12:43
Tyrkyldy / hekaýa

Şu hekaýanyň ýazylmagyna, @Myhman0430 agzaň, 23.09.2021 ýylda, 17:42-de, şu salgyda: http://kitapcy.com/news/ikimiz/2021-09-22-17476 goýan şu aşakdaky teswiri gönezlik bolup hyzmat etdi. Ilki şol teswiri goýaýyn:

ynanarsyňyzmy:

şu gün irden daňa golaý (4-5 töweregi) biri adymy tutup, gapyny kakýa. özä tanyş ses. näme bolduka diýip (bugünler bolýan zadyň köpdügini bilýänsiňiz) atylyp turdum. gapa ýetýänçämem "how, barýan" diýip gygyrdym. aý gygyrmadyk bolmagymam ahmal, çagalar-a turmady. käwagt ejem "dablennimi ölçäp ber" diýäýmesi bar. ýöne ejem gelenokda jaň edýä. garaz gapa ýetýänçäm kellämden her hili zat geçdi. gapyny açsam hiç kim ýok. howla, mellege aýlanyp gördüm. ynsa ýok, jynsam gözüme ilmedi. gulplam bolsa, adamçylyk diýip kalitkany açyp köçä çykdym. asudalyk.


TYRKYLDY

...Tyrk-tyrk...
Biraz arasy kesilýär.
Soň ýene-de gaýtalanýar.
...Tyrk-tyrk...
Soň ümsümlik.
Soň ýene-de: Tyrk-tyrk...
“Gorkunç kinodaky ýaly penjiräň aýnasyna şaha degýännir!” diýseň, olam-a dä bolýandan bolýan bolmaly. Jaýyň on ädim töwereginde bag ýok. Ýer betona basyrylan. Howlyň daşy alaň-açyk. Tutly ýap. Soňam daş düşelen köçe...
Allajanlarym, onna bu tyrkyldy nämekä?!
...Ol bu pikirini oýalykda oýlandymy ýa-da ukudaka düýşünde gördümi, aýyl-saýyl edip bilmedi. Şu alasarmyklygy, düşnüksiz tyrkyldydan beter zähresini ýardy. Ol doly ukusyndan açylmaga-da ýetişmän, allaniçigsi bolup, düşeginde dik oturdy. Köneje-de bolsa, jepakeş sowadyjy, assaja “şyg-şyglap”, gapdalky otagyň açyk gapysyndan sowujak howa üfleýär. Emma, düşegi öl-myžžyk. Köýnegem ýagyrnysyna ýelmeşip dur.
Ol ýüreginiň henizem gürsüldäp agzyndan çykaýjak bolşuna diň salyp oturyşyna, töweregine aljyraňňy nazar aýlady.
Alagaraňky içeri. Göwşüllän tutusy syrylgy penjireden daş işikdäki çyraň aksowult, süýtreňk ýagtysy düşýär.
Içki otagyň gapysynyň ýokarysynda, öýlenende sowgat berlen keýikkelle, “gadymy” diwar sagady, pessaý “şyk-şyklaýar”.
Gözüne agram salyp, siňe-siňe seretdi. Penjireden düşýän ölügsi ýagta sagadyň diliniň direnýän sanyny zordan saýgardy.
Bäşden işleýär...
Aýaly?!
Körpesi bilen diwar ikarada, bärisine bakyp, ýanyn ýatyr. Sodaja myrlaýar.
Şo taýda şeýdip ýatmasa, körpe, uklanda bijaý bimaza. Edil, özünden sähel uly agalary bilen gündizki depeşek oýnanyny az görýän dek, uzakly gije körpeçesinde-de däbşenekläp, güpürdikläp, kimdir biri bilen gyzyl-gyran urşup geçýär. Diwaryň öňüni ondan gabalamasaň, ukyň arasynda kellesini gütüledeninem bilmeýär.
Ulularam süýji ukuda. Olar-a gidip beýleki otagda ýatjaklar welin, sowadyjyly jaýda ýatmaga, “üşärsiňiz” diýip özi goýberenok.
Dem salymda kellesinden zymdyrylyp geçen şu pikirler, ony birneme köşeşdirdi. Ol, galpyldysy emele gelşi deý duýdansyz kesilen bedenine zor salyp, dikeldi. Işige bardy.
Tark!
“Şü gulp-a çalyşmalymy nämemi? Sesi dagy nähili-aý! Tüpeň atylan ýaly...” diýip içinden hüňürdän ol, tutawajy aşak gaňryp, işigi itdi.
Jy-y-y-ý-k...
“Häk seň mamaňam bir...”.
Içinden, gapyň köpden bäri ýaglanmandygy üçin biwagt-näwagt diýmän “zeýrenmäge” het eden petlesinemi ýa-da şony keýwanysy näçe käkelese-de, şu wagta çenli ýaglamaga ýaltanyp ýören özünemi, sögündi-de, gapyň yşyndan kellesini çykardy.
Ümüş-tamyş.
Alagaraňkydan-a heniz goýyrak.
Ses-de ýok, seda-da. Yns-jynsam. Oba ýerinde şolaň “haw-haw-a” hiç haçanam ýatýan däldir welin, şumad-a näme üçindir şolaňam üýrýäni eşidilmeýär.
Başyny göterip, asmana siňňitli bakdy.
Solgun ýyldyzlar...
Ho-o-o-l alys gündogarda, haýsydyr bir gyzgylt zadyň çyzygy bildirer-bildirmez yşyraýar...
“Näme, ýa asmandan perişde-beýleki zemine düşäge-de, gel-gel hut sen bagty çüweniň işigini kakaýýandyr öýtdüňmi?!”.
