05:08
Unaş

UNAŞ

Gyşda pejiň gapdalynda oturyp,
Unaşy bileje keseli, eje!
Derdinişmänmize-de kän wagt boldy,
Ýürekde syrymyz egseli, eje!

Esger körpejigňe garaşýaň, bir gün
“Oglum” diýip, maňlaýyndan ogşarsyň.
Bagtly günler öňdedir-le, kändir-le,
Sen ýüregiň giňiş misli Ýer şarsyň.

Onda tupanam bar, beýik şatlygam,
Sen bireýýäm ataransyň gazany.
Goşgy diýen zada juda höwrügen -
Bagyşlawer, eje - ebti agany.

Ajyja burçunam atsana, eje,
Gyş gijesi ýaly uzyn derläli.
Ýyllar geçer inçe süzgüçde süzüp,
Hernä ýüregmizi gussa bermäli.

Süzmesinem guýup, goýarsyň orta,
Ýoňlamyzda unaş içirýärsiň sen.
Bu çyn: barymyz jem içsek unaşy
Ähli dertleriňden açylýarsyň sen.

2014 ý.

♢ MÄHRIBAN BOLUNÝAR

Ýagşa tutup niýetleriň,
Gowa ýorup umytlaryň,
Aýagňy ýagşa ätledip,
Dosta barylýar-gelinýär,
Şeýdip mähriban bolunýar.

Gutlaýarsyň doglan günün,
Ýatlaýarsyň aglan günün,
Aňyp entek oglanlygyň,
Baryp aglanýar-gülünýär,
Şeýdip mähriban bolunýar.

Çala ýüregiň giňese,
Girjek bolaňok "Ginnese",
Düýşüňe girse-girmese,
Halyndan habar alynýar,
Şeýdip mähriban bolunýar.

Emma bu zatlaryň bary,
Etmeli zatlaryň azy,
Adamzat döräli bäri,
Bir gidilýär, bir gelinýär,
Şeýdip mähriban bolunýar.

2019 ý.

♢ GÜNEŞ! ÖÝÜMIZE GIRSENE!

Güneş!
Öýümize girsene!
Ýogsam öýde içgysgynç
gaşyňam çytmaly däl
ýüzüňem kürşertmeli däl
(aram temperatura)

(Maňa bolsa Güneş gerek
ýakýan
ýyladýan
ýumşadýan
ot ýaly Güneş)

Sen daşda däl
öýden çykanja ýerimde
bulutlaň aňyrsynda
göm-gök asmanda
sap-sary Güneş!

Yere uzadan şöhleleň elinden
tutupjyk uçup gideýin
Hawa-hawa seň ýanyňa
weý, başga ýeri nämedeýin?

Men Saňa çaý demläp bereýin
dynjyňy alaryň ýaly
sary kişmiş bereýin
agzyň süýjederiň ýaly
ýüzüň çaňyn süpüreýin
maňlaýyň derin sylaýyn
gije uka gideniňde
üstüňe jäjekli ýorgança örteýin
çigrekde üşemeziň ýaly...

Rahat bolsun agras ukyň
goý düýşleriň ýaşyl bolsun
eý, Güneşim, senem dile:
goý, dünýede,
bu dünýe-de,
o dünýe-de
diňe-diňe bahar bolsun!

Güneş!
Öýümize girsene!
bilýän sen öýümize gelseň
hemmeje zat gözel bolar.

Bir gün gapy-penjiresiz
täze jaýa göçüp gitsem...
Seni göresim-ä geler!..

Suraý BABANYÝAZOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 7
0
7 Gumlygelin   [Материал]
Ajaýyp gošgular.Suraýjanyñ suratkeš kalby güneşin suratyny hasam ajaýyp çekipdir.

0
6 Mähriban   [Материал]
Okaýandygyňyz üçin Alla ýalkasyn! Ses ýazgylaram bir gün bolar nesip bolsa. Hormatyňyza köp sag boluň!

1
5 Garayolly1936   [Материал]
Tüweleme, ajaýyp goşgylar. Unaşly goşgyny diýsene! Dädemiň, ejemiň baş bolup, bir öýden girip~çykýan agyr maşgalamyz ( 19 jan) göz öňüme geldi. Indi doganlarym durmuşa çykyp maşgala bolup gitdiler. Inilerim öýlenip, her haýsy bir ýerde özbaşdak öý~işik bolup gitdiler. Şeýle~de bolsa, Hudaýa ýüz~müň şükür, ozalky maşgala agzybirligi dowam edip gelýär. Hawa, Suraý uýamyzyň goşgylary mende hemişe oňat täsir galdyryp gelýär. Höwri köp bolsun!

0
4 Myhman0430   [Материал]
goşgularyny Suraýyň özündenem diňläp göräýseň. ses ýazgylary dagy ýokmuka?

1
3 Myhman0430   [Материал]
gowy goşgular.
"unaş" bilen "mähriban bolunýar" hem gaty gowy welin, ýöne "güneş öýmüze girsene" juda gowy. bet.

1
2 Bagabat   [Материал]
Gowy bolupdyr. Akja guzujygyň düýşi ýaly.

Men Saňa çaý demläp bereýin
dynjyňy alaryň ýaly
sary kişmiş bereýin
agzyň süýjederiň ýaly
ýüzüň çaňyn süpüreýin
maňlaýyň derin sylaýyn
gije uka gideniňde
üstüňe jäjekli ýorgança örteýin
çigrekde üşemeziň ýaly...

Güni bäbege öwürmek - üýtgeşik çemeleşme. Goşgyň diliniň meň pikirimçe, täze äheňdigin-ä öňem ýazdym öýdýän.
Üstünlik.

1
1 mango   [Материал]
ýenede gowy goşgular.
"GÜNEŞ! ÖÝÜMIZE GIRSENE!" - bu goşgyň aýratyn.
simwollardan doly, ony her ýana çekip okap bolýar.
belki-de muny Suraý hanym özüň bilmän eden bolmagyňam ahmal.
edil bulutlara seredip ondan şekiller tapylyşy ýaly.... bir süri zatlar görseň bolýar bu goşguda.

...eý, Güneşim, senem dile:
goý, dünýede,
bu dünýe-de,
o dünýe-de

diňe-diňe bahar bolsun!

"bu dünýe, o dünýeden" soň bu pikiri jemlemäňde gaýdyp dagamaz ýaly jemläp bilipsiň.

Bir gün gapy-penjiresiz
täze jaýa göçüp gitsem...
Seni göresim-ä geler!..

telpek geýýän bolsam, telpegimi çykarardym.
diňe berekella diýäýmesem.
(aýdylmadyk zatlaram däl welin, başgaça aýdyp bilýäň...)
üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]