05:48
Üşejik Güneş
ÜŞEJIK GÜNEŞ

Güneşiň ýanyna
uçup barýarlar
üşejik guşlar.

Ýöne Günüň özem-ä üşäp dur.
Uffeý.
Ufff.
Indi ony nädip ýylatsakkak?!
"Çar tarapyň şöhle saçyp dur" diýip
Oňa nädip aýtsakkak?!
Aýdýançak geçip gitmezmi ol,
Ýok!
Sen bir entek geçäýme Güneşjagazym!
Bir pursat sabyr et!!!
Azajyk saklan!!!
...
(Günem öz Gündügin bilmeýärmikän?!
Onuň owadanja suratyn çekip
görkezeýin Özüne.
Güneşjik begener
görüp keşbini
ýylgyrar.
Ine, saňa gerek bolsa
gül ýalyjak Güneş!!!)

Enşalla
günleriň bir güni
Gün doganjygymyň
maňlaýymdan dogjagyna ynanýan.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Материал]
Ýöne Günüň özem-ä üşäp dur.
Uffeý.
Ufff.
Indi ony nädip ýylatsakkak?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]