Öz pikirine özi içinden kinaýaly gülümsiredi. Aňynda öz-özünden emele gelen bu teýeneli oýlanma, edil peýda bolşy deýin, onuň erkine garaşsyz, ýene öz-özündenem dowam etdi:
“Mysal üçin, ine şeýle:
-Salowma!
-Walowma! Aýdýanyň çyn bolsa, gelowma!
-Degişgen, wäşi ýigit ekeniň! Bolýa, o zatlar çih! Tanşaly! Men ýollaş Perişde!
-Örän oňat. Menem onna, ýollaş Öý eýesi!
-Çynyňmy?
-O nähili?
-Nä, kowum-hyşyňda ýehudy garnuwyň dagy bamy? Bü nä sowala sowal bilen jogap beriberdiň-le?!
-Ýo, dogry-da-how! “Öý eýesi men” diýsem, “çynyňmy” diýýäň-dä-how. Özüňem-ä meň bosagamda duň...
-Nä, dagam, akmak gepleseň, “çynyňmy” diýler-dä. “Bolaýdy. Ýaman gow-a tokly osuran ýaly etdiň! Brawo, maestro! Bis!” diýip, şowhun tuzzuryp, çapak çalynmajag-a bes-belli. Siz – alma ogurlap, öýünden kowlanyň nesilleriniň şuň ýaly ýagdaýda ulanýan tüýs jüpüne düşen bir gepi ba: “Eý, seň-eý, itiň bamy ýalagyň bor ýaly?!”. Menem şoň üçin saňa: “çynyňmy” diýýän-dä. Seň iň bärkisi, özüň bir özüňkimi, owalybeletde size uzak möhletli kärende şertnamasynyň esasynda peýdalanmaga berlen bu taýda, sen nämedir bir zadyň eýesi bolaryň ýaly, hä?!
-O diýýäniň-ä rast welin, dos! Ýöne, öýüňe biri gelip: “Sen kim?” diýse, “Hojaýyn!” diýmäge halys endik ediläýipdir-dä.
-Özüňki dä zada eýe çykjak bolmak, çakym çak bolsa, gowy häsiýet-ä dä bolýandan bolmaly...
-A onna özüň maňa kim diýersiň?!
-Ýollaş Kärendeçi! Özem köplenç, peýdalanýan nygmatlarynyň kärende tölegini bermekden, müň dürli bahana tapyp, zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan sortlusy!
-Nä, ýollaş Perişde dos, öň sülçi dagy bolluňmyň-aýt?! Ýaman erbetden-erbet gepleri tapýaň welin...Dogrusy, ýaňky diýýänleň çala gulagyňa ilteşse, derrew endamyň bir ýerinde tüý bolsa syh-syh dikeliberýä-le-how...
-Ynsabyň päk dä-dä, sewäbi.
-Aý bolýa-laý, dos! Belki päkdir, belki zäkdir. Şoň neneň-niçikdigini çözmek ikimize galmannyr-laý! Gara daň bilen gapyny tyrkyldadyp, näme üçin gelliň-aý? Keýpinemi?!
-Keýpine biwagt gökden düşülermi?! Ine, me al, şu iki ganar rysgal-bereketi saňa ýokardan, ýolbaşçylar elinjek posylka iberdi. “Kösenip ýömesin-de, hojalygyny düzetsin! Algydarlaryndan gaçmagam iş bolýa, o işigaýdana. Karz-kowalyny üzsün. Ýogsa, kyýamata çenli galsa, prasenti semräp, şo pille jullukgotan galaýmasyn!” diýip, aýtmagy tabşyrdylar, özem!
-Oh-how, erkek! Şuňa-ha ýamanam bir ak ýürekden sagja boluň-aý! Ýollaş Perişde dos, özüňem sagja bol, başlyklaňňam! Köpden bäri: “ine ýatlaryna düşer, ertir ýatlarlar, birigün ýada salarlar” diýip, irikgä bolup ýördüm. Ýohha-da, bü iki ganaryň içi doly zat: “rysgal-bereket” diýýäň welin, o manatdadyr-laý, hä?! Sewäp diýseň, gyzyl-kümüş, şaý-sep beýlekide bolsa, “soň alyp-satarlara ýerläňde takmynan ep-esliň ýarysyny ýitiräýýäň” diýýä-how, bi öýdäkä?!”...
Ol bary-ýogy sähelçe sekundyň içinde hyýalynda, şu özara gepleşigi oýlap tapyp pyrlamaga ýetişdi-de, öz bolup durşuna ajymtyk ýylgyryp, kellesini yza çekdi. Gapyny ýapdy.
Tark!
Perişde küje, ganar küje?!
Wah seň...
“Aç towuk dary görer düýşünne-e, düýşünne-e-e...” diýilmeýämi?!
Şo bolýa muňkam...
Hymh...
“Äý, Hudaý diý-de, gömül-de ýatsana-aý! Gijäň içinne gowulyk, erbetlik üçin, kim kaksyn-aý, sen garamaňlaýyň gapysyny!” diýip, içinden öz-özüne hüňürdäbem ýerine geçdi.
Entek doly ukudan açylmandygy sebäplem, bahym ymyzgandy. Irkilip barýarka-da, kellesine täze pikir geldi.
Ýogsa-da, ýaňky dos Perişdäň getiren ganaryndaky “rysgal-bereket” diýýäni pulda bolsa-ha, ony beýdip kendir çuwala dykyp ibermezdiler-aý! Çemedana salyp ugradardylar. Onna, o iki ganar, pul dä bolsa, nämekä?!...
Şu soňky pikiri bilenem, özüne “eýe” diýýän, hakykat-da, adaty “kärendeçi” bolup çykan kişi, özem duýman uklap galdy.

