08:28
Üzülen kiriş / hekaýa
ÜZÜLEN KIRIŞ

Sizde-de bolýandyr.
Ikindiň öňýanlary garalyp gelen bulut ýere däl, ýüregime çöken ýaly boldy. Ýazyň soňky günleri howa-da bir gyzýar, birdenem şeýdip agyr bulut gelýär. Şeýle bolanda adamlardan ýadap, „jansyz“, „dilsiz-agyzsyz“ diýilýän zatlar – dag, agaç, köneje çäýnek gözüme yssy görünýär. Olar bilen gürleşip başlanymy, erkimi berip yzlaryna düşenimi duýman galýan. Näme üçindir oklasaň oklan, goýsaň goýan ýeriňde ýatýan, adatça kän üns hem bermeýän o zatlaryň dünýesi köplenç gussaly. Hatda şatlygymy ýadyma salýan zatlaram ýene aýlanyp-dolanyp gussa şäherime getirýär.
– Süýji çydadyp bolanok çagalara, nabat alaýdym…

* * *

O wagtlar 14-15 ýaşlarymdadym. Öler janymam atdy. Obamyzyň atlaryny düýşümde-de görýärdim. At howlynyň ilersindäki suwly ýabyň ýakasyna kakam ikimiz sygrymyzy örklärdik-de, sowulardyk şol howla. Kolhozyň 10-12 sany taýly baýtalyna hem bir höwür ata Ýazly aga seredýärdi. Bilmedim, birmi ýa iki ýyllykdamy, aýaly ýogalansoň şo ýerde ýatyp-turýan, boýy kelterägem bolsa eginlek, pälwan sypat ýaşuly biziň gelerimize garaşyp, ýörite çaý demläp goýýardy. Sebäbi kakam-a onuň deň-duşy – gürrüňdeşi, menem derrew baýtallary suwa ýakýardym, bedelerini öňüne atýardym. Bu „hyzmatym“ üçin Ýazly aga-da höwür aty eýerläp berýärdi.
Ýazly agaň kepbesi, üstüne atylan pürslerine ökjämi galdyrsam elim ýetip duran, pessejik, diwarlary palçykdan galdyrylan, ini-boýy üç metr töweregi garawulhanady. Petle dakylmadyk ýekegöz penjireli bu jaýyň töründe, ýarsyny diýen ýaly tutup duran agaçdan edilen seki bardy. Gara, galyň ors keçesi düşelen sekiniň bir gyrasynda, ýaşulynyň daşynyň kirinden reňki anyk bildirmeýän ýorgan-düşegi togarlanypdyr. Jaýyň gapysyna ýakynrak demir pejiň öňünde-de tagta-tugta, tuduň goşardan sähel ýogynrak şahalary üýşürilipdir. Ýarty halta töweregi kömrem golaý burça söýelipdir. Jaýyň diwarlaryna çüýlenen çüýlerden Ýazly agaň dony, telpegi, at uýany, kelleki, bir-iki gulaç tanap külterlenip asylypdyr. Sekiň aşagynda-da ,maňa zordan göterdýän ullakan at eýeri.
Men bu garypja görnüşe aşykdym. Sebäbi bu öýe höwür atyň kişňeýän sesi, tohum baýtallaryň hokranmasy, taýjagazlaryň toýnaklarynyň güpürdisi gelip durdy. Şol günem kakam bilen Ýazly aga hersi pejiň bir gapdalynda, ýere ikigat eplenip taşlanan, gülsüz, zawut keçäniň üstünde oturyp çaý içýärdiler.
Menem içerik girip: «Baýtallaň bedesinem berdim, suwa-da ýakdym» diýjek boldum-da, görsem, ýaşulularyň meň bilen işleri ýok. Onsoň nälaç, sesimi çykarman işigiň öňünde, pessejik agaç oturgyçjykda oturmaly boldum. Men olar gürrüňlerini gutararlar, Ýazly aga-da hemişekisi ýaly: «Baý-bow, onça işi bitiren bolsaň, ýör, Meleguşy eýerläp bereýin» diýer diýip garaşýardym.
…Halymy soramaga erikden ýykylan gelsin diýmeýärmi. Meňkem şeýle.
– Hmm…
Kakamyň „hümmüldisinden“ oňa Ýazly agaň gürrüňiniň ýakmaýandygyny aňdym. Ýöne muny ýaşulyň aňanyny-aňmanyny bilemok.
– Geň görüljegine-de düşünmän duramok. Ýöne galan ömrümi soňuna çenli nädip şu kepbäň içinde geçireýin? Öýüme barsam edil boşan ýurda baran ýaly. Hiç öwrenşip bilemok boşluga. Agtyklaň sesem, radio-telewizoram o çolalygy dolduranok. Edil harabaň bar-da. Gaýta ýene bärde atlar bilen hümürdeşenim kem däl.
