20:08
Türkmenler – dünýäde bedenterbiýe tälimini we sporty ilkinji döreden millet
TÜRKMENLER DÜNÝÄDE BEDENTERBIÝE TÄLIMINI we SPORTY ILKINJI DÖREDEN MILLET

Tutuş ýer ýüzünde bedenterbiýe tälimini oýlap tapan we ony okuw meýilnamasyna girizen ilkinji millet türkmenlerdir diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Çünki, türkmen halkynyň 5000 ýyllyk taryhy kökünden gözbaş alýan baý edebi mirasyna görä, bedenterbiýe tälimi nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň ýaşan zamasyndan orta asyrlar döwrüne çenli ýörgünli bolan atalyk mekdeplerinde ýaş oglany sagdyn, berk bedenli söweşiji esger, serkerde, beýik han, soltan edip ýetişdirmeklik maksady bilen girizilipdir. Bu mekdebiň beden terbiýesi bilen baglanyşykly beren şeýle kämil tälimleriniň netijesinde türkmen halkynyň Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Jelaleddin Meňburun, Görogly beg, Baýram han, Keýmir kör, Gowşut han ýaly hakyky gerçek ogullary kemala gelipdir. Hut şu nukdaýnazardan-da, milletimiz özüniň beýik gerçek ýigitlerini ýetişdirýän atalyk mekdebini başgaça, gerçeklik mekdebi diýibem atlandyrypdyr. Atalyk mekdebiniň mugallymyna bolsa ata, atalyk ýa-da atabeg diýlip ýüzlenilipdir. Hut şu atalyk mekdebi arkaly türkmenler geçmişde beýik-beýik döwletleriň eýeleri bolupdyrlar, hiç kimden ýeňilmedik duşmanlaryny dyza çökerip bilipdirler. Türkmenler çagany ýaşlykdan başlap nädip iýmitlendirmeli, nähili beden terbiýesini, harby tälimleri bermeli, onda nähili duýgulary, akyl endiklerini, gylyk-häsiýeti terbiýelemeli, onuň ruhy sypatlaryny haýsy nusgada kemala getirmeli, haýsy dünýä dillerine suwara bolmaly, ine, bularyň bary atalyk mekdebiniň, atalygyň näderejede düýpli zat bolandygyny görkezýär. Atalyk mekdebinde atabegler öz okuwçylaryna çowgan oýnuny öwredipdirler. Çünki, bu mekdepde çowgan oýny erkek adamyň çydamly bolmagy üçin, barmaklarynyň berk we çeýe bolup, gylyçlaşanda gylyjy oýnatmaga we serdesse hem-de söweş paltasy bilen urmaga ussat bolmaklygy üçin öwredilipdir. Bu oýun barada merte-besi belent hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly ajaýyp kitaplarynda hem beýan edilýär. Belli taryhçy alymymyz Öwez Gündogdyýewiň “Aziýanyň Gerçekleri” atly kitabynynyň “Harby-sport oýunlary we söweş taýýarlygy” diýen bäşinji babynda bellemegine görä, çowgan oýnunyň oýnalyşy sasanylaryň “Düzgünnamalar kitaby” diýen harby eserinde şeýle düşündirilýär, ýagny elleri ujy egri taýakly atly ýigitleriň iki toparynyň biri-birleriniň garşysynda durup, eminiň yşaraty boýunça oýnap başlamagy we togalak agajy (agaç topjagazy) bir toparyň garşydaşynyň derwezesine saljak bolýandygy, beýleki toparyň bolsa öz derwezesine topy geçirmän yzyna gaýtarýandygy barada aýdylýar. Diýmek, çowgan oýnunyň futbol, woleýbol, Gandbol, hokkeý ýaly häzirki zaman toply sport oýunlarynyň ilkinji görnüşi bolup, bu oýunlaryň döremeginde hamyrmaýa gönezligine öwrülipdir. Milli Liderimiziň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda gadymy ata-babalarymyzyň döreden bu ajaýyp oýnunyň XIX asyryň ellinji ýyllarynda ýewropa ýurtlaryna hem ýaýrandygy barada