22:56
"Uçdum, uja dag başynda..."
Uçdum,
uja dag başynda.
Uçdum,
uçdum,
ýeke uçdum.
Dert ýamany ýekelikmiş
Täk şol meni alar diýdim.
Señ bilen çöl-beýewana
Gitmek üçin,
ýitmek üçin
Uçup bilseñ bolar diýdim.
Ýygryldyñ,
ýygradyñ, çünki
"Ýel - ganatym döwer" diýdiñ.
Ýaýdanmadym,
uçmasañam
Köpri boldum señ ýoluña
Ýöräp,
ýüwrüp,
seýkin basyp
geçip bilseñ bolar diýdim.
A sen ýüzüñ tutup kesä
"Mundan geçen öler" diýdiñ.
"Gadyryma jogap edip
söýübilseñ bolar" diýdim.
Sen ýene çytyp gaşyñy
"Wagt gerek, gaçamog-a,
göwnüm soñam söýer" diýdiñ.
Sabyr ýok, takat gutardy
Gülüp bilseñ bolar diýdim.
Ýylgyran bolduñ çalaja
"Ýeñil gyzlar güler" diýdiñ.
Öldürdiñ kereşmäñ bilen
Gamzasy ok, dile geldiñ.
Men bu gün seniñ goýnuñda
Ölmek üçin çöle geldim!
Geýindirme,
ýuwma,
artma
Gujagyñda jaýla meni!
Öldüm,
öldüm,
öldüm,
öldüm!
Ölenden soñ - hiç kim bolup,
hak yşkyñ bolup
joşgun bolup
geldim,
geldim,
geldim,
geldim!...

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 114 | Добавил: Haweran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Gökdepe galasy / Goşgular - 16.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 mango   [Материал]
Señ bilen çöl-beýewana
Gitmek üçin,

ýitmek üçin
Uçup bilseñ bolar diýdim.

Men bu gün seniñ goýnuñda
Ölmek üçin çöle geldim!

Çöle barmak meselesi.
Başda gahryman ýanyndaky söýgüli-gahrymany bilen çöle gitmegi (üçmagy) arzuwlaýar.
Soňunda söýgüliň goýnunda ölmek üçin çöle gelenini aýdýar. Diýmek söýgüli-gahryman öňden bäri çöldedimi?

0
3 Garayolly1936   [Материал]
Mazmun oňat formanyň üstüne ýüklenipdir. Şygryň şekili dik ýokary galyp duran ýygy basgançakly merdiwana meňzeýär. Gaty täsirli şygyr.

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Bu goşguda dagyñ çürbaşyndan çöle tarap şaglap akyp gelýän siliñ bady bar...
Goý, bu siliñ bady gowşamasyn Has Türkmen!,

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Baý-ba... beýle-de bir näz bolar eken :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]