– Hany bir göz öňünde tutýanyň, tapanyň dagy barmy?
Ýazly aga bir gobsundy. Megerem, bu sowal oňa ýaran bolarly.
– Tapylar-la. Ilçilikdir. Ýöne „padymanlary“, olaň „mollalaryny“ göwnetmän nädip etjek bu işi.
„Padymanlar“ Ýazly agaň ogullary bolmaly. Olara bu ady dakanam ýaşulyň özi. Bir sadakadamy ýa başga bir üşmeleňdemi alty oglundan gürrüň çykanda: „Men kyrk ýyl kolhozyň sygyr çopany boldum – padymançylyk etdim, şondan başga gören, bilýän zadym ýok. Bäş-alty ýyl bärem baýtallara seredýän. Perzent diýlenem diňe ejeden bitenok, biziňem goşandymyz gerek-dä. Onsoň bularam padymanyň ogullary bolar-da“ diýipdir. Iliňem gözleýäni şolar ýaly gürrüň ýa-da Ýazly agaň ogullaram şol ada mynasybrakdyr-da, „padymanlar“ lakamy olara ýelmeşdi galaýdy.
Biri söwda edýär, beýlekisi traktor sürýär, garaz, hersi bir pişede çagalaryny il deňinde ekläp-saklap ýören ogullaryna bu lakamyň ýakmajagy belli, ýöne köplük bir at berensoň ony aňsat aýryp bolýarmy.
„Mollalar“ diýýänem, megerem, ogullarynyň aýallary bolmaly, ýöne ýaşulyň „iş“ diýýänine düşünip bilmesemem onuň işini ogullaryna ýetirmän ediberesim geldi.
– Dert aladalary zat. Öý-işigi paýlaşmaly bolar. Üstümize hojaýynlyk eder. Yzyna düşürip çaga getirse, olaram mal-mülküňe şärikdir diýýäni haýsy. Käşgä giden mally tütjar baý bolsam. Öweý öweýdir-dä diýşip. Uly tutaryklaram: «Il näme diýer?» Il ildir-dä – diýer goýar. Näme indi men, Jepbew kör näme diýer ýa Sapby saňsar näme diýer diýip etjegimi edip bilmerinmi? Obaň özüň ýaly akylly-başly adamlaram düşüner.
Bu gezek kakam akylly-başly diýlenine gobsundy. Göwnüme bolmasa adam dili bilen diýýänlerinden hereketinde köp zat aýdýan ýaly. Elbetde, hekaýatdaky pikirlerimiň köpüsi soň aklyma gelen zatlar, ýöne ýaşulularyň hereketini welin, soň birine gürrüň bermeli bolaýjak ýa-da uly bir zat öwrenäýjek kimin sypdyrman synlanymy bilýän. Ýazly aga-da näçe janygyp, özüniň aýdýanlarynyň dogrudygyna ynamly gürlese-de elleriniň ortadaky içi gantly güllüje haltajygy bir sagyna, bir çepine geçirişi, çaý guýmagy unudyp boş käsesini agzyna ýetirişi, bir egilip, bir dikelşi garrynyň howandara, gepini tassyklap, arkasyny alana mätäçdigini has aýdyň düşündirýärdi. Kakamyňam kän Ýazly agaň ýüzüne seredesi gelenok – elinde çöpjagaz ýer çyzyp otyrdy. Ýazly aga gyraly ýaglygy bilen derini syldy-da gürrüňini dowam etdi.
– Geň görüljeginem bilýän welin, halys ýekelikden ýadadym. Adam diýlen mal däl, ýöne malam höwürsiz ýeke özüni uzak saklasaň ugry bolmajak ýaly.
– Ol-a şeýledir-le. Miweli agajam ýeke ekseň hasyly pes bolýan eken. Şonam taýly ekmelimiş.
– Wah, meň diýýänimem şo-da.
Ýaşulynyň bu sözi has ýalaňaç eşdilendir-dä, olaryň ikisem nädip gürrüňiň yzyny alyp gitjeklerini bilmeýän ýaly dymyşdylar. Gaýtalaýanam bolsam gaýtalaýandyryn, ýöne iki sakgaldaşyň şol günki gürrüňiniň inçe taraplaryny häzir ýatlap oturşyma çyzýan. Emma o wagt ýaňy murty taban ýigdekçe, näçe at münesim gelse-de, ne kakamy, ne-de Ýazly agany beýle çynlakaý halda gürleşenlerini owal görmämsoň üns bilen diňleýärdim hem her hereketlerini sypdyrman synlaýardym. Dymyşlygy ýene Ýazly aga bozdy:
