17:29
U.Şekspiriñ ömri we döredijiligi
U.ŞEKSPIRIŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI

Uilýam Şekspir (William Sharkespeare) 23.04.1564-nji ýylda Stratford-on-Eýwonda doglan we 23.04.1616-nji ýylda şol ýerde aradan çykan. Ol uly iňlis dramaturgy U.Şekspir söwdegäriň we senetkäriň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň çagalygy we ýaşlygy Stratford-on-Eýwon şäherinde geçip, şol ýerde grammatika mekdebinde bilim alypdyr. 1582-nji ýylda A.Hesueý atly gyza öýlenipdir. Şondan köp wagt geçmänkä ol doglan şäherinden nirädir näbelli ýere göçensoň, ol barada hiç bir gördüm-bildim diýen zat bolmaýar. Diňe, 1582-nji ýylda P.Griniň ýazgylarynda U.Şekspir aktýor, dramaturg hökmünde ýatlanyp geçilýär.
Çak edilişine görä ol asyryň 80-nji ýyllarynda professional aktýor, 90-njy ýyllarynda bolsa, ol dramaturg hökmünde çykyş edipdir. 1594-nji ýylda "Lord-Kamergeriň hyzmatkäri” aktýorlar truppasyna alty "paýçynyň” biri bolup girmek bilen truppany esaslandyryjylaryň biri hökmünde çykyş edipdir. 1599-njy ýylda bolsa, "Globus” teatrynyň hojaýynlarynyň biri bolupdyr. Ol 1603-nji ýyla çenli sahnada çykyş edipdir. Şondan soň onuň sahna çykyşlary barada hiç-hili maglumat ýok. Diňe, 1610-njy ýyl töweregi Stratforda gaýdyp gelýär. Öňki gatnaşyk eden teatrlary bilen arasyny açmanlygy üçin olaryň truppalaryna gerek pýesalary 1613-nji ýyla çenli ýazypdyr. Şondan soň, Şekspiri öwrenijileriň ýazmagyna görä saglygynyň bolmandygy sebäpli, edebiýat işinden el çekmeli bolupdyr.
U.Şekspiriň dramaturdiýa doly baş goşmasy Ispaniýa garşy Milli Galkynyş bilen bagly hasaplanýar. Sebäbi ispan koroly Filipp II-niñ "Ýeňilmez armadasy” 1588-nji ýylda iňlis goşuny tarapyndan derbi-dagyn edilmegi onuň döredijiliginde belli bir roly oýnapdyr diýen çaklamalaram bar.
XVI asyryň aýaklarynda Angliýada medeniýetde emele gelen ynsanperwerçilikli täsirleriň ýurduň ruhy durmuşynda ýokary göterilişe tarap ugur almagy teatr sungatyndanam sowa geçmändir. Dramaturglar K.Marlonyň, P.Griniň, T.Kidanyň we beýlekileriň "uniwersitet akyllary” hasaplanýan toparyň batyrgaý çykyşlary, iňlis dramaturgiýasynda bar bolan rowaýatlary we suýžetleri durmuşy ýagdaýda berip bilmekleri U.Şekspiriň dramaturg hökmünde taplanmagynda, ynsanperwerçilikli ideýalary öňe sürmeginde belli bir roly oýnandygy şübhesizligine galýar. Hat-da özünden öňki halypalarynyň bäş basgançakdan (setirden) ybarat bolup, iňlis edebiýatynda hökmüni ýöreden ak goşgylaram özüne doly kabul edipdir.
U.Şekspiriň esasy döredijiligi Galkynyş eýýamynyň tamamlanyp, fedolizmiň öz ornuny buržuaziýa berýän döwründäki uly gapma-garşylyklaryň, çuň durmuşy-sosial ýagdaýlaryň möwç urýan döwrüne gabat gelýär. U.Şekspir hudožnik hökmünde ynsanperwerçilikli dünýägaraýşy özüne siňdirip bilen dramaturg hasaplanýar. Ol öz döredijiligindäki esasy dünýägaraýşy kitap gatlaryndan almadygam bolsa, halk döredijiliginiň dilden-dile geçip gelen adatlaryny kalbyna siňdirip bilmek arkaly ony ýenede halka gaýtaryp beren beýik hudožnikdigini hiç kim inkär edip bilmese gerek.
U.Şekspir öz eserlerinde teatr sungatynyň Orta asyrlar eýýamynyň käbir halkylygyny saklamak bilen antik eýýamynyň medeniýetini we ynsanperwerçilikli öňe sürmelerinem dramaturgiýasynda ulanmagy başarypdyr. Ol Grek-Rim we orta asyrlara degişli dünýägaraýyşlary öz döwrüniň çeperçilik usullarynda ulanmak arkaly döredijiligine siňdiripdir. Onuň şeýle etmegi döredijiliginiň esasy bölegini eýeleýär.
U.Şekspir ýazýan pýesalaryny öz truppasy üçin ýazypdyr. Sebäbi ol, pýesada çykyş etmeli her bir ýerine ýetirijini tanapyň, olaryň ukybyna görä, olaryň aktýorlyk ussatlygyna görä sahnada döredilmeli keşplerini bölmegi hudožnik hökmünde çözmäni başarypdyr. U.Şekspiriň aktýorlar bilen golaý aragatnaşykda bolup döreden eserleriniň tomaşaça ýüzlerçe ýyllap täsir edip gelmegi belki-de, şonuň üçindir. Ýaşan eýýamynyň baý wakalaryny öz içine alýan onuň eserleri üstünden ýüz ýyllyklary geçirse-de, şol döwürlerde uly ösüşlere (ewolýusiýa) gabat gelse-de, tomaşaçynyň oňa bolan uly hudožnik-dramaturg hökmündäki garaýşyny üýtgedip bilmändir.
U.Şekspiriň döredijiliň döwrüniň başlangyjy 1590-1594-nji ýyllar hasaplanýar. Ol özünden öňki dramaturglaryň, esasanam Marloň, Kidiň döredijiliginden ugur alypdyr. U.Şekspir 1455-1485-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan "Ak we gyrmyzy bägüller” ady bilen belli bolan uruş barada taryhy drama eserini döredipdir. Onuň şol döwre degişli bolan "Genrih VI” (1590 ý. 3-bölümli) we "Riçard III” (1593) dramalaryny döredýär. Bu dramalaryň yzysüre bolsa, Gabymy-Rim tragediýasyna degişli sýužet esasynda "Tit Andronik” dramasyny ýazýar. Dramada urşuň ähli elhençliklerini, aýylgançlyklaryny açyp bilendigi uçin bu eser "ganly tragediýa” hem atlandyrylypdyr. Ýokarda bellän şeýle gandöküşikli dramalarymyzyň esasy günäkärleri feodal baş-başdaklygyny (anarhiýa) "makiawelliçilikli” gahar-gazabyň höküm sürýändigini suratlandyrypdyr. Ol bolup geçýän gandöküşikleriň garşysyna adamkärçiligiň gowy taraplaryny özünde jemlän gahrymanlaram orta çykarypdyr. "Genrih VI” 1-nji bölüminde rysar Tolbat, 2-nji bölüminde Gloster şeýle gahrymanlar hasaplanýar. Şeýle gahrymanlaryň adamkärçilikli keşpleri drama salynsa-da, gandöküşikli, ähli nejislikleriň tarapdarlaryny şeýle işlerden el çekdirip bilmändigem tragediýanyň üsti bilen tomaşaça ýetirilipdir.
