18:44
Türkmen gyzy bilen türkmen baharynyñ bäsleşigi
TÜRKMEN GYZY BILEN TÜRKMEN BAHARYNYÑ BÄSLEŞIGI

Käbäm enem, mähribanym, topragym,
Yhlasymyñ bahar bilen bäsi bar.
Öz gyzyñdan artyk ýerin aýtsana,
Ol zyýada Bahar gelniñ näsi bar?!

Ol syrlary paş bolansoñ ýaşynýar,
Pasyllara parç bolansoñ ýaşynýar.
Meniñ bolsa saçlarymyñ her tary,
Set müñ, set müñ pynhan syry ýaşyrýar.

Gelýär onuñ duýgularny pürkesi,
Gelýär meniñ duýgularmyñ ürkesi,
Bahar maña güjeñlese kürtesin,
Meñ başymda tylla täjim-gupbam bar.

Näzler bilen, goý, gürlese gürlesin.
Ýazlar bolup, goý, birzaman güllesin.
Güne garşy, baý, çekse-de sürmesin,
Meniñ käte göz güldürip, utmam bar.

"Gülüñ-gülden parhy köp-ä" diýlipdir,
Käte gülden bilbillerem iripdir
Oñ söýeni güllerini tiripdir,
Meni bolsa güller bilen gutlan bar.

Ol mylaýym güller bilen, ses bilen,
Ol mylaýym demlerni höwes bilen,
Çawup, dagyñ garyn eretse diñe,
Meñ tezligme gaýalardan butnan bar.

Läle kaksak, gopuz çalsak deñe-deñ,
Keşde çeksek, hymmyl etsek deñe-deñ,
Emma meniñ alyslarda deñe dek
Pynhan-pynhan pyşyrdyma uklan bar.

Zemin keşti, Asman oñ diýarymyş,
Ýagyş onuñ Arşda galan ýarymyş,
Älemgoşar gowuşmak nyşanymyş,
Meniñ çal saç bulutdan subutnam bar.

Ol gelende gelenini buşlan bar,
Ol gidende gözlerini ýaşlan bar,
Emma señ supraña bagry badaşan,
Seni taşlap hiç gitmejek Laçkañ bar!

Laçyn PÜRJÄÝEWA.

"Beýik Türkmenbaşy nesli", 20.03.2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Adam / Goşgular - 21.03.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Unutma / Goşgular - 30.05.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Paworotti Sumbarda / Goşgular - 04.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Bu Türkmen gyzy bilen türkmen baharynyñ bäsleşigi däl-de …. basdaşlygy bolupdyr.
Laçka gyz bilen Bahar gelniň basdaşlygy… :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]