– Her kim maňa birhili ýeke ýatmany kyn görüp, heleý küýsäp şu gürrüňi tapýan ýaly görýä.
– Hmm.
– Orta ýolda atyň büdremesin, orta ýaşda aýalyň ölmesin. Indi men orta ýaşdan geçenem, dogrusy, altmyşdan geçenem welin… ynanaý, bilýänsiň bäş wagtyna sypdyrman obaň mesjidine gatnaýan. Obada sadaka bolsun, toý-ýas bolsun baryna görünýän. Senden gizledim-dä Alladan nädip gizläýin, ynanaý, Allaň razyçylygy diýilse-de mesjide sähel salym bolsa-da ýüregimi giňeldeýin diýip gidýän. Öýüňde keýwanyň otursa beýle Hudaýa yhlasly bolunmajak ýaly-da. Ýöne Ýaradanyň özi geçiräýsin bu bolup ýörşümizi. Toý-tomgy, sadaka, ýas ýerine barsam-a hem garnymy doýurýan, hem ondan-mundan gürrüň edip, uzak günümiň nädip geçeninem bilemok. Il-günem günämi geçsin, her kim sylap gelýärem diýýändir… sylanybam barylýa welin, ýaňky aýdanym-da… Bilýän, köpüm geçip azym galdy. Bir aýagymy göre sokup otyryn. „Aý, bu dünýede näme nesibämde bolsa gördüm, indi Ezraýyl han, haçan gerek bolsa geliberersiň-dä“ diýip, ajalyň ýoluna garap oturmak iň akyllysy. Şeýdip ölüp gitsem ilem meni geňlemez. Ýöne şu çaýyňam iň soňky käsesi beýlekilerinden has tagamlydyr. Ony alyp beýläk serpip goýberesiň gelmez. Demiň gelip-gidip durka, içki öýüňe sokulaga-da, üstüme gum sürüň diýseň bir adamam etmez. Senem etmersiň, emma welin, ölüçe-de bolman ýaşa diýýä her kim. Ynanmarsyň, kiçi oglum: „Onsoň ol getirjegiň adyny nädip tutmaly? Eje diýmelimi ýa-da daýza?“ diýýä. Bilmedim, öz tapýan gepimi ýa ýanyndaky gara saçly mollasy tapýamy?“.
Kakam käsäň düýbünde galan ýarty owurt şemli çaýy, kömürli haltaň düýbüne serpdi-de:
– Başga birini getireniň bilen Jennet pahyr-a dolanyp gelmez – diýdi.
– Bilýän. Jennetdň gaýdyp gelmejegini bilýän.
Gürrüň şu ýere ýetende ýaşulyň nämä janygýanyna düşündim. Birhili tisginip giden ýaly boldum. O ýaşda diňe öýlenmedik ýigitler öýlenýändir öýdýärdim. Bu ak sakgaly döşüni tutup duran garry adamyň toý edip, gelin getirşini göz öňüme-de getirip bilmeýärdim.
– Jennet gelmese-de, dowzaham geläýmez-ä, pylany? (Ýazly aga kakamyň adyny tutdy). Kakam jogap bermedi welin, ýene özi naýynjar gülümsiräp:
– Ýa dowzahdanam beteri sataşaýarmyka? Aý, beýle bolup durasy ýok-la. Görüp-gürleşip, maslahatlaşyp etmeli bor-da… Jennet ýanymdaka ony dünýämiň diregidir öýtmändirin. Indi meň bolşum eýdip-beýdip diregsiz öýi saklajak bolmak, dogrusy. Oňam gülkünç görünýäninem duýýan.
– Hmm… Ýazly, biz öýe baraly. Bu maslahatyňam, men-ä entek howlukma diýjek. Bu işler adam elindäki zat däl.
Bu gezek Ýazly aga başyny ýerden galdyrman „hümledi“. Kakamyňam, Ýazly agaňam hümmüldemesi şu wagtam ýatlasam gulagyma gelip duran ýaly. Çözläp bolsa o sesiň müň sözüň aýdyp bilmejegini özüne sygdyrýany magat. At arkasyna salynmadyk eýere naýynjar, nälaç seredip kakamyň yzyna düşdüm. Ýolda:
– Kaka, Ýazly aga öýlenjek bolýamy? – diýdim. Kakam bir alarlyp seretdi-de, jogap bermedi. Bu serediş maňa: „Hemme zada burnuňy sokma“ diýildigidi. Kakamyň ýüzünden gar ýagýandygyny şonda görüp galdym. Diňe alarylma bilen sypanyma şükür etdim. At münmän gaýdanyma welin, hemme zatdan beter gynanýardym. Atyň üstüniň nähili hezildigini Ýazly aga-da, kakamam menden kem bilenokdylar ahyryn, şonda-da…