beýan eden ylmy teswirleri-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, atalyk mekdebinde häzirki zaman sportynyň talaplaryna laýyk gelýän milli göreş okuwçylaryň harby taýýarlygynyň serişdeleriniň biri bolup hyzmat etmeklik bilen, onuň iki görnüşi – göreş we ýakalaşma görnüşi öwredilipdir. Ýakalaşma häzirki sambo – özüňi ýaragsyz goraýyş göreşine örän meňzeşdir. Ýöne ýakalaşmada parter täri ýagny göreşi ýatan ýeriňden alyp barmak usuly ýokdur. Ýakalaşmanyň käbir tärleriniň, şeýle hem göreşiň “injik diremek” täriniň sambo göreşine girendigi bellidir. Sambo göreşi 1938-nji ýylyň16-njy noýabrynda höwesjeň Harlampiýew tarapyndan türkmen milli göreşiniň esasynda döredilipdir. Türkmen milli göreşi göreşijilerden uly üşükliligi, çalasynlygy, başarnygy we güýçlüligi talap edýär .
Ýaş ýigitler batly çapyp barýan atyň üstündekä eýeriň üstünde ör turmak, atyň garnynyň aşagyndan geçmek, zat götermek ýaly her hili oýunlaryň esasynda sport maşklaryny örän ussatlyk bilen ýerine ýetirmekligi atalyk mekdebinde öwrenip, öz bedenlerini berkidipdirler. Mundan başga-da atabegler öz okuwçylaryna söweş wagty bedew at bilen dürli päsgelçiliklerden geçmekligi, baş alyp çykmaklygy diýseň içgin öwredipdirler. Munuň özi bolsa, häzirki zaman atçylyk sportynyň konkur – päsgelçiliklerden geçmek görnüşiniň hem ilki esasyny türkmen milletiniň döredendigini mese-mälim aýan edýär.
Atalyk mekdebi ýaş nesle küşt oýnunyň inçe tilsimlerini hem örän içgin öwredipdir. Çünki, küşt oýny geljekki esgerleriň, serkerdeleriň güýçli pikirlenip bilmek, oýlanyşykly hereket etmek ukybyny oýarýar. Bu bolsa türkmen ýigitleriniň her hili milli söweş, serkerdelik tilsimatlarynyň inçe syrlaryny gerek ýerinde ulanmaklygy başarmaklygyna ýardam edipdir. Diýmek, ynsan saglygyny berkitmek, sagdyn nesli kemala getirmek maksady bilen bedenterbiýe bilimini oýlap tapan hem-de ony okuw mekdeplerinde ýola goýan ilkinji millet biziň türkmen halkymyzdyr. Ýöne, gynansakda bütindünýä jemgyýetçiligi bedenterbiýe biliminiň okuw dersleriniň arasyna girizilmegini 1762-nji ýylda fransuz alymy Jean-Jacques Reusseounyň öňe sürendigi hem-de ony 1814-njy ýylda Fransiýanyň okuw dersleriniň arasyna girizen ilkinji döwlet bolandygy, bedenterbiýe biliminiň sport diýen fransuzça adynyň bütindünýä giňden ýaýramagynyň hem muny doly tassyklaýandygy baradaky pikirde. Ýeri gelende aýtsak, sport diýen bütindünýä adalgasy adam bedenini fiziki taýdan ösdürmegi we berkitmegi, ony ahlak taýdan terbiýelemegi hem-de ýaryşlarda onuň ýokary netijeler gazanmagyny maksat edinýän bedenterbiýe işiniň fiziki maşklar toplumyny aňladýar . Sport adalgasynyň türkmençe berýän bu manysy sporty, ýagny bedenterbiýe bilimini fransuz alymynyň döredendigi we muny bu ýurduň dünýäde ilkinji bolup okuw meýilnamasyna girizendigi baradaky häzirki zaman hakykatyny ýalana çykarýar. Çünki, biziň ata-babalarymyz Oguz han atamyzyň döwründen başlap, XV – XVI asyrlara çenli dowam eden atalyk mekdeplerinde toply oýun bolan çowgany, küşti, at çapyşygyny ýaş türkmen ýigitleriniň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin öwredipdirler. Atabegleriň