19:41
Türkmensähra respublikasy

TÜRKMENSÄHRA RESPUBLIKASY

Magtymgulynyň azatlyga, garaşsyz döwlet gurmaga çagyrýan goşgulary 20-nji ýyllarda şahyryň guburynyň ýatan topragy bolan Türkmensährada her bir türkmeniň diliniň senasy boldy. Munuň soňy azat Türkmen döwletiniň gurylmagy bilen tamamlandy. Bu döwletiň nähili döredilişi hakynda sözi iň gowsy taryhçy N.Öwezberdiýewe bereliň. Ol «Ýaşlyk» žurnalynda (1989 ý. No 9) çykan makalasynda şeýle maglumatlar getirýär.
«1924-nji ýylyň maýynda Gürgen we Etrek sebitindäki türkmenleriň arasynda milli azat edijilik tolgunmalary başlandy.一diýip, taryhçy soňra esasy gürrüňe geçýär. 一Ähli türkmen taýpalarynyň kethudalarynyň Omçalyda bolan gurultaýynda Garaşsyz Türkmen Respublikasy jar edildi. Kömek sorap Sowet Soýuzyna, Welikobritaniýa we Türkiýä ýûz tutmak hakynda kararlar kabul edildi. Ýöne SSSR-e ýüz tutulmady. Türkiýe Gürgene öz wekilini iberdi. Welikobritaniýanyň wekiline bolsa «kiçijik türkmen milletini goramak» barada ýüzlenme iberilipdi. Türkmen respublikasynyň ilkinji ýolbaşçy wezipesine Osman ahun saýlanyldy. Ol öz wagtynda Buhara medresesinde bilim alypdy we örän abraýly adamdy. Ýolbaşçynyň ýanynda wekilleriniň soweti döredilip, onuň merkezi Kümüşdepede boldy. Regulýar goşuny döretmek üçin ýörite harby mekdep guraldy. Onda okatmak üçin türk ofiserleri çagyryldy...»
Garaşsyz Türkmen respublikasy 1925-nji ýylyň oktýabryna çenli, ýagny, alty aýa golaý ýaşady. Çünki köp sanly türkmen goşunlaryny ýeňýärler hem-de ýurdy ýene-de basyp alýarlar. Basylyp alnan respublikanyň ýolbaşçysy Osman ahun, şeýle hem ýolbaşçylardan Laly han, Gök sopy, Allaýar han dagy türkmenleriň bir bölegi bilen Türkmenistanyň çägine, ýagny sowetleşdirilen territoriýa geçýärler. Şol bada hem olary tutup integrirleýärler, başgaça aýdanyňda, näbelli ýagdaýda ýok edýärler. Näme üçin! Sebäbi Osman ahunyň garaşsyzlyk «keselini» sowet türkmenlerine ýokuşdyrmagy mümkindi.
Latyşlaryň prezidenti Ulmansk stalinizm döwründe Krasnawodskiniň töweregine getirilip öldürilýär. Eýýäm bir-küç ýyl bäri latyşlar ara näçe daş hem bolsa, şondan suňa prezidentlerini ýatlap gelýärler. Türkmensähranyň ýolbaşçysy hem Gyzyletrek,Nebitdag, Krasnawodsk sebitlerinde öldürilen bolmaly. Emma biz onuň mazaryny tapmalydyrys, ony anyklamalydyrys hem öýdemzok. Garaşsyzlygyň ýaýramagyndan gorkup SSSR-iň şol wagtky daşary işler ministri G. W. Çiçerin Respublikanyň jar edilmegine «garaşsyzlyk baradaky oýun» diýip at berýärdi we uzak wagtlap Eýranyň «hökümet goşunlarynyň hereket etmeýänligine», ýagny, azatlyga çykan ýaş döwleti täzeden basyp almaga haýal-ýagallyk edilmegine gynançly äheň bildirýärdi. Hawa, ikidilli köne soýuz kiçi dilden bärde «garaşsyzlyk, azatlyk» diýýärdi, baryp afrika halklaryny goldan bolýardy, emma kiçi dilden aňyrda bolsa baryp ÿatan koloniýal syýasat ýöretýärdi. Ine, şularyň netijesinde hem garaşsyz döwlet gurmagyň birinji beýik mümkinçiligi türkmenler üçin şowsuz tamamlandy.