U.Şekspir tragediýalar bilen bir hatarda yzygiderli komediýa žanrynada ýüzlenipdir. Onuň "Ýalňyşlyk komediýasy” (1592) "Nadaranyň nogtalanmagy” (1593) komediýalarynda halk adatlaryny açyp görkezýän gödek farslary, "komizmi” ýitilik bilen ulanylypdyr. U.Şekspir şol ýyllarda şahyr hökmünde-de çykyş etmek bilen "Wenera we Adonis” (Wenera-Zöhre ýyldyzy. Bu ýerde gyzyň ady. 1593), "Lukresiýa” (1594) poemalaryny we ilkinji "Sonetler” çemenini döredipdir. Bu zatlara garamazdan oňa şahyr hökmünde seredilmän, teatr üçin ýazýan professional dramaturg hökmünde garalypdyr.
U.Şekspiriň "Lord-kamergeriň hyzmatkärleri” (1595-1590) atly teatr truppasyna goşulmagy bilen onuň çeperlilik taýdan ösendigini öňe sürýärler. Şol bir wagtyň özünde-de öz zamandaşlary bolan ýaşuly dramaturglaryň döredijiligindenem geregiçe susup alyp bilendiginem belläp geçýärler. Dogrudanam, U.Şekspir öz dramaturgiýasynda dramaturgiýanyň ähli serişdelerinden, şahyrana dil baýlygyndan ussatlarça peýdalanmagy başarandygy-ny Şekspiri öwrenijileriň ählisem tassyklaýar.
U.Şekspir dürli žanrlarda pýesa ýazmak bilen ol taryhy žanrlara has köp ýüzlenipdir. Onuň "Riçard III” (1595), "Korol Jon” (1596), "Genrih IV” (birinji bölümi 1597 ý, ikinji bölümi 1598), "Genrih V” (1599) pýesalary düýp mazmuny boýunça döwletiň bitewiligini saklamak mazmuna ýugrulan bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde-de ýurdy dolandyrýan korolyñ (monarhyň) döwlet baştutanynyň diňe öz bähbitlerini göz öňünde tutman, ilkinji nobatda öz gol astyndaky raýatlaryň bähbitlerini goramalydygyny, şol raýatlar bolmasa onuň hiç kimdigini öz taryhy pýesalarynda ýatladyp durupdyr. U.Şekspir öňe sürmelerini ilki bilen Angliýada höküm sürýän şanyň edýän hereketlerini yzarlamakdan, kesgitlemekden we ony özüçe pikir eleginden geçirip drama eseniniň personažlary hökmünde pýesa salmakdan ybarat bolupdyr. Şeýle ýagdaýda onuň personažlarynyň ýurdyň syýasatyny, bolup geçýän gapma-garşylyklary dramaturgiýanyň çylşyrymly serişdeleriniň üsti bilen berip bilmegi tomaşaçyda uly duýgyny döretmek arkaly tomaşaçyny özbaşdak çuňňur pikirlenmäge çagyrypdyr. U.Şekspir Angliýanyň syýasy gurluşyna ýüzlenmek bilen ýurtda bolup geçýän dürli garaýyşlaryň, dürli jemgyýetçilik akymlaryň, dürli ýagdaýlarda, dürli wagtlarda ýüze çy-kandygyny we çykýandygyny tomaşaça ýetirip bilipdir.
U.Şekspiriň taryhyň awanssenasyna dramada hereket edýän şany, oňa golaý personažlary çykaryp olaryň her birine şahsy häsiýet bermesi adamlarda şanyň we oňa golaý adamlaryň gylyk-häsiýetlerini açmaga tomaşaçyny mejbur edýän halatlaram az bolmandyr. Sahna giňişliginde Riçard-III, Genrih V ýaly şahslary çykarmak bilen ol adamkärçiligiň we zalymlygyň arasyny tomaşaçynyň aňynda açyp bilmegini isläpdir. Şolar ýaly-da, "Riçard II” we "Genrih V” dramalarynda gahryman-rysarlar Toboldyň, Glosteriň, Fokenbrijiň keşplerini sahna çykarmak bilen ol öz ýurdyny söýýän, ýurdy üçin jan bermäge taýyn ogullaryňam bardygyny tomaşaçynyň bilmegini isläpdir.
U.Şekspiriň pýesalarynyň "plebeý” (oýunlary) ýaly uly köpçülik üçin ni-ýetlemegem belli bir derejede tesirini ýeriripdir. U.Şekspir dünýä edebiýatynda ilkinjileriň biri bolup taryhda halkyň uly rol oýnandygyny, taryhy wakala-ryň üsti bilen olaryň-halkyň ýurduň hökümdaryna, onuň gapdalyndaky dworýanlar gatlagyna bolan gatnaşyklarynyň biri-birine düýbünden çapraz gelýändigini açmakda oňa uly rol degişli bolup galýar. Hat-da, ol "Genrih VI” dramasynyň 2-nji bölüminde halk gozgalaňynyň näme sebäpden emele gelýändiginem suratlandyrypdyr. Ol özüniň köp eserlerinde daýhanlar gatlagynyň gozgalaňlara bolan ymtylyşlaryny görkezse-de, gozgalaňlaryň ýyrtyjylyga meňzeş taraplarynam ýazgarmagam başarypdyr. Şeýle ýagdaýlaryň söweşe taýýar keçjal dworýanlaryň öz bähbitleri üçin şalygyň garşysyna aýaga galmaga taýýar pursatlarynam tomaşaça ýetirmegi ussatlyk bilen başarypdyr.
U.Şekspiriň dramaturgiýasynda "Genrih IV” pýesasy onuň çürbaşy hasaplanýan eserleriniň biri hökmünde dünýä dramaturgiýasyna girdi. Onuň dünýä belli bu eserinde ýurduň bütewüligini saklajak bolýan şanyň we feodal gatlagyň ýurdy bölmäge taýýar toparynyň (separatizmiň) ýurda salýan agramynam açyp bilipdir. Sahnada aşak düşen rysar Falstafa we onuň tarapdarlary özlerini hakyky döwlet adamlary edip görkezjek bolmalarynyň, hondanbärsi ahlaga ýüz urmalarynyň üstünden gülünýär. Dramaturg bu ýerde jemgyýetiň gapma-garşylyklaryny açyp görkezmek arkaly sosial gat-lagyň gahar-gazabynyň ýokarydygyny bilsede ýurtda höküm sürýän şalygyň, (monarhyýanyň), absolýutizmiň (ýurduň ýeke adam tarapyndan edara edilmegi) ýeke-täk güýçdigine ynanypdyr. Diňe şeýle güýjüňem feodallar tarapyndan edilýän zorluklaryň, eden-etdilikleriň soňyna çykyp ýurtda kada-kanunyň saklanmagyna getirjekdigine bil baglapdyr.
U.Şekspiriň irki eserleri bolan üç bölümden ybarat "Genrig VI we "Riçard III” pýesalary "ganly tragediýa” degişli bolup, zalymlyklardan, gorkunçlyklardan doly bolanam bolsa, "Korol Jonynda”, aýratynam "Riçard II” pýesasynda gahrymanlaryň "içki tragediýalaryny” dogruçyllyk bilen açmaga ym-tylypdyr. "Genrih IV” pýesasynda baş personažlaryň biri Gotsperiň tragik ykbaly yzarlanylýar. Şol pýesanyň beýleki bir gahrymany bolan pese gaçan rissaryň, hondanbärsi ahlagyny özüne siňdiren Falstafanyň üstünden tomaşaçynyň gülmeginem gazanypdyr. Onuň "Genrih V” pýesasy epiki-gahrymançylyk ugra ýol çekmek bilen hakyky "şekspirçilik” realizmdan ugur alypdyr. Bu eserde-de "falstafançylyk” personažlaryň üsti açylyp, tomaşaçyny özbaşdak pikirlenmäge çagyrypdyr.
