19:52
Uly sorag
ULY SORAG

Şyrrygyn çykaryp gözel ömrüňi
Oturyp diýmelsi - "käşgemi", näme?!"
Wah, sada bol weli...
Ýöne göwnüňi
Oýnadyp ýörmäge - "şaşkamy", näme?!

Bizi oýnaýan: adam ýa sözlermi?
Ýa göwnümiz barypýatan çagajyk
Ynam diýýäniň şol şeýtan gözlermi?
Çig süýt emen, oýanaý-a azajyk!

Beýni bilen söhbet etmän hemaýyn
Elipden şermendä aldyryp ýörme!
Pyşyrdasa gulagyňda şelaýyn
Pagta bilen damak çaldyryp ýörme!

Kä sözler gylçyk deý galýar damakda,
Kä sözler düýbünden degýär mädäňe.
Şeýdip göwni geçirberseň ýamakdan,
Ýamak göwün öwrüläýýär kadaňa.

Barha-barha azalyp dur "saglaram"
Öz ugruna iterip ýör "çep bela".
Neçüýn meni süýreýär bu gamlaram
Neçüýn beýle bolup ýörün mübtela.

Horazsyzam atyp durka daňlaram,
Çuňňur oýa çümdirýärem öňkiler.
Serde doly germesatan taňlaram,
Ýa-da şeýle ejiz gelýä meňkiler.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Мерцающий свет / Goşgular - 22.02.2022
Стриптиз / Goşgular - 04.02.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Goşgular / Goşgular - 23.02.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Şemala / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]