*****

...Tyrk-tyrk...
Biraz arasy kesilýär.
Soň ýene-de gaýtalanýar.
...Tyrk-tyrk...
Soň ümsümlik.
Soň ýene-de: Tyrk-tyrk...
...Bu gezek tyrkyldy bilen utgaşyp diýen ýaly, onuň demi bogazyna dykyldy-da, ol howpurgap oýandy. Düşeginde zyňlyp dik oturyşyna-da, demi-demine ýetmän sojamaga başlady. Ukudan-a, ýatmadyk ýaly, şo bada açyldy. Hem gijäp, hem agyrýan bokurdagyna agram salyp, üsgürinjiredi. Biraz wagtdan soň dem alşy kadalaşdy. Az-kem nepesi durlandy. Özüne zor salmakdan ýaňa gözünden akan ýaşy süpürdi-de, sagada äňetdi.
Bäşden işleýär.
Depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
“Beh, bi nämäň, Den surkas-aý?” diýip, ol iňkisli hümürdedi-de, örboýuna galdy.
Ýa, öňki tyrkyldam, işigi açmasam, “Perişde dos” bilen hyýalynda gepleşmesem, “iki ganar pulam” düýşümikä?!
Tark!
“Bizar-aý, şu gulpdan!”.
Jy-y-y-ý-k...
“Bizar-aý, şu gapydan!”.
Kelläni uzatdy.
Ümsümlik.
Janly-jemende ýok.
Şol ýaňky düýşe meňzeş, ýöne düýş däl bolmagy ahmal düýşde ýa huşda görlen görnüş.
Hemme zat öňki-öňkülik.
Beh!
Ýa kelle alyp gaçýamyka?!
Ol bir eli bilen ýarym açyk gapyň tutawajyndan ýapyşyp durşuna, beýlekisi bilen ösgün saçly ýeňsesini gaşady.
“Deňletmeli bolupdyr” diýip, bu bolup geçýän düýş däläm bolsa düýşe meňzeş waka düýbünden dahylsyz hem-de şu wagt barypýatan ýerliksiz pikir kellesine geldi.
“Gör-ä muny!” diýip ol, öz beýnisine guwandy: “Gara daň bilen dellek hakdaky pikiri dogrup, eden bolan bolaýyşjygyny! Haý seňemmir, köpbilmiş gopdyňammyr gaýmagy diýsäni!”.
Öz beýnisine mähirli hem guwançly sögünen ýa-da sögünmeli söýünen ol, kelläni yzyna – içerik ýygnady.
Tark!
“Wah, seňemmir mamaňy...”.
Gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan çagalaryny garaňkyda tötänden basmazlyk üçin, suwasty gaýalardan doly darajyk aýlagda ýanyn ýüzüp, kenara garşy iňňän uly ätiýaçlyk bilen ýol salýan gämi deýin, aýlanjyrap düşegine bardy. Gyşardy. Gözüni dikmaýtaryna dikdi.
Kelle alyp gaçýan bolsa – onna bü gowulyg-a dä bolýandan bolýan bolmaly.
Ýa däli dugtora dagy görnäýsemikä?!
Barsaň, olam näme, äýnegi bolsa-ha, ilki bilen äýnejiginiň aňyrsynda köpbilmişje gözjagazyny birenaýy ýylpyldadan bolar-da, süýtsoraga başlar. Birinji soragam, neme diýer:
-Jijim, tohumyňda däli boldumy?!
-Äý, ýak, agam-aý, men näbileýin-aý! Ony mamaşdan ýa pahandan soraýmasaň, men-ä şü kimiň biziň tohuma degişlidigini-dälliginem doly bilip barmaýan...
-Näme-how, jijim, inni öz gelip çykan kowum-hyşyňy anyk-tükel bilmän, nämişläp ýöň-aý?! Türkmen dä ýaly-laý, sen-ä, jigiş! Bilseň-how, öňki öten-geçenler ol-a ýedi arkasyny bilmek ekeni, ýetmiş arkasynam sagynman sanap bilýän ekenmişdik.
-Aý goý-a! Özüň gördüňmi, agam?!
Şonna, ol äýnegini aýrar-da, hasam ýitije edip, bäbenegiňe dikanlar. Onnoňam diýer:
-Yzyňa gara düşýämi?!
-Jykk.
-Napolýon bolasyň gelýämi?!
-Tortmy?!
-Dogryňy aýt, jigi, näçe klasy il deňinde düzüwje gatnap okadyň? Ýa, nä, ejeň-kakaň birinji klasda adyňy ýazzyryp gaýtdy-da, soňky sowadyňy çölde, goýun-guzyň yzynda allyňmy?!
-Gapyňda malyň bolsa, äkidip paçak edip dograsaňam, ýeterlik sowadym ba, agam...
-Çalt gyzarylýaň welin, muň ýaly sebäpsiz gahar-gazap örjeýän ýagdaýlary ýygy-ýygydan bolýamy?! Töweregiňdäkileň üssüne topulyp, kekirdegine agyz urasyň gelýämi? Eger-de gelýän bolsa, günde ýa-da sagatda näçe sapar?! Özüňe kast edesiň gelýämi?! Eger-de gelýän bolsa, nädip we haçan şeýle isleg döreýär?! Agşamaramy ýa-da günorta naharyny iýip, ýatjak bolaňda?! Gije düşegiňe buşugýaňmy? Ýa uly meýdanam edäýýäňmi?! Goýnuň köne dersini kelläňe geýip, köçä çykyp mäläsiň gelýämi?! Eger-de gelýän bolsa, haçan? Öýlänmi ýa-da ikindinara?! Işe baraňda dälizde, başlygyň öňünden dikbaşaşak ýöräp geçesiň gelýämi?! Gelýän bolsa, hemişemi ýa-da diňe aýlyk berlen güni?!
-Duraweri-how, jan agam! Bi nä, mennen konçennyý psih ýasap gidip barýaň-laý?! Ýa nä dälihanaňyzda däli planyňyz dolman, indem doldurmaga adam gözleýäňizmi? Eýle bolsa-how, agam, biläýgiň-how, menem ýerden ýeke çykyp, ýere urup ýerde galan idegsiz dädirin-how! Irden bärligine gaýtmankamam öýdäkä-de, mamaşa-da, nirä gitjegimi gaty berk aýdyp, soň bolsa şoň bilenem oňman, kagyžžygyň ýüzüne bäriniň adrisini düşnükli poçirkde takyk ýazyp gaýdannyryn-how! Bi hatyn halkynyň dolanar çende dolanmasaňam nädip-nädýändigine özüň beletsiň, agam!