U.Şekspiň komediýa ýazmakdaky ikinji galkynyşy atlandyrylýan döwründe "Iki Weronly” (1594), Miwesiz söýgi” (1594), "Tomus gijesidäki düýş” (1595), "Wenesian söwdagäri” (1596), "Hiç zat ýok ýerinden galmagal” (1597), "Heýwere keseline ýolugan Windzorly gyz” (1598), "Bu Size nähili ýararka?” (1599), "On ikinji gije, ýa-da eger size gerek bolsa” (1600) pýesalary Aruwçyllyk eýýamynyň aýdyň ruhlandyryjysy bolup hyzmat edipdir. Bu pýesalaryň köp bölegi ýaş ýigitleriň we gyzlaryň öz söýgüsini, bagtyny tapmak ugrundaky gözleglerinden ybarat bolupdyr. Şeýle gözlegler öz içine söýgini, gabanjaňlygy, wepalylygy, üýtgäp durýan duýgyny şahyranalyk bilen bermegi ynandyrjylyk bilen sahna çykarylypdyr. Şeýle pýesalaryň käbirleri nika toýlary üçin ýazylyp nikalaşýanlaryň toýlarynda görkezilipdir. Şeýle pýesalaryň sýužetleri Angliýada öňden gelýän toý adat-lary, maý aýynda geçirilýän baýramçylyklar, Isa pygamberiň doglan gününi belläp eçmeklik, daýhanlaryň we ýewreýleriň "pasha” baýramçylyklary, köçe karnawallary ýaly halka golaý zatlar bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu baýramçylyk pýesalary iki dürli personažlara bölünipdirlr. Şol personažlaryň bir bölegi özlerini şäherliler, beýleki bölegi bolsa oba ýaşlary edip görkezmek bilen tomaşaçylary güldürmek üçin samsyklaç hereketleri etmeli bolupdyrlar.
U.Şekspir komediýalaryndaky birnäçe gahrymanlaryny açyk göwünli, ak ýürekli suratlandyrsa, birnäçesni ikiýüzli, agyp-dönüp duran, bihaýa hökmünde suratlandyrypdyr. Şeýle suratlandyrma "On iki gije, ýa-da Eger size gerek bolsa” pýesasynda Malwolonyň keşbiniň üsti bilen berilipdir. "Wenesian söwdagäri” komediýasyndaky personažlaryň biri bolan Şeýlok açgöz, süýthor edilip görkezilýär. Muňa garamazdan Şeýlogyň keşbi çylşyrymly we köp taraply. A.S.Puşkiniň bellemegine görä: "Şeýlok gysganç, ýiti üşükli, ar alyjy, hamrak, ýiti akylly”. U.Şekspiriň "Iki Weronlysynda”- Laus we Spid, "Wenesianly söwdagärinde”- Lanselot, "Bu Size nähili ýararkasynda?”- Oselok, "On iki gije, ýa- da Eger size gerek bolsasynda”- Feste ýaly personažlary komikleriň we masgarabazlaryň keşplerini örän ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Umuman, U.Şekspiriň pýesalaryndaky Gadymy professiýany özlerine kär edinen personažlaryň yzlaryny dowam etdirijiler - gapy masgarabazlary, ýarmarkalarda çykyş edýän aktýor "poteşnikleri” ("Poteha”- teatr manyny aňladýar) kämil gumanistik degişmeleri çuňňur kinaýa bilen berip bilipdirler. Olar bolup geçýän ýagdaýlary, wakalary ýiti sözlüligiň, ýiti gülkiniň üsti bilenem düşündirmekligi başarypdyrlar. Şol ýagdaýda U.Şekspir her bir degişmäni öz öwüşgini, liriki hilegär labyzlylygy bilen bermäni ussatlarça başarypdyr. Ol şeýle eteklik bilen durmuş ýaşaýşynyň çuň ruhda, ýokary ynsanperwerçilikde bolmagyny öňe sürüp, ähli gerekmejek akyl öwredijiliklerden azat etmek, geljege bolan ynamyň gelip ýetjekdigini öz pýesalaryndaky personažlaryň üsti bilen beripdir.
U.Şekspiriň geljege bolan ynamy açýan "Romeo we Džulletta” tragediýasynda iki ýaş juwanyň söýgüleriniň arasyndaky dörän maşgala dawalarynyň olaryň ölümine alyp barsada, parahatlyga, dostluga bolan ynam dabaralanýar. Bu zatlara garamazdan XVI asyryň aýaklarynda Angliýada jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň agyrlaşmagy bilen U.Şekspiriň döredijiliginde dünýägaraýyşlaryň garaňkylaşmagy, agyrlaşmagy peýda bolup ugrapdyr. Ol ynsanperwerçilikli ideýalara bolan ynamyny ýitirip ugrapdyr. Buržuaz gatnaşyklaryň ýurtda düýpli ýer tutup ugramagy bilen U.Şekspir döwrüň-jemgyýetiň talap edýän ruhuna ýüzlenmeli bolýar. Ol adamzadyň uzak asyrlardan bäri dowam edip gelen tragediýalaryna baş urýar. Feodalizmiň kapitalizme tarap geçiş döwrüniň başlanmagy bilen jemgyýetçilik garaýyşlar düýpgöter üýtgeýär. U.Şekspirem şu geçiş döwründe öz ähli çeperçilik güýjüni tragediýalaryna tarap ugrukdyrýar.
U.Şekspiriň "Ýuliý Sezar” (1599) tragediýasynda ýeke-täk hökmürowanlyga (absolýutizme. Sözlüge seret.) bolan pikiri düýpgöter üýtgäpdir. Ol bu ýerde Ýuliý Sezary ýeketäk hökmirowanlykda, zalymlykda aýyplap, jemgyýetçilik ideallardan halk köpçüliginiň henizler daşdadyny belläpdir.
U.Şekspiriň dünýäni tragik ýagdaýda kabul edişiniň üçünji eýýamy (1600-1608) başlanýar. Ol şol döwürde özüniň çürbaşy hasaplanýan eserleri "Gamlet” (1601), "Otello” (1604), "Korol Lir” (1605), "Makbet” (1606), "Antoniý we Kleopatriýa” (1607), "Koriolan” (1607), "Timon Afinskiý (1608) tragediýalaryny döredipdir. Şu tragedilaryň mazmunynyň döremeginde Şekspiriň öz belleýşi ýaly, "Korol Liriň” personaži Glosteriň: "Söýgi sowaşýar, dostluk peselýär, ähli ýerde dogan-dogany öldürilişik” diýýän sözleri ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir.
