03:41
Ürgenje syýahat
ÜRGENJE SYÝAHAT

1.

Garrar gider otyr asrym ýylba-ýyl,
Miladyça söýgi, söýgi hijriçe.
Ürgençde gün aýlan intizar köňül
Diňe seni gözlän, bir seni, diňe...
Ýöne, ýokuş degen derde düşmegem,
Özüni her kime niýetläp ir-giç.
Birmeňzeş ýykylmak, meňzeş uçmagam,
Bir şäherde ýaşap, sataşmazlyk hiç.
Bir şäherde ýaşap, aýrylyşmagam.

Ruhundan gaýgyny eýleýip sürgün,
Söýgini agtaran, tapynan ýigrenç.
Görkezmedi Ýara ýetmegiň ugrun,
Ak girse-de, aňy girmedik Ürgenç.

Nesip etdirmedik maksat-myradyn,
Birje dem müňlerçe pursat aralap,
Adyma goşmadyk Ýarymyň adyn,
Ne-hä Daşky gala,
Ne Içki gala.

Seni tapdym,
Ýöne duşmankaň heniz,
Bitakat günleriň saçy agardy.
Ömrümden günlerim uçdy — sersepil,
Indi-indi aňýan, belki, o mahal
Duýgyma düşünip bilmezdi şäher,
Oguz şiwesinde ýagyş ýagardy.

Sen onda, men munda galdyk bikarar,
Sen onda ümsümsiň, men munda lal-jim.
Bu ýalan ömrümde bir hakykat bar —
Men seni gözledim,
men seni tapdym...

2.

Huzuryňa çagyr, säher çagynda,
Bile bu ýerlere edeli seýran.
Kalbyňdan ýedi älem dörär kalbymda,
Ruhumdan ruhuňa aperin ýaýrar.

Gursagyňda galmaz zerreçe hasrat,
Bile gidibersek yşka sary biz.
Dilde dessan eder, bu şäher — hezret,
Şygra döner gider ýüreklerimiz.

Durmuşyma girip bir Güneş kybap,
Galamyndan nurlar dökülip — sahy.
Yşkymyz barada eçilip bap-bap,
Kitaplar ýazardy Munis, Agahiý.
Bizi birleşdiren o gözel günler,
Daş deý sarsmaz bolsun arzuwyň, ähtiň.
Kyrk gün solpusyndan çykar göwünler,
Kyrk gün dabarasy sowulmaz bagtyň.

Bu ýalan ömrümde bir hakykat bar —
Men seni gözledim,
Men seni tapdym.

Rahmat BABAJAN.

Terjime: Mätgurban MÄTGURBANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Aksary | Теги: Rahmat Babajan | Рейтинг: 1.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Gökdepe galasy / Goşgular - 16.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Система йогов / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]