22:52
Türkmen dili
TÜRKMEN DILI

Ah, türkmeniñ dili! Bu ýöne dil däl,
Her gezek her ýerde diñlänimde men -
Uýýan añyrsynda dyñzaýan güýje
Hem gaýduwsyzlyga ýüregim bilen.

Ýugrulypdyr buýsanç, mukaddeslige
Onuñ kän gowgalar gören ykbaly.
Rüstem çykdy san-sajaksyz duşmandan
Depgiläp bilmedi atlaryñ naly.

Ol - ürgün çägeleñ göwsünden syzyp,
Dirilik paýlaýan çeşme mysaly, -
Lowurdal dur tylla öwüşgin bilen
Buýsançly, batyrgaý, diýseñ, şypaly.

Hawa, ol şeýle dil. Gizläp nädeýin
Ylhamam, şire-de onda ýeterlik.
Üýtgemän gelipdir biziñ günlere
Şol başky gözellik, şol başky terlik.

Süññünde asyrlañ gohy-gowgasy,
Hanjar sesi, gyzlañ kaddy bar, bilseñ.
Türkmen dili... birçak agsak Teýmiri
Sandyradyp, dyza çökeren dil sen!

Walentin SOROKIN,
rus şahyry.

1984 ý.

Terjime eden: Şäher BORJAKOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Walentin Sorokin | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Ara / Goşgular - 18.03.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Kelle / Goşgular - 20.03.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
Saña menziller / Goşgular - 07.02.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]