04:24
Uçur meni
UÇUR MENI

Şagalañly, toýhana deý giñ dünýäm,
Göwni çökgünlikden dönende ýa:sa,
Ähli duýgulamdan bir tanap i:ş-de,
Täze dogan Aýdan hiññillik ýasa.

Sypalap ýañagyn ýyldyzjyklaryñ,
Dünýäni unudyp uçarym ýaly.
Uçan wagtym yşgyñ bolsun, badalga,
Ýene señ gujagña gaçarym ýaly.

Özüñ göge galdyr çöken ruhumy,
Hyýalymda uçur meni asmana.
Duýgularym tapmasyn bir garyş ýüp,
Ölmek islän wagty özün asmaga.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 159 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Köle Aý gaçypdyr" goşgular toplumy / Goşgular - 15.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Ýüregim bir seni görkezýän kompas / Goşgular - 13.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Ромео и Джульетта / Goşgular - 15.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 17
0
17 abdy   [Материал]
Gowy goşgy gelneje sozüm ýok!

0
15 Mahremlik   [Материал]
Raydas nm ýöne yrsarap otursyňyz her kim öz pikirni aýdýa gowa gowy erbede-de erbet diýilýär halasaň haladym diýmeli onnaňam awtora görä teswir ýazar ýaly bärde iki ýeke bolaýmasa hiç kim biri birini tananok yone harp yanyş hakdaky aydanyňyza goşulýan

0
12 Garayolly1936   [Материал]
Drustotal, sag boluñ. Tañry yalkasyn

0
11 Gumlygelin   [Материал]
Okanyñyz üçin, bellikler üçin, hoş sözler üçin minnetdar gadyrdanlar.
@mango dogan, kiçijik belligiñiz ullakan goltgy maña. @Garaýolly aga, siziñ hoş sözleriñiz bolsa uçar ylham atyma uçar ganatdyr. Ybraýym aga, siziñ okamagñyz bolsa biz üçin ullakan buýsançdyr. Hemmäñize Tañryýalkasyn!

0
10 Mahremlik   [Материал]
Garayolly1936 sizinem gosgynyz gaty gowy bolupdyr berekella

0
9 Garayolly1936   [Материал]
Uýam, şeýle mazmunly ajaýyp şygyrlaryň höwri köp bolsun! Hool ozalky ylahy goşgylaryň ýadyma düşüp gitdi!

0
8 Garayolly1936   [Материал]
Goşgyny okadym, täsire batdym,
Gyzykly bolupdyr beýle,Gyzylgül!
Mazmuna söýenip, soňuna ýetdim,
Şeýdip göge nazar aýla, Gyzylgül!

Göwre ene ýerde, hyýal asmanda,
Köňül açar älem erem-bossanda,
Mazmuny ylaha sary gyssanda
Meýillenýär özüň bile, Gyzylgül!

Meniňçe ylahy mazmuny şygryň,
Okasaň terpenýär ýüregiň~bagryň,
Şeýdip dowam eýle setirleň ugrun,
Bu durmuşda güle~güle, Gyzylgül!

0
7 Garayolly1936   [Материал]
Gaty gowy goşgy

0
6 Allanazar   [Материал]
Oňat goşgy, kemi ýok.

0
5 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy gosgy sozum yok berekella uytgesik bolupdyr ylhamyna saglyk

0
4 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Üýtgeşik goşgy! Diňe aýy hiňňillik edýän setiri ejiz. Berekella

0
3 mango   [Материал]
Gyzylgül hanym, gowy goşgy bolupdyr. romantiki-gussalyja....
kiçijek belliksizem bolmaz-a:
"Täze dogan aýdan hiññillik ýasa" - Aý uly bilen ýazmaly öýdýän.
hemem, "bir garyş ýüpli" ýeri: "Duýgularym tapmasyn bir garyş ýüp, / Ölmek islän wagty özün asmaga".
many düşnükli, ýöne ýüpüň ölçegi görkezmegiňi..... islemezdim.
asylmak üçin bir garyş ýüp az (simwoliki sözdügini bilsemem).
ine, "bir döwüm çörek ber - aç ölýän" diýilse ol ölçeg hiç geň eşdilenok, ýöne "bir garyş ýüp tapsam özümi asjak" diýilse "bir garyş" geň eşdilýär....
ýöne..... ýöne, ýöne, goşguňyz UMUMYLYKDA - ajaýyp, meniň bellänlem häki bir owunjak DETALLAR.
döredijilik üstünliklerini dileýän.
täze zatlaryňyzy paýlaşyp duruň.

0
13 Raýdaş   [Материал]
Aý garaz size sanawaç bolmasa bolanok-da teswirleriňizi okaýan weli. Ýene biri "Andakdan-mandakdan otuz iki petde ýandakdan" diýip goşgy (!) ýazsa ýapa direjek bolup, her aýlawdan söz aýlap, ýok manyny çaýjak bolup, "andak diýdigi şeý diýdigi, mandak diýdigi beý diýdigi, ýandak bärde gaty çuňňur simwolika, şahyryň Garagumyň gyzgyn howrundan dem urýandygyny aňladýar, otuz iki sany bolsa astrologiýa ylmyndan habar berýär" diýip arrygyňyzy gynardyňyz...
Eýesine görä baha berýäňizmi ýa?!
Käwagt gözüňe-gulagyňa, aňyňa-duýguňa dynç berýän gowy şygyrlaryň aşagyna bolsa "harp ýalňyşy bar, plan sözi baş harp bilen ýazmaly ekeniň, plan ýerde otur galypdyr, pismidan ýerde iki nokat goýulmandyr" diýip 'nemäň' içinden monjuk gözläp otyrsyňyz... Diňe siz däl özem, başga-da şeýle ýeser aşnalaryňyz bar şu ýerde....
Wallahu alam bis-sawab...
(Grammatika taýdan ýalňyşlyk goýberen bolsam aýyplaşmaň! Klawiaturadan görüň) :-)

0
14 mango   [Материал]
pikiriňize hormatym bar...
"'nemäň' içinden monjuk gözläp otyrsyňyz..." diýeňizde anyklamak isledim.
şol aýtgy haçan aýdylýar? haýsy ýagdaýda aýdylýar?
mysal üçin (bagyşlaň) bok-goşgynyň bok däldigini, gymmatlydygyny, onuň içinde monjuk bardygyny subut etmek üçin - monjuk gözlenýämi?
ýa-da monjugy bokdan halas etmek üçin ol hapa işe baş goşulýamy?
gyzykly...
(çynym bilen gyzykly....)

0
16 Raýdaş   [Материал]
Edil şu teswiriňiz bilen ýene bir gezek näme diýjek bolanymy özüňiz äşgär etdiňiz. Bäş-üç sany teoriýa sanap, özüňizi ordinarýusdyr öýdüp, okyjy köpçüligine kembaha garaýan-a dälsiňiz?!
Diýjegimi mus muslaman gönimel diýdim, elbet-de "monjuk gözlemeýänler" düşünendir. Galyberse-de, okyjylaryň hakydasy iň ýokary suddyr gadyrdanym!

0
2 Aksary   [Материал]
Ömrüñ bolsun gelneje.

0
1 Mähriban   [Материал]
Ähli duýgulamdan bir tanap i:ş-de,
Täze dogan aýdan hiññillik ýasa.

Sypalap ýañagyn ýyldyzjyklaryñ,
Dünýäni unudyp uçarym ýaly.

Berekella, gelneje! Üýtgeşik gowy goşgy! Höwri köp bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]