19:22
"Uçup barýan ak durnanyň" waspçysy
“UÇUP BARÝAN AK DURNANYŇ” WASPÇYSY

“Meniň şygyrýetde gaýta-gaýta dolanýan mowzugym eje. Kimdir biriniň ejesi hakynda söz açylsa biygtyýar bokurdagym dolýar hem gözümiň öňi ümüzlenýär. Hemişe we hemişe dolanjak, dolanýan, dolanan mowzugym ejedir”.
Gülşirin Hanowa.


Ýer ýüzündäki iň mukaddes ynsanyň Enedigi hemmämize mälim. Ene ýaşaýyş! Ene mukaddeslik! Ene barlyk! Enäniň waspyny ýetirmedik sungat adamsy ýokdur elbetde. Ene – her bir sungat adamsynyň döredijiligine ylham berýän mukaddes barlyk. Mähriban okyjylar biz hem şygyrlarynyň aglaba bölegi mukaddes enelerimiz barada söz açýan, “Eneleriň şahyry” diýen ada mynasyp bolan zenan şahyrymyz Gülşirin Hanowa bilen söhbetdeşlik geçirmegi we şol söhbetdeşligi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-türkmenistan.com” saýty arkaly size ýetirmegi makul bildik.

– Gülşirin çakylygymyzy kabul edip geleniňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Söhbetdeşligimizi ilkinji döredijilik ädimlerinden döredijilik älemine çenli geçen ýoluňyz barada gürrüňe başlasak.

– Sagboluň! Döredijilik ädimlerime 4-nji synpda okaýan wagtlarym başladym. Ilkinji goşgularymy bolsa ejeme okap bererdim. Şol wagtlar goşgy diýip ýazanym bolsa, sözleriň topbak- topbak üýşürilen görnüşi ekeni. Soňra köp kitaplaryň gatlaryny açdym, kän kitaplary okap dünýägaraýşymy giňeltdim. Döredijilik ýolunda bolsa ylymly, gowy adamlar maňa ýaran boldy. Hojaberdi Çaryýew, Atajan Tagan ýaly ussat halypalar maňa köp zatlary öwretdi. Şolaryň maslahaty, görkezmesi, görkezjiligi bilen şu günde nämäm bolsa şony gazandym.

–Döredijliik dünýäsine geleniňizi haçan duýduňyz?

-Ilkinji goşgum gazetde çap bolanynda duýdum.

-“Zehini yhlas açar” diýilýär. Zehin barada garaýşyňyzy aýtsaňyz?

-Elbetde, adam yhlas etmek arkaly özündäki zehininiň üstüni açýar. Kähalatlarda biziň özümiz nämä ukyplydygymyzy bilmeýäris. Bir zat üçin görkezen yhlasymyz, köplenç, başga-başga ukyplarymyzyň üstüni açýar. Zehin her bir ynsana Ýaradan tarapyndan berilýän ylahy güýç we bahasyz baýlykdyr. Göräýmäge şahyrçylyk bir zehin, ýöne her kimiň döredijilik dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Hiç kim biri-birine meňzemeýär. Ýöne ony yhlas bilen dolduryp bolýar.

-Döredijilige döwrüň täsiri?

-Geçmişde ýaşap geçen beýik ägirtleriň döredijiligine garasak, ýönekeý mysala ýüzlensem häzirki döwrümiz, Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet istärin” arzuwynyň eýýämi. A biz bolsa şolaryň amal bolmadyk arzuwlarynyň wysalynda ýaşaýarys. Döwür joşdurýar. Döwrüň joşguny bilen bagtyýar goşgular döreýär. Biz bagt, söýgi hakynda ýazýarys. Şonuň üçin häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe zenan döredijiligi, zenan şygyrýeti has joşdy. Sebäbi zenan duýgusy bilen ýazýar, erkek kişi pikiri bilen ýazýar. Şonuň esasynda hem duýguňy gülledýän döwür bolany üçin häzirki wagtda zenan duýgulary joşýar.

-Döredijilikde kalbyňa, ruhuňa ylham berýän we gaýta-gaýta dolanýan mowzuklaryň boldumy?