-Haýbat atýaňmy?!
-Duýdurýan.
-Swetoformy?
-Kim?
-Men däldigim-ä belli.
-Düşünmedim?!...
-Nämä? Napolýondygyňa ýa-da dälligiňemi?!
-Bäh...
Ýeňsesini gaşaýar-da, gaýgyly dem alýar. “Nirden geläýipdirin-aý!” diýip, içinden oýlanýar. Emma, ony ünsli synlaýan lukman, onuň içki pikirini ýüzünden okaýarmy-nämemi, soramadyk sowalyna jogap berýär:
-Zerurlyk bolannyr, gelensiň-dä. Ýa nä, inni özüňi iki ýüz ýyl mundan owal pahyr bolan Napolýon bende saýyp ýöreniň üstesine, nirede, näme işläp ýöreniňe-de akyl ýetirip bilmeýäňmi?! Hä?!
Şeýle diýýär-de, däli dugtor stolunyň çep künjegindäki dym-gyzyl düwmä garşy elini uzadýar. Onuň öňünde ýylan gören etene guş deýin, gymyldara erksiz, doňňara-daş bolup oturan özi, bada-bat düşünýär. Basdygy kanes multifilm. Iki sany, her egninde azyndan iki adam oturybermeli, ak halatly mähnet pyýadalar güpürdeşip otaga girer-de, ony gabyrdadyp basarlar. Onnoň: “praşşaý dembil, yzzyraswuý gube” bolýa.
Ol näme etjegini bilmeýär. Gozganmag-a beýle-de dursun, hatda aýajygy bilen gelen bu neme ýerinden halas bolmagyň alajyny agtaryp, owasy içre görejini alakjatmaga-da bogny ysmaýar. Birdenkä däli dugtoryň dykgatly nazary, onuň göz hanasynda başlanan erew-de-berewligi saýgaraga-da, şondan meçew alyp, şo gyzyl düwmäni basyp goýbermegi ähtimal ahyry.
Ol dagy niçik çykalga tapjagyny bilmän:
-Agam jan! Men gaýdybereýin-le!-diýip, lukmana naýynjar ýalbarýar.
-Nirä?!
-Öýüme.
-Heh! Sen jijim, görýän welin, wapşe biziň müşderimiz ýaly-la-how! Bi aýdylmaýamy: “Eý, seň-eý, itiň bamy, ýalagyň bolar ýaly?!” diýip. Ynha sen diňe bir şumatky ýaşaýan salgyňda dä, eýsem-de bolsa, şu dünýäň hut özünne-de wagtlaýyn ýaşaýanyňy inkär etmersiň geräm, hä?!
-Jykk.
-Onna, sen näme üçin öz ygtyýarlygyňdaky wagtlaýyn eýelik edýän zadyňy öz ýanyňdan başbitin özüňki hasaplap otyň-a?! Ýa nämäň nämedigine düşünmän edýäňmi? Ýa-da hemmeje zadyňam düşünip aňyrsyna geçip, köp bilip edýäňmi, hä?!...
-Agam, men seni bimaza edip, gaty erbet pohumy iýipdirin. Men gaýdaýaýyn-la! Şü hernäçe dürtme dälem bolsam, sizi azara goýman, öz telbeligim bilen öýümde özüm, aýalym ikimiz bilen oňuşjak bolaýsak bijaý oňat bolmazmy, hä, agam jan?!
Birdenkä-de, garaşylmadyk ýagdaý, onuň özelenmesine äýnekli ýumşaýar:
-Bolýa. Gitseň gidiber. Şumat özüň eşitdiň, sen düzüw-ä dä bolýandan bolýaň. Ýöne, onna-da özüňden gör, ile zyýan etmeseň, adamy mejbury sagaltmaly diýlen düzgün ýok. Wagtynda kelläňdäki bolar-bolgusyz zatlaň ýoguna ýanman aklyň üýtgese, mende günä ýok. Men-ä duýdurdym. Ýöne, şonna-da, şonnan şuňa ýol söküp gelipsiň. Yhlasyňy bihuda ýandyrmaly. Ine saňa etmeli bejergiň, derman-däriň sanawy. Dermanhana bardajyk al. Bary-ýogy iki ganar bolýa. Düşdüňmi?!
-Düşdüm.
-Men çypbakaý-çynym bilen soraýan-how. Düşdüňmi?!
-Düşdüm, agam.
-Alarmyň?
-Alaryn.
-Nämäni?
-Iki ganar dermany.
-Näme üçin?
-O...neme...-diýip, şu taýdan çaltrak ýom-ýok boljak bolup, gorkusyna özüne aýdylan zatlary eýýäm ýadyndan çykaran ol, näme diýjegini bilmän kösenýär.
-Sagalmak üçin-how, jijim! Çünki saglygyň bolmasa galan zat bir köpükdir. Napolýonyň tortam, özem...-diýip äýnekli, hetjikläp oňa nesihat berýär...
Soňra ol, başyny gutarany üçin hudaýýoluna, aramrak bahaly bir janlyny aýdyp, özem haçanam bolsa birwagt, nesip edip eli giňeşse, şol janlyny berjekdigine azdä-kände ynanyp, özüni şeýle elheder aldyran şo ýerden sumat bolýar...
“Bäh!” diýip ol, kellesinde öz-özünden dörän bu gepleşige ýatan ýerinden ýeňsesini gaşap dymyp oňaýmasa başga näme diýjegini bilmedi.
Gözüni ýumup ýatmaga peýlendi. Bu gezek ukudan oýanany ýa-da ýaňky düýşe çalymdaş düýş däl düýşi göreni ikinji sapar bolandanmy nämemi, süňňi öňküsinden haýalrak gowşady. Ýöne, her niçigem bolsa birsalymdan onuň ukuly myşlamasy eşidilip ugrady.