U.Şekspir özüniň irki - 1600-njy ýyla çenli ýazan pýesalarynda tragediýalaryň adamlaryň başyna inen apat hökmündäki bir zatdygyny tassyklamak bilen ondan gaça durupdyr. Şol bir wagtyň özünde-de tragediýalaryň gözbaşynyň şöhratparazçylykly, ýyrtyjylykly zalymlykdan alyp gaýydýandygyna-da doly göz ýetiripdir. "Romeo we Žuletta” tragediýasynda durmuşyň käbir içki ýagdaýlarynda kök uran adatlaryň dowam edip gelmegi sebäpli, şol sebäpdenem hiç günäsiz ýaşlaryň şonuň pidasy bolýandygynyň kökleriniň düşünişmezliklerden gelip çykýandygynam eserde açyp bilipdir. U.Şeks-piriň kämil tragediýalarynda daşymyzy gurşap alan älemdäki gabat gelýän gahrymanlaryň içki duýgylarynyň gapma-garşy häsiýetleriniň döreýän tragediýalaryň gözbaşy bolýandygam açypdyr. Onuň "Gamletinde”- Gamlet yrga, iki göwünli, ikirjeňlenýän, "Otellosynda”- Otello gereginden artyk howlukmaç, "Korol Lirinde”- Lir gahar-gazaply, göçgünli, "Makbedinde”- Makbet artykmaç şöhratparazlyga ýüz urup, şonyňam pidasy bolýar, "Antoniý we Kleopatrasynda”- bular haýsy ugra, ýurtda bolup geçýän syýasatamy ýa-da özleriniň içki duýgylarynyň isleginemi? Baslyp çykmakdan ejiz gelýärler, "Koriolanynda”- Koriolany onuň gedemligi, halka bolan ýirgenji hasaplaýar, "Timon Afinskisinde”- Timonyň gereginden artyk sahylygy başyna ýetýär.
U.Şekspiriň tragik gahrymanlary durmuşyň çuňňur gapma-garşylyklaryny suratlandyrmak netijesinde adam aňynyň syrlarynyň içine girmegi başarýar. Has dogrysy, onuň gahrymanlary uzak geçmişiň millionlarça nesilleriniň ruhy tejribesini gaýtalaýar. U.Şekspiriň gahrymanlary öz häsiýetleri boýunça güýçli, ägirt bolmak bilen Galkynyş eýýamynyň şahsiýetlerine golaýlaşýar. Şol bir wagtyň özünde-de olar bir bütewi personažlar bolman gapma-garşylyklary öz keşplerine siňdirýär. U.Şekpiriň personažlary tragediýanyň gahrymanlary bolmak bilen olar diňe öz dünäsiniň ykbalyna, emrine boýun bolýarlar. Olar hiç wagt ýeňilmeýärler, öz boluşlaryndan üýtgemeýärler, şol boluşlarynada ölüp gidýärler. U.Şekspiriň gahrymanlary dünýäniň gurluşyna doly göz ýetirmek bilen olaryň özara çaknyşyklary, gapma-garşylyklary dogry we doly görnüp duranam bolsa, olar ähli zatlary özlerine tabyn etmek dogrusynda göreşe taýyn bolup durýarlar. Gahrymanlaryň özara çaknyşyklarynda nähilidir bir göze görünmeýän güýç olary iteleýär. "Gamletde”- Gamleti hyýaly arwah-jyn, "Makbetde”- Makbeti albasty, arwah, "Ýuliý Sezarda”- Ýuliý Sezary haýsydyr bir göze görünmeýän kölege gahrymanyň aňynda peýda bolup ony gerekli ugra tarap ugrukdyrýar. Umuman, U.Şekspiriň gahrymalary nähilidir göze görünmeýän syrlaryň tasirinden çykyp bilenoklar. Şu ýerdenem onuň gahrymanlary tragediýanyň syrlaryny düşün-dirmekden ejiz gelýärler.
"Gamletde” döwleti we syýasy ýagdaýy zor bilen eliňde saklamak, gylyk-häsiýetleri we nesil yzarlap ar almaklyk, söýgä bolan ynamy we dostlugy saklamak, oňşuksyzlyk pikirleri we ony herekete getirmek ýaly sýužetle-riň zynjyr halkasy ýaly düzülip gidýändigi gökezilip, tragediýanyň esasy personažyny ölüme itekleýändigini eserde görmek bolýar. Eserde gahrymanyň häsiýetindäki meselede ol bir görseňä hiç hili hereketsiz, bir görseňem ähli zada gatyşyp ýör, bir görseňem hasratda, bir görseňem özüni durmuşdaky göreşde mertlerçe alyp barýar. Tomaşaçyda bolsa, ol öz öňünde goýan maksadyna haçan ýeterkän diýen umyt ör-aýagyna galýar.
"Otelloda” bolsa,gazaplylyk we bahylçylyk ýokary derejä baryp ýetýär. Eseriň esasy personažlarynyň biri Ýago aç gözlüligi, betnebis maksatlary, rehimsizligi bilen ynsanperwerçilikli, rehimdar mawryň - Otellonyň garşysyna hile guraýar. Bu ýerde iki adamyň häsiýetlerini öňe sürmek bilen Ýagonyň "sowuk şemal” ýaly hilegärligini tomaşaça ýetirýär. U.Şekspir döwrüň häsi-ýetlerini açyp görkezmek arkaly ýurtda dowam edýän gahary we gowulygy çaknyşdyrýar. Baş gahrymanlaryň üsti bilen ilki durmuş jemgyýetinde bolup geçen özüňi goramaklygy (instinkti) we medeniýeti, siwilizasiýany (siwilizasiýa - jemgyýetiň, medeniýetiň ösüşi), joşgunlylygy we akyl-paýhasy, adamlara bolan ynamy we gabanjaňlygy çaknyşdyrýar. Netijede, Otello adamçylygyň ýokary derejesine ýetjek bolup, adamçylygyň çäginden çykýan işe baş urýar.
"Korol Lirde” döwletiň bütewüligini, jegyýetiň dargamazlygyny saklamak meselesi öňe sürülýär. Bu ýagdaý aýrybaşgalamak (indiwid - aýry başgalaşdyrmak. Sözlüge seret.) arkaly orta atylýar. Pýesada her kim hemme-leriň garşysyna aýaga galmak bilen birek-birege uruş yglan edýär. Şeýle ýagdaýy U.Şerkspir ösen buržuaz jemgyýetiniň häsiýetleriniň üsti bilen beýan etmäge çalyşýar. Ol şeýle ýagdaýyň döwleti heläk, weýran edijilikli ýagdaýa alyp barjakdygyny welilik bilen beýan edipdir. Bu tragediýa doly üns berseň "patriarhal” eýýamyndan galan geçmişiň sapaklarynyň henizem dowam edýändiginden Liriň gahar gazabynyň, özygtyýarlylygynyň esasy bolup durýar. Tragediýada dünýädäki ähli zatlar garyşyp, adamlar nirädir bir ýerlere howlugyp, joşgunlylyk, hyjuwlylyk bilen gyşarnyksyz öz ölümlerine go-laýlaşýarlar. Olar günälimi, günäsiz öz ykballaryny özleri taplaýarlar.
"Makbetde-de” ýokardaky bellänlerimiz dowam etdirilip, Makbet şalyk täji üçin ähli tagallalary edýär. Makbet üçin ýokary dereje adamçylyk dälde, şalyk. Ol şol derejäni saklamak üçin adamlary aldygyna gyrýar. Makbet ýokary derejä ýeteni bilenem halky gyrmagyny dowam etdirýär. Oňa we şeýle ýoldan çykmaklyk başartmaýar. Ol hökmürowanlyk üçin ömrüniň ahyryna çenli göreşýär, şeýle göreşler oňa hiç hili rahatlyk bermeýär. Netijede, hem-meleriň gargyşy onuň ölümine getirýär.
"Antoniýa we Kleopatroda” hyjuwlylyk garaňky hemde agyp-dönüp duran ýagdaýda. Göräýmäge olar biri-birini söýýänem bolsalar, olar özleriniň syýasy isleglerini aýratynlykda saklaýarlar. Olar döwleti berkitmek mak-sady bilen öz janlaryny pida etselerem, ölümiň öň ýanynda söýgüden başga beýik zadyň ýokdugyna göz ýetiripdirler.
