12:44
Übtüjekler / kindiwanja kyssajyklar - Edepsiz çaga
EDEPSIZ ÇAGA

Köpgatly ýaşaýyş jaýynyň öňündäki çagalar meýdançasynda ala-goh bolşup, ownukly-irili oglanjyklardyr-gyzjagazlar oýnaşyp ýör.
Birdenkä, lälijekdigi özüni alyp barşyndan bildirýän iki-üç ýaşly oguljygynyň töwereginde kebelekläp ýören dolmuş gelin, özüniň eziz perzendiniň talap edýän jäjegini bermekden boýun gaçyrýan, dogumlyja gyzjagazyň elinden şatyrdadyp tutdy. Ony, ylla bir jenaýatçy tutan deý südenekledip, meýdançanyň gyrasynda oturan zenanlara tarap alyp gaýtdy. Içi gazapdan dolandygy sebäpli, öňem bylkyldap duran göwresini hasam çişirip, aňyrdan gele-gelmäşe-de gyzjagazyň ejesiniň üstüne heňkirip ugrady:
-Goňşyý-ý! Gyýw! Bü öz çagaňa edep-terbiýe diýlen zadyň dagy düşnügini bir berýäňmi, gyýz? Büjagaz-a ýaňyja, meň jan ýalyjak balajygyma oýnawajyňy beräý diýsem, ýöne “jukk” edip, jukgullap başyny ýaýkap dur-a! “Ulyny syla ahyry, maýmynjyk!” diýsemem, dili guramyş, elindäki jäjege ýapyşan jan ýalyjak balajygyma: “ganjykdan bolan” diýip sögünýär-ä! Toba, toba, tüf-tüf...Şu ýaşynda şuň ýaly bolsa, ulalansoň dagy nähili bolarka, bi aýjynyň!
Gyzjagazyň ejesi, dolmuş goňşusynyň häsiýetine endikli bolara çemeli. Awuly sözleriň neşderi içinden ok bolup geçenem bolsa, syr bildirmedi. Parahatlyk bilen ýerinden dikeldi-de, gyzynyň elini dolmuş gelniň penjesinden sypdyrdy. Soňam gözüni-gaşynam çytman, asuda äheňde çagasyna käýýemäge başlady:
-Gyzym, gelnejeň dogry aýdýa! Beýle edepsiz bolmazlar. Ojagaz “jan ýalyjak balajygyň” ejesiniň kimligi bilen nä işiň ba...
Awtoryň başga makalalary

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 139 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Роксана / рассказ - 11.03.2021
Муарон / новелла - 06.04.2021
Кончина Копёнкина / рвссказ - 17.03.2021
Марокка / новелла - 18.03.2021
Гарсон, кружку пива!.. / новелла - 10.04.2021
Реснички / рассказ - 25.06.2021
Сюрприз / рассказ - 06.06.2021
Ak öý / hekaýa - 23.01.2021
Парижское приключение / новелла - 21.03.2021
Howum basylýan ýer…/ hekaýa - 03.01.2021
Всего комментариев: 4
0
3 mango   [Mowzuga geç]
Serdar daýy….
Birinji sözlemiňde artykmaçlyklar bar ýalymy?
"Köpgatly ýaşaýyş jaýynyň öňündäki çagalar meýdançasynda ala-goh bolşup, ownukly-irili oglanjyklardyr-gyzjagazlar oýnaşyp ýör”.
Jaýyň köpgatlylygy bolýaram welin, çagalaryň oglanjyklardan we gyzjagazlardan hemem ownuklysyndan-irisindendigi şeýle ähmiýetlimi?
——
“…dolmuş gelin, özüniň eziz perzendiniň talap edýän jäjegini bermekden boýun gaçyrýan, dogumlyja gyzjagazyň elinden şatyrdadyp tutdy”.
Şu sözlemi okamda awtoryň sowuk sözünden üşäp gitdim. “talap etmek”, “boýun gaçyrmak”…. bir hili içeri işlerinde işleýänleriň sözlüginden ýaly…..
Sözlemiň sowuklugyny awtoram belleýär: “… Ony, ylla bir jenaýatçy tutan deý südenekledip…” Bu gahryman polisýada dagy işleýämikä? :-)
——
Awtoram, ol gahrymanam bir detala agzybirlik bilen üns berýäler…. Ýagny lälijek çagaň “ezizdigi, jan ýaljaklygy”.
Gelin “jan ýaljagam” iki gezek gaýtalaýar…
Ýene-de “… jan ýalyjak balajygyma: “ganjykdan bolan” diýip sögünýär-ä!” diýende meniň pikir edişime görä ol o gysjagazyň ejesine sögünermikä diýýän, “çagaňyzyň diýýän zatlary sizden eşdip diýýär. Siz maňa näme diýjek bolýaňyz…?” ýaly, şerraýlap bilerdimikä diýýän….
Umuman, pikirlerimi aýdaýdym.
Dogrusyny siz bilersiňiz.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ok. Bellikleriňe minnetdar.
"Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz" diýleni. Resmi dilde kän ýazmaly bolýanlygym, göwün solpudan çykmak üçin ýazylýanyna-da gaty täsir edýänini özümem duýýan-la welin, onda-da, sypýa-da.
Bujagaz wakany bolsa, tanyşlammyň biri öz gyzjagazynyň "gödekligine", şol bir wagtda-da "edermenjeligine" guwanyp gürrüň beripdi.
Durmuşy zarisowkajyk-da. Manylymy, manysyzmy...

0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Çaganyň "ganjykdan bolan" diýmesi asla ynandyryjy däl.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Saralan sahypajyk" atly ilki goýan hekaýamy juda çig hem-de birhili garaňky duýguly gördüm. Şoň üçinem, täzeden işläp, nesip bolsa, soň goýaryn.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]