–Hawa. Meniň gaýta-gaýta dolanýan mowzugym eje hakyndaky mowzuk. Biriniň ejesi hakynda söz açylsa biygtyýar bokurdagym hem gözüm dolýar. Hemişe we hemişe dolanjak, dolanýan, dolanan mowzugym ejedir.

-Şu ýerde ejeňize, mährem käbäňize bagyşlan iň şirin goşgularyňyzdan birini okap beräýseňiz?!

-Höwes bilen:

Arzuwlarymyz hasyl boldy,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!
Meniň bar umydym şoldy,
Ber şatlykdan bulgur, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Dünýämi gül büredi, gör,
Umma gitdi hasrat hem şer
Gülýän göwnüme ganat ber,
Gel, golumdan galdyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Asman melegi mysaly,
Gülkiň gülleýşiň nyşany,
Näme bolsa bolsun pany,
Gülseň dünýäm güldür, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Bulut deý dagydyp derdim,
Billerime kuwwat berdiň.
Gözleriňde gussa gördüm,
Sen arkaýyn bolgun, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

- Eserlerleriňizi täzeden üýtgedip ýazan ýerleriňiz boldumy?

– Hawa. Ýöne durkuny üýtgetmesem hem käbir sözlerini ýa logiki yzarlamanyň sazlaşmaýan ýerlerini üýtgeden ýerlerim boldy. Oňa döredijilikde redaktura diýilýär. Ýöne umumy üýtgedip, täzeden işlän eserim ýok. Sebäbi bir eseri taýýarlamda şony gutarnykly diýip kabul edýärin we şol eseri unudýaryn. Ondan soňra ol eserimi okyjynyň dilinden eşidip ýatlanymda gowy bolýar.

-Halka ýetiren ilkinji kitabyňyz barada söhbet etsek.

-Ilkinji kitabym halypalaryň, durmuşymdaky gowy adamlaryň täsiri bilen döredi. Kitabyma halypam Atajan Taganyň maslahaty bilen “Uçup barýan ak durna”diýip at berildi. Men aslynda “Ak Durna” diýip atlandyrasym gelipdi. Ýöne halypam has şahyrana bolmagy göz öňüne tutup hem-de “beýleki kitaplaryňa hem kerwenbaşy bolup uçup alyp gitsin” diýip, şeýle ady goýduk. Kitabyma ýürege ýakyn diýip hasap eden goşgularymy ýerleşdirdim. Bezeg işinem kän pikirlendik we köp zähmet siňdirdik.

–Sungat ýolundaky halypaňyz barada we size beren gymmatly maslahatlary dogrusynda söhbedimizi dowam etsek.

-Sungat ýolundaky halypam Atajan Tagan. Ondan öň ilkinji halypam “Maru-şahu jahan” welaýat gazetiniň orunbasary Hojaberdi Çaryýew. Gaty gowy maslahatlary berdiler. Hojaberdi aga “köp okamagy” maslahat berdi. Atajan Tagan ”üstüňden bassalar hemişe işlemeli” diýip maslahat berdi. Ejemjan bolsa “içiň ýansa hemişe iýmegi” maslahat beripdi. Sebäbi garnyň dok bolsa, saglygyň ýerinde bolýar. Saglygyň gowy bolsa-da, önjeýliligiň ýokary bolýar. Şeýdip hem şol maslahatlar bilen işläp, döredip gelýärin.

-Şowsuzlyklar bilen ählimiz tanyş. Durmuşyňyzdaky şowsuzlyklar we olary nähili kabul edişiňiz barada gürrüň berseňiz.

-Ýaňky aýdyşym ýaly, Atajan Tagan halypam üstüňden bassalar ýa şowsuzlyklar bilen gabatlaşsaň hemişe işlemegi maslahat bereni üçin, men durmuşymdaky şowsuzlyklardan diňe zähmet çekip arymy alýaryn. Işläp, ýaşap, täze goşgulary döredip ar alýaryn. Hakdan hemişe şygyrýeti menden almazlygyny dileýärin. Sebäbi şygyrýet meniň hemme zadym. Ömrüm, dünýäm, durkum umuman ähli zadym şuňa bagly. Gowy goşgulary ýazasym gelmegim, mende ýaşaýşa bolan höwesimi, söýgümi güýçlendirýär. Şowsuzsyzlyk barada aýtsam, atam bökjek bolsa, üç ädim yza tesýär. Şowsuzlyklar – biziň has ýokary derejedäki üstünliklerimiziň basgançaklary, başlangyjy.

