02:21
Ullakan planetam
ULLAKAN PLANETAM

Asmanyň deşilýär
inýär saňa özüňden
agyr agyr muşakgat,
ketdeler ýoluň ýitirdi,
ters aýlanýar oglan-uşaklaň.
Adamlara ynanmakdy - bar hataň,
meň mähriban planetam.

Gije-gündiz ylgap ýören nebisler
güýji ýetse
seň üstüňde-de
planeta döredäýjekler,
ýöräp ýören ýyldyzlar
erk berseň
asmandakylary kör edäýjekden.
Şu zatlaň barsyna derek
gary:ňa galsana, planetam!

Yhlasyňy terk eýläp
Marsa gitjek bolýan bar.
birje düwme bilen bary-ýoguňy
ýer-ýegsana öwräýesi gelýän bar.
Ýok ahyry senden özge öýümiz,
biz şeýle bir kiçijik.
biz şeýle bir azajyk.
oňa derek bizde äpet Ýürek bar.
Ertirime ynamym sen ullakan,
meň ullakan planetam!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Gutlaglar / Goşgular - 19.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Майор / Goşgular - 24.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Исповедь / Goşgular - 24.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Gözleg / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]