*****

...Tyrk-tyrk...
Biraz arasy kesilýär.
Soň ýene-de gaýtalanýar.
...Tyrk-tyrk...
Soň ümsümlik.
Soň ýene-de: Tyrk-tyrk...
-Äý seňem bir ejeňi...-diýip, ol bu sapar tyrkylda oýananda, gorkmagyň deregine dergazaba münüp oýandy. Özem oýaly-ukuly alasarmyk bolman, bada-bat, ýatmadyk ýaly dup-dury kelle bilen ýerinden zyňlyp galdy.
Birjigem säginmän, gapa tarap okdurylyşyna-da, gözüniň gyýtagyny sagada aýlady.
Bäşden işleýär.
Tark!
“Seňem ejeňi...”.
Jy-y-y-ý-k...
“Seňem şonyňy...”.
Bu gezek kellesini uzatmady-da, tutuşlygyna çykdy. Işigagyzda ýatan köne şypbygynam sokman, gapyň öňünde iki elini bykynyna urup, abşarylyp durdy. Hamana, bimahal çakda özi bilen oýun etmäge het edýän, yns bolsa-da, jyns bolsa-da, tapawudy ýok. “Miltiň bolsa, ine men! Gel, erkek bolsaň!” diýip, öz öýüne degsinýän görüner-görünmez belalaň ählisine azm urýan ýaly...
Gelýän ýok.
Öňki-öňkülik.
Şol bir ses-selemsiz garaňkylyk. Howly, tutluk, köçe, ýyldyzlar...
Birsalym şeýdip durandan soň, owaly bilen-ä betonyň sowugy dabanyndan geçip ugrady. Üstesine-de ýetip gelýän säheriň sergin howasy serini durlady. Ol özüniň düýşürgäp ýörşüne kinaýaly ýylgyrdy-da: “Meňem bolup ýörşüm-äý! Öňkülerem düýşdir-de, oýanan däldirin-dä!” diýip, içini hümledip yzyna girdi. Gapyny ýapdy.
Tark!
Bu gezek sögünmedi.
Ýerine geçdi. Süýndi.
Şol pille-de kellesine geldi.
Göz öňüne getir!
Ine şu mahal, ýaňky ýaly gapyny açdyň welin, aňyrsynda duran, sypatam düzüwli saýgartmaýan, tüýsi bozuk biri, sende ýok, mende, kelam agyz geplemän, “malç!” urdy ýüzüňe bir ýumrugy!
Nädersiň?!
Näder öýdýäň?
Senem jyňkyňy çykarman üstüne bökersiň-de, çem gelen ýerine gol salgap başlarsyň-da. Onsoň ikiň ýerde togalanyp, edil süňk paýlaşyp bilmeýän ýarak köpek deýin, gabyr-gubur garpyşyp ugrarsyň. Ol tüýsi bozuk senden birneme daýawragam bolsa, barybir öz öýüň agzyndadygyň, diwaryň aňyrsynda-da çagalaň ýatandygy, özüňem bü pedernäletden şolary goramalydygyň hakyndaky pikir, güýjüň-ä güýç, gaýratyňa-da gaýrat goşar.
Şo barmana-da, sen biraz asgynlap başlarsyňam welin, birdenkä tutluşyk gyzgynynyň arasynda: “uruşda kada ýok” diýen paýhas aňyňa geler.
Onnoň sen haýdan-haý oň tüýi çogup duran gulagyndan hatyladyp dişlärsiň!
Tüf diýsänim!
Agzyň içi iýmeşik çöpürdir, gandyr, kirli hamyň tagamyndan dolar.
Olam oslagsyz yzadan ýaňa heýýaty göçüp, dyzap-dyzap, üstüňden turar-da, towsup iki ädim beýläk düşer.
Ýeri, sypdyňmy?!
“Nirdesiň Weýeňňam sary?!” diýip ýazzyny beräýmänem, näme üçindir, şo taýda gulagynyň al ganyny sarkdyryp, “haş-haş” edip, demi-demine ýetmän durar.
Onnoň oňa çenli “hyk-çoklap” ýerinden dikelen senem, azak-tenek seriňi sazlap, sorarsyň:
-Eý, sen-eý, swolyç, nä jynlymyň-aý?! O nä gijäň bir wagty, ilk-ä bigäne biriniň gapysyny kakýaň? O süýji ukuda ýatan bende daşaryk çykýaram welin, soraman zat etmän ony uruberýäň?! Näme bolly-how?!
-“Gapysyny” diýen bolup, seň ýalyňammyr iti bolarmy, ýalagy bolar ýaly, hä?!-diýip, şikesli gulagyny eli bilen gysymlap duran tüýsi bozuk hüňürdeýär.
-Ýykdyňyz-aý,-diýip ol, öňünde duran tüýsi bozuga şübheli garaýar:-Ýa, nä senem ýaňkylardanmy?!
-Kim o ýaňkylar?!
-Mönsüremesen-aý!
-Senem erniňi gyşartman gürlesen-aý!
-“Aý” diýme-eý, maňa, eşidýäňme-eý?!
-Senem: “eý” diýme-eý maňa, eşidýäňme-eý?!
-Uruşjakmy?!
-Ýene-demi?!
-Howwa.
-Erkek däl-ä-how, sen. Heleý ýaly bop gulakdan dişleýäň-ä!
-Urşuňam bir kadasy bomy? Gerek bolsa, şü seň ýaly biri gije öýüme gelip, gapymdan çykan badyma ýüzüme ursa, ýumurtgasyny heýgenek edibem iýerin...
Tüýsi bozuk geň galýar:
-Näme-how? Wapşe “ku-kumy” sen?-diýip, süýem barmagyny çekgesine eltýär-de, eýläk-beýläk towlaşdyrýar:-Näme-how, inni özüňe wagtlaýyn ulanmaga berlen zada bihaýalyk bilen: “meň gapym” diýip, eýe çykanyň-a çykanyň welin, şo utançsyzlygyň üssesine, adamçy-laýhoram boljak bolup başladyňmy-how?!
-Eý! Bahymrak şu taýdan göterilsene! Ýohha-da häzir, gaty ýaltanýanam bolsam, mellegiň aýagujuna gidip, kümeden pil getirerin-de, beýniňde joýa gazaryn! Ynanýaňmy şuňa?!
-Aý ýo-laý, iş salşar ýaly adam dä ekeniň-how! O piliňem, joýaňam ganar-ganar edip, goşa-goşadan özüňe nesip etsin-laý, bolýamy?!-diýýär-de, tüýsi bozuk, bir gulagyny saklap, hüňürdeý-hüňürdeý, garaňkylyga siňip gidýär.
Bu-da içerik girýär-de, hammama gidip, agzyny çaýkap gelýär...
Hyr-r, hyr-r...
Düşekde arkan ýatan, özem duýman endiganja hor çekip ugrady...