– Gülşirin, siziň şygyrlaryňyzyň aglaba bölegi aýdym bolup ýaňlanýar. Söhbedimizi aýdyma geçen şygyrlaryňyz dogrusynda dowam etsek.

– Ilkinji aýdym bolup ýaňlanan goşgumy ýatlamak maňa biraz kynrak. Ýöne Züleýha Kakaýewanyň “Dähedem – dessem” goşga geçen aýdymy ilkinji meşhur bolan, şowly çykan aýdymym diýsem bolar. Züleýha Kakaýewa bilen häzirki güne çenli 40-dan gowrak aýdymlary işledik. Ondan soňra Gülşat Gurduwa, Ahmet Atajanow, Sahydursun Hojakowa , Mekan Nuryýew, Mähri Pirgulyýewa, Gözel Öwezowa dagylar bilen köp aýdymlary işledik. Hat-da Mähri Pirgulyýewa bilen “Bagtly gyzyň” diýen aýdymyny iň şowly aýdymymyz hasaplaýaryn. Gözel Öwezowanyň “Gyza nesihat” aýdymy şekilli aýdymyny hem halk gyzgyn garşy aldy. Şondan soňra şygyrlarym esasynda kän aýdymlar işlenip halk köpçüligine ýetirildi. Meniň sözlerime Sona Atamyradowa bilen Jeýhun Atajykowyň täzelikde aýdyşyk görnüşinde ýerine ýetiren aýdymyny hem halk gowy kabul etdi. Men şygyrlarym aýdym, mukam bolup ýaňlanýanyna begenýärin.

– Bir işewüriň: “Üstünlik – bu maddy we ruhy baýlygyň birleşmeginden gelýär”. Bu barada siziň pikiriňiz.

– Men dogrusy üstünlik hakynda pikir hem edip görmändim. Men diňe goşgy ýazdym. Şahyryň pikiri bilen aýtsam, üstünlik gowy goşgularyň üsti bilen gelýär diýip biljek. Sebäbi maňa üstünlik üçin maddy baýlygyň zerurlygy ýok. Goşgy ýazmaga bolsa, ruhy baýlygyň zerurdygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Ruhuň baý bolmasa, gowy goşgular döredip bolmaýar. Eger-de ýekeje goşgumyň ýekeje setiri birine ýaraýan bolsa, onda maňa ruh diýlen zat berlendir. Ol belent ruhy bolsa ilki Allatagalla, soňra bolsa ejem pahyryň aňyma, ýüregime guýandygyna ynanýaryn.

-Durmuşda we döredijilikde başarmak we başarmazlyk duýgulary bilen gabatlaşyşyňyz barada gürrüň berseňiz.

-Durmuşda-da, döredijilikde-de başarmak ýa başarmazlyk ýaly duýgular bilen gabatlaşýarys. Hemişe-de gabatlaşýarys. Men şuny oňararynmykam, men şuny başararmykam ýaly soraglar bilen kän ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýöne bu goşga degişli däl. Sebäbi goşgy senden soranok. Aňyrdan saňa täsir gelende, sen şony başaraýmaly, ýazaýmaly. Başga alajyň ýok. Hakyky goşgy tene batan tiken ýaly. Ony ýa-ha sen teniňi awudyp köwläp çykarýaň, ýa-da özi iriňlenip köwlenip çykýar. Ikiden biri, gowy goşgy diýen zat seni ýerinde goýanok. Ýöne käbir soraglar ýüze çykýar, olar hem töweregiňi gurşap alan gowy adamlaryň “Sen başararsyň, sen başarmasaň kim başarsyn” diýen ynamy bilen hemme zat ýerbe-ýer bolup gitýär.

-Nähili adamlar bilen pikir alyşmagy gowy görýärsiňiz?

