21:57
Waspnama
WASPNAMA

Ata Watan, nazar salsak geçmişiñe, halyña,
Taryh öçmez yz goýupdyr, kötelli ýollar bilen,
Täsin nepis sungatlaryñ miras bolup iliñe,
Ençe nyşan galdyrypdyr ajaýyp hallar bilen.

Oguzhanyñ nesilleri, Gorkut, Gazan zorlaryñ,
Aşyk Aýdyñ, Nyýazguly, Ak işan dek pirleriñ,
Ar-namysly Çopan kiriñ, ýene Keýmir körleriñ,
Mekany Hatap galasy çarwadar iller bilen.

Watana wepaly bolan ençe gerçek merdanlar,
Duşmana garşy duran Täç gök kimin serdarlar,
Ar-namys diýip ata çykan Gowşut, Nurberdi hanlar,
Ýurdy goran söweş eýlän hem sollar bilen.

Ahal ili Gökdepä inende ýowuz bela,
Haýran eden duşmany arly-namysly gala.
Ahal-Teke mert söweşdi duşman düşdi howsala,
Ýaraglary gyrkylyk, gyrkylyk tüpeñ-niller bilen.

Gije-gündiz söweşdiler ençe gerçek ýigitler,
Orazmämmet, Hanmämmet, Dykma serdar bürgütler,
Gönübek dek sazandalar, işan Gurbanmyratlar,
Ahmyr eýläp göz ýumdular, kyn agyr hallar bilen.

Baýram ÇARYÝEW.

"WATAN" gazeti, 1995 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Haweran | Теги: Baýram Çaryýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Şemala / Goşgular - 18.01.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
Gaýa / Goşgular - 22.02.2022
Gürrüň bersene! / Goşgular - 17.01.2022
Гадание / Goşgular - 20.01.2022
Men Aý bilen söhbet etdim / Goşgular - 11.01.2022
Oýlanyş / Goşgular - 23.02.2022
“Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül” / Goşgular - 02.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]