11:48
Türkmenistanym...
TÜRKMENISTANYM...

Eý, Dostum, wahy bermeseň, ahy diňläni neteý?!
Hümmeti sahy bermeseň, bary müňläni neteý?!
Ahyrda hasyl bermeseň, bagy-gülläni neteý?!
Ussadyň dagyn bermeseň, sözde sünnäni neteý?!
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Aýdaly, Zemin — ýüregiň, töründe men barmyşam-da,
Bar, on sekiz müň perişdäň, kyrk çiltenleň ýarmyşam-da,
Älemiň älemi goşan älemgoşar ýazmyşam-da,
Bu görýän ýüz-müň gudratmyz, heniz bu-da azmyşam-da,
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Şükür, üşk, akyl-huş, ýat, arzuw-umyt, hyýal berdiň,
Şükür, guşuňkydan zyýat, saýrar ýaly zyban berdiň,
Şükür, enem-atam ýaly il-günüm mähriban berdiň,
Şükür, ilimiň özünden özüne baş — Serdar berdiň,
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Ýaşyl Baýdagym mysaly, buýsanjyndan parlar bolup,
Ýer ýüzünde meň Watanym dursun mydama bar bolup,
Dostum, hemişekiň ýaly, gora sen, Biribar bolup,
Garaşsyz, baky Bitarap hem baky Berkarar bolup.
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Ýurduň bu gün gül açmasy, ýalkaw-keremmi sendäki?!
Derýa-deňiz, sil deý tereň, ylhamu-nuruň mendäki,
Bu ile gurbana taýyn, mübärek demiň tendäki,
Dünýe — gözel, Durmuş — datly, jan diýen şirin, emmaki...
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Arzuwym hasyl bolmasa, Dostum, haçan ölemde nä?!
Aşygym alçy gopmasa, Dostum, haçan sülemde nä?!
Günümde many bolmasa, aglamda nä, gülemde na?!
Il-günüm algyr bolmasa, özüm Laçyn bolamda nä?!
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Laçyn PÜRJÄÝEWA.

2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: mango | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Призрак / Goşgular - 18.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Eje / Goşgular - 26.01.2022
На разлуку / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Материал]
Il-günüm algyr bolmasa, özüm Laçyn bolamda nä?!

Laçyny Laçyn edýän setirler. Berekella! Sen kimin Laçyny bolan il-gün buýsanmaga haklydyr, mähriban uýam! Üstünlikler!

0
2 mango   [Материал]
Ahyrda hasyl bermeseň, bagy-gülläni neteý?!

bu ne bet islegler.
dogrudanam, hasyl bermejek bolsaň güllän bolup oturmakdan ne peýda...
üstünlikler, laçyn hanym.
hasylyňa bereket.

0
3 Bagabat   [Материал]
Edil beýem diýmeli dä bolamasyn :-)?!
Goşgyň her bir setirinden logika 100% laýyklygy aňtaýan talapkär okyjylaň nukdaýnazaryndan ugur alsak, mysal üçin, bag däl-de ösümlik bolsa-da, hrizantema-da (ýa-da, goý gwozdika bolsun, ýa-da gladiolus) gawun ýa-da kärtişge hasylyny bermiýä. Ýöne bazarda bahasy, gawun bilen kärtişge çenräk ba. Dimek, hasylsyz gülleseňem gymmadyň ba bolýo...
Hökman ýemeklige gabyl meýwesi dä-de, owadanlygyň diňe özem "hasyl" bolýon bolamasa...

0
1 mango   [Материал]
gowy, owadan, täsirli goşgy bolupdyr.
ýöne.....
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!
"pany dünýeýi neteý?" diýsegem, bu pany dünýede bakyny bina etjek bolmagymyz dogrumy? fundamenti pany bolan zatda bakyny gurup bolarmy?...

(bir hilä boldy. goşgy näme diýýä, men näme diýýän).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]