-Men ilkinji nobatda zehinli hem-de köp okan adamlar bilen söhbet etmegi gowy görýärin. Sebäbi eger-de biri bilen pikir alşaňda, jedele girip bolýan bolsa, seň gülýän zadyňa gülküsi tutýan bolsa, seň wawwaly ýeriňe agysy tutýan bolsa, şol adam seňki diýip hasap edýärin. Şol adam bilen pikir alyşmak gaty hezil. Ýöne beýle adamlar gaty gyt. Ömrüňde gaty seýrek gabat gelýär. Hat-da ömrüňde bir ýa iki gezek gabat gelýär. Şeýle adamlaryň gadyryny bilmeli. Şol adamlaryň ýanynda sözüň doly manysynda ýaşalýan eken.

-Geljekde döredijiligiňizde okyjylaryňyza näme wada berýärsiňiz? Ýagny geljekde bize nähili mowzukdaky goşgular garaşýar?

-Men okyjylara geljekde haýsy mowzukda goşgulary ýazjakdygyma wada bermäýin. Umuman, goşgy ýazjakdagyma wada bereýin. Mowzugyň özi durmuşa görä, täsire görä, akyma görä geliberýär. Ýöne eje hakyndaky mowzuk owal-ahyr meniň ýanymdan aýrylmajakdygyny aýdyp biljek.

-Durmuşyňyzdaky duýgulandyryjy bir wakany ýatlap geçip bilersiňizmi?

-Durmuşymdaky duýgulandyryjy bir wakany aýtmaly bolsa, ejemi soňky ýola ugradyp ýetişmedim. Nesibäm däldir-dä. Şeýle gowy görýän ejemi, durmuşda barlygym, barym ejemi soňky ýola ýüzüni sypap, razy bol diýmäge ýetişmedim. On minut gija galdym. Ejem agyr kesel bolup, tomsuň jokrama yssy günleri aradan çykdy. Men bärden barýançam, gyzgyn bolany üçin kän saklap bilmändirler. Ol wagt kiçijik çagam bolany üçin, Aşgabatdan Mary welaýatyna barmak maňa kyn düşdi. Ine, şol meniň ömür ahyr armanym.

-Maşgala durmuşyňyz barada gürrüň berseňiz.

– Men üç sany perzendimiň enesi. Uly oglum harby mekdebiň harby okuwçysy, kiçi oglum 6-njy synpda okaýar. Gyzjagazym entäk ýedi aýlyk. Gaýynatam bilen bile ýaşaýarys. Gül ýaly agzybir maşgalamyz bar.

-Haýsy reňki gowy görýärsiňiz we nähili reňkdäki lybaslar siz üçin ýakymly?

–Men ýaşyl reňki we ýaşyl reňkdäki lybaslary halaýaryn. Sebäbi ejemjanyň gözleri ýaşyldy. Has kiçijikkäm ejem hemme zady ýaşyl görýändir diýip pikir edýärdim. Şonuň üçin hem ýaşyl reňki söýýärin. Häzir hem söýýärin. Ýaşyl reňk ýaşaýyş, barlyk, bagt hasap edýärin.

-Ýaşlara maslahatyňyz?

–Hiç haçan boldy diýmeli däl. Hemişe dowam etmeli, maksadyň amala aşýança dowam etmeli. Eliňi goýbermeli däl we umydyňy hiç haçan kesmeli däl. Bir adamyň pikirine ýa sözüne ömrüňi baglamaly däl. Diňe dowam etmeli!

– Şahyr kalby ylhamly, arzuw hyýala güýçli bolýar. Söhbedimiziň ahyrynda arzuwlaryňyzy, maksatlaryňyzy paýlaşsaňyz.

– Men ilkinji nobatda hemmelere arzuwym saglyk, abadanlyk, owadanlyk! Iň esasy zadam, zähmet çekmeklige söýgi! Zähmet bilen bagta ýetilýär, zähmet bilen arzuwa ýetilýär, zähmet bilen adam içki we daşky dünýäsini gözelleşdirýär! Saglykda zähmet çekip bagtly bolmak hemmämize nesip etsin!

