03:44
Ukla!
UKLA!

Sen ukla,
Uklap bilşiňçe,
Bilýäň-ä bu dünýäde-de,
O dünýäde-de
Rahat uklamak gerek.

Ukla!
Oýalygyň bilen
Bozma guşlaryň,
Ýaşaýşyň sesin.
Ýaşaýyşyň bilen ses goş durmuşa,
Aýdym bolup, heň bolup.

A sen uzak ukla,
Gysgajyk ukla.
Dynjyňy al,
Oýanan wagtyň
Ýaňja dünýä inen ýaly ajap bol!
Birahat uklama
Bolgusyz düýşler
Gül ukyňy bozmasyn.

Onsoň oýan!
Ýöne oýalykda uklaýma!

2017 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Giderin... Gideýin... Gitdim... Gitmesene... Gitmerin... Git... / Goşgular - 22.05.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Doglan günüñde / Goşgular - 06.03.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
suraý hanym "ukla, ukla, ukla..." diýip, ahyryndada oýaryp göýberen bolýamy? :-)
eden boluşyny!

Onsoň oýan!
Ýöne oýalykda uklaýma!

osoň oýan, oýanaňsoňam uklaýma.
ukla! ukla!
ýöne, günüň dowamynda uklamaly däl wagt hem bar suraý hanym.
ikindi bilen agşam arasy.
güni böleli: ertir, öýlän, ikinji, agşam, ýassy...
simwolizm äýnegini geýip garasak: ertir - dogulyş, öýlän - ýaşlyk, ýetişgenlik, ikindi - gartaşmak, agşam - garrylyk, yassy - dünýäni täzelemek.
ikindi bilen agşam arasy - ýatmaly däl wagt.
ölümiňi ýatyp garşy alma diýildigimikä.
agşamyň öň ýany, ölümiň ýakynlanynda ukudan oýan - manylary barmyka?
gyzykly, umuman....
şoň üçirip, suraý hanymy diňläp, uklasaňyz uklaň welin, oýanmaly wagtyňyzy geçiräýmäň.
esasanam, ikindi-agşam arasy uklamajak boluň. :-)

0
1 mango   [Материал]
Ukla!
Oýalygyň bilen
Bozma guşlaryň,
Ýaşaýşyň sesin.

bäh.... bir tanyş setirleri ýatladýar...
(ýadyma düşenok, nirede duşanym, okanym...)
ajaýyp gep.
berekella.
suraý hanym başga.
dowamy bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]