21:16
Türkmençilik ownaýmasa ýagşydyr

TÜRKMENÇILIK OWNAÝMASA ÝAGŞYDYR

Ýurduñ häzirki wagtda jygba-jygly ýagdaýy başdan geçirýänligi hiç kim üçin gizlin zat däl. Indi köplenç halatda iki adamyñ başy çatylsa, medeni ýa edebiýat täzeliginden söz açylman, el ýaly eti ýa-da mesgäni nireden tapyp boljakdygy barada pikir alşylýar. Alajyñ ýok, aç ölmeli däl. Ýagdaý şuny talap etmänem duranok. Ýöne şeýle gahatçylyguñ sebäpkäri, bilýäñizmi kim? Ol - esasan, öz-özümiz. Hawa, geñ hem bolsa şeýle. Agraslyk, asyllylyk ýaly häsiýetleri bilen asyrlardan asyrlara tanalyp gelen türkmen bu gün, bagyşlañ welin, pelesañ urýan harsydünýä öwrülip barýar: tapan puluna öñünden çykan zady syryp-süpürip gidýär. (Bu ylaýta-da, söwda-satyg işi bilen meşgullanýanlaryñ arasynda şeýle).
Öñräk işdeş ýoldaşlarymyzyñ birine bir sebäp bilen bäş-alty çüýşe arak gerek boldy welin, näme etjegimizi bilmedik. Şonda kärdeşlerimiñ biri: "Wah, aragyñ-a ýigrimi ýaşiginiñ hem basylyp goýlan ýerini bilýän welin, dilemek birhili-dä" diýdi. "Toý-beýleki etjekdir-dä" diýsek, "Toý näme işlesin, arak gymmatlajakmyş diýip eşidipdir-de, magazinçi inisinden arak baryny alyp-alyp, öýünde basyp goýaýypdyr. Häzirem bir ujundan otuz manatdan satyp oturan bolarly..." Eger-de şunuñ ýaly mysal bir ýa-da iki bolan bolsa, onda bu hakdaky gürrüñi hil bir zat ýaly, diliñe çolap oturmasa-da bolardy. Ýöne, ýaman ýeri, diñe arak däl, hatda, duza çenli halta-halta edip, beýlesine basyp goýanlar-da bar. Ýeri, onsoñ, gytçylyk bolman, nätsin eýsem?!.
Dogry, azyk harytlaryny respublikanyñ çäginden daşary alyp gitmek üçin çyr-çytyr bolup ýörenleriñ hem az däldigini bilýäris. Mümkin, olara şol matlabyny amala aşyrmak belli bir derejede başardýandyr hem. Ýöne şonda-da rejeli peýdalanmak barada alada edilende, häzir keýigiñ şahynda gezip ýören azyk harytlary her kime-de deñeçer ýeteñkirlese gerek. Ýöne bir öýde ýigrimi ýaşikläp arak, ýene bir öýde bäş-alty korobka mesge, ýene bir öýde ýene bir zatlar baslygyşyp ýatsa, onda biz gytçylygy başga birinden däl-de, hut özümizden - öz harsydünýälerimizden göreliñ. Sebäbi ol zatlaryj ençemesi ozalky ýyllardakydan köp bolmasa, az öndürilenok, az hem bolsa, edil şeýdip, gözden uçaýar ýaly ýagdaýa baryp ýetenok.
Beterinden beteri bar. Soñky döwürde harby gulluga çagyrylýan ýigitleri gulluk edýän ýerlerinden alyp gaýtmak ýa-da olary Türkmenistanda galdyrjak bolmak ýoñ bolup gitdi. Dogry, bu babatda bize "owgan mekdebi" ýagşy sapak boldy. Ýöne, "Türkmeni göçürjek bolsañ, gapdalyndan göç geçir" diýleni, käbir adamlaryñ Zakawkazýe ýa-da Pribaltika ýaly çaýkanyp duran ýerlerden gulluk edýän ýigitlerini getirenlerini gördüler-de, onsoñ, hemme kişi ýerli-ýerden öz esgerleriniñ yzlaryndan eñiberdiler. Barybam, sen-men ýok, rugsatly-u-birugsat alyp gaýtdylar-da, olary diñe bir Türkmenistanyñ territoriýasynda däl, respublikanyñ harby komissarynyñ aýdyşy ýaly, hut öz gapylarynda gulluk etdirmekçi boldular. Ynha, Göroglynyñ hem Keýmir körüñ nesli indi gelip-gelip, nirä ýetdi! Ilden artykmaç bolmakdan-a geçen, pese beri gaçmalyñ. Häzir respublikamyzda her ýerden bolan dürli milletiñ wekilleriniñ müñlerçesiniñ gulluk edýändigini ýatdan çykarmalyñ.
