04:35
Üç goşgy
• Ýyllar

Howa tutuk,
Tutuk howam.

Söýüpdim uzak!

Dag ýaly agras,
Ýagyş deý dury,
Söýginiň ruhy.

Söýüpdim uzak!

Ýyldyrym söýgi,
Gutarnyksyz ses,
Tükeniksiz nur,
Aýdyň gündüÿzler ýaly.

Söýüpdim uzak!

Söýginiň çabgasy günüň nurunda,
Gözelleşdirerdi gündiziň gögün,
Göýä gijede,
Ýyldyzlar ýaly.

Söýüpdim uzak,
Söýüpdim uzak,

Söýmän ekeniň,
Söýgime derek,

Ýaşan ekenim,
Ýalňyzlar ýaly.

• Döwgi

Döweýin diÿip döwmedim!
Ôz-özünden döwildi.

Aşagynda ot ÿakdym
Depesinden nur çaýdym
Gu:rady,
Çatlady,
Döwüldi,
öz-özünden düwüldi,
özeninden döwüldi.

Döweÿin diÿip döwmedim.

• Bakyş

Çyplak sözlerim,
Ýalaňaç ýalňyzlygymdy.

Häzir sallanmanka günüň kirpigi,
Kümüş damjalar,
Bozýarka giň kölüň dury gaýmagyn,
Asman bilen kölüň birigen çagy.
Ýalkym akyşy,
Salýar ýadyma,
Soňky bakyşyn.

Çyplak sözlerim,
Çyplak sözlerim,
Ýalaňaç ýalňyzlygymdy.

Ybrahym BADAHŞAN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 157 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 12
2
9 Hyýalkeş   [Материал]
Mekdep döwrümiz klasdaşlar wipisnoýa surata düşende gury çykdajy saýyp düşmek islemändim. Şonda şeý diýipdirler: "Ömrüñde bir gezek bolýar ahyry".
Menem sorapdym: "Ömrüñde bir bolýan zatlaryñ ählisi gowy zatmydyr?"
Diýjek bolýan zadym täzeçillik hakynda gürrüñ gozgaldy. Öñem bir şu soragy saýtda beripdim öýdýän: "Her täze zat gowy zatmydyr?"

0
11 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Hawa Mahym ýegen, Sungat äleminde täzelik gowy, sebäbi sungat şol sanda şygyr her döwür täzelenip durmasa yslanÿar, ÿitÿär, ölÿár. Sungata iñ uly kesel könäni gaÿtalamak meniñ pikirimçe. Elbetde täze formalaryñ, täze gošgularyñ, ÿaşlygy sebäpli ÿalñyşy, kemçiligi köp bolar. Ol heniz-henizler ösmeli, bišmeli. Türkmen şygryÿetinde šy döwür täze formalary tejribe edip ÿörenleriñ, mümkin hiç biri uly eserler döredip, beÿik šahyr bolup bilmesin!? Ýöne şularyñ barlygy, şujagaz goşgular, indiki Pyragymyza ÿol açar diÿen umydym bar. Bir zat meniń üçin gün ÿaly aÿdyñ: Köne formalary yzarlap, modern gougularyñ garyysyna çykmak, Türkmen şygryýetini dünÿä edebiyatyndan yzda saklar. Belki soragyñyza jogap gaÿtaryp bilendirin!? Sizem Mahym ýegen, gaýrat ediñ ... !

0
7 orazcharyar   [Материал]
boljak

0
6 Sergezzan   [Материал]
Juda gawy

-1
5 Zara   [Материал]
Şygryýeti kellä geýdik diýseñiz-le... Gaýrat ediñ, öwerligi-döwerligi ýok, aramyk goşgylar.

-1
Men talypkam özüme heartbreaker diyyardim. Bilmedim nämaniñ erbet ironiýasy, hazir şol yuregini döwen adamymdan beter özüme gynanýan. Döwmeli bolmasyn indi bir

0
Döwgi govy dövüpsiñ. Раз и навсегда

2
2 mango   [Материал]
Söýüpdim uzak!

şu ýerdäki "uzak" aralygy aňladýamy ýa dowamlylygy.
ýagny: uzak aralykdan, yuzak wagtlap.

goşgy gysga söz sepelemesi bolansoň, özüňçe ýygnap-toplamaly ýaly....
ol toplan manyňam dogry boljakmy ýalňyş boljakmy diýen ýaly....
tutuk howa, tutuk (özi), uzak, söýgi, dag, ýagyş, ruh, ýyldyrym, ses, nur, gündiz, çabga, gök, gije, ýyldyz...
umuman many soňunda ýaly:
(ýyllar boýy, uzak-uzak) söýen ekenim, söýmän ekeniň, ýalňyz ýaşan ekenim....
---
"döwgi" - gyzykly duýga batyrdy...
---
"Bakyş"-y has haladym.
ýalňyzlygyň owadan suraty we suratlandyrmasy...
"günüň kirpiginiň sallanmagy",
"kümüş damjalaryň giň kölüň dury gaýmagyny bozuşy",
damjalaryň üsti bilen "asman bilen kölüň birikmegi" - şahyrana setirler.

awtor öz goşgusyny düşündirip dursa bolmazam welin.... onda-da ybraýym däde azajygam bolsa bize düşündirişli sapak geçäýse kem däl.