"Koriolanada” bolsa, şahsy bähbit we halkyň bähbidi aýry-aýry zatlar bolup iki sany çözgüt öňe çykýar. Bu ýerde öňe çykýan çözgütleriň biri eseriň esasy gahrymany Koriolan, ikinjisi bolsa, "plebeýlere” ("Plebeý”- aşaky gatlakdan bolan, syýasy taýdan hukuksyz adamlaryň köpçüligi. Sözlüge seret.) degişli. U.Şekspiriň aýtmagyna görä özüni halkdan üzňe alyp barýan beýik şahsyýetiň tragediýasy, bu özüne gerekli ýolbaşçyny tapyp bilmedik halkyň tragediýasy.
"Timon Afinskide” U.Şekspir bütinleý döwletiň we belli-belli adamlaryň özlerine kimleriň ýürekden hyzmat edýändikleriniň gadryny bilmezliklerini açyp görkezýär. Adamlara altyn (pul) we wezipe (hökmürowanlyk) bolsa bolany, galan zatlar olary gyzyklandyrmaýar. Hökmürowanlyk ähli taraplaýyn, hemmeler tarapyndan hormatlanylýar. Altyn (pul) bolsa, adamlary äh-li nejislikleriň öňünde baş egmäge, dyza çökmäge mejbur edýär. Ähli ýerde ýyrtyjylyk höküm sürýär. Adamlar biri-birinden ogurlaýar. Adalatsyz dünýä-de adamlar tozanjyga öwrülýärler.
U.Şekspiriň ýokarda bellän döwrümizdäki döreden komediýalarynada bir hili gara öwüşgin çaýlylan ýaly bolupdyr. "Täjiň soňy” ("Şa täji"-1603), "Ölçeg üçin ölçeg” (1602), "Troil we Kressida” (1602) komediýalary "gara öwüşginli” komediýalar hasaplanypdyr. Komediýalarda döwrüň sosial ýagdaýlary çuňluk bilen yzarlanyp, meseleleri dramanyň üsti bilen çözmäge çalşypdyr. "Täjiň soňy” komediýasynda deňsizlik dogrusynda jedel orta atylýar. Şu ýerde U.Şekspiriň öňe sürmegine görä, adamlaryň bahasy onuň ynsanperwerçiligi, akly, ýüregi, gelip çykyşy bilen ölçelmän, onuň wezipesi, tutýan orny bilen ölçenilýär. "Ölçeg üçin ölçeg” komediýasynda diri adamlary adam hasaplamaýan kanunçylyk we adamçylyk, goragsyz deňsizlik we rehimsiz howaýy kanunlar meseleleri öňe sürülýär. Häkimýet wekilleriniň ikiýüzliligi, sähel zat üçin garamaýak halka jeza berişleri, öz edýän günälerini, kanun bozmalaryny bolsa aňsatlyk bilen geçýändiklerini açyp görkezýär. "Troil we Kressi” pýesasynda esasy mazmunyň çylşyrymlylygy umumylykda beýan edilýär. Ýurtda käbir şahsyýetleriň "wyždanyny, namysyny” goramak üçin döwletiň güýjüne daýanmak, urşa ýüz urmaklygyň döwlet üçin bahasyna ýetip bolmajak agyrlykdygyny gozgaýar. Pýesada döwletiň bar baýlygynyň adamdygyny, şol baýlygyňam uruş zerarly gyrylýandygyny, olaryň dürli howplara duçar bolýandygyny görkezmek bilen şeýle zalymlyk-laryň bimanydygyny filosofiki nukdaý nazardan çözmäge çalyşýar. U.Şeks-pir özniň iň agyr tragediýalarynda-da söýgi meselesini orta oklamak bilen adamyň ynamyny, ruhy dünýäsini ösdürmäge çagyrýar.
U.Şekspiriň 1609-1613-nji ýyllar aralygy onuň döredijiliginiň dördünji galkynyş döwri hasaplanýar. Şol döwürlerde onuň ýazan pýesalary nähili agyr tragik ýagdaýlary ("Genrih VIII" pýesadan başgasy. 1613 ý. Käbir Şekspiri öwreniji alymlaryň ýazmaklaryna göra, bu pýesa J.Fletçer bilen bilelikde ýazylan hasaplanýar) öz içine alsa-da soňy gowulyk bilen tamamlanýar. Ýokarda adyny bellän "Genrih VIII” käbir alymlaryň aýtmaklaryna görä pýesada onuň dünýä akyl ýetirişem, onuň dramaturgiýany döret-mekdäki görnüşem üýtgeşik (transformasiýa geçen) hasaplanýar. U.Şekspir ýokarda bellän döwrümizde ol öz dramaturgiýasynda arzuwçyllyk we tragi-komediýa žanrlaryna baş urupdyr. Onuň "Perikl” (1608 ý. Bu pýesada-da ýokarda adyny bellän J.Fletçeriň goşandy bar ýa-da bilelikde ýazypdyr diýen çaklamalaram bar.) "Simbelin” (1610), "Gyş ertekisi” (1611), "Tupan” (1612) pýesalary durmuşy hakykatdan daşda bolup, hilegärçilikli (awantýura) häsiýete eýe bolupdyr. Şu edýän belligimiz onuň "Tupan” pýesasynda has-da häsiýetli. Pýesanyň köp gahrymanlarynyň hereketleri "simwoliki” (toý däp-dessurlarynda gabat gelýän hereketler. Sözlüge seret.) häsiýetlere eýe bolupdyr. Pýesada gahrymanlar tragediýalara mahsus bolan özleriniň psihologik çuňlugyny ýitirýär. Keşpleriň mazmuny drama hereketleriniň we gahrymanlaryň şahyrana sözleýişleriniň üsti bilen tomaşaça ýetirilýär. Şeýlelikde, bu ýagdaý öňki eserlere garanyňda täzeçe pikirlenmäni öňe sürýär. "Simbeli” pýesasynda maşgalanyň zalymlygyň sebäpli dargaýşy görkezilse, "Gyş ertekisinde” gabanjaňlyk we biwepalylyk görkezilýär . "Tupanynda” bolsa, adamlaryň dünýä garaýyşlaryny jemlemek bilen U.Şekspir "palçylyk” we ylym barada söz açyp, ylmyň, gowulygyň elmydama dabaralanýandygyny, ähli kynçylyklary ýeňip geçýändigini ynsanperwerçilikli häsiýetleriň üsti bilen suratlandyrýar.
U.Şekspiriň döredijiligi Giçki Galkynyş eýýamynda ähli Ýewropada Iň ýokary derejä galmagy başarypdyr. Onuň döredijiligi Renessanas eýýamynyň klassisizm elementlerini özünde jemleýär. "Riçard III” tragediýasynyň dramaturg Senekiniň döredijiligine, "Ýalňyşlyk komediýasynyň” Plawtyň döredijiligine täsirlenme esasynda doredilendigi alymlar tarapyndan bellenilip geçilýär. Onuň "Iki Weronsli” komediýasyndan "On ikinji gije, ýa-da Size gerek bolsa” komediýasy aralykda ýazan komedi-ýalary Arzuwçyllyk, "Tomus gijesindäki düýş”, "Tupan” komediýalary hyýalylyga, "Bu Size nähili ýararka”, "Gyş ertekisi” komediýalary "pastorol” žanryna ýykgyn edipdir. Ýokarda bellän pýesalarymyz haýsy žanra ýykgyn edýändigine garamazdan many we çeperçilik taýdan poetik realizme degişliliginde galmak bilen onuň ähli eserleri durmuş hakykatyna ýykgyn edipdir. U.Şekspiriň eserleri arzuwçyllygy, hyýalylygy, göçme many-lylygy, şertleýinligi, görünmeýän hadysalary öz uçine alsada, olaryň esasy durmuşyň baýlygy bolupdyr. U.Şekspiriň eserlerinde "naturalizmiň” käbir owunjak elementleri gabat gelsede, onuň eserlerindäki durmuş hakykaty beýikligne galmak bilen "şekspirçilik” realizm "naturalizm” akymyndan ju-da uzakda bolupdyr. Ol eserleriniň aýdyňlygyny doly açmak üçin hiç zatdan çekinmändir.