bu oýunlary türkmen ýigitleriniň arasynda ýaryş görnüşinde gurnamaklygynyň we ýeňiji bolanlary bolsa baýrak berip höweslendirmekleriniň özine ýetesi sebäbi bolupdyr. Çünki, atabegler özleriniň tälim berýän ýaş türkmen ýigitleriniň biri-biri bilen bäsdeşmeklik arkaly ýaryşda ýeňiji bolup baýrak almaklyk üçin milli oýunlara erk edip öz üstlerinde has köpräk işlemeklikleriniň esasynda beden hem dürli hereket taýdan kämilleşmekleriniň, olaryň söweş meýdanynda-da duşmana taý geljek hakyky batyr, arslan gerçekler bolup ýetişjekdiklerine berk ynanypdyrlar. Diýmek, atalyk mekdeplerinde häzirki zaman sportynyň mazmunyny özünde jemleýän milli oýunlar bilen türkmen ýigitleriniň özlerini taplamagy, olaryň söweş meýdanynda heniz hiç kimden ýeňlip görmedik duşmanlaryny dyza çökerip bilýän merdi-merdan gerçek ogullar bolup kemala gelmekliklerine esas bolupdyr. Munuň özi bolsa, häzirki zamanyň “sport” diýen halkara termininiň: “Adam bedenini fiziki taýdan ösdürmegi we berkitmegi, ony ahlak taýdan terbiýelemegi hem-de ýaryşlarda onuň ýo-kary netijeler gazanmagyny maksat edinýän bedenterbiýe işiniň fiziki maşklar toplumydyr ” – diýen leksik manysyna ser salanyňda, aslynda sport sözüni fransuzlaryň oýlap tapman, türkmenleriň iň gadymy ata-babalarynyň oýlap tapandygyny, sporty okuw dersleriniň arasyna girizen ilkinji milletiň fransuzlar däl-de türkmenlerdigini mese-mälim ýüze çykarýar. Muňa aýdyň mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň: “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň jildinde: “Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen tejribeleriň alşylmagy, medeniýetleriň täsirleşmeleri türkmen alymlarynyň döreden eserleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýramagyna, şeýlelikde, gadymy Oguz paýhasynyň adamzadyň aňyýet ösüşine güýçli kuwwat bermegine getiripdir” – diýip beýan eden parasatly taglymy hem aýdyň hakykat hökmünde güwä geçýär.
Bedenterbiýe bilimi Türkmenistan döwletimizde 1927-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýa laýyklykda 1930-njy ýylda taýýarlanylan okuw meýilnamasyna girizilipdir. Bu okuw meýilnamasyny biziň ýurdumyzda ilkinji bolup berjaý edip, öz mekdebinde bedenterbiýe-sport enjamlaryny oturdyp, mekdebiň içki sport zalyny, daşky sport meýdançasyny döreden hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewdir. Şol döwürden bäri biziň ýurdumyzda bedenterbiýe bilimi orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2000-nji ýyla çenli okadyldy. Şondan soň bedenterbiýe bilimi mertebesi belent mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda berkarar eden Ajap eýýamynyň ilkinji ýylynda – 2007-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda milli Liderimiziň berk bedenli, sagdyn nesli kemala getirmek baradaky ägirt uly tagallasy bilen döwletimiziň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasyna girizildi. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän döwlet syýasatynyň netijesinde raýatlarymyzyň saglygyny goramak, bedenterbiýe we sport barada kabul edilen birnäçe kanunlar sagdyn ýaşaýşyň berk binýadyna öwrüldi.

