14:39
Türk şahyrlarynyñ goşgulary
TÜRK ŞAHYRLARYNYÑ GOŞGULARY

• Pasinli Gülnany:

Men pelekden bag diledim,
Ol bir çüýrük agaç berdi.
Men bir gazan ýag diledim,
Ol bir golça, boş saç berdi.

Näler bolýar biziñ çagda?!
Derek ýetişdirdi bagda.
Dik gaýaly belent dagda
Öküz bilen omaç berdi.

Hažyk-hužuk etdi, soýdy.
Soñ depämden kesel guýdy.
Dermanymy ýalñyş diýdi,
Ne çykalga, alaç berdi.

Suw soradym, eçildi ot.
Peýda ýokdur etsem-de dat.
Ile berdi fabrik-zawod,
Bize bir boş hallaç berdi.

Diýdim, "Günüm niçik öter?"
Diýdim: "Uzyn derýa getir".
Illere üç kilometr,
Gülnana bir gulaç berdi.

• Peýmany:

Öwüt guly eder beg hem patyşa,
Diñlemedik bagty ýatana meñzär.
Dogry söze dogry diýmedik adam,
Dillerine tiken batana meñzär.

Nahaly ýok etmez tokaýdan öten.
Kärini taşlamaz kyrkyna ýeten.
Eger biri etse millete sütem,
Kilisä "Alla!" diýip, bakana meñzär.

Bilmedigin biler soraşyp duran,
Soraşmadyk adam tüýs hudaý uran.
Öz gören düýşüni tersine ýoran,
Pyşbagany münüp çapana meñzär.

Peýmany, sözüñde ýok zerre ýalan,
Nädip saklar közi ogurlan-çalan?
Tanaman ýat ýerden maşgala alan,
Kirpini içine atana meñzär.

• Gul Mustapa:

Ömür mülki bilen bir dawa etdim,
Meýdan bozuk, şaýat bozuk, gep bozuk.
Üýşürdim tagamy, iýerin öýtdüm,
Gazan bozuk, odun bozuk, çöp bozuk.

Söweş küýsäp, döz geldik jeñ gaýyna,
Girer bolduk telim dürli oýuna,
Gabat geldik ýene durmuş aýbyna,
Meýdan bozuk, garym bozuk, top bozuk.

Günüñ güni ýöräp ädimme-ädim,
Ýat illere düşdüm, mahluga döndüm.
Ýakar ýaly odun toplaýyn diýdim,
Byçgy bozuk, kendir bozuk, ýüp bozuk.

Takdyr muny ýazyp goýmuş bir ýerde.
Meniñ derdim ýapyşmasyn bir merde.
Telim doktor em tapmady bu derde,
Derman bozuk, damar bozuk, kök bozuk.

Gitmez göwün saraýynyñ bir game,
Girdi gözlerime çölüñ bar gumy.
Eý, Mustapa, ýokdur agzyñ tagamy,
Ýaran bozuk, tanyş bozuk, köp bozuk.

• Aşyk Weýsel ŞATYR OGLY:

Sen bir jeren bolsa, menem bir awçy,
Awlasam çöllerde saz bilen seni.
Saña gowuşmagyñ ýokdur alajy,
Gyşda deñeşdirdim ýaz bilen seni.

Seniñ boýuñ uzyn serwiler deýin.
Gara geýme, janym, al eşik geýin.
Men bir çopan bolsam, sen-de bir goýun,
Baksadym nan bilen, duz bilen seni.

Bir enaýy mal ekeniñ hamala,
Saçlaryñy tozdurtmazdym şemala.
Balyk bolup, girseñ derýa-kanala,
Bakardym ördekdir gaz bilen seni.

Weýsel diýr, adyñy goýman dilimden,
Sorap durun ýurda gidip gelenden.
Guş bolsañ-da gutulmazdyñ elimden,
Eger gökde görsem göz bilen seni.

Goşgulary terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.

"Tokmak" žurnaly, 1992 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Haweran | Теги: Peýmany, Aşyk Weýsel, Pasinli Gülnany, Gul Mustapa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]