03:36
Tupana aşyk ýaprak
TUPANA AŞYK ÝAPRAK

Men - bir ýaprak.
Men Tupana aşyk boldum.
Ýaprak kimdir o Tupanyň ýanynda?!
A men - erksiz
nirä gaýdyrsa
gaýyp barýan,
essim aýylyp barýar,
bir kiçijik ýaprak men
Yşk Tupannyň
üflän ýekeje deminden
gara köýük bolup galan,
küle öwrülmekden,
kül deý ýok bolmakdan
keýp alýan
gije-gündiz Tupanyň ismin
içi-daşy bilen gaýtalaýan,
aşygy üçin hiç mähnetden gaýtmaýan,
bedensiz-ruhsuz-akylsyz
diňe gaýmalaýan,
aýnaýan,
oýnaýan
şemallary güýmeýän
bir naşyja ýaprak - men
Tupana aşyk bolan,
aglaýan
aglamaýan
daglaýan
ysgynsyz ellerniň dyrnagy bilen
tozanly howanyň ýüzün
kellesin alsalar-da dyrnaçaklaýan,
dyza çökmeýän
her zerreden Tupanyň şeklin çöpleýän
daga çykabilmeýän
asmandan bökebilmeýän
ökünibilmeýän
akly-şekli,
gorkyny-ürküni bilmeýän,
Merw-Pekini
indeý-türküni
ýady-ýakyny bilmeýän,
gadagan-mümkini,
asany-kyny,
geçeni-ýaňkyny bilmeýän
az-bol-telkini,
arslan-tilkini,
agy-gülküni bilmeýän,
soňy-ilkini,
asyl öz ýüregindäkini bilmeýän,
azaşyp,
garaşyp-garaşy-y-yp ýören
bir kiçijik ýaprak - men...
ýaprakdygynam bilmeýän.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Kakamjan / Goşgular - 14.01.2022
"Köle Aý gaçypdyr" goşgular toplumy / Goşgular - 15.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 mango   [Материал]
Merw-Pekini
indeý-türküni

Indeý diýeniň hindimi?

Merw-Pekini
hindi-türküni

0
2 permanh2206   [Материал]
Gaty gowy. Yene-de täzeden täze gosgularyñyzy yetirip duruñ. Galamyñ ujy ýiti bolsun awtor.

0
1 Bilbil   [Материал]
Tüweleme, Suraý!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]