10:36
Tuýug / hekaýa
TUÝUG

Professor başyny galdyrdy-da, äýneginiň üstaşyry oturanlara garady. Auditoriýada bäş student – iki oglan, üç gyz ýetişibildiginden bir zatlar ýazýardy.
Öňde oturan çepiksije oglan çalaja ardynjyrady, maňlaýyna dökülen saçyny bäşi bilen yzlygyna daraklap, gozgandy.
– Taýynmy?
Oglan baş atdy.
– Aýdyber.
– Yşk mülküniň şasy Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessany biziň geçmiş edebiýatymyzda...
Professor diktumşuk, tekepbir kişi bolmasa-da, hemmelere hormat goýup ýörmeýärdi. Ýöne bu studente ýazýan goşgulary üçin sarpasy uludy. Gazetlerde häli-şindi onuň goşgularyna duş gelýärdi. Geljegine umyt bildirilýän ýaş şahyr hökmünde tutuş uniwersitetde bu studente hoşgylawlyk hem gözügidijilik bilen garaýardylar.
– ...dessanda hereket edýän köpsanly gahrymanlar, şol sanda Kamarlyzaman, Moýsepit serdar ýaly...
Geçen kyrk ýyla golaý wagtyň içinde professoryň ders beren studentleriniň sany-sajagy ýok. Ýaş oglan-gyzlar tapgyr-tapgyr bolup gelerdiler. Bäş ýylyň dowamynda professor olar bilen mazaly öwrenişýärdi, at-familiýalaryny ýalňyşsyz aýdyp bilýärdi, ýüz-keşplerini ýadynda saklaýardy, gylyk-häsiýetlerine kemsiz belet bolýardy. Soňam bir gün dyr-pytrak bolup, olaryň hersi bir gapydan çykýardy. Şonda professoryň ýüregini gymmatly bir zadyny ýitiren adamyň gussasy ezýärdi. Her gezek şeýle bolanda aýralyk barada gussaly goşgy ýazmaga meýil döreýärdi. Emma başarmaýardy. Gidenleriň ýerine bolsa, syçraşyp duran şadyýan oglanlaryň hem ýeriň ýarygyna gülýän bigam gyzlaryň täze tapgyry gelýärdi...
– ...edebi däpleri ösdürýär. Tahyryň sandyga girip akmasy, Mahymyň söýgüsinden...
– Indikä geç.
– Agahan Durdyýewiň “Bally molla” hekaýasy ozaly bilen ahlak temasyny gozgaýar...
Öý. Uniwersitet. Öý. Birsydyrgyn durmuş. Iş endigi. Ýyllar geçdi. Professor garrady. Onuň akylly-başly ömrüniň aglabasy şu auditoriýalarda geçdi. Janyny az ýakan däldir. Birmahalky lowurdap duran şar-gara saçyndan näme galdy? Ýeňsesinde bir bölek bar, o-da jowur ak. Bu gözler ýöne ýere wagtyndan ir çöňňeldimi? Kitaplar, studentler, leksiýa...
– ...diýmek bilen Bally mollanyň hereketlerini ýazgarýar. Näzik ejäniň ýaňsyly sözleri arkaly ýazyjy...
Esasy zat, ömrüň manysy! Haýp geçen ýyllary yzyna dolap bolmaýar. Professor wagtyny ýele bermedi. Bimaksat ýaşamady. Ömrüni şu käre bagyşlady. Eýse, ol özüni başga kärde göz öňüne-de getirip bilenok. Ýogsa, oglan mahallary goşgy-poşgy ýazan bolýardy. Şo goşgularyny dowam eden bolsa, gümansyz utulardy. Sebäbi goşgy üçin aýratyn ukyp gerek, zehin zerur. Professor gowy goşgy üçin başga-da nämeleriň gerekdigine oňat düşünýärdi, özi welin ýüregiňi gozgaýan ajaýyp goşgyny döretmegiň hötdesinden gelip bilmeýärdi. Praktikada amal edip bilmejek bolsaň, teoriýany ezip içeňde nä! Şu hakykata düşüneni üçin ol şahyrçylykdan ýüz öwürdi. Indi seredip otursa, ýalňyşman eken. Goşgy her kesiň işi däl. Ýöne, ynha, öňünde oturan bu studentden bir zatlar çyksa gerek. Munda zehinem, ukybam ýeterlik. Gursagynda ýaşlygyň başbermez hyjuwy dyňzap dur. Zähmetinden gaçmasa, näçe diýseň, goşgy ýazar.
– ...ýatdagalyjy obrazlary döredip bilenligindedir. Eseriň çeperçiligi...
– Indiki sorag?
– Tuýuglar...
– Aýdyber!
Studentden ses-seda çykanok. Gözüniň gytagy bilen professora seredýär. Oýlanýar. Bir zatlary ýadyna saljak bolýar.
“Äh-ä! Bilenok! Tuýugyň nämedigini bilenok eken! Ana, saňa gerek bolsa şahyr!” diýip, professor içini gepletdi.
– Bileňokmy?
Jogap ýok. Student ýüzüni gizläp, dymyp otyr.
– Be-e, tuýuglary bileňok, ä?
– Bilerin, mollum.
– Özüňem-ä goşgy ýazyp ýörsüň.
– Öwrenerin.
– Omonim näme? Bilýäňmi?
– Ýazylyşy, okalyşy bir meňzeş, aňladýan manylary tapawutly bolan sözler...
– Onsoň sen omonimleri rifmalaşdyryp, goşgy ýazmaga dagy synanyşmadyňmy?
Studentiň gözleri uçganaklap gitdi.
– Synanyşypdym öz-ä. Ýöne ýasamarak boldy... Gowşak...
– Bolsun. Hany, diňläli. Oka! – diýip, professor äheňine dabara berdi.
Student ekezlendi. Maňlaýyna dökülen saçyny ýene bäşi bilen yzlygyna daraklady, ýene ardynjyrady. Gözüni süzüp, ýadyna saldy. Soň okap başlady.

