11:38
Ulalan çaganyň ulalmadyk arzuwy
ULALAN ÇAGANYŇ ULALMADYK ARZUWY

Gün ýaşansoň öýümize
Äpet gara bulut geldi.
Uzak gije asman aglap diňmedi.
Jaýlar juda garaňkydy,
Ýagty ýokdy ýapyşara.
Dünýe döndi gapyşana.

Tamamlanyp barýar gije,
Ýöne daşary ýagty däl.
Oýanaýyň, öýdäkiler!
Horja pişijegim - "Mi-mi"!
Ýerleriňizi galdyrdyňyzmy,
Ýüzüňizi ýuwduňyzmy?
Men gitjek-de,
Güneşi alyp geljek:
Öýümiz ýagty bolar ýaly,
Bir-biregiň ýüzüni görer ýaly.

Eý, körpeje, oýansana,
Häzir bileje oýnarys.
Ýere düşen durnalary
Bir-birden tutup sanarys.
Samyrdarys
hiç kimiň düşünmejek dilinde.
Düşünsek bor bir-birege,
"Ejäň" bişiren nanyndan "ogurlarys".
Nany suwly kürüşgä basyp iýeris.
Kürüşgänem ýerde goýarys.
Sebäbi ýer hapa däldir.
Futbol oýnarys,
äpişgeden geçiris "gol".
Bize utugam hökman däl.
Ýeňen ýeňsin, bize oýun bolsa bo:r.

Häzir, körpeje, dynjyňy al.
Öýdäkiler (körpejeden hem "Mi-mi"-den galanňyz)!
Size aýtjak zatlarym bar.
Men gelýänçäm ýüregňizi,
telewizory gum basdyraýmaň.
Men Güneşi alyp geljek,
Men Ýagtyny alyp geljek,
Tisginäýmäň!

Suraý BABANYÝAZOWA.




Категория: Goşgular | Просмотров: 159 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eý, dost! / Goşgular - 25.03.2021
Gije / Goşgular - 08.04.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
Aglan ekeniñ / Goşgular - 30.03.2021
Säher goşgusy / Goşgular - 20.03.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Oýnatgy / Goşgular - 24.05.2021
Kerim Hallynyñ "Erkekler" goşgusyna jogap / Goşgular - 25.03.2021
Yşk hakynda / Goşgular - 07.03.2021
Men geldim!.. / Goşgular - 09.03.2021



Всего комментариев: 4
0
4 bbaygeldiyew   [Материал]
"Sebabi yer hapa daldir"hemem, yokarda myhmanyñ bellani "nany suwly kurusga basyp iyerip" diyen yerleri tasirini bildirdi...oñuşmazca dal

0
3 myhman   [Материал]
erbet görmedim. ("gowy düşündim" diýsem - ýalançy)

Nany suwly kürüşgä basyp iýeris.
çagalygymy ýatlatdy. gowy günlerdi :-(

äpişgeden geçiris "gol".
meň aňymda şu epizod diňe türk kinolarda, multiklerde, reklamalarda bar ýaly bolup galypdyr. amerikan kinolarynda-da bar şoňa meňzeş, ýöne olar beýzbol topy bilen "gol" salýalar.
men obada ulanamsoň bilemok. bärde-de bar(dy)my?

0
Но очень интересно

0
.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]