*****

...Tyrk-tyrk...
Biraz arasy kesilýär.
Soň ýene-de gaýtalanýar.
...Tyrk-tyrk...
Soň ümsümlik.
Soň ýene-de: Tyrk-tyrk...
Ziňk!
Ol jany bokurdagyna gelip ziňkildäp oýandy. “Allajanlarym, şu gezeg-ä düýş dä-de, çyn öýdýän! Ýa ejem dagy, derman-däri sorap geläýdimikä?!” diýip, süňňi bilen galpyldap, pikir öwürdi-de, hasanaklap ýerinden turdy. Işige howlugyp, barýarka-da sagada göz aýlady.
Bäşden işleýär.
“Äý ýo-laý! Beýle bolmaga haky ýok. Batareýi çöküp, ýatyp galannyr!” diýip oýlanybam, tutawaja elini uzatdy.
Tark!
Jü-ü-ü-ý-k!
Sögünmedem, ünsem bermedi.
Gyssanmaçlyk bilen gapyny açdy. Kelläni uzatdy.
Işikden iki ädim çekilipdir-de, asylgy çyradan düşýän ýagtylyk aýmançasynda nätanyş biri dur. Kellesinde kepka. Üsti-başy abat. Aýagy täze şypbykly. Ýüzi-gözi adamyňka juda meňzeş. Daş sypatyndan-a özüne ýaşytdaş görünýär. Ynandyryjy. Özem oňa tarap dykgatlam dä, eýmenjem dä, geňem dä, adaty seredýär.
Öz görýänine ynanman, çalt-çaltdan gözüni ýumjuklatdy.
Onýança duran dillendi:
-Salawmaleýkim.
-Wa...wa...üh-he, üh-he...Waleýkim.
-Dos, aýyplaşma, iş köp bolansoň, birneme irräk gelmesem bolmady. Penjiräňi getirdim. Nirä düşürmeli?!
-Penjire?!
-Howwa, äpişge.
-O nähili äpişg-aý?! Meň-ä, Hudaýa şükür, hemme äpişgelem ýerinne...-diýip, ol işikden kellesini uzadyp durşuna, tamynyň gapdal penjirelerine baş atdy.
-Bäh!-diýip ol duran, kepkasynyň astyna elini sokdy-da, kellesini gaşady:-Agam, penjire zakaz edipsiň-ä-how! “Şony getirdim” diýýän. Ýä, nä ukudan açylaňokmyň-aý?! Bolmasa, git-de, ýuwnup gellä-how! Sen-ä şonnan şuňa ýol söküp, gije ýatman işiňi bitirjek bolýaň. Bu taýda-da sagbolsun aýtmaň deregine, gaýta “nähili penjire?” diýip, içiňi ýakýalar...
Nätanyşyň hüňürdisi öý eýesiniň janyna batdy.
-Eý men war-a, seň war-a gije ýatman nirede näme işläp ýöreniňi bilemog-ow! Bilmegem islämog-ow! Men saňa aýdýan war-a, “Men hiç kime hiç haçan penjire zakaz edemmok!” diýip. Nokat! Düşdüňmi?! Innem, dawaý, daswidanýa! Daň atmanka, gapymda gazarylyp durma-da, ugra ýoluňa! Meni öz tünegimde öz günüme bir goýuň ahyry!
Onuň janagyryly suňşurýan jümlelerini nätanyş jyňkyny çykarman diňledi. Soňam öz öňünde mundan öň dogup-döräp görmedik, düýbünden üýtgeşik jandaryny görýän dek, ony dykgat bilen synlap durdy-da, äwmän-alňasaman gepläp ugrady:
-Dos, o seň: “äpişge sargamok” diýeniň-ä ýaman gowy düşündim welin, bi nä sen, özüňe wagtlaýyn berlen zady hakyky öz emlägiňe dönderen bolup: “meň gapym, meň tünegim, öz günüm” diýişdirip, diliňi başyňa çeýneýäň-ä?! Nä, seň itiň bamy ýalagyň bolar ýaly, hä?!...
Nätanyş tanyş jümläni dilinden sypdyranda öý eýesiniň depesinden bir bedre buz ýaly suw eňterilene döndi. Ol durkuny dolduran wehimdenmi, düşnüksiz hadysa howsala düşmekdenmi, gözüni petretdi-de, biygtyýar:
-Inni “iki sany ganaram” agza, bolýamy?!-diýip pyşyrdady. Soňam nätanyşyň gepinem diňlemän, hasyr-husur yzyna girdi-de, gapyny ýapdy. Jygyldy-pygylda, tarkyldy-parkylda üns berere haly ýok.
Gapa arkasyny berdi-de, gözüni ýumup uludan dem aldy. Şol durşuny üýtgetmän daşaryk diň salmaga başlady.
-...bi äpişgeleňňem jüp ganara dyk-da, gädigiň-de heýkel edin-äý, bolýamy?! Eý, sen-eý, kesekiň zadyna hojaýynçylyk satýan, gurrumsak! Ýüzüňem ýaman bek eken-aý! Iliň zadyna “meňki” diýmäge utanaňogam-aý! “Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykar” diýlenem şü seň ýalylar barada bolmaly-da-how! Eşýäňmi meni?!-diýip nätanyş, gaharly hüňürdäp birsellem durdy. Soňam onuň hüňürdisi uzaklaşyp, ýitip gitdi.
Öý eýesi henizem gapa gerşini berip durşuna, alyn derini syldy. Birdenem kellesine gelen çaklamany barlap görmek üçin, budundan çümmükledi.
-Eý wäk!-diýip, pyşyrdanyny duýman galdy.
Düýş däl eken.
Onna näme?!
Jogap ýok.
Asla bu jogaby kim bermeli?!
Özümi?
Özi bolmasa kim?
Ony şumat özünden özge eşidýän bamy?!
Asla onuň başyna düşüp duran şu düşnüksiz alasarmyklygy onuň özünden özge bilýän bir barmyka?!
Ýa, soňky döwrüň argynlygy ony şu hala salyp, halys sütüni süýnen beýnisi, şu düýş-huş oýunlaryny gurnamak bilen özüne dynç bermeseň bolmajak bolýandan bolýandygyny düşündirjek bolýamyka?!
Bäh...
Ol öz aýagyna çolaşmaň bäri ýanynda, südenekläp, megerem haýsy-da bolsa bir gudrat bilen çagalarynyň hiç haýsyny depelemän, düşegine ýetdi. Gyşardy.
Ýüregi gürsüldäp agzyndan çykaýjak bolýar. Teni owunjak galpyldydan ýaňa öwran-öwran tisginip gidýär.
Nämetmeli?!
Günem dogman geçdi. Hemişä-hä, kelläni ýassyga goýdugyň, daň atýan ýalydy welin...
Ol sagyna garap, şeýdip düşnüksiz sandyraklap esli ýatdy. Aňy bilen-ä uklasy gelýär, uklasa gowy boljakdygyna düşünýär. Ýüregi bilenem uklamaga eýmenýär. Ýatdygy ýene-de ýaňky “tyrkyldy” eşidiläýse, nätjek?!...
“Bolýa-laý. Beýdip, pyçaga gelen ürkek mal ýaly titräp ýatma-da, erkek boljak bolsan-aý!” diýip, ol ahyry öz-özüne gyjalat berdi-de, pikirini başga ugra sowup, öz-özüni rahatlandyrmaga çytraşdy.
Birhaýukdan soňam, bu oňa başartdy. Ilk-ä azajyk ýüreginiň urmasy haýallady. Soň gözüniň öňünde ýaňky “tyrkyldyly” wakalaň gaýmalaklamasy kemeldi. Ahyrynda-da, beýnisine asudalykdyr, ýumşaklyk aralaşdy. Irkildi...
...Tyrk-tyrk...
Biraz arasy kesildi.
Soň ýene-de gaýtalandy.
...Tyrk-tyrk...

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 256 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 28
0
28 Gurgencli   [Материал]
Diýjek bolýanym edebiýatda kiçijik açyş etmegem aňsat däl ýaly.

0
27 Gurgencli   [Материал]
Serdar aga üns berýän welin, senem soňky hekaýalaryňda "nämetjek" diýip ýazyp başlapsyň:).
Şol gezek şol terjimämde "nämetjek" sözi men tapdym diýip öwünipdim welin aslynda onam menden öň tapan ekenler:( (ser. Zyndanda ýanan şem powest).

0
25 Gurgencli   [Материал]
Malades, brawo, berekkella:).
Başga diýere söz tapabilmedim.

0
26 Bagabat   [Материал]
Janyň sag bolsun! Noş bolsun :-).

1
11 Myhman0430   [Материал]
bararsyň welin, ýol boýy şäherden çykýançam gaý bir duşmawerseýdimdendir. şäherde diňe gaýlar mator sürýä, meni görseler-ä hezil ederler.

diýip eden pikiriňe ökünip, wah gaý saklap dasdawka edäýmeli eken diýen arzuw dörär.

1
15 mango   [Материал]
1) ...gaý bir duşmawerse
2) ...diňe gaýlar mator sürýä
3) ...wah gaý saklap dasdawka edäýmeli eken

kimleň gürrüňini edýän myhman kaka?

1
16 Myhman0430   [Материал]
pýgg-äň
biz gaýy diýip goýberýäd-ä. made in SSSR bolamyzsoň bolmagam ahmal.

şu wagt okap şu wagt ýazýan. gaýtalamak ýaly özümiňem kän halamaýan hatalarymy görmedik bolaýyň.