Toýly JÄNÄDOW.

Makalaň çapa çykan ýyly: 05.09.2017 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: «Nebit-gaz» gazeti
Goşmaça bellikler: Makala «Nebit-gaz» gazetinde «Bedenterbiýe bilimi – sagdyn nesliň gözbaşy» ady bilen neşir edildi
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 143 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 34
0
32 Haweran   [Материал]
Seret, bile surata düşen "halypañ" suwytly makala ýazmak barada näme diýýär, Toýly han. Okasañ-a, gelejekde nähili makala ýazmaly, peýdasy degerdi:

"Häzirki alymlarymyzyñ taryhy geçmiş hakynda ýazan işlerini okanyñda, bir düýpli kemçilik, has dogrusy, ýetmezçilik göze ilýär: ýazylan işler ýöne beýan etmek, maglumatlary toplamak, olary tertipleşdirmek ýa sanap çykmakdan ýokary galyp bilmeýär. Bilimliligiñ şeýle derejesini netijesiz ylymlylyk diýip atlandyrsa bolar. Döwletmämmet Azady şeýle ylymy miwesiz daragta meñzedipdir. Halk düşünjesinde bolsa şeýle halatlarda "suwy köp" diýilýär.
Suwy köp bolsa ylymy harama çykar.
Emma, hany ol maglumatlardan çykarylýan taglymy netijeler, hany ol maglumatlaryñ derñewi esasynda gurnalýan taglymatlaýyn konsepsiýalar? Eýsem-de bolsa taglymy (teoretiki) netije ýok diýmek soñsuz gürrüñ diýmek ahyryn. Çünki diñe degişli taglymy ~ ideologiki umumylaşdyrmanyñ bar ýerinde ylmy gös-göni türkmen durmuşy bilen iş ýüzünde baglanyşdyryp bolar. Ylym bilen janly durmuşyñ arabaglanyşygynyñ umumy shemasy şeýledir:

Maglumatlar → taglymy netije → janly durmuş.

Şu arabaglanyşykda ikinji halkanyñ ýetmezçiligi ylmyñ boş bir zada öwrülmegine getirýär. Maglumatlaryñ ýöne bir tertipleşdirilmegi biziñ milli ruhda terbiýelenmeli ýönekeý adamlarymyzyñ beýnisine, psihologiýasyna hiç hili täsir etmeýär. Alym bolsañ, şol maglumatlary ylmy taýdan umumylaşdyrmaly-da, olaryñ añyrsynda ýatan janly kanunalaýyklygy düşündir. Diñe şeýle halatda ylym bize... hyzmat edip bilýän janly durmuş hadysasyna öwrülip biler. Bize bolsa, indi janly durmuşa täsir edip bilýän ylym zerur. Öñki döwürden miras galan, durmuş, adamlaryñ ruhy hajatlary bile bagly bolmadyk, durmuşymyz bile ilteşigi hem dahyly bolmadyk ylym indi özünden edilýän tamalary ödäp bilmez.
Köne ülñüleri täze ülñülere çalyşmaly.
Ähmiýetli, peýdaly zatlary gözlemeli, tapmaly.
Güýji, täsiri bolmadyk ylmy söz adamyñ bu gulagyndan girip, o gulagyndan çykyp gidýär.
Oña doglanda öli dogulan söz diýip aýdyp bolar.

Jemagatsyz azan bir gury sesdir ~
Niçe mollañ okan ylmy hebesdir.

Azanyñ adamsyz, jemagatsyz ýerde okalmaýanyny kim bilmeýär?! Gep adamlaryñ köñlüne, ýüregine täsir etmekden ejiz gelýän ylym barasynda barýar."

http://kitapcy.com/news/alymlar/2018-06-18-603

0
28 Sergezzan   [Материал]
C.Ronaldo hem asly türkmenmiş

1
24 Adamzat   [Материал]
Bä, Haweran dogan, "Toýly JÄNÄDOW" diýip bet troll (öjükdiriji) tapypsyň saýta.. Gutlaýan, işiňe ökdeleşip barýaň))

0
21 mango   [Материал]
Gadym zamanlarda…. aýdyşlary ýaly gowakda ýaşaýakak, aç galmazlyk üçin awumyzy ylgap tutmak gerek bolupdyr, şeýdip ylgamak sporty ýüze çykypdyr.
Ylgamak sporty diňe aç galmazlyk üçin däl, belki-de diri galmak üçinem gerek bolandyr, käwagt ýeri gelende duşmandan gaçmagam gerek bolandyr.
Käwagt awy daşlap almalam bolandyr, uçup barýan guşa daş zyňmak, ýa haýwanlary daş atyp öldürmek gerek bolandyr. Şeýlelikde daşy batly zyňmak sporty emele gelendir.
Ýaýdan ok atmak, at çapmak, ýüzmek, taýaklaşmak, ýumruklaşmak, göreşmek…. sportuň bu görnüşlerem gerek bolan güni, isle-isleme durmuşymyza ornaşyberendir.
Ýöne, kim birinji bolup….. diýen meseläni öz haýryňa çözjek bolmak gerekmi.
Sport, edebiýat, senet, sungat… bu zatlar her milletde bar zat ahyryn.
Afrika milletlerinde-de, indeýlerde-de, greklerde-de, arap, fars, oguzlarda-da…. her milletde bar bu zatlar….

