09:50
Uzadan ýerime ýetenok elim..
Uzadan ýerime ýetenok elim...
Uzadan ýerime ýetenok elim,
Göwnüm bolsa Kap dagyna çykypdyr.
Gelip syrtmak salyp boýnumdan telim,
Meni hatalarym dara çekipdir.

Arylar bal guýup berdiler bada,
Soňam zerzaw edip sokdy neşderin.
Ertir bagta ýetip ýylgyrsyň ýa-da,
Uzaklardan horkuldyňy eşderin.

Bilbil bolup ýetişmedik joşgunym,
Gezýärmikä özge bagda käkeläp.
Aýdyň ahyr, nirä gitdi ýaşlygym,
Meni ýeke taşlap, menden öýkeläp.

A mende kine ýok, kalbym bolsa boş,
Sähra bahar ýazan wagty halysyn.
Arzuw edýän umman gözli Ýaşylbaş,
Gelýä seniň gözleriňde galasym.

Buýsanç
Kendirikde soňky urbaň bolaýyn,
Hiç kes gül ýüzümde görmesin ünji.
Ýaşyl düzleriňe gurban bolaýyn,
Ata mekan, gözlerimiň guwanjy.

Tile sena edip, Hakyň birligin,
Böwre dünýe maly berenok ynjy.
Sabalaryň guradypdyr arlygym,
Ata mekan, gözlerimiň guwanjy.

Ýagmyr ýagdy, gögüň düýbi deşildi,
Bahary buşlana berdim söýünji.
Toýuň sowdum, ýaslaryňa goşuldym,
Ata mekan, gözlerimiň guwanjy.

Ýol gözledim, köňüllerde ýer etdim,
Begençden gözüme düzüldi hünji.
Seň üçin ölmejek aýdym döretdim,
Ata mekan, gözlerimiň guwanjy.

Seniň bilen hiç bir ülke deňleşmez,
Goýnuňda dünýäniň hazyna-genji.
Bizi söýen ejelere meňzeş sen,
Ata mekan, gözlerimiň guwanjy.

Daşa gitsem, didäm saňa zar bolar,
Ynan maňa, gidip köňül begenji.
Munda seni söýmedikler har bolar,
Ata mekan, gözlerimiň guwanjy.

Dilegim bar, gel aýdaýyn göwneseň,
Ýogsa azar berýär ýürekde sanjy.
Soňky günüm gujagyňda ýygna sen,
Ata mekan, gözlerimiň guwanjy.

* * *

Çözmez düwülen baglary,
Söýgi her köňüle ýatdyr.
Söýgi şu gara daglaryň,
Jigerin paralan otdur.

Söýgi dyňzap o ýan-bu ýan,
Gursagyň ýaryp baradyr.
Söýgi emi tapylmaýan,
Bagra ýapyşan ýaradyr.

Ir säherden hünji dokan,
Otlaň ýaňaklary çygdyr.
Söýgi Zemin ukudaka,
Döşüne çekilen tygdyr.

Söýgüni alyp bolmaýar,
Ol deňize düşen daşdyr.
Söýgi hem ýorup bolmaýan,
Hem görüp bolmaýan düýşdür.
* * *
Şähribossan Geldimämmedowa




Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Sygyrmusdagy | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýaşasym gelýär / Goşgular - 16.03.2021
Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Беки, эй! / Goşgular - 16.04.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Arzuwlarmy gözleýärkam / Goşgular - 23.05.2021
Yşgyñ eýesi / Goşgular - 08.02.2021
Ýyllar geçip barýar / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 2
1
1 Mähriban   [Материал]
"Söýgi hem ýorup bolmaýan,
Hem görüp bolmaýan düýşdür."
Ýetireniňiz üçin sag boluň!

0
2 Sygyrmusdagy   [Материал]
Sesleneniňize minnetdar. Ilkinji goýan ýazgym. Özüm şu şahyra uly hormat goýýan. Döredijiligi bilen gyzyklanýan. Bolsa-da özi okanda aýratynam lezzetlidi. Hiç kimiňkä meňzemeýän labzy bar. Arman, gynansakda, soňky wagtlar efire çykmasy galdy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]