11:38
Unaş
UNAŞ

Peýda ýok mañlaýña ýaglyk goýmadan
Ýa haýyr ýok el-aýagyn oýkala.
Geldi, ine, içi doly noýbadan,
Gyzyl burçly, unaşly bir okara.

Unaşa siñdirlen mähir hem yhlas,
Dertden halas etdi gelniñ ärini.
Söýýän wagty,
tapýar gelinler bizi
Ajaldan hem alyp galmañ tärini.

* * *

Saçyñ kement edip, sal sen boýnumdan,
Saña ýesir düşsem, galmaz azarym.
Janym al-da, jaýla meni goýnuñda,
Seniñ goýnuñ bolsun meniñ mazarym.

Ýataýyn kyýamat-magşara çenli,
Şol günde gaýtadan dirilerin men.
Bakyda-da seni söýjegim belli,
Ýene seniñ bilen birigerin men.

* * *

Dogry sözi gizläp bilýän batyr däl,
Dogry sözi sözläp bilýän batyrdyr.
Başga dine uýup gelýän kapyr däl,
Diniñ bozup, dübläp gelýän kapyrdyr.

Akylly söz aýdyp bilýän akyl däl,
Akylly söz tapyp bilýän akyldyr.
Señ aýbyñy aýdyp bilýän ýakyn däl,
Señ aýbyñy ýapyp bilýän ýakyndyr.

Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Men uçmak isläpdim / Goşgular - 30.01.2022
Hero Your Comics / Goşgular - 21.02.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
«Фаусту прикидывался пуделем...» / Goşgular - 18.01.2022
Şygyrlar çemeni / Goşgular - 22.02.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
Зима / Goşgular - 21.01.2022
Yşk bahary / Goşgular - 22.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]