0
26 edebiyatteswiri   [Материал]
Pähim-paýhasyňyza döneýin mango. Siziň dana pikiriňize döneýin mango. Ömrüňiz uzak bolsun. Teswir ýazanyňda ine şunuň ýaly teswir ýazmaly.

Mango-da meni tankyt edýär. Ýöne, nädip tankyt etmelidigini bilýär.

3
27 Taryhçy   [Материал]
Mangonyñ pähim-paýhasyna, onuñ teswirine, dana pikirine dönjegiñ çyn bolsa, gazetde makalañ çykan şol sahypany içiñ agyranda hajathana äkitmeli bolaýmasañ. Onuñ teswirini ünsli oka tentek! Makalañda aýdan zatlaryñy biz tapamzok, tapdyk diýýän zatlañ barsy umumy adamzat tapyndylaryna degişli diyyä.

0
Adam atanyñ döwrüne çenli gitmeli ekeniñ, Toýly.

0
30 Haweran   [Материал]
Şonda hemmämizem dogan bolýas diýýäñmi, "onsoñ senem gaýmak, dostuñam gaýmak" diýlişi ýaly :)

0
31 edebiyatteswiri   [Материал]
Mangonyň sözlerine düşünip, aňyrsyna ýetýän. Ýöne, mango seň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji teswirlerde diýen zatlaryňy diýdimi. Diýmek, mangoň teswirem göwnejaý.

0
20 Atayew   [Материал]
Oguz hanly meselä men-ä, dogrymy aýtsam, biraz şübheli garaýan. Oguz han taryhy şahsyýet däl, mifiki gahryman. Oňa türkmen pasportyny bermezden öň biraz pikir edeliň. Taryhy faktlar döredýär. Fakt ýok ýerinde mife, ertekä ynanyp, kesgitli bir zat aýtsak, soň gülki bolaýmalyň. Ertekini her kes döredip biler. Taryh bolmagy üçin anyk faktlar gerek. Oguz han barada anyk faktlar hiç bir çeşmede ýok. Alymlaryň hytaý çeşmelerinde agzalýan Mete (Mode) han Oguz han bolmagy mümkin diýen çaklamasyna ynansagam, sanlar gabat gelenok. Çünki Mete hana 2200 ýyl bolan, siziň diýýän Oguz hanyňyza bolsa 5000 ýyl bolan. Tapawut uly, 2800 ýyl ýatyr arada.

0
22 Haweran   [Материал]
Wah ... :)
Oguz han, bar real taryhy şahsyýetem eken diýeli. Emma ol biziñ halkymyzyñ atasy däl. Beýleki gahrymanlarymyz ýaly gahryman. Oguz hana deñleşip duran we halkymyzyñ atasy hasap edip boljak ýene iki sany mif gahrymanymyz bar: Afrasiýap we Salyr Gazan. Ondan bärik gelseñ (Türkmenistandaky türkmenleriñ aglabasynyñ atasy bolan) real şahsyýetimiz Ärsary baba bar.
Oguznamany doly okap görenler bir zada üns bersin: Oguz han bir halkyñ serdary, bir ýurduñ patyşasy, diýmek onuñ hökümdarlyk süren döwründe eýýäm onuñ daşyna jemlenen türkmenem bar, uýguram bar, tataram bar (ýagny eýýäm halklar formulirlenip, etniki toparlara bölünip ýetişen)...
Şol sanda, eposda Oguz hanyñ Müsüre, Hindistana, Pereñe çenli barandygy aýdylýar. Geliñ, şu ýerde eposymyza-da halk döredijiliginiñ önümi däl-de taryhy çeşme hökmünde garalyñ: hany, bi, şol ýurtlardaky halklar, döwletler ilkidurmuş obşinasynda, gowakda, daş asyrynda ýaşadylarmyka? Jemgyýet, ösüş, oýlap tapyşlar bolandyr-a...