2
8 Myhman0430   [Материал]
meň üçin aýratyn gyzykly boldy. sebäbi gahrymany özüm.

gülüp hezil eden ýerim kän. gepleýşim dagy nähilaý.

birinji tyrkyldydaky algy-bergi ýerinde "bäh, Serdar aga meni tanaýamykanaý" diýdim :-)

gijäň bir wagty. sagat ikimi, üçmi kim bilýä. jübimdäki telefondan sagada seretjek welin, mator sürüp barýakaň howply. şonsuzam ömrümde ýekeje gezek mator sürüp gördüm. ýogsa-da
men nirede;
näme işläp ýörin;
bu mator kimiňki;
haçan men muň üstüne mündüm...
birden budum titräp, jübimden 2010-njy ýyllarda ýoň bolan türk aýdymlarynyň biriniň zaryn sazy gelip başlady. seň ............................ bir, aý seň ....................
tassanam mator-sator bilen togalanýadym. gyra geçip durdum.
- alýo
- eltdiňmi?
- ............... nämäni?
- ............... hany ilki änewdäkini berip, soň fenem eltip ýetişerin diýdiň-ä.
- .......... nämäň änewi, .......... nämeň feni, ............ wapşe-de ............. seň özüň kimaý?
- eý alkaş ý.....yý, ýene içdiň gerek? za........l bollumow sennen laý. şu günem zakazlary elt. soň ýa sen şonyňdan dynarsyň ýa-da men sennen. klende seň nomeriňi berýän, özüň düşüniş... duk duk duk.
dosdawşşik öýdýän men. bl...., ömrümde bir owurdam içip göremok welin ýaňky .........-yň diýwoturan zadynaý.
ýene ýaňky zaryn saz
- alýo
- getireňizokmow, feni, sagat näçe boldy?
- häzir eltýän agam, nirä diýdiňizäý?
- Akdaşaýak.
- Akdaşaýak 40 ýyllyk bolýa dämi?
- ýo oňa ýetmäkäň. sasýalizm, kyrk sekiz diýip eşitmediňmi? seret, gurbansoltandan göni gaýdýaň. gypjagyň metjidinden soň bir swetafor bar, ona geçýäň, soň ýene bir swetefor ba onam geçýaň. üçünji swetefordan saga aýlanýaň. jemagat instutam badyrlaý, ana şondan. onsoň aşaklygyna gaýdanyňdan soň çep tarapa öwrülýän çatrygy sanap başla: birinji sweteforly uly çatryk dä, ikinji kiçräk çatyryk olam dä. üçünjiden çepe öwrül, çepiňden birinji jaý. uly haýaty bardyr. waratany açýançam kakyp durgun. gulagym agyrrak. açarynam welin seni tanaryn ýaly "size fen getirdim" diýde pasylkaňy uzat.
.....

3
9 Bagabat   [Материал]
Bäh!
Feni alan bende bilen çapar benne ikisiniň gulagy ýaman erbet şaňlaýannyr, şumat!
"Şuny ýazyp, bizi ile peçan edeni tutaýsak bolýa! Nämetjegimizi heniz-ä oýlap tapyp ýetişemzok welin, gaty erbet etjekdigimiz-ä garantiýa berýäs" diýşip, hyrçyny dişleýännirler :-).

1
14 Myhman0430   [Материал]
adresi bildiňizmi? :-)

0
17 Bagabat   [Материал]
Häli ýazaňda düşündim. Ýöne, ýelesinden-ä dä, ygyndanam geçmedi. Agentiň ýalňyşýa. Ýa-da beýlebir professional dä "bolýandan bolýan bolmaly" :-).

1
19 Myhman0430   [Материал]
bä-ä, ýatkeşligim peselip ýörmükä. şol köçeden gündogara gitseň, iň soňky howly woýenny dosaf bolmaly. gapdalynda mekdebem bardy (4-nji mekdep öýdýän).

ýalňyşýanmy ýa?

0
22 Bagabat   [Материал]
@Myhman0430, haryt getirýän çapar edip işe alaýmaly ýigit ekeniň. Fen getiriji biriniň malýatagyna giren bolsa, ýerbe-ýer äpişgeleň birinden motoryň-beýlekiň bilen girmegiň ahmal. :-).
Ýeri bolýa-la. Adres agtaryşmak nämä gerek?!
Şuň ýaly gep-gürrüňiň soňy, "oýnuň soňy çyn" diýleni, wagtynda bes edäýmeseň, öýke-kinä ýazýar.

1
23 Myhman0430   [Материал]
Ötünç sorayan. Mañayalñyş düşündiñiz öydyan.
Häzir rolda öye baryp dũşündirişimi yazjakdym welin, birden meñ su wagt kellame gelieni yaly dusunen bolayman diyip utanjym öye yetmage goymady.

1. Yagny oy eyesi oz yasayan yerini salgy berenok, ona gahary gelip, so yeri salgy berya.
2. Dogtarlaram bu bizin klendimiz eken diyip alyp galya. Onson name diyselerem goyberenoklar Shurikdaki yaly

0
24 Bagabat   [Материал]
Ups!
Kelle alyp gaçýa. Keçiresiz.
"Her işlän käriň göwnüňe kiçeňrägem bolsa tagma basyp, yz galdyrýa" diýilýäni. Näçe ýeň bermejek bolsaňam, şübhelenme endigi ýokaşjak bolýa.
Ters düşünenimi aýyplaşma!
Inni gönülendi.

2
10 mango   [Материал]
ýatlama.
agzalara ýatlama.
ýazylan kommentleri halasaňyz ýazgyň ýokary-sag başyndaky ýokary bakýan ýaşyl toýnajygy basmaly. halamasaňyz aşak bakýan gyzyl toýnaga basmaly....
mysal üçin men ýaşyly bassym.
toýnaklaň arasyndaky 0-lygam 1-e öwrüldi.
bu gowy däbi ulanmagy unutmalyň.

1
12 Bagabat   [Материал]
Soňam diýýändirler:
-Hudaýa şükür, biziň-ä hemme "äpişgämiz" ýerinne!

1
21 mango   [Материал]
Hudaýa şükür, biziň-ä kryşamyzam ýaşyl!

