09:39
Üstaşyr
ÜSTAŞYR

Dideler
Syrly dideler
Dideler
Sada dideler
Meger ýadaw
Dideler
Adamlar üstaşyr
Alysdaky daglara
Seredýär.

Janygyp sözleýäni bar
Çep-saga gözleýäni bar
Pyçaklap duzlaýany bar
Arasynda dözmeýäni bar
Çykalga gözleýäni bar.
Oña bolsa bary bir.
Adamlar üstaşyr
Gözýetime seredýär.

Çapalansynlar!
Depelensinler!
Depelesinler!
Bary bir.
Ol bu ýoly geçdi.
Dideler durlandy
Dargady duman.
Ol Güman üstaşyr
Ynama bakýar.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Uçýarmyşym diýýärin... / Goşgular - 11.03.2021



Всего комментариев: 4
-1
4 Tumarly   [Материал]
Berekella Size-de!

0
3 Haweran   [Материал]
Meñli, berekella diýjek şu gezek, her goşgyñda bir ädim öñe gidýärsiñiz. Badyñyzy gowşatmañ. Däp bolan formalardan, galyplardan çykmaga çalyşýanlaryñ köpelýändigi begendirýär.

0
2 Pero   [Материал]
Mango,"dideleri" diñe "oña" degişli edip okap görüñ hany

0
1 mango   [Материал]
gowy ken.
adamlar daglara seredýär, gözýetime seredýär... diýeňde köplügiň gürrüňi.
emma "Oña bolsa bary bir" we "Ol ...Ynama bakýar" diýeňde ýeke kişiň gürrüňi...
ýöne... özüm ol köp "adamlar"-yň ýerine ýeke özümi hyýal edip okadym.... we özümiň "Güman üstaşyr Ynama bakyşyma" bir hili buýsanç duýdum.... ýa-da "güman üstaşyr ynama" bakasym geldi...
tüweleme we berekella, meňli hanym....
üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]