08:12
Watan saña
WATAN SAÑA

Dillerime sena boljak,
Hem arkama pena boljak.

Aglanymda diñdirjegim,
Mañlaý derim siñdirjegim.

Topragym sen, arkadagym,
Saña bagly ýürek bagym.

Dertlerime melhem bolan,
Giñ kalbyma ylham beren.

Iñ eziz zat Watan eken,
Çünki,sende ýatan eken.

Erkinlik diýp, çekip ahy,
Şehit öten atam ruhy.

Bu gün erkin bagtym üçin,
Hem Garaşsyz tagtym üçin.

Gerip saña kükregini,
Gorap gysym topragyñy.

Şehit öten atam saña,
Hem bergidar Watan saña.

Saklap Watan hatyrasyn,
Haklap atam hatyrasyn.

Gorajagma ýokdur güman,
Dursañ bolýar, Watan aman.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 567 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Звезда / Goşgular - 25.02.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Морской пейзаж с солнцем и орлом / Goşgular - 22.02.2022
Premýera / Goşgular - 18.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Материал]
@Mähri...goşgylarmy okan okyjylardan kemter ýerleri barada bellige garaşýan sad
Hakyky tankydy bellik edilse gözüm açylan ýaly bolýar...

0
1 Mergenowna   [Материал]
Ajaýyp goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]