Totalitar soýuzyň dargamagy bilen dörän ikinji taryhy mümkinçiligi hem biz häzir başdan geçirip ýörüs. Eýsem birden soýuz saklanmadyk halatynda biziň garaşsyz döwlet gurup. XXI asyryň işiginden azatlyk baýdagyny parladyp girip bilmegimiz mümkin zatmy? Eýsem biz Magtymgulynyň guburynyň başyndaky daşa «Rahat ýat, şahyr seniň arzuwyň wysal boldy. Biz garaşsyz Türkmen döwletini gurduk» diýip, ýazyp bilerismi?
Dogrudanam, birbada seretseň haýwanat bagyndaky ýolbarsy gözenekden erkinlige goýberseň, onuň awuny alyp bilmän ölşi ýaly kolonializmyň gözeneginden çykarylsa türkmen halky hem özbaşdak ýaşap bilmejek ýaly. Emma, siňe seretseň, beýle däl. Gözenekden çykan haýwan hiç kimden kömek almany üçin ölýär, bize bolsa erkinlige çyksak ynsan gaýratymyzdan başga bize kömek etjek bütin progressiw adamzat bar. Zamananyň XX asyrdygyny unutmalyň. Onsoňam, müňlerçe ýyllyk kökli halk bolup gel, gel indi «gulaty saýasyz» ýaşap bilmejek bolsak, kör bolalyň. «Toprak başyňyza zaňňarlar» diýilýänleri bolalyň. Aýal-gyzlaryň öňünde başymyza telpek geýmäliň. «Özbaşdak ýaşap bilmeris» 一 şu gepi tapýan türkmen halkynyň mertebesini nähili depeleýändikleri, namysyny ýere çalýandyklary hakda pikir edýärlermikä? Erkinlikde ýaşap bilmeýän ýolbars eýýäm janly gäb iýäýmeseň hakyky saýylanok. Diýmek, «özbaşdak ýaşap bilmeris» diýmegem öz dikiň bilen biz ýetik halk däl, özümem ýetik wekil däl diýmek ahyryn. Beýle-de bir zoňtarak, pese düşmeklik bolarmy?
Rim akyldarlarynyň biri «Men adam, adama mahsus bolan ähli zatlar maňa-da mahsusdyr» diýipdir. Men bu dana başymy egip, sözüni şeýleräk aýdasym gelýär. «Biz, türkmenler hem halk. Şoňa görä-de, başga halklara mahsus bolan garaşsyzlyk, döwlet, goşun, azatlyk ýaly derejeler bize-de muwpykdyr». Gep şu muwapyk derejeleriň elimizden ogurlanyp alynanlygynda. Gep şu döwletliligi yzyna gaýtaryp almaklykda. Bizde häzir döwlet gurmaga ähli şertler-halkara, ykdysady, syýasy, medeni şertler bar.
Şu ýerde «Biz özbaşdaklyk hakynda Jarnama kabul etdik. Şundan soňgaraşsyzlyk, döwletlilik meselesini gozgamagyň manysy barmyka?» diýen sowalyň atylmagy mümkin. Meniň ünsi 1924-nji ýyla çekesim gelýär. Türkmen rewolýusion komitetiniň şol ýylyň güýzünde halka ýüzlenmesinde «Biz Soýuzyň hatarynda garaşsyz döwlet gurduk» diýlip, yglan edilýär.
Üns bereliň. Ýüzlenmede «özbaşdak» sözi däl-de, eýsem manysy has güýçli «garaşsyzlyk» sözi ýazylypdyr. Soýuzyň hataryndaky 70 ýylda ol garaşsyzlygyň hakykata gury sözden başga hiç zat bolmandygyny özüňiz gowy bilýärsiňiz. Şoňa görä-de, konfederasiýa däl-de, eýsem bitewi döwlet statusynda oturan soýuzyň hataryndakak, häzirki suwerenitetimiziň ykbalyny hem ýaňky «garaşsyz» sözüniň ykbaly ýaly ýataýmagy ahmal. «Hudaýa ynansaň ynan welin eşejigiňi berkje duşa» diýipdirler. Ine, onsoň, garaşsyzlyk meselesi ýene-de ör-boýuna galýar duruberýär. Eýsem, Türkmenistan näme? Muňa geografiýa babatda ozaly bilen resmi maglumatlarda görkezilýän 488,1 müň km2 meýdan diýilip düşünilýär. Aslynda welin, onuň meýdany has uly bolmaly. Ýöne häzirki 488,1 müň km2 meýdan hem az ýer däl. Munça ýer Planetamyzyň ähli gury ýeriniň (149,1 mln km2) takmynan üç ýüzden bir bölegine barabardyr.
