00:41
"...Üç nokat goýdum"
"...ÜÇ NOKAT GOÝDUM"

Adyňy ýazdym-da, üç nokat goýdum,
Dowam eýlemäge ýetmedi güýjüm.
Ýöne maňa umyt berdi ertesi –
Daň çagynda gören süýji bir düýşüm.

Üç nokady ýöne ýere goýmandym,
Sen oňa sözsüzem düşünseň bordy.
Göterip ýörensoň ýyly sözleri,
Meniň ýürejigim durşuna gordy.

“Üç nokat?!” diýdimmi, ýöne men saňa
kän ahyry, aýtmak isleýän zadym!
Şo-ol gaýtalar ýörerin men adyňy,
Bir gün könelişip gitmese ýadym.

…Adyňy ýazdym-da, üç nokat goýdum,
Ýok, ýene kän nokat goýasym geldi.
Bir ýere üýşürip olaryň baryn,
Yşkyň münberini gurasym geldi.



Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Haweran | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 3.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Aýtsana / Goşgular - 12.02.2021
Täzesinden täzesi / Goşgular - 04.06.2021
Hudaý adyl / Goşgular - 12.01.2021
Geläýipsiñ / Goşgular - 23.05.2021
Gözümde gözýaşyñ / Goşgular - 08.02.2021
Aýralyk / Goşgular - 22.02.2021
“Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň...” / Goşgular - 14.04.2021
Ýa Sendendir, ýa Mendendir! / Goşgular - 26.03.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Görsene... nokat hakda täsinje goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]