21:07
Türkmeniñ
TÜRKMENIÑ

Oktýabryñ güneşinden nur alyp,
Bagta eýe boldy ili türkmeniñ.
Leninizm komposyndan ugr alyp,
Kommuzme barýar ýoly türkmeniñ.

Dostluk elin berdi rus gardaşy,
Bir suprada on bäş doganyñ aşy,
Beýik partiýamdan alyp gözbaşy,
Kalby joşgun bilen doly türkmeniñ.

Ýeñişe beslenen gyşy-ýazlary,
Müñ perdeden gopar aýdym-sazlary.
Okaýar, öwrenýär ogul-gyzlary,
Dürli dilde sözlär dili türkmeniñ.

Garaguma geldi Jeýhunyñ suwy,
Erkana ýüzüp ýör ördegi, guwy,
Nesilleriñ asyr boýy arzuwy,
Gülzara öwrüldi çöli türkmeniñ.

Gün geldikçe dabarasy dag aşýar,
"Ak altyn" daglary göge ulaşýar.
Watana, il-güne şan-şöhrat goşýar,
Zähmetsöýer ogul-gyzy türkmeniñ.

Egsilmez nebitiñ, gazyñ watany,
Sapaly döwranyñ baryp-ýatany.
Kommunizm - beýik maksat tutany,
Leninden nur alýar ýoly türkmeniñ.

Sabyr ÖRÄÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Haweran | Теги: Sabyr Öräýew | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan / Goşgular - 25.03.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]