Ilatymyz hem az däl一3,6 million adam. Geçen 70 ýylda eger biz bir zatda ösen bolsak, çaga ölûminiň ýokary bolmagyna garamazdan ilat sanymyzyň artmagynda ösdük. Başda TSSR döredilende G. Atabaýew rewolýusiýadan soň azalan ilat sanymyzy zordan bir milliondan geçiripdi. Häzir bolsa, tüneksiz kösenýänimiz köp diýmeseň, tüweleme 4 milliony alkymlap barýarys. Baş sanymyzyň artmagynyň sebäbi pagta ýygmaga dogýan täzeje zähmet resurlary hökmünde ilki-ilkiler artyşymyz biçak mübäreklenýärdi, aýallarymyzyň döşlerine orden üstüne - orden dakýardylar. Ýöne 80-nji ýyllarda bu artyşdan birden howatyrlanyp ugraldy; türkmenler soňra dolandyrylmasy kyn boljak uly halka, uly gûýje öwrülip barýardylar. XI asyrda uly goşun bilen raýatyndaky türkmenleriň ýurduna «Görme-görşe» geleb Mahmyt gaznawy olaryň biçak köpeleninden howatyrlanyp, birden bir zat gopaýanda ýarag tutup bilmezleri ýaly erkek göbeklileriniň ählisiniň başam barmaklaryny kesdirmekçi bolýar. Siwilizlenen XX asyrda bolsa howatyrçylyk esasynda täze ýerleri özleşdirmek bahanasy bilen türkmenleri itiň ölen ýerine 一 Amura göçürmek kampaniýasy ýaýbaňlandy, respublikanyň 16 ýerinde maşgalany planlaşdyryş gulluklar döredildi. Göwresinden çagasy kesilip alynsa, aýal adam öwrülip doguryp bilmeýär. Ine, onsoň wraçlaryň şu operasiýany köp etmekleri üçin pul baýragyny bermek düzgüne girizildi. Barybir, indi bularyň netijeliligi az Türkmenler uly halk hökmünde eýýäm özlerine ýeterlik köpelip bildiler. Onsoňam, Türkmenistanyň özündäki 2,5 million töweregi türkmenden başga-da daşary ýurtlarda 6 一 7 milliona golaý türkmen ýaşaýar. Geljekde olaryň hem müňlerçesiniň göçüp gelip, republikanyň ilat sanyny artdyrmaklary ahmal.
Ikinji jahan urşundan soň kolonializmiň salynyň çagşap ugrandygyny okyjy bilýändir. Hawa, şonsyzlyk toýuny toýlamaklary netijesinde jahanda döwletleriň içinde kartada, globusda meýdanlary nokat ýaljak görünýän, ilat sanlary hem 30一40 müňden geçmeýän maýdaja, özümizden egsik saýjak halklarymyzyň hem hiç zatdan gorkman, heder etmän, gaýtam baýdaklaryny buýsançly parladyp mizemän oturyşlaryna seredip özümiziň şu ymgyr giden meýdanly, ilatly halymyza «özbaşdak ýaşap bilmeris» diýip ejizlemekligimize aglajagyňy-da bileňok, güljegiňi-de.