U.Şekspiriň dilem özüniň baýlygy bilen tapawutlanypdyr. Onuň eserlerindäki ulanan sözleriniň sany 15 (on bäş) müňdenem geçýär. U.Şekspiriň şahyranalygy, personažlaryň gürleýişleri, äheňleri, gepleşige baýlygy bilen tapawutlanýar. Onuň ussatlyk bilen düzýän monologlary özbaşdak ariýalara öwrülip operada çykyş edýän iki personažy ýada salypdyr. Pýesalarynda lirika XVI asyrlardaky edebiýatda ulanylan sonetlere, "kansonilara” ("Kan-soni”- Orta asyrlarda Italiýada ýüze çykan liriki goşgy düzüliş görnüşi. Sözlüge seret.), "epitalama” ("epitalama”- Gadymy greklerde we rimlilerde taze çatynjalara bagyşlanýan aýdymlar. Sözlüge seret.) ýüz urmak bilen ol pýesalarynyň tomaşaçylara bolan täsirini geregiçe güýçlendiripdir. U.Şekspir ähli eserlerini ak goşgy görnüşinde ýazmak netijesinde pýesanyň çeýeligini, tebigylygyny saklamaklygam başarypdyr. Onuň eserleri bir tarapdan beýikligini saklap, personažlaryň gepleşigindäki şygyrýet joşgunlylygam ýokarlandyrylypdyr. Beýleki tarapdan bolsa, janly gepleşik äheňlerini saklap gündelik gepleşigem ussatlyk bilen ulanypdyr.
U.Şekspiriň dramaturgiýasy hemme tomaşaçylar üçin tomaşa etmäge mümkinçiligi bolan meýdançada gurlan sekileriň üstünde emele gelmek bilen sahna tehnikasyndan başlap öz ösüş ýoluna gadam basýar. Şol döwürlerde dramaturgyň pýesalary açyk meýdançalarda, gapylarda guralýan sekileriň üstçnde sanhna bezegsiz oýnalmak üçin ýazylypdyr. Kähalatlarda görkezilýän oýnuň manysyny we wakalaryň bolup geçýän ýerlerini alamatlandyrmak maksady bilen ýönekeýje butoforlar ulanylypdyr. Bu ýerde esasan pýesalaryň personažlarynyň gepleşiginiň, edýän hereketleriniň üsti bilen to-maşaça eserde öňe sürülýän mazmun ýetirilipdir. Sahna çykarylýan pýesa-nyň her bölümi aktýorlaryň sahnadan çykyp gitmeleri we dolanyp gelmeleri bilen aňladylypdyr. Sahnada peýda bolýan her "epizod” ("Epizod"- kinoda ýa-da spektaklda bolup geçýän kiçijik waka. Sözlüge seret.) sahnada görkezilende meýdança ýa-da sekiniň üstüne spektaklda hereket edýän başga aktýorlar çykypdyr. Sahna çykarylýan şol personažlaryň atlaryny aktýorla-ryň gürrüňinden aňmak bolupdyr. Olaryň durmuşda tutýan orunlary bolsa, egin-eşikleri we şol wakalara, hadysalara degişli "aksessuarlar” ("Aksessu-ar”- ýagdaýy, hadysalary döredýän ikinji derejeli zadyň teatr, sahna enjamlary bilen üstüniň ýetirilmegi. Sözlüge seret.) arkaly aňladylypdyr. Olaryň egin-eşikleri häzirki zaman eşiklerine meňzeş bolmak bilen kähalatlarda şertleýin taryhy eşiklerem ulanylypdyr. Her "epizodda” sahna taze perso-nažlar çykarylsada spektalda esasi ýeri spektaklda hereket edýän aktýorlar eýeläpdirler.
U.Şekspir öz ýazýan pýesalaryny belli-belli aktýorlar üçin ýazypdyr. Ol pýesada haýsy aktýoryň oýnamalydygyny göz öňünde tutsa, şol aktýoryň göwresini, boýuny, saçynyň reňkine çenli ýazyp görkezipdir. U.Şekspir ýazýan pýesalarynda ulanýan "remarkolarynda” ("Remarko”- teatr pýsalaryn-da ýaýyň içinde ýazylýan düşündiriş. Sözlüge seret.) köp sanly düşündirişlerem ýazypdyr. Şol düşündirişler režissýorlyk görkezme bolmak bilen aktýorlaryň sahnada özlerini nähili alyp barmalydygyna uly kömek bolupdyr.
U.Şekspir sahnada bolup geçýän hereketiň yzyny üzmezden dürli "epizodlary” ("Epizod”- bellik ýokarda) salypdyr. Ol beýle etmek bilen tomaşaçyny dartgynly ýagdaýda saklamaklygy göz öňünde tutupdyr. U.Şekspir sahnada komediýalaryň arasynda joşgunly çäk goýmak bilen sahna hereketini bir ýerden başga ýere geçirmek arkaly, sahnada täze hereket edýän personažlaryň peýda bolmagynam gazanypdyr. Onuň ähli pýesalarynda diýen ýaly esasy mazmundan, esasy hereketden başgada,başa-baş dalaşlar, aýdym-lar, tanslar, sazlar ulanylypdyr. Umuman onuň pýesalarynda şol döwürde sahnada ulanyp bolaýjak ähli serişdelerden pedalanylypdyr. Onuň pýesalarynda ilkinji nobatda ussatlyk bilen ulanylýan sahna dili bolupdyr. Şeýle hem, pýesalardaky ulanylýan şahyrana monologlar daşky görnüşi boýunça ähli tebigylygyny saklan, ýüz-gözüň we beýleki hereketleriň örän dogruçyllyk berilmegi hökmany hasaplanypdyr.
