01:15
Ulus-iliñ bilen bagtyñy bagla
ULUS-ILIÑ BILEN BAGTYÑY BAGLA

Biz bagty gözleýäs uly zatlardan,
Bagt seýrek duşýan zatdyr öýüdýäs.
Birniñ lotoreýi maşyna düşse,
Göz gidijilik bilen gutlap gaýdýas.

Bagt baýlygam däl, hazyna-da däl,
Ol ajaýyp arzuwlardan düzülýär.
Gülki, şatlyk, saglyk lybasyn geýip,
Gül pürkülen ýaly öýüñe dolýar.

Säher şähtiñ açyk oýanan çagyñ,
Myrlap ýatan balalarña nazar sal.
Baş agyrman, baldyr syzlaman galsa,
Ýylgyryp örseler, şondan ylham al.

Gök asmanmyz durulygny saklasa,
Ulus-iliñ ahy-zardan daş bolsa,
Deñiz, derýa joşup ýurdy ýykmasa,
Gelin dek sülmüräp Günümiz galsa.

Şondan uly, ajap bagty gözleme,
Baýlykly bagtlañ ahyry kaşdyr.
Iliñkiden belent bagty yzlama,
Täk özi bagt bagtdan daşdyr.

Allamyrat GARAÝEW.

"Sowet edebiýaty" žurnaly, 1985 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Haweran | Теги: Allamyrat Garaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Gije / Goşgular - 08.04.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Sorag alamaty / Goşgular - 22.02.2021
"Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan / Goşgular - 16.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]