0
12 Haweran   [Материал]
Umumy gürrüñlerden soñ 1937-30-njy ýyllara, ondanam 2007-nji bökýäñ. Şu ýazgyny okap meñ-ä suwytly zat gözüme ilmedi, başgalaryñka-da ilendir öýdemok, gaýtam señrigiñi ýygryp okaýañ, dogrusy, okasyñam gelenok. Il-gün internet diýilse, erkinräk bolansoñ, suwytlyrak zat okajak bolup girýär bärik.
Gazetde ýazgyñy çykardanyñ bilen onuñ gymmatyny ýa tutarygyny artdyrýansyñ öýdemok. Diñe gazetde çykýan zadyñ hakykatdygyny Sizden eşidýärin. Belkäm, ol teswir ýazýanyñ watansöýüjiligi ikimiziñkidenem güýçli bolup çykaýmasyn. Öz terzinde jogap beribermeli eken. "Dönük", "haramzada" ýarlygy agyrrak bolmaýarmy ýa-da muny gönükdireniñ hakykatda şeýle däl bolsa, webalyndan gorkañokmy?
Döredijilik b.n meşgullanýan adamlar agzyndan çykýan söze ünsli bolsa ýagşy. Erte utanjak zadymyzy etmäliñ.

0
16 edebiyatteswiri   [Материал]
Gözüňize ilýän zat ýok bolsa, makalany doly okan dälsiňiz. Hemmäňizem diňe makalaň adyny okap, şoňa görä öz pikiriňizi aýdýarsyňyz. Makalany doly okap çykan bolsaňyz, munuň ýaly pikir etmezdiňiz. Hä dogrudanameý diýip, öz türkmen halkyňyzyň beýik geçmişine buýsanardyňyz.
Makalada esaslanylan taryhy çeşmeler şu saýtlarda sahypasy bilen çykgytda görkezilen. Ynanmasaňyz şol kitaplary okap görüň.
My WebPage

0
17 Haweran   [Материал]
Aýdýan saýtyñam nätanyş däl. Aşagynda gmail-i hem ýazylgy dur. Görgüluler türkmen dilini onçakly bilmeýän borly. Näme ugratsañ çykaryp durlar. Men-ä sögünip bir zatlar ugratsañam çykararlarmyka diýýän.. :)

0
23 edebiyatteswiri   [Материал]
Web saýt Size tanyşdyr. Menem meniň makalamy şol web saýta goýupdyrlar diýemok. Men şol web saýta bu makalamy goýduranymda esaslanan kitaplarymy sahypasy bilen görkezdim çykgytda. Ynanmasaň şol kitaplary hem okap göräý diýip aýdýan

0
25 Haweran   [Материал]
Çeşme salgy bermek hökman däl. Hemmesi elýeterli we öñ okalan (Görkezen okyjysyz gazetleriñizden başgasy).

0
33 Persey   [Материал]
Agam, ýönelige däl-ä, meniň ençeme makalalarymyň başga at bilen çykany. Bu gazet hem her bir zady doly barlamaýan bolmaly

0
34 edebiyatteswiri   [Материал]
Meň özüm makalany gazete şol at bilen berdim. Bu saýta bolsa makalany başga at bilen goýdum.

0
18 Haweran   [Материал]
Ahmal, okan däldirin ýa-da okasamam çöññeligimi edendirin. Tüweleme, siz gaty zehinli oglan. Dowam ediñ. Tä düşünýänçäm okaryn. Hoşmy?

0
19 edebiyatteswiri   [Материал]
Ünsli bolaryn. Ýöne, sylanyşyk iki taraplaýyn bolmaly. Makalanyň mazmunyny doly okaman, diňe makalanyň adyny okap, şyltak atmasyn. Makalany doly okap öz pikirni aýtsyn.

0
11 Haweran   [Материал]
Makala gazet makalasy. Hiç hili ylmy takyklyk, anyk taryhy çeşmelere salgylanmak ýok. Suw gysymlan ýaly.