U.Şekspiriň pýesalary ýuwaş-ýuwaşdan dünýä teatrlarynyň repertuarlaryna ýaýrap, olaryň ykbaly ähli teatrlaryň taryhy bilen golaý aragatnaşykda bolupdyr. Muňa garamazdan Angliýada bolup geçýän "puritançylyk” ("Puritançylyk”- iňlis dilinde puritans, giçki latyn dilinden alynan. purtis-arassalamak. Sözlüge seret.) hereketi teatrlaryň ýapylmagyna getirýär. Bu ýagdaý 1642-nji ýyldan soň, ýigrimi ýyllap dowam edipdir. Şondan soň U.Şekspiriň pýesalaryny sahna çykarmaklyga rugsat edilipdir. Emma, şol pýesalar tomaşaçylaryň täze isleglerine görä diýmek bilen üýtgedilipdir. J.Draýden, U.Dawenant Şekspiriň eserlerini sahypama-sahypa üýtgedip, pýesadaky häsiýetleri, şertleýin hereketleri özleriçe ýazyp, diňe dramaturgiýada gabat gelýän garyşyklygy saklapdyrlar. Hat-da, pýesalara girizilen "faýabylaram” ("faýaby”- basnýa, erteki) üýtgetmekden çekinmändirler. Mysal üçin N.Teýt "Korol Liriň jemleýji (gutardyş) völümini üýtgedipdir. Edgar bolsa, Liri täze-den şa kürsüsinde oturdip, ony Kordeliýa öýlendirär. U.Şekspiri özleriçe üýtgetmeklik 1832-nji ýyla çenli dowam etdirilipdir. U.Şekspiri üýtgedijiler ony "magaryflaşdyryş” ahlaklyga salyp, zalymlykdan hoşniýetliligiň üstün çykýandygyny düşündirjek bolupdyrlar. U.Şekspiriň pýesalaryny üýtgetmeklik XVIII asyryň ortalaryna çenli dowam edipdir. Dramaturg D.Garrik U.Şekspiriň eserlerini Iňlis sahnasynda XVIII asyryň ortalarynda dikeldipdir. U.Şekspiriň pýesalaryny Fransiýada dramaturglar J.Dýusi, P.Leturnýor tarapyndan, Germaniýada Wilandanyň ýerine düşen terjimesi esasynda teatr tankytçysy G.E.Lessing tarapyndan doly dikeldilipdir. Şeýlelikde, U.Şekspiriň pýesalary uly meşhurlyga eýe bolmak bilen onuň dramaturgiýasy iň ýokary derejeli nusgalyk bolup hyzmat etmäge başlaýar. XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda Iňlis sahnasyna onuň tragediýalarynyň ählisi diýen ýaly çykarylyp başlanýar. Tragediýalaryň esasy gahrymanlarynyň keşplerini akt-ýorlar Dž.Kembl, S. Siddons doretmek bilen, eseriň gahrymanlaryna täzeçe häsiýetler bermegi başarypdyrlar.
U.Şekspiriň dramaturgiýasynyň täzeçe taryhy romantizm eýýamynyň gelip ýetmegi bilen başlanýar. Aktýor E.Kin "Riçard III-de” Şeýlokanyň, "Korol Lirde” Liriň keşbini uly hyjuw bilen döredip bilipdir. U.Şekspiriň pýesalarynyň hakyky görnüşinde dikeldilmegi bilen aktýor U.Makredi we onuň birnäçe pikirdeşleri pýesalaryň dikeldilip öňki kaddyna getirilmegine garşy bolupdyrlar. Ç.Kin bolsa, sahna bezeginiň daşky taryhylygyna üýtgeşiklik girizjek bolup ýenede pýesanyň başgy ýazgysyna üýtgetme girizmekligi öňe sü-rüpdir. Şeýle öňe sürmeler sahnada durnukly bezegi sakamak üçin niýetlenen hem diýlipdir. G.Irwing tarapyndan Londanyň "Liseum” teatrynda U.Şekspiriň ähli pýesalarynyň goýulandygyna garamazdan şol teatrda-da pýesany gysgaltmak pýesalary goýujy G.Birboma Tri tarapyndan ulanylmak arkaly kulminasiýa (jemlemeklik) ýetilipdir.
U.Şekspiriň pýesalarynyň XIX asyrda Ýewropa teatrlarynda sahna çykarylyşy köpelip, şol spektakllaryň üsti bile dünýä belli aktýorlaryň we režissýorlayň uly topary ösüp ýetişipdir. Olardan Germaniýada - K.Immerman,
L.Dewriýent, K.Zeýdalman, F.Dingelştend, Fransiýada - F.Ž.Telma, Sara Berner, Ž,Mune-Sýulli ösüp ýetişipdirler. Olara öz ýurtlarynda milli teatr mekdebiniň düýbüni tutmak bilen klassyky (nusgawy) tragediýalarda ulanylan deklomasiýa görnüşini saklamak başardypdyr. Italiýada U.Şekspiriň tragediýalaryndaky ajaýyp gahrymanlaryň keşplerini beýan etmekde - T.Salwini, E. Rossi, E.Duze, Amerikada - A.Oldridž, E.Buts, Awistriýada - Ý.Kaýns uly üstünlik gazanypdyrlar. XIX-XX asyrlarda U.Şekspiriň pýesalarynda Angliýada - B.Salliwen, E.Fosit, D.Fobs-Robertson, Russiýada-P.S.Moçalow, W.A.Karatygin, A.P.Lenskiý, A.I.Ýužin, tragik-gastrolýorlar - M.W.Dalskiý, M.T.Iwanow-Kozýolskiý, P.W.Samoýlow, doganlar Adelgeýmler, N.P.Rossow çykyş edip ajaýyp keşleri döretmek bilen tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanypdyrlar.
XX asyrda U.Şekspiriň pýesalarynyň çözgüdünde, beýan edilişine ilkinji bolup, "Meýningen” teatrnyň režissýory L.Kronek garşy bolýar. Ol ähli spektakllarda sahna diňe baş keşpleri döredýänleriň hasabyna düzülmän eýsem,
ähli aktýorlar ansamblynyň hasabyna düzülmegini öňe sürýär we şol netijäni gazanýar. Iňlis režissýory U.Poel U.Şekspiriň pýesalarynyň ýazgysynyň doly saklanmagyny öňe sürmek bilen sahnada edilýän üýtgetmelere garşy çykypdyr. Ýelizawetskiý sahna jemgyýetçiliginde režissýor H.Grenwill-Barker tarapyndan sahna çykarylýan U.Şekspiriň pýesalaryny onuň öz eselerini ýazan döwrüne golaý edip sahna çykarmalydygy ündelmek bilen gerekmejek, artykmaç sahna bezeglerini aýyrmak, aktýorlaryň ýerine ýetirişlerinde deklomasiýa-suhangöýlükden (oratorlyk, dilewarlykdan) daşlaşyp, oýunda çuň, häzirki zaman psihologiýasynyň kabul edäýjek serişdelerini sahnada görkezmek ugrunda iş alyp barypdyr. U.Şekspiriň eserlerini MHT-da sahna çykarmak bilen režissýorlar K.S.Stanislawskiý we W.I.Nemirowiç-Danenko hem psihologik hakykaty, şübhesiz taryhy, ogruçyllygy öňe sürüpdirler. Mu-ňa derek, nemes režissýolary M.Reýnhardt we E.G.Kreg sahnada şertleýin-nyşanlar (simwolika) tutumlaryny öňe sürmek dogrusynda öz pikirlerini, görüşlerini beýan edipdirler. Köp taraplaýyn gözlegleriň netijesinde XX asyryň başlarynda, 1-nji Jahan urşu gutarandan soň, U.Şekspiriň eserlerine täzeden ýüzlenilipdir.