Ynha, Ýewropada ilaty 1 müň adam bolan Watikany agzamanymyzda-da, ilaty müň adam, meýdant 200 km2 bolan Lihtenşteýn, ilaty 50 müň adam, meýdany 500 km2 bolan Andorra, ilaty 360 müň adam, meýdany 2600 km2 bolan Lýuksemburg, ilaty 300 müň adam, meýdany 300 müň2 bolan Malta ýaly döwletler bar. Biz, türkmenler, dogrusy Monako ýaly 1,9 kw2 meýdanly 30 müň ilatly ýerde kolhoz guramaga ýürek etmezdik, Monako halky bolsa, tüweleme, döwlet gurnup otyr. Onsoň Ýewropadaky Türkmenistanyňkydan ilaty az, meÿdany kiçi Islandiýa (103 müň kw2, 240 müň adam), Irlandiýa (70,3 müň km2, 3,5 mil. adam), San-Marino (60 km2, 20 müň adam) ýaly döwletleriň gürrüňini edip oturmagyň hajaty hem ýok. Afrika materiginde Türkmenistanyňkydan meýdany köp, ilaty az Gambiýa (11,3 müň km2, 660 müň adam), Jibuti (22, müň km2, 460 müň adam), Gwineýa-Bisua (36,1 mûň km2 910 müň adam) ýaly ençeme döwletler bar. Daşa gidip oturman, öz ýaşaýan materigimiz Aziýany alyp göreliň. Onda ilat taýdanam, meýdan taýdanam möçberleriniň kiçidigine garamazdan ýaşap oturan Bahreýn (600 km2, 410 müň adam), Bruneý (5800 km2, 240 müň adam), Butan (47 müň km2, 1450 adam), Katar (181 müň km2, 330 müň adam), Kipr (9,3 müň km2, 670 müň adam), Liwan (14,4 müň km2, 2710 adam), Maldiwi (300 km2, 190müň adam), Birleşen Arap Emirlikleri (83,6 müň km2, 1380 müň adam), Oman (212,4 müň km2, 1240 müň adam), Singapur (600 km2, 2590 müň adam), Kuweýt (17,8 müň km2 1790 müň adam) ýaly döwletler bar. Kiçi döwlet diýip, meselem, Kuweýt ýaly ýurt basylyp alynjak bolnaýanda-da häzir oňa dünýäde ýol berlenok. Demirgazyk we Merkezi Amerikadaky kiçijik halklar Antigua Barbuda (400 km2, 80 müň adam) Bagam adalary (13,9 müň km2, 240 müň adam), Barbados (400 km2, 250 müň adam), Beliz (23 müň km2, 170 müň adam), Grenada (300 km2, 110 müň adam), Dominika (800 müň km2, 170 müň adam), Kosta-Rika (50,7 müň km2, 2670 müň adam) Nikaragua (130 müň km2 3380 müň adam), Panama (77,1 müň km2, 2230 müň adam), Sent-Wiksent (400 km2, 102 müň adam), Sent-Kite (300 km2, 50 müň adam), Sent Lýusiýa 600 km2, 130 müň adam), Ýamaýka (11,5 müň km2, 2370 müň adam) ýaly döwletleri gurup bilipdirler. Rast, materiklerdäki kiçijik döwletleri sanaýan bolsak Günorta Amerika bilen Awstraliýany hem suw damdyraýmazlar ýaly agzap geçeliň. Günorta Amerikada meýdab we ilat babatda Türkmenistan bilen deňleşip bilmejek Gaýana (215 müň km2, 970 müň adam), Surinam (163, 3 müň km2, 380 müň adam), Urugwaý (178 müň km2, 2980 müň adam), Awstraliýada we Okeaniýada bolsa Watuatu (14, 6 müň km2, 380 müň adam), Samoa (2,8 müň km2, 161 müň adam) Kiribati (700 km2, 60 müň adam), Nauru (20 km2, 8 müň adam), Täze Zelandiýa (269 müň km2, 3250 müň adam), Papua (462 müň km2, 3400 müň adam), Süleýman adalary (29 müň km2, 2500 müň adam), Tango (700 km2, 110 müň adam), Tuwalu (20 km2, 8 müň adam), Fiji (1,80 müň km2, 700 müň adam) ýaly döwletler bar. Gepiň gysgasy 488,1 müň km2 meýdany hem-de 3650 müň ilaty bolan Türkmenistan garaşsyz döwleti berkarar etse, dünýädäki 215 töweregi döwletiň arasynda meýdany boýunça 45-nji orny, ilaty boýunça 145-nji orny eýelärdi. Şu ýerde «esasy zat meýdanda we ilatyň sanynda däl, gep halkyň döwlet gurmaga taýyn däldiginde. Garaşsyz döwleti götermäge injigimiz çatmaz. Bizde ýerliçillik, tire-taýpaçylyk, kadr ýetmezçiligi bar ahyry» diýilmegi mümkin. Hawa, häzir biziň köpümiz döwlet gursak, taýpaçyllyk keselimiz şol bada tutaşaga-da, döwleti dargadar öýdýäris. Meniň pikirimçe, bu beýle bolmaz. Gaýtam şonda döwlet däl-de, taýpaçyllyk, ýerliçillik keselleri ýok bolar. Näme diýeniňde, beýik işler, beýik maksatlar halky dargadanok-da gaýtam birleşdirýär, halka jebisleşmäge, bir saçagyň başyna üýşmegine egsilmez erk, intellektual güýç berýär. Ýokarky keseller nämeden döräpdi? Birinjiden, baýlyk ýykylansoň, başymyz bolmady. Ikinjiden, goňşy döwletler agzymyzy alardyp höküm sürjek bolupdyrlar. Üçünjiden, feodal gahatçylygy, ykdysady üzňeligi we oňuşmazlygy döretdi. Ynha, XX asyrda-da ozal taýpa toparlaryna böldürilen halky üstesine baý diýdi, garyp diýdi, kulak diýdi, orta daýhan diýdi, garaz, synpy toparlara hem bölüp, agzyny has alartdyryp, höküm sürüp ugradylar. «Ruslar bolmasa oňuşmarys, oňmarys» diýen pikiri beýnä guýmak üçin tire-taýpa wawwasy bolşundan bäş beter ulaldyp propagandirlendi.