-1
9 edebiyatteswiri   [Материал]
Taryhçy taryhçy bolup, taryhçy lakamyny saýlap alyp, şol zatlary bilmeýän bolsaňyz Size diýere söz ýok.
Men bu makalany taryhy ylmy çeşmelere salgylanyp ýazdym. Meň şu ýazan zatlarym hakykat däl bolsa, metbugatda çykmazdy. Bu makalada gozgalýan pikiriň taryhy hakykatdygy ylmy çeşmeler bilen ylmy esasda delillendirilensoň, metbugata çykandyr makala. Bolmasa çykmazdy.
Taryhçy, ýa siz Mukaddes Watanymyzyň, gahryman halkymyzyň şöhratly beýik geçmişine şyltak atyp, heşelle kakýan dönükmi. Şundan başga men Size diýere söz tapamok.
Maňa, ýazýan makalalaryma şyltak atsaň sesimi çykarmazdym, ýöne men mukaddes Watanymyza, beýik türkmen halkymyzyň şöhratly geçmişine şyltak atylsa, meni hiç kim saklap bilmez. Ata Watana, ene topraga gezek galanda haramzadalygyňyzy ýüzüňize çykarmaň.

0
10 Haweran   [Материал]
Toýly, diskussiýañy çäkden çykman et, öte geçýäñiz. O sizi şahsyýetiñizi kemsitmedi ahyryn.

0
13 edebiyatteswiri   [Материал]
Entäk çäkden çykmadym. Özümi sakladym. Şol taryhçy bolýan bolsa Öwez Gündogdyýewiň kitaplaryny okan bolsa beýle şyltak sözler diýmezdi.

0
14 Haweran   [Материал]
@edebiyatteswiri diyen nikneýmiñiz Siziñ edebiýatçydygyñyzy añlatmaýşy ýaly, onuñam keýpine goýan nikneými taryhçydygyny añlatmaýar. Wirtual dünýä bilen real dünýäni seljer biraz.

0
15 Haweran   [Материал]
Öwez Gündogdyýewiñ kitaplary maña-ha nätanyş däl we merhum alymyñ orta atan pikirleri jedelsiz hakykat däl. Oña ynansañ Italiýada ýaşap geçen etrüskleri-de asly türkmen edip goýýar.

0
8 Haweran   [Материал]
"...milletimiz özüniň beýik gerçek ýigitlerini ýetişdirýän atalyk mekdebini başgaça, gerçeklik mekdebi diýibem atlandyrypdyr.
Nirde, haýsy taryhy çeşmede ýazylan şeýle atlandyrma, ýa halkymyzyñ dilinde aýdylýan haýsy gep-gürrüñde bar, Toýly?
Öz fantaziýalarymyzy halkyñ üstüne atmalyñ-da beýdip... Ýalanlar, ýaşryklar şeýdip döreýär, örñeýär.

1
7 Atayew   [Материал]
Dünýä belli imperator Bonapart Napoleondan: "Gorkýan zadyňyz bamy?" diýip soranlarynda ol: "Ile gülki bolmakdan gorkýan" diýip jogap beripdir. Duşmany, keseli, mätäçligi ýeňip bolýar, ýöne gülkini ýeňlp bolmaýar...

0
6 spesnazmen   [Материал]
Size galsa bar-a iň irki döwledem türkmen, maşyny oýlap tapanam türkmen, döwlet düşünjesini döredenem hatda kosmosa ilkinji çykanlaram türkmen...

0
5 spesnazmen   [Материал]
Anyk çeşme barmy şu barada halypa ? Ondan-mundan toplanan maglumatlar bilen, anyklyga şek ýetirýän maglumatlary kirletme. Anyk çeşme bersene, gazet žurnal diýemok

0
4 Taryhçy   [Материал]
Dünýäni üstüñizden güldürmäñ

0
3 Taryhçy   [Материал]
Øzüñ ynanyañmy şuña Jänädow

0
2 Taryhçy   [Материал]
Ilkinji arabany oylap tapan turkmen.. ilkinji demiri tapan turkmen...
Ýañy bir galyşdymyka diyp durdyk şu samahyllylar.. Ýene başladylar-ow

0
1 puo   [Материал]
)))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]