– Gädilip dur munda her kimiň ýeri.
Enä deňesek-de, Topragy, Ýeri,
Bugdaý ekip, süle orduk, o-da hiç,
Biz ony şorlatdyk, iň ýaman ýeri.

Professor sowukganly adam bolsa-da, aç-açan keýpi göterildi.
– Oglan-a! Bilýän ekeniň-ä! Tuýug-da şu okanyň. Gaýtadan oka! Ýene bir diňläýin.
Student gaýtadan okady.
– Päh-heý! Ýaman däl. Hiç neneň däl. Ýazybermeli şeýdip. Bolar. Bolman, gitjek ýeri nire? Çap boldumy?
– Çapa beremog-a, mollum – diýip, student gyzardy. Ol şu çaka çenli tuýugyň nämedigini bilmänligine däl-de, goşgusyny gowşak hasap edýändigi üçin professordan utanýardy.

Kakamyrat ATAÝEW.

Maý, 1997-nji ýyl. Mary.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 93 | Добавил: Atayew | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ak göwünli Madi / hekaýa - 02.01.2021
Emläk ezeli / hekaýalar toplumy - Pil - 26.05.2021
Видение / новелла - 04.04.2021
Шкаф / рассказ - 09.03.2021
Jonqora / hikoya - 29.05.2021
Встреча / рассказ - 19.04.2021
Мария / эссе - 25.06.2021
Ylham / hekaýa - 04.05.2021
Ожерелье / рассказ - 29.04.2021
Совершенно питерская история / рассказ - 25.06.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Şular neneñkä?

Ine, seleñleýär umytdan gaýa,
Şindi bermeris per tupana-gaýa,
Ömrümiñ peşgeşi,bagt lybasyma
Nurdan nepislenen söýgiñi gaýa.
**********
Elwan düýşler göwne halysyn ýazar,
Iñ ägirt kitaby ýazgydym ýazar,
Ýylgyran ýüzlere allanma,köñlüm,
"Her parlan altyn däl" diýipdir ýazar.
************
Agtygy çenenen soragyn ata,
Diýipdir:Bedew nä az ýaşar,ata?
"Eýesi gözüni baky ýumansoñ,
Ýaşaýyş harammyş çyn bedew ata"
***********
Seretsene,dörän ahwala-hala,
Gülüñ ýañagynda bulduran hala.
Eý sen mawy gözli asmanym meniñ
Hala,bulut eçil,gün dogdur,hala.
**********
Gözümden gaçmaga meýilli ýaşa
Ýol berme,päk umyt sen baky ýaša
Günbe-günden subut edýär ykbalym
Aklymyñ dahylly däldigin ýaşa
*************
Hemläñ kime?Alynmadyk aramy?!
Bagyşlamak göwne uzak aramy?
Ýeke gezek "Ötdüm" diý-de ýazygyñ,
Ýylgyrsana,teşne köñlüñ aramy.
**********
Gymmatyn syzana durmuş bir gül-le,
Eý hyýal!Ruhymda şinele,gülle.
Kalbymyñ bir ýany göýä ki çarbag,
Bir ýany ýaradar,degen deý gülle.
***********
Ýadama hemaýat,biparhlyk ýada.
Pursatlar kitap deý ýazylar ýada.
Meni tanamansoñ,aýtmaz diýp kimsä
Syrym sözläberýän nätanyş-ýada.

0
2 mango   [Материал]
1-nji kurs studentleri.
obşitde. (umumy ýaşaýyş jaýynda).
hepdäniň soňunda koridorda daýaw komendant ors aýal gygyryp ýör eýläk-beýläk geçip:
– быстро сдавайте белье...
obadan gelen oglan düşünmese-de düşünenlige salyp:
– şşäs (сейчас) - diýýär. emma, kommendantyň aýdany bilen işi ýok...
ýene-de bir salymdan kommendant:
– все сдали бельё? давайте, принесите быстрее...
– şşäs -diýýä biziňki, emmä eltp tabşyrýan zady ýok.
ýene bir salymdan daýaw kommendant gelip agzyndan gelenini sögüp gygyrmaga başlaýar:
– ты что не сдаешь бельё?...
biziň dost hem aljyrap soraýar:
– ço takoý belýo?
----
TUÝUG – Türkmen şygyr sungatynyň gadymy goşgy düzüliş görnüşi eken :-).
(meň ýaly bilmeýänler üçin).

0
Howa govulay şu gün. Bulutly. Edgary yatladyar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]