-Sag boluň, arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Döredejilikde-de, durmuşda-da abraý, üstünlik hemraňyz bolsun! Täze goşgularyňyz bilen halkyň söýgüsini gazanmagyňyzy arzuw edýäris.

-Sag boluň, siziň işiňizde-de üstünlik hemra bolsun!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
©Miwe Jumadurdyýewa
“Miras” teleýaýlymynyň redaktory.


Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/gulsirin-hanowa-ucup-baryan-ak-durnanyn-waspcysy/. 06.12.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 19.10.2021ý. ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 72 | Добавил: Bagabat | Теги: Miwe Jumadurdyýewa | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Материал]
Hoja Nasreddini her halk özüçe atlandyrýar. Biz: “Ependi” diýýäs, ýene-de bir halk oňa: “Molla” diýýär, ýene-de bir ýurtda adyny: “Hoja” diýip tutýarlar. 16-njy asyr arap çeşmelerinde Hoja Nasreddiniň ady: “Joha al Rumy” diýip tutulýan ekeni.
Şol Joha al Rumy hakda-da bir hikmetli, henek häsiýetli hekaýat bar ekeni.
Günlerde bir gün Joha al Rumy, özüniň takwalygy sebäpli, Allatagalaň söýen bendesidigini, şonuň üçinem özüniň gudrat görkezip biljekdigini aýdypdyr. Onda ony halamaýan köpbilmişleň biri, sözünde tutjak bolup oňa:
-Hany, onda sen, gadyrly Joha, şo duran agajy ýanyňa çagyr! Eger-de ol gelse, onda, seň aýdýanyň hak bolýa. Ol ýerinden butnamasa, onda, sen barypýatan ýalançy bolýaň!-diýipdir.
Şonda akylly Joha birjik-de darykman, öz duran ýerinden on-on bäş ädim daşlykda ösüp oturan agaja:
-Bärik gel!-diýip, yzly-yzyna üç gezek buýrupdyr. Agaç, hatda ýerinden mizäýinem diýmändir. Johaň garşydaşynyň gözleri şatlyk bilen lowurdap başlapdyr. Şol pursadam, hilegär Joha, äwmän-alňasaman ädimläp, özi agajyň ýanyna barypdyr-da:
-Eger-de agaç Johaň ýanyna gelmese, Joha agajyň ýanyna barar! Sebäbi Allatagala özüniň tükeniksiz keremi hem-de ähli zadyň öňünden täleýini kesgitleýjilik gudraty bilen, hut şu gün, şu pille, şu wakaň, şu ýerde boljagyny öňünden kesgitläp goýup, maňa öz imanymyň bu synagyndan üstünlikli geçmegim üçin, aňsyz agaçdan tapawutlylykda, bolup geçýän zatlara düşünmäge paýhas hem-de onuň ýanyna ýöräp barmagym üçin aýak berdi!-diýipdir.
Soňra, iňlis filosofy Frensis Bekon (1561-1626) özüniň 1597-nji ýylda ýazan “Ahlaky we syýasy oçerkler” diýen kitabynda, özüniň öňe sürýän pikirine has agram (nazym) bermek üçin, bu gündogar hekaýatynyň baş gahrymany Joha al Rumyny pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalam bilen çalşyp, “Agaç Johaň ýanyna barmasa, Joha agajyň ýanyna barar” diýen tymsaly, “Eger-de dag Muhammediň (awt.: S.A.W) ýanyna barmasa, Muhammet (awt.: S.A.W) dagyň ýanyna barar” diýen görnüşde köpçülige ýaýradypdyr (çeşmesi: https//dic.academic.ru/dic.nsf/dic_wingwords/802).
Bu tymsaly getirmek bilen diýjek bolýan uzyn gepimiň gysga juk-juky, G.Hanowa we beýleki döwrebap ýazyjy-şahyrlarymyz, internetiň mümkinçiliklerini netijeli ulanyp: “Eger-de okyjy awtoryň ýanyna gelmese, awtor oň ýanyna barýar” diýen ýörelgäni, gaty gowy durmuşa geçirýärler.
Berekella!
Döredijiliklerinde, işlerinde üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]