Stalinizm ilaty ol aýlykdan bu aýlyga, döwüm çörege daňdy. Edebiýata, sungata, ylma synpylyk diýdi, partiýalaýynlyk diýdi, sosial realizm diýdi, gepiň gysgasy, gandal baryny urup, şahsyýetiň ösmegine, zehinini doly açmagyna ýol bermedi. Biz bolsak, türkmençiligimizi etdik, günäni ýerden däl-de, «ýer gaty bolsa, öküz-öküzden görerlerini» etdik. Toparlanyşdyk, harçaňlaşdyk. Indi bu dertleriň emi näme? Döwlet gursak, bu kesellerden saplanarys.
Türkmen halky dünýä Oguz han, Togrul soltan, Alp-Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Jelaletdin, Nedir şa... ýaly hökümleri ýer sarsdyran nazarkerde patyşalary, şalary berdi. Nesimi, Magtymguly ýaly beýik söz ussatlaryny berdi. Olar döwrüň öňe çykarýan beýik maksatlaryna gulluk edipdiler, onsoň döwür hem öz gezeginde olara ganat beripdi. Gulluk edeliň, bizem, beýik işe, döwlet gurmak işine, gabatly bolanymyzy duýman galarys. Seljuklar döwri Omar Haýýam, Nyzamy, Nyzamyl Mülk ýaly beýik şahsyýetleri berdi. Garaşsyz döwlet gursak häzirki pagta ýygyp ýören halkdan göýä diýersiň, ýeriň astyndan çykýan ýaly, şeýle bir guýma gursak, çulum kadrlar çykar, nirede ýerleşdirjegiňi bilmersiň.
Her niçik, 70 ýylyň sistemasyndan Türkmenistan iki elini burnuna sokup, gus-gury çykmady. Biz türkmenler, hojalygy, döwlet edaralaryny, gepiň gysgasy, döwlet maşynyny gowşak hem bolsa ýöretmegi öwrendik. S. Nyýazow respublikany özboluşly dolandyrmagy başarýan prezident hökmünde tanalýar. Ümsümjeräk bolsa-da, «meni urany hudaý ursun» diýip duran bolsa-da, özbaşymyzy parlamentimiz bar. Bu maşyny tirkegden aýryp, özbaşdak ýol bilen sürmäge öz türkmen sürüjilerimiz ýeterlik. Onsoňam, hany aramyzdaky slawýan hem kowumdaş halklardan bolan kadrlar. Bizde milletçilik ýok, öň basyp alan ýa-da okkupirlän diýip käbir halklary ýanamak meýli ýok. Geçeni geçdi bil diýipdirler. XIX asyrda näme bolan bolsa, oňa şol döwrüň gözi bilen garalsa ýagşy. Köne döwür bütin dünýäde basyp alyşlar asyrydy. Hatda döwletimiz ýokga hem alaman diýdik, çapawul diýdik, dagdan ilerik gün görkezmändik. Sankt-Peterburgda 1914-nji ýylda çykan «Rossiýa» 19 tomluk kitapda berilýän maglumata görä, türkmenleriň diňe XIX asyryň özünde dagyň aňyrsyndan boýnuna tanap salyp getiren gul-gyrnaklarynyň sany bir milliondanam aşypdyr. Hawa, ol döwür şeýledi. Indi bolsa XX asyr, bosagada-da XXI. Biz çägindäki ähli halklaryň deň-hukuklylygyny ykrar etjek, raýatlaryna hojaýynçylyk däl-de, sakçylyk etjek garaşsyz Türkmen döwletini gursak türkmen däl halklar hem-ä hojalyk döwlet işlerine ulaşarlar hem-de slawýan türki döwletler (Russiýa, Ukraýina, Özbegistan, Gazagystan...) bilen has ysnyşykly ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert dörederler. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady gatnaşyklary saklamaga bize görä goňşy döwletleriň özleri has döwtalap bor. Çünki olara çig mal zerur. Biz bolsak, çig malymyz barka iň bir iňirdewik aýallarymyzyň hem göwnüne ýarap, sesini kesdirip biljek harytlary, özi hem göwnüne ýarap, sesini kesdirip biljek harytlary, özi hem iň saýlamalaryny dünýäniň bazar gözläp ýören islendik döwletinden taparys.
