00:03
Türkmen dili
TÜRKMEN DILI

Men seniň göwsüňden dömüp, ulaldym,
Ilki seniň bilen çaýkadym agzym.
Men seniň göwsüňden emip ulaldym,
Sen bolduň ganymda çarp urýan aýdym.

Seniň bien gyza aýtdym yşkymy,
Seniň bilen dosta aýtdym derdimi.
Seniň bilen ýazdym başky şygrymy,
Hem okadym Pyragynyň bendini.

Men ulaldyk saýym ulaldyň gitdiň,
Men gojaldyksaýym  azaldy suwuň.
Seniň ummanlaňda tapyldym ýitdim,
Ýene işigiňde daýandym bu gün.

Oglum bolan güni senem begendiň,
Eje ölen güni bagryň  ganlydy.
Sen-ä meni direltmäge gelensiň,
Meňbolsa göbegim saňa baglydyr.

Men seni apalap, öwüp ýörjek däl,
Sen satlyk haryt däl, öwrüljek pula.
Sen duranyň üçin aralygmyzda.
Gepleşip ýörüs-ä ölüler bile.

20.07.1988.

*   *   *

Türkmen bu dünýäde sallançak küýsäp,
Gujagyňa doldy, sende üwreldi.
Ol ýazlap ýaşady, ýaşady güýzäp,
Şeýde-şeýde  giň äleme öwrüldi.

Türkmen toýlar toýlap, dünýä baglady,
Ahyr girdi gara ýeriň astyna.
Hak “surun” eşdende ynsan balasy,
Türkmenem gözlerin açdy, asgyra.

Görse, baksa  şo-ol sähra, şol öleňler,
Begenip sözledi türkmen dilini.
“Hany, tur!” diýp, elin berdi , erenler.
Zybanyndan aňlap türkmenligini.

Soň iller, uluslar dilim-dilimden,
Tenekar öwrüp uçmah gandyna,
Türkmen zybanyndan, türkmen dilinden,
Gardy, goşdy ruhuna, zandyna.

Şeýde, ölmez-ýitmez türkmen dilimiz,
Şeýde, baky durar türkmenligimiz.

Öwezdurdy NEPESOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 275 | Добавил: Нawеran | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Owadan geline / Goşgular - 16.03.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]