasaplanlanýar.
Wenger dramaturgiýasynyň täzeden ösüş döwri 1945-nji ýyldan baş-lanlanýar. Şol döwürde Wengeriýa kapitalistik düzgünden we faşizimden azat edilýär. Pýesalarda täze ýaşaýyş mazmunly ösüşler we täze görnüşli gahrymanlar hereket edip ugraýar. Şeýle pýesalaryň içinde dramaturg E.Mandiniň "Gündelik gahrymanlar” (1949), dramaturg P.Sabonyň "Tomus çagbasy” (1950), dramaturg M.Fýoldeşiň "Çuň sürülen ýer” (1950), dramaturg E.Urbanyň "Söweş kasamy” (1952), şu awtoryň "Hyýar agajy” (1954) komediýasy, dramaturg I.Şarkadyň "Sentýabr” (1955) psihologik dramasy azatlyga çykylan döwrüň meşhur sahna eserleri hasaplanypdyr. Şol döwürde taryhy dramalaryň ösüşem ýokary derejä ýetipdir. Taryhy döwri açyp görkezýän sahha eserleriniň, dramalarynyň esasy gahryman-lary geçmişde yz galdyran we Wenger rewolýusiýalarynda halkyň içinden dörän gahrymanlardan ybarat bolupdyr. Bu žanrda işlän şahyr-dramaturg D.Iýeeş gepleşik žanrynda "Ozoryň täsiri” (1952), "Alaw” (1953) pýesa-laryny ýazypdyr. Pýesalaryň ikisem mazmuny boýunça 1848-nji ýyldaky Wenger rewolýusiýasyny öz içine alypdyr. Onuň "Dýerd Doža” (1955) taryhy pýesasy 1514-nji ýyldaky daýhanlar gozgalaňyny öz içine almak bilen,gozalaňda hereket eden halk gahrymanlaryny ýüze çykarypdyr. Dramaturg L.Nemet "Galileý” (1956) atly düýpli sahna eserini döredipdir. Dramaturglar K.Şandoryň "Gazaply gün” (1952), B.Illeşiň "Älemgoşar” (1958) pýesalary 1919-njy ýylda boup geçen proletar rewolýusiýasyny suratlandyrmak bilen wenger halkynyň göreşini açyp görkezipdirler.
Wenger dramaturglary 50-nji ýyllarda çeperçilik taýdan ösen ýokary hilli täze dramaturgyýany döretmekligiň ugruna çykypdyrlar. Bu ýerde öň-de baryjy döwlet ideolagiýasyndan ugur almaly bolnupdyr. Dramaturg I.Feýeeriň "Daňylan göz bilen” (1957), dramaturg I.Dobozyň "Tupan” (1958), dramaturg L.Meşterhazinyň "Peşteden bolan adamlar” (1958), dramaturg Ýe.Darwaşyň "Tüssä gaplanan asman” (1959) pýesalary 1956-njy ýylda Wengeriýada bolup geçen kontrewolýusiýany suratlandyrmak arkaly onuň sebäplerini açmaga çalşypdyrlar. 50-nji ýyllaryň ahyrlarynda komediýa žanryna bolan ýokary göteriliş bolup geçýär. Dramaturg K.Feheriň "Bixem perişde däl ahyryn”, dramaturg M.Çizmarekanyň "Hasaplaşykly nika” we beýleki bir näçeleriň komediýalary meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Dramaturglar M.Kallainyň "Simiň üstündäki tansy”, F.Erşiň "Kapitan”, E.Illeşanyň "Çydamsyz söýgüliler” pýesalarynda dramaturgiýada täze emele gelýän adatlar, häsiýetler açylyp tomaşaça ýetirilmäge başlapdyr.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 26 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]