-1
8 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Mango daýy, Bu goşgulary düşündirmek bolmaýar, her bir okyjy özüçe düşünse gowy, keýpi-de şonda. Şu ýerde bir zatjyk aÿdasym gelýär, Yöne ylalašmajaklardan çekimänem duramok. Biz türkmenler 70-80 ýyl bäri Sovet döwrüniñ goşgularyna öwrenşen, Kerim agalar, Berdinazarlar we ş.m. başgalaryñ. Soñ üçinem modernräk goşgular ÿürege ýakymly bolsa-da olary kobul etmek, düşünmek añsat bolmaÿar. Indi men şonuñ sebäpleriniñ ýekejesini açyklajak bolaÿyn. (Şu ýerde ses ýazgy goÿar ýaly etsenäñ, ýazmak köp wagt alýar!)

Sowet döwrüniñ türkmen goşgulary şygryýet faktorlarynyñ käbirini alyp, başgalaryny doly taşlapdyrlar. Kerim agany mysal alyp göreli:
Onuñ nähili çeper şahyrdygyny hemmämiz bilÿäris, dil taÿdan, äheñ taýdan, yygyryñ daşky çeperçiligi taÿdan goşgularyna dil degirmek bolmaÿar, Ol hakyky edebiýat ussady, onda-da nämüçin Kerim agany Beýik Pyragynyñ derejesine getirip bilmeÿäris?? Hatda az ÿaşap Kerim aga görä näçe esse az setirler sanap giden Gurbannazara-da deñäp bilmeÿäris?

Onuñ sebäbi Kerim aga we şol döwüre laÿyk goşgy döreden başgalaryñ, şygryýetiñ esasy zatlaryny taşlandyklary. Sowet döwründe hakyky sungat gadagan edilen. Ondan içki gözellikleri zorlap alnan. Hakyky sungat, hakyky şygyr hiç haçanam doly düşnükli bolmandyr, Olary düšndirmak üçin alymlar kitaplar ýazan, Hapyzy, Möwlanany, Magtymgulyny, ... Her kim özüçe açyklap, özüçe kesgitläpdir, Ol beÿykleriñ döredijilikleri hakda häzir güne çenli bu bäsleşik dowam edyär.

Indi Kerim Gurbannepesowyñ goşgularyna kim näme ÿazyp biler? Bar sözleri düşnükli, ÿekeje-de syrly setir ÿok, aÿtjak zadyny şänik döwen ÿaly edip, aÿdypdyr.
Diýmek, Kerim aga şol döwrüñ hökumetiniñ islän zadyny doly berjaý edip beripdir. Başgalaram şeýle!

Şol ýagdaýa (tussaga) baş bermedik Kekilowa, Bapba Gökleñ, Gurbannazar ýalylaram ýaş gitmeli bolup, Türkmen şygryýeti uly şahyrlardan mahrum edilen.

Häzirki günem Suraý jan, Akbibi jan, Abdylla jan, Has Türkmen ýaly täzeçil şahyrlary halamaýanlar az däl, elbet bu bir real ýagdaý, hemişe-de täze zatlara garşy çykýan az bolmandyr. Yöne şu ýaş tolkuna hemaýat ýagşy. Sözüm uzaga çekdi bagyşlañ! Ýaş şahyrlara pendim: Köp okañ, edebiÿat bilen sungatyñ parhyny doly düşünýänçäñiz köp okañ!

0
10 Haweran   [Материал]
Ybraýym aga ýagşylykda ýat edeniñiz ü.n minnetdar, edil bizli meselede näme täzelik getirendigimizi bilmesemem, soñky abzasda agzalan üç şahyryñ täzeçilligine söz ýok, bularyñ üçüsem öz sözlerini aýdyp bilýärler we görkezilen-talap edilýän ugurlardan başga zady görmeýänleriñ tersine: durmuşyñ begençli ýa gynançly her bir ruhy ahwalatyny içinden we täsirli açyp görkezip, adamlaryñ-halkyñ ýanynda bolmak babatda görüm-göreldelik, beýleki ýaşlara nusga bolarlyk eserleri döredip bilýärler. Bu - guwandyryjy we buýsandyryjy.

0
12 mango   [Материал]
Hakyky sungat, hakyky şygyr hiç haçanam doly düşnükli bolmandyr…
Bu sözüňiz hak, Ybraýym däde.
Ýaradylyş Allanyň sungaty bolany üçin bu dünýäde hem syrlardan, düşnüksizliklerden, özüň netije çykarmaly zatlardan dos-doly….
Allah bize sungatyny hiç haçan aýdyşyň ýaly “Bar (zatlary) düşnükli, ÿekeje-de syrly (zat) ÿok, aÿtjak zadyny şänik döwen ÿaly edip” aýtmaýar. Tersine köp gaýtalaýar “pikir etmeýäňiz” diýip.
Aýdylyşy ýaly ýaşyl meýdan görse şahyr ylham alyp joşup şygyr ýazjak, çopan görse mal bakjak, orup bede edinjek… garaz her zady her kim özüçe görýär.
Aslynda ol ýaşyl ýaýlanyň diňe bu iki tarapdan başga-da bir süri (gizli) ýaradylyş faktorlary bardyr ahyry… ine sungat…
Diýmek, edebiýat, sungatyň esasy şertidirdä göni aýtmazlyk, pikirlenmäge pursat bermeklik…..
Umuman ýazyp düşündirmek kyn zat.
Ýöne siziň diýýäniňize goşulýan. Gönümellik gowy däl - bu bir, ikinjem - könelere öýkünmegem gerek däl….

-1
1 Mähriban   [Материал]
Çyplak sözlerim,
Çyplak sözlerim,
Ýalaňaç ýalňyzlygymdy.

Juda haladym. Üç goşgam diýseň ajap! Janyňyz sag bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]