Eger-de her bir ýüze çykan kynçylyk türkmeni şeýle pese gaçyrjak bolsa, onda bu başy buýsançly türkmen bir wagtlar ençe asyr mundan öñ ownap giderdi. Bu günki gün hatda bize "Türkmençilik ýitäýmesin!" diýip, howsala düşmäge-de hiç zat galmazdy.
Öñräk bir tanşym şeýle gürrüñ berdi: "Men-ä gardaş, arada kyn güne düşdüm. Goñşularym goşun gullugyna giden çagalaryny bir aý geçip-geçmänkä yzlaryndan gidip getirdiler-de, indem hil bir iş bitirenden bolşup ýörler. Şondan soñ menem öýdäki günüme goýmady, bir ýyl bäri Moskwanyñ eteginde gulluk edip ýören oglumy git-de getir diýip, gulak etimi guratdy. "Sen näme, illerçe ýokmy" diýdi. "Gör, illeriñ nähili dogumlydygyny, sen welin, hiç zadyñ alnyndan däl" diýdi. Ine, onsoñ, gep ýassygy bolup ýörmäýin-le diýip, menem oglumyñ yzyndan eñdim. Barsam, allanäme, birgeñsi gulluk edip ýör. "Hany, ýör gideli" diýdim. "Näme üçin?" diýdi. "Illerem şeýdýä, ähli türkmen şo ýere ýygnandy, senem galma" diýdim. Şonda ol: "Ähli türkmen iberilen ýerinden gaçyp ýörse, gelşiksiz bolaýmasyn, gowusy, men galybereýin, ýene bir ýyldan özüm bararyn" diýdi.
Şu gürrüñden soñ kimiñ mert ýa namartdygyny özüñiz ölçerip görüberiñ.
Jygba-jygly döwrüñ öñünde şeýdip, diñe bir ýöwsellemek däl, eýsem, "Il aglak bolsa, doñuz depä çykar" diýenlerini edip ýören hem kän. Biz aýyn bolmasa, türkmeniñ bir böleginiñ her näçe sütem görse-de, musulmançylygyny saklap gelendigi barada buýsanç bilen gürrüñ edýäs. Ýöne, ýaman ýeri, onuñ beýleki bölegi bolsa şol adamlaryñ ynamyndan peýdalanyp, musulman adamy üçin iñ bir mukaddes zadyñ - Gurhanyñ içinden haýsydyr bir süreleri ýa-da dogalary göçürişdirip, kooperatiwiñ üsti bilen şapbat ýaly kitapça edäge-de, ile satyp ýör. Ýaman ýeri-de Aşgabat metjidiniñ ymamynyñ aýtmagtna görä, şo ýazgylaryñ her ýigrimi setirinden on dokuzysy ýalñyşmyş. Şeýle adamlara bir usul bilen haý diýläýmese, ol tetelliler ertirki gün "Allatagalanyñ portreti" ýa-da "Arwahyñ awtoportreti" diýip, haýsydyr bir suratlary satuwa çykarmakdanam gaýtmazlar...
Özüñ türkmen bolup, şu zatlaryñ haýsy barada pikir etseñ-de, oýlanara zat kän. Şonuñ üçin, artykmaç zat hasaplaman, her bir pursat özüniñ türkmendigi hakda - nä derejedäki türkmendigi hakda sähelçe oýlanyp göräýmeli ýaly. Ýa-da indi munuñ geregem ýokmuka?

Annageldi NURGELDIÝEW,
SSSR Žurnalistler soýuzynyñ baýragynyñ laureaty.
Dekabr, 1991 ý.

"Tokmak" žurnaly, 1992 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 149 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Annageldi Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 3
0
3 keyigokara   [Mowzuga geç]
Admin,"Mowzuk goş" funksiýa işlänok,ýa mende şeýlemikä?

0
1 keyigokara   [Mowzuga geç]
Awtor wawwaly tema gozgaýar. Aýdýanlary hut şu günlere-de degişli.
Bir zada üns beriñ, taryhy eserleri okap göreniñde hiç döwriñem dürli hili azgynlykdan, erbetlikden azat dâldigini görýäris. Belki käwagtlar belli bir derejede ýagşylyk gazanandyr, emma gün-günden täze-täze azgynlyklar döräp durupdyr. Eýsem kim günäkär? Şunça müñýyllyklarda tejribe toplan adamzat näme üçin doly çykalga tapyp bilenok?! Bu mümkin zatmy beri?!

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
"Alajyñ ýok"

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]