Biz tapmarys, harytly haltalaryny arklaryna alyp, olaryň özleri bizi gözläp taparlar. Formal hem bolsa, Jarnama esasynda alnan sähelçe erkinlik bilen goňşy döwletleriň gör näçesine äpişge däl, eýsem gapy, ýok, derweze açylardy. Gepiň gysgasy, biz koloniýal gandaly gyryp taşlap, bütin dünýä gatyşyp gitjek, esasan hususy eýeçilige, ýeriň daýhanlara berilmegine daýanjak we konkurensiýa arkaly ewolýusion ösjek türkmen ykdysadyýetini döredip bilerdik. Dünýä konkurensiýasyna döz gelmegiň, çig mallary amatly satmagyň, ýuwaş-ýuwaşdan olary satmakdan gaýtadan işlemegiň mehanizmlerini öwrenerdik. Ykdysadyýetiň esasy daýanjak zady çig mal bolsa, hudaýa şükür, bizde heniz az däl. Eger hudaý dil paýlaşygynda haltasyny Dagystanyň üstünde gowzadan bolsa, çig mal paýlaşygynda çuwalyny Türkmenistanyň depesinde egsen bolmaly. Klimat babatda, o diýen bagty gelen bolmasa-da, çig mal babatda alladan nadyl bolar ýaly däl. Meselem, gazdan, nebitden, pagtdan başga bizde häzir ýylda dünýäde bir tonnasynyň bahasy 120 dollar bolan kükürdiň 600 müň tonnasy, tonnasy 32 dollar bolan nahar duzunyň 650 müň tonnasy, sulfatyň 260 müň tonnasy (tonnasy 130 dollar), tehniki iodyň 568 tonnasy (tonnasy 17,7 müň dollar), iodoforminiň 50 tonnasy (tonnasy 59 müň dollar), iodly kaliniň 390 tonnasy (tonnasy 20 müň dollar), ýüňüň 15 müň tonnasy (tonnasy 6 müň dollar), halynyň 1100 müň kwadrat metri (1 m2一200一250 dollar) bentonidiň 100 müň tonnasy (tonnasy 33 dollar), selestiniň 20 müň tonnasy (tonnasy 56 dollar) we beýleki ençeme önümler öndürilýär. Ýene bir zat, Türkmenistanda altynyň uly zapasy bolmaly diýlip çaklanylýar we eýýäm 100 ýyl bäri aýakaldygyna gözlenilýär. Oňat ýeri, digirleri tapylsa-da hazynanyň tapdyrtman gelýäniniň sebäbi «garaşsyz döwlet guranlarynda nesip ederin» diýip, garaşyp ýatanlygyndandyr.
(Dowamy bar)

Çeşme:
Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. 22 - 28-nji sahypalar.

Категория: Publisistika | Просмотров: 69 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Täçgeldi Gutlyýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
…«özbaşdak ýaşap bilmeris» diýip ejizlemekligimize aglajagyňy-da bileňok, güljegiňi-de.

Garaşsyzlygyň öň ýanlary ýazylan makala bolmaly….
Şo ýyllarda kimler özbaşdak bolmaga garşy boldularka?
Täçgeldi aga berekella diýmeli. Jany bilen düşündirýär özbaşdaklygyň gymmatyny…

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]