U.Şekspire täzeden ýüzlenmek Angliýada saklanyp galan ýurdyň aktýorlary- "ýyldyzlary” sahnada keşpleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň tarapdarlary bolup galypdyrlar. Şeýle talapdan ugur alan Iňlis aktýorlarynyň döreden keşpleri dünýä jemgiýetçiliginde giň gerime eýe bolupdyr. Şol aktýorlar - A.Ginness, J.Gilgud, E.Ewans, S.Torndaýk uly üstünlikden peýdalanypdyr. 50-60-njy ýyllarda bu aktýorlaryň yzyny täze ýetişen - L.Oliwýe, M. Redgrew, R.Riçardson, W.Li, M.Ewens, P.Eşkroft, P.Skofild we beýleki bir-näçe ýaş aktýorlar alyp göteripdirler. Olar tarapyndan "Old Wik” (häzirki Milli teatr, 1963 ý. bäri) teatrynyň guramaçylygyyň hasabyna sahna ansam-bly döreýär. "Şekspir memorial teatry” (Memorial- gowy arhitekturaly bina bolup, oýunlaryň, ýaryşlaryň geçirilýän ýeri) bu teatr 1961-nji ýyldan başlap "Korollygyň Şekspir memorial teatry” atlandyrlypdyr. Teatrda Angliýanyň meşhur režissýorlary P.Buk, P.Holl 60-njy ýyllarda U.Şekspiriň iň ajaýyp eserleri bolan "Korol Liri” (1963 ý. režissýory P.Buk, Liriň keşbini döreden P. Skofild), "Otellony” (1964 ý. Otellonyň keşbini döreden L.Oliwýe) sahna çykarypdyrlar. Ikinji Jahan urşundan soň, Amerikaly režissýorlar J.Barrimor, O.Uelles, K.Kornell,Fransiýaly režissýorlar Ž.L.Barro, Ž.Wilar U.Şekspiriň dünýä meşhur eserlerine ýüzlenip, tomaşaçylaryň isleglerini kanagatlandyryp dyrlar.
Täze adatlary özüne siňdiren döwrüň başlanmagy bilen U.Şekspiriň eserlerindäki psihologik düýpliligi, hakykaty, joşgunlylygy açyp bilýän sahna çözgüdine ýüzlenmek eýýamy başlanýar. "Romeo we Žulletta” (1935 ý. ,,Rewolýusiýa teatry” režissýory A.D.Popow, hudožnigi Şlepýanow, Džullet-tanyň keşbini döreden Babanowa), "Otello” (1935 ý. "Kiçi teatr” režissýory Radlow, Otellonyň keşbini döreden Ostužýew), "Korol Lir” (1935 ý. "Moskwanyň Ýewreýler teatry”, režissýory Radlow, hudožnigi Tyşler, Liriň keşbini döreden Mihoýels, masgarabaz-Zuskin) sahna çykarylan bu pýesalar şu günki güne çenli durkuny, mazmunyny üýtgetmän tomaşaçylaryň söýgüsini ga-zanyp ýörler.
U.Şekispiriň komediýalary bolan "On ikinji gije, ýa-da Eger Size gerek bolsa” (1933ý. ikinji MHAT, režissýorlary Giasintowa, Gotowsew), "Hiç zat ýok ýerinden galmagal” (1936 ý. "Wahtangow teatry”, režissýory Rapoport, Benediktiň keşbini döreden Simonow, Beatriçäň keşbini döreden Mansurowa), "Nadaranyň nogtalanmagy” (1937 ý. "STKA teatry”, režissýory A.D.Popow, hudožnigi Şifrin, Katerinanyň keşbini döreden Dobržanskaýa), "Bu Size nähili ýararka?” (1940 ý. "Ermolowa adyndaky teatry”, režissýorlary Hmelýow, Knebel, Žakyň keşbini döreden Ýakut), "Otello” (1940 ý. Aşgabadyň "Stalin adyndaky drama teatry” N.K.Tepper, Otellonyň keşbini döreden Aman Gulmämmedow) pýesalarda durmuşy dürli reňkler bilen suratlandyrmak arkaly gahrymanlaryň häsiýetlerini inçelik bilen yzarlamak arkaly tomaşaça ýetirmegi başarypdyrlar.
U.Şekspiriň tragediýalaryna bolan isleg 50-60-njy ýyllarda has-da artypdyr. "Gamlet” (1954 ý. "Maýakowskiý adyndaky teatry”, režissýory Oh-
lopkow, hudožnigi Ryndin), "Gamlet” (1954 ý. Leningradyň "Puşkin adyndaky teatrynda”, režissýory G.Kozinsew, hudožnigi Tyşler), "Ýuliý Sezar” (1958 ý. Daşkendiň "Hamza adyndaky teatry”, režissýory Ginzburg), "Gamlet” (1961 ý. Daşkendiň "Rus drama teatry”, režissýory Mihaýlow, hydožniklri Waldenberg, Uşakow, Gamletiň keşbini döreden Resepter), "Riçard III” ( 1962 ý., "Kuýbyşýewiň Drama teatry”, režissýory Monasyrskiý, hudožnigi Below, Riçardyň keşbini döreden Zasuhin), "Koriolan” (1964 ý., Tartanyň "Wanemuýne teatry”, režissýory Ird, hudožnigi Sander, Koriolanyň keşbini döreden Koppel) we beýleki tragediýalary sahnalary bezäp durmagyny şu günlerem dowam etdirip gelýärlar. Bu beýik dramaturguň eserleriniň ölmez-ýitmezliginden habar berýän beýik alamat.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 121 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 4
0
4 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Ýõne, başga zat, hemişe iñkise goýýar.. L.Tolstoý Şekspiri hiç kabul etmàndir. (Ikisi hem hormatlaýan ýazyjylarym bolansoñ, bu biraz pikirlendirýàr.)
"Şekspiriñ - dünýaniñ kõp bõleginiñ ykrar eden, teatral dünýäniñ bolsa oña uýýan dramaturgynyñ eselrerini õzüme siñdirmek ün olary iñlis, italýan, rus we kõp dilde, her ýaşda diýen ýaly okadym... ÝOK! Hiç kabul edemok. Adamlaryñ gatnaşyklaryny beýle wagşy ýagdaýda suratlandyrýan adamy,onuñ garaýyşlaryny asla kabul edemok..."
Bu Tolstoýyñ sõzleri.
Belki, Tolstoýyñ õzi adam bilen adamlaryñ, adam bilen tebigatyñ garmoniýasyny gazanmak hem õsdürmek ideýasyna gulluk edýànligi üçin şeýle pikir edendir...

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
:) Aslynda, Şekspir barada jedelli gürrüñler, wersiýalar onlarça...Emma, onuñ hristian dinine uýanlygy şubhesiz. Orta asyr döwürde ol diniñ öz içindàki gapma-garşylyklarda, taraplaryñ birinde bolup, Şekspiriñ öz garaýyşlarynyñ bolup bilmegi juda mümkin zat. Muny onuñ doreden eserlerine esaslanyp aýdýan. Drama eserleriniñ tas hemmesinde diýen ýaly hristian dininiñ bõlejigi şõhlelenip gidýä. Mysal uçin "Romeo-Źulettada" uly personažlaryñ biri Lorenso-Keramatly ata. Wakañ esli bolegi buthanada geçýä. Asla, joşgunly sahnalaryñ bir kada gelýän yeri, kõşeşdiriji, dogry netije çykarylýan ýer hõkmünde hem ol şol ýeri suratlandyrýar. Onuñ Hudaýa ynanlygyna, onda-da, hristian bolanlygyna deliller
köp. Kadir Mysyroglynyñ hem oz "tutaryklary" bardyr-da, elbetde..

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Türkleñ sähneräk bir taryhçysy bolmaly Kadir Mysyrogly öýdýän ýalñyşmasam, kellesinden osmanly şapkasyny (fesini) düşürmän gezýän, birnäçe ýyl mundan öñ "iñlislerde Şekspir diýen öñde-soñda şahyr ýok, onuñ hakyky ady Şeýh Pir atly musulman..." diýip, gaty gülkünç gürrüñi orta atypdy...

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Весь мир - театр, а люди в нем - актеры".
Шекспир.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]