* * *

Geçen bolsa bir-iki gün geçendir. Agşama ýakyn wagtdy. Özümden uly doganymyň maňa elletmeýän dutarynyň kirşini üzüpdim. Garader bolup kirşiň gulaga saralýan sähel artykmaç böleginden halka ýasap uzyn böleginem şol halkadan geçirip çatjak bolýardym. Kiriş polatdan bolansoň aňsat towlatmaýardy, ahmal bolsaň iňňeden ýiti ujy barmagyňa çümýärdi. Birden kakam biziň ýeke-ýeke adymyzy tutup gygyrmaga, gaty sesi bilen ala-galmagal etmäge başlady.
– Eje gerek dälmi indi size? Ýa ýanyňyzdaky ejeňiziňem ýerini tutýarmy?
Oňa çenli kakamyň gözi maňa düşdi:
– Bar, bir kile nabat getir, gara çaýam al. Ejeňiz kelläm diýip başyny galdyryp bilenok, siziň welin, azaryňyza-da däl.
Derrew nabadam, gara çaýam getirildi. Gelnejelerimiň biri ejemiň elini owkalaýar, beýlekisi kellesini. Kakamam çaý guýup oturşyna: „Keýwany, nabatly çaýdan keýpi kökle. Menden öňürtjek bir bolmawergin. Ilki meni ugrat. Sen näme-de bolsa ogul diýersiň, gyz diýersiň, güýmenje taparsyň“ diýip, degişmä salyp, gülen bolýardy.
Ejem pahyr kakamyň bu ýumşunam bitirdi.
Ony ilki ugradyp, özi soňa galdy.
Häzir öňümde nabat, ýüregimde ynsanyň ýaradylyşyna gussa. Göwnüme dutaryň şol üzülen kirşini henizem biri-birine öňküsi ýaly baglap bilmän garadere batyp oturan ýaly bolup durun. Dutar diýleniň bary-ýogy iki kirşi bar – biri bolmany bilen üýtgejek zadam ýokdur diýdirýär, ýöne taýy üzülen kirişde, ne owaz bar ne-de heň.
Ýazly aga-da häzir dünýede ýok. Ol soň öýlenmedi. Näçe ýyldygyn-a anyk bilemok, bende ömrüniň soňuny at howludaky pessejik kepbede geçirdi. Ýöne ýogalanda gelinleriniň ses edip aglanyny bilýän. Maňa köp gezek höwür aty eýerläp beripdi pahyr…

© Hydyr Amangeldi

Çeşmesi: https://turkoman.wordpress.com/2009/02/25/uzulen-kiris/. 11.05.2022ý.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 98 | Добавил: Bagabat | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kölege-gül / mini-hekaýa - 23.05.2022
Iñ soñky hekaýa - 23.05.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022
Ýer elenýä / hekaýa - 13.05.2022
Salam / mini-hekaýa - 23.05.2022
Gurjak teatrynda bolan waka / hekaýa - 22.01.2022
Mukaddeslik hakynda bir kyssa / hekaýa - 24.01.2022
Kebelek / mini-hekaýa - 23.05.2022
Bagşynyň ölümi / hekaýa - 30.04.2022
Рука трупа / рассказ - 25.04.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Материал]
Juda rehimdar hekaýa ekeni.
Hawa-da.
Awtor aýtmyşlaýyn: "Halymy soramaga erikden ýykylan gelsin diýmeýärmi".
Köpçülik bolsa "erikden ýykylan" däl-dä. Onsoň, nalaç "Jepbew kör näme diýer ýa Sapby saňsar näme diýer diýip etjegiňi edip bilmän" gezibermeli bolýandyr-da...
Kämil hekaýa.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]