1
13 mango   [Материал]
adres salgy berişiňi gaýtalajak boldum,
diňe gurbansoltandan oba öwrülýän ýerine çenli ýeri kellede galdy...
anyk düşnükli adres salgy bermegem sungat öýdýän.. :-)

1
18 Myhman0430   [Материал]
şonýaly düşnüksizmaý.

maňa biri şeýdip salgy beren bolsara göni barardym :-)

jemagatyň ýanyndaky swetafordan saga öwrüleňsoň 10 metr gitmäkäň bir çatryk bar. gurbansoltan bilen parallel ýoluň çatrygy. sweteforly uly çatryk diýýänim şol. ondan geçeňsoň diňe çepe öwrülýän (ýagny saga öwrülip bolmaýan) kiçijek çatryk bar. ondan geçeňsoň epesli aralykda çatryk ýok. gidip barýan ýoluň özi çalaja çepe aýlanýa. ana şol ýerde-de hem saga hem çepe gidip bolýan çatryk bar (geçen ýeriňde, sag tarapda kiçijek dükanjygam bolmaly). ana şondan çepe öwrülen ýeriňde, çepden (sagyňda-da, çepiňde-de jaý bar sebäbi) birinji jaý. haýaty uly, beýik jaý. waratasynyň reňki solan asman reňkidi öýdýän.

1
20 mango   [Материал]
ufff.
öwrülmeli däl çatryklaň gürrüňini edip gaýtam bulam bujar edýäň.... :-)
---
bizem "birinji radary geçmän duraý" diýip anyk, gysga we düşnükli salgy bersegem.... hökmän telefon ederler: agam radary geçip durdum, nirde siz?...
adam ýaly aýtdymam, radary geçmän diýip....
onda-da adam psihologiýasy, diňe özüne gerek maglumaty özüne görä üýtgediýär, sözlemden diňe "radar" diýe ýerini belleýär, onam geçip durýar, ýogsam ýetmän durmalydy....
hawa.... salgy bermegem, almagam dertli bir zat...

1
2 mango   [Материал]
gowja zat bolup durup galypdyr, serdar daýy...
hekaýaň ýazylmagynyň gönezligi @Myhman0430-yň ýazgysy diýip duňuz welin.... dowamynam görkeziňdä....
myhman0430 kakada mango daýyň terjimesi sebäp boldy, maňada rafal woýaçek pan-kaka sebäp boldy.... woýaçek daýada yzyna düşüp ýören ol gorkunç zat sebäp boldy..... :-) tyrk-tyrk-tyrk. ziňk. ....
---
awtor: “Gorkunç kinodaky ýaly penjiräň aýnasyna şaha degýännir!” diýseň, olam-a dä bolýandan bolýan bolmaly.
---
perişde: -Özüňki dä zada eýe çykjak bolmak, çakym çak bolsa, gowy häsiýet-ä dä bolýandan bolmaly...
---
awtor: Kelle alyp gaçýan bolsa – onna bü gowulyg-a dä bolýandan bolýan bolmaly.
---
doktor: -Bolýa. Gitseň gidiber. Şumat özüň eşitdiň, sen düzüw-ä dä bolýandan bolýaň.

men: her kim "dä bolýan däni" gaýtalap dursa dä bolýan dä bolup duran ýaly.
---
özüne “eýe” diýýän, hakykat-da, adaty “kärendeçi” bolup çykan kişi, özem duýman uklap galdy.
(gowy tapyndy. meledis).
---
-Eý, sen-eý, swolyç, nä jynlymyň-aý?!
(töwellaçy ýaşuly ýada düşdi).
---
Men saňa aýdýan war-a, “Men hiç kime hiç haçan penjire zakaz edemmok!” diýip.
(gahrymanymyz akdaşaýaga baýramalydan irräk göçüp gelen bolmaly).
---
-Inni “iki sany ganaram” agza, bolýamy?!-diýip pyşyrdady.
(menem diýdimäý içimden şony).
---
“Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykar”
(bu nakylyň manysy düýbünden başga ekenaý. sag bol, bu nakyla başgarak tarapdan bakdyranyňa. indi bildim ýer eýesi kim, mellekçi kim.)
---
soňky tyrkyldy bilen gelen ýer eýesiniň wekili geräm.
mellekçiň sanalgysy doldy öýdýän...
(ýa-da men şeýle düşünesim gelýär).
---
serdar kaka, gyzykly bolupdyr.
sag boluň. täsirlenip duruň.
ýazyp duruň.

1
3 Bagabat   [Материал]
@mango, "kilçerýä" diýme, ýöne şu hekaýaň bir "syrjagazyna" ünsüňi çekeýin. Hany, täzedenem bir üns berip görsene, wakalar nirede bolup "geçýär"?
Onsoň, şu nukdaýnazardan garasaň şo kän gaýtalanyp duran: "bolýandan bolýan bolýa"-laram, beýleki jümlelerem okyjy üçin şo "syrjagazyň açarjygy" üçin goýlan bolaýmasyn.
Gowy bahaňa sag bol, minnetdar.
Indi, hekaýaň "gönezligi"-niň yzyny ýazmak hakda aýdanyňa jogap hökmünde anekdot:
(Henek aslynda-ha Wowajyk hakda welin, biz ony gulaga ýakyn bolar ýaly "Sapajyk" diýip alaýaly).

Sapajyk daşardan üsti-başy palçyk bolup, dolanyp gelýär.
-Nirde, nädip läbige bulaşdyň? Aýt bahym!-diýip ejesi ony silterläp gyssamaga başlaýar.
-Neme...ýykyldym...-diýip, Sapajyk myňňyldaýar.
-Beýdip gysgajyk aýtma-da, ilkibaşdan doly aýt!
-Bolýa...-diýip hüňürdän Sapajyk uludan dem alýar-da, gepe başlaýar:-Ilkibaşda söz boldy. O sözem "Alla" boldy. Soň ýedi günde Älem ýaradyldy...
-Oň ýaly ilkibaşdan däl...-diýip sözünde tutulan ejesi, gyzarýar-da, Sapajygyň sözüni bölýär.
Ine şeýle...

1
5 mango   [Материал]
Sapajyk diýýäniň Serdarjyk öýdýän... :-)
ok. oýun etdik.
ýöne, eser paýlaşmak, pikir ýazyşmak, jedelleşmek, anekdot aýdyşmak,,, peýdasyny berýäni üçin dowam edibermeli.
--
waka hemme zat ýatan ýerinde (aň astynda) bolup geçýämi?
"waňk ekeniňäý"-a diýýän dälsiňdä hernä...

1
7 Bagabat   [Материал]
Estagpurulla! Gyssanmaç nyrh kesmekden Hudaý saklasyn!

0
4 Bagabat   [Материал]
Wekil bilen baglylykda:
Biz kim?
Diňe Kärendeçimi?

0
6 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, awtoryň sözi hasaplanan sözlerem awtoryňkymyka?
Hem-de olary biri-birinden aýyl-saýyl edip bolmazlygam bilgeşleýin edilip, bir zat diýiljek bolýan bolaýmasyn?!

0
1 Mähriban   [Материал]
Ussatlar şeýdäýýär! Ömrüňiz uzak bolsun, Serdar aga!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]